12:45 Dostuma | |
DOSTUMA. Dostum Nury Sakça Işiginden ätläp şygryýethanaň, Bu dünýäde başga dünýä düşdükmi? Ezýetlerden gözleýäris lezzeti, Ýol ýitirip, bu ýolda alaşdykmy ? Biz bu ýoly saýlamadyk keýpine. Şeýle ýazgyt ýazylypdyr maňlaýa. Biz beýtler döredýäris halk üçin, Ýöne halk galp aýdymlary diňleýär. Dogry dostum wezipämiz bu biziň, Gül ösdürip , ýandaklary çapýarys. Ýazyp-ýazyp ýürek awylarmyzy, Ol günäsiz kagyzlara dökýäris. Ýene aglap-aglap gizlendi Güneş, Näme bar agysyn diňdirer ýaly? Ilden talap edýäs iň gowy eser, Özümizden talap etmeli dälmi? Ýaz sen dostum , al dünýeden paýyňy, Ýazsaň egsilýändir ýürek agysy. Nalamakdan , aglamakdan ne peýda? Bar ahyry her döwrüňem ajysy. Iň bolmanda şirin şygyrlar bilen, Ýadaw ýürekleri ýaş ederis biz. Edebiýat şu wagta çen ölmändir, Ony enteklerem ýaşadarys biz. © Gerçeknazar AMANNAZAROW Gökdepe 29.07.2023 | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
0
0
| |