Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:03
Eje

EJE

Gözlerimden daman ýüregňe ýagmyş,
Jara dönmüş her gasyny.
Meň içim tütedi,
Seň janyň ýanmyş,
Sypamyşsyň başymy.

Kän käýärdiň,
urardyňam käýarym,
Öýkelän bolardym
(öýde handyryn).
Asyl meni gorajak diýp käýäniň
aňlamandyryn.

Goýbolsun etmediň kökenekligiň,
Meniň üçin nämeleri çekmediň.

Haýran goýmuş sema çykan guşlary
Her säher el açyp edişiň nala.
Şaýadam,
enäniň ýakaryşlary
Ýarar eken Rahman bolan Hudaýa.

Dilegleriň bilen Ýaradan meni
Dost tutundy.
Tiz gutuldy ýaralam.
Humaryndan ýaňa dumanly seri
Nurdamjalar tämizlemiş ýaňadan.

Ýagar boldum,
ýanar boldum,
jan eje,
Alaw aldy uçgunjygym hanamda.
Halas boldum gamdan,
rahat jan, eje,
Seniň saýaňda.

© Süleýman HOJANEPESOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 143 | Mowzugy paýlaşan: LegLek | Рейтинг: 4.4/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 20
avatar
0
1 Ak-sary • 20:23, 06.03.2024
Şaýadam,
enäniň ýakaryşlary
Ýarar eken Rahman bolan Hudaýa.

Takygam bolsa däl"em bolsa owadan setir ekeni.ömrüñ bolsun.
avatar
2
2 Melike • 22:10, 06.03.2024
Goşgyny okap gaharlanjagymam, edebiyatymyzyñ halyna aglajagymam bilmedim. Türkmen ruhy, türkmençe pikirlenmek nirede?! Ýa çagalarymyzyñ türk multfimlerini görüp halys dili bulaşyp, añy zäherlenip yörmikä?! Eger şeýle bolsa dat günümize. Ýogsam bolmasa-da, düşünip başarýanja zadymyzy okap, täsirlenip bilşimizmi?! Beýdip täsirleniljek bolunsa, onda okamasynlar, öz Berdinazar, Gurbannazar, Mämmetnazar, Atamyrat, Nobatguly, Kerim aga... ýaly şahyrlarymyzy okabersinler. Eger orginal ýazuwdan okamak bu derejä eltýän bolasa şolaryñ terjimelerini okasynlar.

"Gözlerimden daman ýüregñe ýagmyş"
Bu näme boldugy? Manysyna nähili düşünmeli? Seniñ gözleriñden daman näme uçin ejeñ yüregine yagmaly. Bu görnüşdäki meñzetme sap türk şygryýetine mahsus. "Türkden alanyñ özüñki" diýipdir bir awtor. Wah, käşkä alyña görä kämil zady alýan bolsañ, başga gürrüñ. Ýoýlup şyrrygy çykan zat alanyña degýärmi? Gaýta ol diñe türki däl türkmeniñem dilini, ruhuny zaýalap barýar. Gaty alaslary gelýän bolsalar Garajaoglandan alaýsynlar. Onsañam çagasynyñ aglamagy ejesini gynandyrýan bolsa, ony näme üçin öz ene dilimizde aýdasymyz gelenok.

"...Señ janyñ ýanmyş,
Sypamyşsyñ başymy".
Indi muña nähili düşünmeli. -myş-myş-dan doldurypdyr. Bar, onam türklerden däl-de, klassyky edebiýatdan alypdyr diýeli. Yöne ulanylýan ýeri nädogry.

"Asyl meni gorajak diýp käýäniñ añlamandyryn".
Añlamandyryn diýmegiñ ýerine añmandyryn (ýa-da añmandyrynam) diýsen türkmençe bolmazmy?!

"...Enäniñ ýakaryşlary".
Düýbünden bolanok.Käbir tirkeş sözleri biri-birinden aýry ulanmak bolmaýar, olar özbaşdaklykda many añlatmaýar (käbirinde bolýaram. Bu ýagdaý kontekste görä kesgitlenilýär".

Bu aýdylanlary ýene uzaltsañ uzaldybermeli. Gaýrat edip, başga zatlaryñ däl-de edebiýatymyzy ösdürmegiñ hatyrasyna ýazyñ, awtorlar. Ýene bellemeli zat, bu awtory tanamok we hiç hili göripligim ýok.
avatar
0
3 Ak-sary • 23:41, 06.03.2024
2nji teswire sorag,onda aýdaýyñ

"Höre -köşe" diýmek näme?bolýar biz bulary biri birinden aýry sorap göreli!
Höre?
Köşe?
avatar
1
4 Pegas • 01:56, 07.03.2024
Tirkeş sözler üç hili bolýar:

1. Tirkeş sözleri ýasaýan iki söz hem many aňladýar: gap-çanak, oglan-gyz...
2. Biri many aňladyp, beýlekisi many aňlatmaýar: gyz-pyz, güp-süp...
3. Ikisi hem many aňlatmaýar, ýöne bilelikde bir düşünjäni berip bilýär: paty-puty, hykgy-çokgy...
avatar
0
5 sussupessimist • 02:13, 07.03.2024
göwne degişmek gerek däl, ýöne dili duýmagy öwrenmek gerek. Gynansak-da, häzir öz dilimize düşünmek üçinem sözlüklere ýüzlenmeli bolýar, sebäbi soňky döwrüň gojalaram, kempirlerem (kä oba ýerleri bolaýmasa) - türkmençäni birki nesil öň ýaşan adamlaryň derejesinde bilenok, olaram - özlerinden öňküleriçe... Garaz, gitdigiçe çüpräp barýar dilimiz.
Öz sözüm bilenem düşündirsem bolardy welin, bu ýerde-de sözlükden mysal getiräýin:

HÖRE-HÖRE [hörö-hörö], üml., Köşek ýanyňa çagyrylanda aýdylýar...
HÖREK [hörök], at. Iýilýän her hili iýmit, nahar, owkat.
HÖRE-KÖŞE [hö:rö-kö:şö], at. Köşeşdiriji, rahatlandyryjy mylaýym, ýakymly, hoşamaý sözler. Hallygara seniň höre-köşäňe mätäç adam däl (S. Myradow)

köşe - köküni gözleseň, köşegiň k harpy düşürilip, gysgaldylan görnüşi bolmagy ahmal. Höre-de - meger, höregiň k harpy düşürilişidir. Köşegi hörege çagyrandyrlar belki. Dilimiziň şuň ýaly zatlarynyň özem gyzykly ahyryn. Munuň üçin dilçi bolmak hökmanam däl.
avatar
0
6 paragraph • 04:46, 07.03.2024
teswire jogap ýazanlar şygyr barada-da pikirlerini aýtsalar awtor üçinem, okyjylar üçinem gowy bolardy...
avatar
0
7 Gülkamat • 09:23, 07.03.2024
Men-ä Laçyn Pürjäýewanyñ arada şu saýtda goýan "Sorag" goşgusy ýaly ýazyp bolmajak bolsa, şygyr düzüliş sungatynyñ kanunalaýyklygy bolan bogun sanlarynyñ deñ gelmegine üns bermeli diýen pikirde... Gynansak-da shu zeýilli goşgular soñky wagtlar köp ýazylýar.
avatar
0
8 aygull • 10:43, 07.03.2024
Ylalaşýan, Güljan. Goşgynyňam süňňi-süýegi ýerinde bolmaly. Käşgä, ýazan goşgyň Wanganyňky ýaly, gözüniň görmeýänini başga ukyby bn dolduryp bilýän goşgy bolsa, bolýaram welin...
avatar
0
9 Gülkamat • 10:50, 07.03.2024
8-nji teswire: Salam, Aýgül! Bärde salamlaşmagyñ nähili duýgy döredýändigini bilesim geldi :) näme-de bolsa iliñ üýşen ýeri-dä :)
avatar
0
10 aygull • 11:24, 07.03.2024
Salam Güljan. Bu ýerde salamlaşmak has hezil. Atmosfera bir başga-da
avatar
1
11 Rowaç • 15:07, 07.03.2024
@Melikäni tanamaýandygymy nygtamak bilen, onuň aýdanlaryny goldaýan. Dil janly barlyk, elbetde, beýleki dilleriň täsiri bilen baýlaşmaly, örüsi giňemeli. Ýöne biziň öz şirin dilimizde-de köp zady beýan edip bolýar. "Pylan duýguny berip bilemok, türkçe (ýa ol-bul dilde) has aňsat bolýar" diýýänlerem tapylýar. Şonda beýan ederden ejiz gelýäniň dilimiz däl-de, hut özümizdigini ýatlamaly. Aý, garaz, aýtsaň aýdyp oturmaly... Goşgy barada aýtsaň, aýdasynyň gelýän zatlaryny doly aýdyp bilmän, käte forma, käte bolsa kapyýa sebäpli, birneme ejizräk çykan ýaly.
@sussupessimist (zordan ýazdymaý) seniň aýdýanyňam jany ýok däl, bolup biler, emma bolmanam biler.
avatar
0
12 Kyyas • 15:51, 07.03.2024
Biz Türkmen dilinin SSSR-de girizilen gramatika we edebi dil diýip şu güne çenli geçýän, öwrenen sözlerimiziñ, köne türkmen sözleriñem ulanyşdan galan sözüni ulansak, häzirki türklerde eşdýän sözümiz ýaly bolup eşdiler. Bom-boşy türkçe diýdiñiz, emma bizin şiwämizde ulanýar, peşinden gitdi diýilen sözede türkçe diýersiñiz, bizde şol söz ulanýar.
Sussypessimist dogry belläpdir Hörek-iki wersiýasyny getirip. Käbir ýazgyda hörög-ýazgyly gabadam gelinýär. Höreköşek et! Hörek k harpy Köşegiñ k harpynyn içine girdi. Son bu sözi tirkeş söze öwrülmegine gramatika girizilende geçirilendigini bolsa hic kim bilenok. Hörek köşek et! Köşegi çagyr.-Köşek ata-babalar çagalarada köşek diýmesinden ugur alsañ, Köşek-adama çalt öwrenşýän ýuwaş jandar (düýe çagasy) beýleki öý haýwanlaryndan tapawutlylykda ýuwaş, akylly, öýkelek we sypalap, gowy görseñ çalt öýkeden açylýar. Hörek şu ýerde çagyrjak bolsañ hökman mylakatlylyk gerek, şoñ üçin Höre-köşe et! Diýilmegiñ gelip çykmasy.
Biz-de ulanylýan sözleri türklerden däl, Özbek gazak, uýgur, gyrgyz, gagauz, azerbeýjan halkaryñ dilinden gözleseñizem gabat gelýän sözler bardyr.
Awara- bizde bar emma ulanyşdan galan ona derek köplenç Owwara bolsana! Diýilen söze öwrülen. Many taýdanam tapawudy bar bolmagyda mümkin uzaklaşan däldir.
Bizin obalarda häzirem köne sözi ulanýan ýaşulylar bar. Olardan öwrenenlerimizi öwretmegem biz üçin uly borc,
Ýöne käbir ýaşulylaram kä sözüñ manysyna dolulygyna düşünenok. Aýdylmaly diýse aýdyberýärler.
Zaññar-Zängar (sögünç söz) Zän-zenan,aýal. gar -paýyş bolup owadanlan söz.
Gyzygar, Enegar, içigar. Ş.m
avatar
0
13 Kyyas • 15:56, 07.03.2024
Gelmemiş, gelmedi, gelmedur, kelmeýdi, gelmeýdi, kelamedi şiwe dilleri
avatar
0
14 Mekan2 • 16:03, 07.03.2024
Kyyas han, aýdýanlaň 90%-ne gatylýan, wi, goşulýan.

"küştçi" filminde diýýär-ä "senem gol çekseň, iki bolýas". 2,5 (iki ýarty) bolduk :-)
avatar
0
15 Melike • 16:05, 07.03.2024
"Mollasy köp bolsa toklusy haram öler"
dil meselesem şoñ ýaly.
avatar
0
16 Kyyas • 16:09, 07.03.2024
Düzediş "gassaby" köp bolsa
avatar
0
17 Kyyas • 16:10, 07.03.2024
Teswir 14 golum çekmezden taýynlapdym
avatar
0
18 Melike • 16:16, 07.03.2024
@Kyyas, düzedişi özüñden başla. "mollasy" şol.

Gassaby köp bolsa birden biri haram ölmezden öldürerdi.

Mollasy köp bolsa biri ol eýtseñ haram bolar diýer, biri muny beýtseñ haram bolar diýer, olar dawada otyrka toklyñ boljagy bolar. "gassap" ýalñyş"
avatar
0
19 Kyyas • 16:20, 07.03.2024
Hökman hanym! Siziñki dogry!
Ýalñyşym üçin bagyşlañ!
avatar
0
20 aygull • 17:00, 07.03.2024
Çopany köp bolsa haram ölmezmi tokly?
avatar

Старая форма входа
Total users: 202