Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:40
Ejeň bolsa
EJEŇ BOLSA

Bagt diýlen zadyň bardygy
Owal-ahyrda çyn bolsa.
Bilgin, bagtyň daş ýardygy,
Bu dünýäde ejeň bolsa.

Çaga wagtyň bir deň-duşuň
Oýunjagny güjeňlese,
«Mende ýok» diýp, çytma gaşyň,
Alyp berer, ejeň bolsa.

Toýuňda-da, ýasyňda-da
Janköýerleriň jem bolsa,
Şolaryň arasynda-da
Nähili bagt ejeň bolsa!

Aladalar hemmä ýeter,
Käte ýüzüňde çaň bolsa,
Öz-özi süpüriler gider,
Bil, ýanyňda ejeň bolsa!

Birden çaý içip otyrkaň,
Käsäňde boýçy çommalsa,
Başgalara garaşma kän,
Gapyňdadyr, ejeň bolsa.

Diliňdekä şükür, toba,
Işiň ilerläp, oň bolsa,
Razydyr senden käbäň,
Barlap göräý, ejeň bolsa.

Intizar göz bilen garar,
Ýola şaýyň ykjamlansa.
Bilýänin öwreder, sargar,
Bosagaňda ejeň bolsa.

Garaşmaga başlar onsoň,
Girer-çykar, ynjalmasa.
Geleniňden hemmeden öň
Gujak gerer, ejeň bolsa.

Dünýäleriň doludyr-la,
Ulam bolsaň, kiçem bolsaň.
Ýürejigiň suwludyr-la,
Gapdalyňda ejeň bolsa.

Çeşmesi: https://ahal.info/tm/news/ejen-bolsa-gurbanyaz-dasgynow. 20.02.2023ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 58 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Gurbanýaz Daşgynow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
1
1 Мango • 00:36, 21.02.2023
şahyr çagalykdan ejesiz ýetim galan ekeni.
bu-da ejeligine bagyşlan goşgusy.

Ejeligime

Ýatsam-tursam göz öňüne gelip dur,
Meniň üçin çeken ähli azabyň.
Ine, şeýdip çekdirip ýör jahyllyk
Saňa beren azarymyň azaryn.

...Bize geldiň, üýtgäp gitdi dünýämiz,
Öýmüz öýe meňzemäge başlady.
Nämüçindir, şoňa çenli öýmüzem
Illeň öýüne meňzemezdi, başgady.

Ýöne neçün saňa «öweý» diýdiler,
Maňa-da arkamdan diýdiler «ýetim?»
Bilmezdim...
Bilýänem sen geleňden soň,
Garnym dok bolupdy, eşigim bitin.

Şonda-da, men bilemokdym gadyryň,
«Ä-ä» diýerdim her buýrulan ýumuşa...
Neneň dözdüň dözülmesiz betlige?
Neneň çydap gezdiň beýle durmuşa?

Näme üçindir, menden nalamandyň sen,
Hamana, betligim bilmeýän ýaly.
Meniň «ä-ä-lermi» diňlemändiň sen,
Edil gara ýeri diňleýän ýaly.

...Gezelenje öýe bardym arada.
Eje, birden bolupsyň-la, bir gysym?
Ulalmagym üçin kiçelen bolsaň,
Onda ogluň nädip üzer bergisin?!
avatar
1
2 Мango • 00:45, 21.02.2023
surat barada.
köne jaý
köne gapy
köne penjire
köne ojak
köne tapçan
köne daýza
köne dünýe
bu köneler owadan zynjyr.

toprak jaý
toprak ojak
toprak daýza
bu-da gyzykly zynjyr.

şo gözüňe ilişip duran alýumin kündügi aýyraýyň-da.
garly daglar biraz biziň daglara meňzemejek bolup duran ýaly. belki-de meňzeýändirem (dag gördükmi diýsene?)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203