Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:27
Döwlet Orazsähedowly edebiýat agşamy (2-nji bölüm)
DÖWLET ORAZSÄHEDOWLY EDEBIÝAT AGŞAMY

2-nji bölüm.

Şol wagt bir diňleýji:
-Halypa durmuşda ýitirip tapan zadyňyz barada aýdyp beräýiň -diýdi. Döwlet
-Poeziýada ýitiren zadymdan tapan zadym kän. Esasy özüňi tapmaklyk bar , öz ýoluňy tapmaklyk bar . Öz ýoluňy tapmak üçin özüňi tapmaly-da. Öz içki dünýäň bilen ýaşaýaňmy, ýaşaňokmy? Içki dünýäň bilen gabat gelýärmi ýazýan zadyň? Esasy içki dünýäňi kanagatlandyrmak, islegleriňi kanagatlandyrmaly.
Bu jogapdan soň başga bir diňleýji:
-Özgelerden goşgy ýat tutuşyňyz nähili? -diýip sorag berdi.Döwlet aga bu sowala:
-Gowy goşgylar öz-özünden ýat tutulýar . Ýogsa ýat tutaýyn diýibem , ýat tutjak bolaňok-laý. Ýürekden çykýan zatda bi , öz-özünden ýat tutulýar -diýip birnäçe goşgylary mysal getirip ýatdan aýdyp berdi.
Soňra gapdaljygymda oturan galamdaşym Nury Sakçyýew şahyra şeýle sorag berdi:
-Döwlet aga goşgyda kapyýaň orny nähili?!
Döwlet Orazsähedow bu soragada juda jaýdar jogap berdi.
-Käbir goşgy kapyýa üçin ýazylan ýaly. Kapyýa ýerlikli ulanylsa gowy zat. Kapyýa gaty gerek zat goşga. Goşgyň özüne amal etmeli, kapyýa amal etmeli däl . Goşgyny ýazýan adamyň elinde bolmaly kapyýa . Awtor kapyýaň guly bolmaly dälde, kapyýa awtoryň guly bolmaly . Ony diňe çeperçilik serişde hökmünde ulanmaly. Maksadyň kapyýa dälde , maksadyň goşgy bolmaly .
Soňra bolsa şahyr joşup şu goşgyny okady.

Meger aýdylmadyk söz ýok dünýäde,
Çalynmadyk sazam ýokdyr elbetde.
Ýöne şahyr kapýa bilen goşgydan,
Täze bir zat tapmalydyr ezýetde.

Ir baharda gülläpdi ol ýaýlalar,
Ýöne her bir gülüň üýtgeşik ysy.
Ýagyş sesi oýlap tapmalydyk heň,
Gutarylman galar goşgynyň yzy.

Alaňdan aşar Gün, gyzarar şapak,
Göýäki taşlana agyr gädigi.
Bize tebigatyň özi görkezýär,
Çekjek suratyňy, ýazjak zadyňy.

Garaşylan ýazda, saralan güýzde,
Heniz arzuwlarmyz hökmürowandyr.
Adaty wagtynda ýagmasa ýagyş,
Oň geçen günlerden öýkesi bardyr.

Ýazyň ýazdan, gyzyň gyzdan parhy köp,
Meger özboluşly söýenler üçin.
Çepiksizde bolsa öz dostuň egni,
Ygtybalyrakdyr söýenmek üçin.

Orup bolsun çepginsede hoşasy,
Kuwwat beren ýere bat tapylýandyr.
Täze heňi saza geçir sazanda,
Şahyra aýtmaga zat tapylýandyr.

Bu goşgy  juda ajaýyp , örän täsirli, duýgylandyrjy ,manylydy. Beýlekiler üçinem şeýledigine goşgy gutaran badyna ýaňlanan gyzgyn elçarpyşmalar subutnamasydyr .
Soňra Myratgeldi Döwlet aga ýüzlenip:
-Döwlet aga , ilkinji gezek döredijilige başlanyňyzda nähili zatlardan täsirlenip başladyňyz ?!-diýip sorag berdi. Döwlet aga bu soraga-da kanagatlanarly jogap berdi.
-Döredijilige başlanymda bäşinji , altynjy klasymda başladym. Şu wagtam ýadyma düşýä-dä. Mekdepde otyrkam diňe daş töweregime seredip, aýnadan baglary, tebigaty synlaýardym. Şonda mollum käýýeýädi-dä:
-Orazsähedow doska seret -diýip .Tebigat bilen baglanşykly döredijiligim. Onsaň başga tarapdan köp okaýardym. Kitaby gowy görýärdim. Gurbannazar Ezizowyň "Ynam" diýen kitabyny okadym birinji gezek . Şol zatlardan söýgi döredi-dä. Kitaplardan durmuşa söýgi döreýär.
Soňra Myratgeldi :
-Döwlet aga bize tanyş goşgylaryňdan okap beräýiň- diýeninden soň Döwlet Orazsähedow aşakdaky goşgylary okap berdi.

Bu dünýäniň gözüne gan öýlüpdir,
Men gaýdamsoň asman zaryn aglady.
Bir akmag-a oňa ýagyş diýipdir,
Bir ýalançam göz ýaş diýip ,  aldady .

Ol adamzat hesretiniň belendi,
Şabyrdaýyp giden, sygman kagyza.
Gözýaş bolsa- ol ejizlik bolardy,
Ýagyş bolsa- ýönekeý bir hadysa.

Ol asmanyň ýer tapmadyk yhlasy,
Syrdaş gözläp , penjiräni kakdy ol.
Nirelerden ol delalat isledi,
Ýeňlemedi, gussa bolup akdy ol.

Jaýlaň üçeginden özün taşlady,
Ýüzün urdy tikenekli baglara.
Bir pursatlyk dolduran soň boşlugy,
Galdy boşap, peşeň deýin bugaryp.

Hanha, öz ugryna gitdi süýrenip,
Köçelerden,endam jany ýaraly.
Kimler oňa durdy biraz güýmenip,
Kimler onuň synasyndan ýöredi.

Tebigatyň emri şeýle , ýok karar,
Özüň aglap, ýene özüň diňmeli .
Ýöne ýagyşlaňam bir kadasy bar,
Dynman ýagsa döredýär ol jeňňeli.

Dostuma

Bu günem adaty gylygyň bilen,
Ýene girdiň öýe gapymy kakman:
Bilýäň, bu ýerde men öý eýesi däl,
Senem-meniň üçin arzyly myhman.

Içgin-içgin derdinşerdik ikimiz,
Gaýgy-aladalar bir ýana gider.
Käte seni ýepbeklärdim,ýüz görmän,
Kä sylardym seni öňküden beter.

Gürrüň gider käte dostluk barada,
Sen bir zat diýersiň, menem başga zat.
Bir ullakan duýgy ýatyr arada,
Ikimiziň çakymyzdan başgarak.

Ikimizi bir zatlar-a baglaýar,
Onuň sebäbini bilemok häli.
Ýöne birje duýgy gynaýar käte-
Göýä men dostuma degmeýän ýaly.

(Dowamy bar)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 124 | Mowzugy paýlaşan: Isbirdenli | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Kyyas • 11:39, 27.07.2023
Minnetdar!
avatar
0
2 Isbirdenli • 14:38, 27.07.2023
Sizede minnetdar Remezan aga. Janyň sag , galamyň ýiti bolsun .
avatar
0
3 Reňk • 13:53, 01.07.2024
Şol gün janlady bir pursat göz önimde.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202