13:43 Hikmetli düýş | |
HIKMETLI DÜÝŞ
Bir gün Osmanly Hökümdarlaryndan Soltan Myrat Hanyñ aljyraññy halyny gören weziri Azam Sawuş Paşa Myrat Handan: – Halyñ niçikdir Soltanym?! Sizi gynandyran zat nämedir?! - diýip soraýar. Soltan Myrat Han wezire syrly jogap berýär: – Agşam geñ düýş gördüm.. – Haýyrlysy bolsun inşalla, Soltanym! – Haýyrmy, şermi öwreneris ony.. Wezir geñirgenip: – Nädip öwreneris? Soltan Myrat Han: – Hany, häzirlen, daş çykýarys. İkisi-de molla donuny geýip daşary çykýarlar. Çaltlyk bilen ýöräp Beýazita barýarlar. Ýüzlerini Wefa tarap öwürip Zeýrekden aşaklygyna Unkapanyna inýärler. Olar ýerde ýatan jesediň üstünden barýarlar. Jesediñ daşyna, üýşen adamlardan gyzyklandylar: – Eý märeke, kimdir bu bende. – Aý Mollam, soramaweriñ, bu barypýatan arakhordy. – Siz nireden bilýäñiz beýledigini?! – Kyrk ýyl bäri goñşymyz. Adamlaryñ arasyndan ýene biri seslendi: – Bul adam ussady. Azap çekip işlärdi. Nal ýasardy, gazananyny-da içgä, zyna harçlardy... Şeýlelik-de, jesediñ daşyndaky märeke öýli-öýüne, işli-işine dargadylar. Patyşa bilen wezir ol ýerde galdylar. Wezir hem ol ýerden gitmekçi bolanda Patyşa oñ bilen razylaşmady: – Milletdir bu, geçer giderler, palan zat diýip bolmaz, emma biz gidip bilmeris. Nähili-de bolsa bu biziñ ildeşimiz, watandaşymyz, jynazasyny çykmaly bolarys. – Soltanym, köşkden birnäçe molla ugradaly, şeýtsek günäkär bolmarys. – Bolmaz, entek düýşüñ hikmetini bilemzok. – Bolar, näme etmegimi emr edersiñiz?! – Mollalygmyzy dowam etdireli. Jesedi ýerlemeli bolarys. – Soltanym, nähili götereris, Munuñ ýuwmasy, kepenlemesem bardyr. – Alada etme, ählisini başararys.. – Nirede depin ederis?!. – Fatih metjidinde.. Fatih metjidine geldiler. Patyşa molla mysalynda jesedi ýuwga saldy, kepenledi. Musalla daşynda ýatyrdylar. Namaz wagtyndan irdi. Wezir soltana pyşyrdady: – Soltanym, bir zady kemter etdik.. – Nämedir ol kem bolan? – Bu merhumyñ maşgalasy, ýetimleri bardyr belki? – Dogry, elbetde bardyr, sen merhumyñ ýanynda garaş. Men töwerege aýlanyp geleýin. Patyşa ýaňky ahwalatyň bolan ýerine alňasady. Sorap – idäp nalçynyň öýüni tapdy. Gapyny kakanda gartaşan zenan gapyny açdy. Patyşa bolup geçen ýagdaýy düşündirdi. Öý hanymy aýdylanlary dykgat bilen diňledi-de, beýle ýagdaýyň boljagyny öň bilýän şekilde: – Oglum, belki-de gaty ýadansyň, hakyňy halal edeweri – diýdi. Kempir duran ýerinde oturdy: – Biler bolsaň, oglum, biziň jenabymyz bir alymdy. Agşama çenli nal ussaçylygyny ederdi. Biriniň elinde şeraply çüýşe görse puluny töläp elinden alardy, öýe getirip şeraby dökerdi.. – Näme üçin dökerdi?! – Muhammet ummaty içmesin diýip, oglum. – Bäh! – Mundan beterem bar, oglum, biçäre zenanlaryň tölegini geçirip, özlerini öýe getirerdi. “Men siziň wagtyňyzy satyn aldym, indi bu ýerde oturmagyňyz gerek, oturyp dynjyňyzy alyberiň” diýerdi. Özü-de çykyp giderdi. Men bolsam ol zenanlara rowaýatlar aýdyp, kitaplar okap bererdim. – Görsene sen! Il näme diýip ýör, bu nämeler edip ýör?! – Ol garşa uzaklardaky metjitlere giderdi. “Men şeýle bir ymamyň arkasynda namaz okamaly, ymam tekbir alynça Käbäni görmeli” diýerdi. Hiç kime azar bolmasyn diýip mazaryny özi bakjanyň içinde gazdy. Men oňa: – Mazaryňy gazanyň bilen iş biteýärmi. Seni kim ýuwga salmaly, kim ýerlemeli?! – diýdim. – Ol näme diýdi onsoň?! – Öňürti loh-loh güldi, soňra: – Kempir, Alla Beýikdir... Zamanaň patyşasynyň başga näme işi bar?! Ol ýuwga salaram, ýerlärem diýdi.. ® Türk hekaýalaryndan terjime: © Kalba NUR | |
|
Ähli teswirler: 0 | |