1 gezek şeýle waka boldy. Obasyndaky orta mekdebiň 8 klasyny gutaryp, Aşgabatdaky uçilişeleriň birine girip täzeje student bolan oglanlar, umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşip sag-aman okuwa başlaýalar. Ine, dynç günleriň birinde daýaw kommendant ors heleýiň gykylygyna oýanýalar. Bidenem gapy açylyp komendantyň aýylganç buýruk beriji sesi otagy doldurýar. - Всем сдавать бельё. Быстро! Biziň gahrymanymyzam elbetde, jogap gaýtaryp galýar: - Şäs (Сейчас). Emma, komendant näçe garaşsa-da biziň gahrymanymyzdan "белье" gelenok. Ýene gygyrýar: - Сколько можно ждать. Быстро сдавайте бельё. - Şäs. Ýene ýarym sagat geçýä, her kim düşek daşlaryny tabşyrsa-da bulardan gelýän zat ýok. Ahyry kommendant olaň üstüne baryp has batly ses bilen gygyrýar: -Почему не сдаёте БЕЛЬЁ! Olam aljyrap komendanta gygyrýar: -Ço takoý BELÝO!
Kömek agaň "Gumda" atly hekaýasyndaky orus ýesiri Andreý bilen "ço-niço"-lap, "orusça" gepleşýän Ata agaň: "Ço-o-o!!!"-syna barypdyr, bu klaszaşyň "ço takoý BELÝO?!"-sy :-).