Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:12
Dostuma

DOSTUMA

Bolmasa-da agramydyr jürnügi,
Tañkadan kem saýmaýarlar tüñçäni.
Sen nirede, haçan öwrendiñ, dostum,
Orusçany, iñlisçäni, türkçäni?

Ýat ýurtlara gidiberdiñ hoşlaşyp,
Janyñdan eý gören maşgalañ bilen.
Bilýän, alçaklygyñ açar ýoluñy,
Dil tapyp gidersiñ başgalar bilen.

Gidýäniñe gyýylsa-da aýalyñ
Çagalañ ýanynda gözýaş etmedi...
Ýürek berip saýlap-seçen kespiñde
Gazananyñ bezenenñe ýetmedi.

Wagtyndan öñ solan saçlañ reñkini,
Aldaw bilen gaýdyp berjek hyna bor...
Türkmençil hem maşgalaçyl halyña
O ýerlere öwrenişmek kyn-a bor.

Bu ýerlerden gury gidip boş gelme,
Bu ýolda hem az däl bagta gowşanlar.
Doýmandan soñ mährem dogduk depesin
Terk eýledi niçe-niçe towşanlar...

© Arzuw UMYDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Arzuw Umydow | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Nurdаn • 21:29, 14.01.2024
Ynha öñki goýulan
avatar
0
2 Rowaç • 23:58, 14.01.2024
Bu ýerlerden gury gidip boş gelme,
Bu ýolda hem az däl bagta gowşanlar.
Doýmandan soñ mährem dogduk depesin
Terk eýledi niçe-niçe towşanlar...

Yokarkylara dusundik diyeli, sonky bendi name diyya indi?

Bu yermi - ol yermi?
Bu yol haysy?
Sonky iki setir name?
avatar
0
3 Arzuw_Umydow • 09:17, 15.01.2024
@Rowaç, "ýokarka düşündik diýeli" diýipsiñ welin, köplük bolup okaýañyzmy? Olaryñ adyndanam umumylykda soraýañmy, ýa, diñe özüñ düşeneñokmy?
avatar
0
4 Rowaç • 15:41, 15.01.2024
Ýakk-eý, köplükde ýazaýypdyryn @Arzuw Umydow, aýyp-syn etmäweriň (görýäňizmi, ýene köplük sanda ýazdym) ýeke okalýar elbetde, welin, men (onda men, ýagny birlikde, birlikde diýýänim ýekelikde) şu soňky setirlere doly düşünmedim, şondan üçrip ýazaýdym.
avatar
0
5 Rowaç • 15:42, 15.01.2024
Ýöne surat welin gowy goýupsyňyz.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202