büzmeýinliler nädýä? çakýamy? === temadan çykmak; türkler-ä çilimi çekmän, içýäler... ýogsam жидкость üçilýändir-ä, tüsse жидкость däl-ä... === tema dolanyp gelmek; eger ýumurtgany çakyp içindäkini çykarýan bolsak, onda çigidem maňyzyny çykarmak üçin çakanyň dogry bolup ýaty:. onda hozda nähili bolýar. 1) hoz çakýan 2) hoz çigitleýän 3) hoz hozlaýan 4) hoz döwýän
Bir gün nämüçindir serçeleriň jürküldisi, Çymmyllygyň göwnüne güpür-tapyr ýaraman başlady. Ol guşlaryň mygylly tudunyň aşagyna bardy-da, olara nädip dogry jürküldemelidigini yhlas bilen öwredip ugrady. -Jürk! Jürk! Ine şeýdip jürküldemeli, sammyklar! Siziňki ýaly beýdip jürküldemeli däl! Agzyny towukbüzmek çömmerdip, öwretdi, öwretdi. Öwretmekden ýaňa agzy ýadady. Bokurdagy gurap tüýdüge döndi. Onuň gohuna ürken serçeler bolsa güsürre uçup gitdiler. Başga baga gondular-da, ýene-de süri bolup şol öňküleri ýaly jürküldemäge başladylar. Dogrusy Çymmyllygyň munça galmagal turzup bitiren şeý-ä bolmady. Ýöne gowy zady onuň bihuda, bimany çygynmasyndan ýene-de bir çamalak döredi. Diýmek, bimany çygynmada-da çümmüjek many bar bolýamy?!
Ependi öýünde peç ýasapdyr. Goňşulary görmäge gelipdir. Ilerki goňşusy gelip, görüp, diýipdir: -Peji nädogry gurupsyň. Onuň agzy günorta baksa dogry bolar. Sebäbi biziň bärlerimizde ýel köplenç günortadan öwüsýär. Onsoň pejiň agzy ýeliň ugruna bolsa, içindäki oduňa howa gowy baryp, ot tüsselemän ýanar. Sag goňşusy gelip, görüp, diýipdir: -Peji nädogry gurupsyň. Onuň agzy demirgazyga baksa dogry bolar. Sebäbi biziň bärlerimizde ýel köplenç günortadan öwüsýär. Onsoň pejiň agzy ýeliň ugruna bolsa, içindäki oduňa ýel urup öçürer durar. Çep goňşusy gelip, görüp, diýipdir: -Peji nädogry gurupsyň. Onuň agzy gündogara baksa dogry bolar. Sebäbi biziň bärlerimizde ýel köplenç günortadan öwüsýär. Onsoň ýel pejiň bäri böwrüne ursa, öýüň içine ýylysy gowy ýaýrar. Gaýraky goňşusy gelip, görüp, diýipdir: -Peji nädogry gurupsyň. Onuň agzy günbatara baksa dogry bolar. Sebäbi biziň bärlerimizde ýel köplenç günortadan öwüsýär. Onsoň ýel pejiň aňry böwrüne ursa, öýüň içine ýylysy gowy ýaýrar. Ependi goňşularyny dykgat bilen diňläpdir-de, pejini ýykyp, ony tigirçekli demriň üstünde täzeden gurupdyr. Soň ýene-de goňşularyna görkezipdir. Olaryň haýsysy gelip, pejiň agzynyň nirä baksa dürs boljakdygyny aýdan badyna-da, pejini tigirläp şol tarapa öwrüpdir. Şeýdibem Ependi goňşularynyň hemmesiniň göwnüni tapypdyr. Soňam alypdyr-da, pejiniň agzyny öz göwnüne jaý ugra bakdyryp goýupdyr.