21:20 Edebiýatçynyñ ýazgylaryndan | |
EDEBIÝATÇYNYÑ ÝAZGYLARY Beýikler beýik ýeriñi, ejizler ejiz ýeriñi gõzleýärler, tapýarlaram. * * * Beýikleri biri birine deñemegiñ geregi ýok. Olaryñ hersi õzüçe beýik. Pesleri-de deñeşdirmegiñ derkary ýok. Olaryñ hemmesi õzleriçe, bir-birine meñzemeýan betbagt diýip pikir edýarin. * * * Uly ýazyjy Osman Õdäýew ýakyn adamlaryna "dogan, dogan jan!" diýip ýüzlenerdi. Maña Osman pahyr: "Mähriban agam, agamjan!" diýerdi. Bu sentimentallykmy? Yok. Bu sõzler Osmanyñ mährinden, adamlara bolan sõýgüsinden gelip çykýardy. Ol sõzler tõweregindäkilere ýaşamaga, dõretmage güýç-kuwwat, joşgun-ylham berýardi. Birek-biregi ýakynlaşdyrýardy, ysnyşdyrýardy. * * * Dramaturg Berdi Bäşimow gürrüñ berýär: - Medeniýet ministrliginde işleýän dõwrümde drama eserleriniñ bäsleşigi geçirildi. Meniñ ýazan pýessam birinji orun aldy. Ministrimiz Gara Seýitliýew - meşhur şahyr, ykrar edilen dramaturg, üstesine-de, ministr. Çekinip hem utanyp, ondan gaçyp tezip ýõrün. Muny añan Gara Seýitliýew meni ýanyna çagyryp: "Inim, seniñ birinjilik alanyña begenýarin. Durmuş dowam edýar. Ýaşlar halypadan ozdurmaly. Saña-da bir wagtlar õzüñ üćinji orun alyp, ýaşlaryñ birinji orny alanyny gõrmek miýesser etsin!" diýdi. Adam ýazmany öwrenen gününden bäri, durmuşy kitaba salmaga synanyşyk edýär, ýöne bu oňa häli-häzir-ä başardanok. * * * Bir pursatda meşhur bolup bolýar, Bir pursatda masgara-da bolup bolýar. * * * Watikanda rim papasynyň köşgünde beýik italýan hudožnigi Rafaeliň Platony asmany nazarlaýan görnüşde, Aristoteli ýere seredýän görnüşde şekillendiren kartinasynyň bardygyny okapdym. Bu Platonyň idealistik garaýyşlydygynyň, Aristoteliň materealistik düşünjelidiginiň örän jaýdar, şowly çeper aňladylmasy diýip pikir edýärin. * * * Adamlaryň — her birimiziň köklerimiziň müňýyllyklardan alyp gaýdýanlygy ýaly, adamlary biri-birinden parhlandyrýan ynsanperwerlik, garasöýmezlik, mähribanlyk, wagşylyk ýaly häsiýetleriň hem taryhy müňýyllyklara uzaýar. Geň zat, ynsanperwerlik, mähribanlyk, wepalylyk ýaly adamzady bezeýän sypatlar, adamlary bezeýän häsiýetleriň mümkinçiligi şol müňýyllyklaryň dowamynda şol bir tebigatyny üýtgetmeýär. Tersine, wagşylygyň, garasöýmezligiň, şöhratparazlygyň amaly mümkinçilikleri gitdigiçe has artýar. Adamzady gyrgynçylyga sezewar edip biljek ýaraglaryň döremegi munuň subutnamasy diýip pikir edýärin. * * * Mertebelilik ynsanyň ynsanlyk ölçegleriniň içinde mertebelenmäge mynasyp. Öz mertebesini saklap, gorap bilýän kişi Maşgalasynyň, Halkynyň, Watanynyň mertebesine şek ýetirmez, şek ýetirtmez diýip düşünýärin. Ýa-da tersine... * * * Didarberdi Allaberdiýew bilen ajaýyplyklaryň mesgeni Awazada tanyşdyk. Mundan öň hem Didarberdiniň goşgularyny, aýratyn-da rubagylaryny uly höwes bilen okaýardym. Gowulary görüp, guwanyp bilýän dostum Osman Ödäniň berýän bahasy boýunça-da mende Didarberdi barada gowy garaýyşlar bardy. Ýöne onuň bilen Awazadaky şahsy tanyşlyk uly açyş boldy (Şol tanyşlyk soňra aga-ini gatnaşygyna, dostluga ýazyp gitdi.) Didarberdiniň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny tutuş ýatdan bilýändigi, diňe bir bilmek däl, şygyrlary örän çuňňur yzarlaýandygy, neşirlerdäki goýberilýän säwlikler baradaky pikirleri, beýik şahyryň şygyrlarynyň arapçasyny, parsçasyny, rusçasyny deňeşdirişi meni haýran etdi. Didarberdiniň dil we edebiýat ugrundan ýörite bilimi ýok. Onuň işlän käri hem çeper döredijilik bilen galtaşykly däl. Zehini Biribar eçilse kär-hünäriň tapawudy bolmaz ekeni. Didarberdiniň aýdym-saz sungaty baradaky örän çuňňur makalalary ýörite saz öwrenijiler üçin-de peýdalydyr diýip pikir edýärin. Zehini ezelden Didarberdi Allaberdiýewiň «Senaly» tahallusy bar. Bu jüpüne düşen tahallus. * * * Hakyky yşka, söýgä uçranlar birek-biregiň kemçiliklerini görerden has beýige galýarlar. * * * Öz golastyňdaky işgäri başga bir işgäriňe ýamanlamak seniň olardan asgynlygyňy boýun almak diýip düşünýärin. * * * Geçip duran wagtyň, geçip duran pursadyň, ýöne bir geçip duran wagt, pursat däl-de geçip duran wagty, pursady müdimilik taryha girizýän tebigy hadysalar, jemgyýetçilik wakalar bolýar. Beýik şahsyýetleriň, genileriň doglan, aradan çykan wagty, pursady-da taryha girýär. Diýmek, beýik şahsyýetleriň, genileriň doglan, aradan çykan wagty, pursady-da tebigy hadysalara, jemgyýetçilik wakalaryna barabar. * * * Men her gün irden işe gaýdan wagtymda: «Ýa Biribar, özüň abraý bereweri!» diýýärin. © Muhammetguly AMANSÄHEDOW, filologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň ussat mugallymy Garagum žurnaly | |
|
Ähli teswirler: 0 | |