23:06 Durmuş oýlanmasy | |
DURMUŞ OÝLANMASY Gün çykdy lowurdap misli çog ýaly, Başlandy ýene-de bir ajaýyp gün, Ajaýyp Säheri synlan mahalym, Hem şatlanyp,hemde gamlanýar göwün Sebäp ähli säherlerem edil şuñ ýaly, Ajaýyp hem tämiz bolup baranok, Köp säherler kalba şatlyk paýlasa, Käbir säher ony edip bilenok Olar paýlaýar gaýgy hasraty, Käwagtlar bolsa getir ölümi, Ölüm diýen zadyñ belli kanuny, Soldyrýar ol bu durmyşyñ gülüni. Ine çogly Gün bilen goşulyp, Ýene geldi ajap, bir syrly säher, Kimler biler bu säheriñ syryny, Ajaýyp sähermi ýa tukat säher. © Annadurdy (Arslan) OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 12 | |
| |