Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:16
"Elegantyñ" täsiri ýa-da gyzykly geçen duşuşyk hakda kelam agyz

ELEGANTYÑ TÄSIRI ÝA-DA GYZYKLY GEÇEN DUŞUŞYK HAKDA KELAM AGYZ

Edebiýat agşamlary gurnalyp başlan döwürlerinden bäri gatnaşanlarymy öz nukdaýnazarymdan ýazga geçirip, saýtlarda paýlaşmak endigim bar. Düýnki geçirilen "Elegant eser" bäsleşiginiñ baýrak gowşurylyş dabarasynyñ pursatlaryny we täsirlerini-de ýazga geçirip, gatnaşyp bilmediklere ýetiresim geldi.
Men "Kämil bilime" baranymda Aýgül Garaýewa, Maksat Bäşimow, Güljan Durdyýewa, Seýran Otuzow, Baýram Bejidow, Aşyrmät Garlyýew we beýleki myhmanlar eýýäm gelen ekenler.
Dabarany Seýran Otuzow açdy we bäsleşigiñ poeziýa kategoriýasyndan ýeñiji bolanlara baýraklaryny gowşurmak üçin Aýgül Garaýewa söz berdi. Aýgül gelneje , poeziýa kategoriýasy boýunça iñ köp baly alan eser bolan "Häzirlikçe atsyz hem suratsyz goşgynyñ" awtory -- Laçyn Pürjäýewa heniz gelmänligi üçin, ikinji iñ köp baly alan eser bolan "Perýat" sonetler çemeniniñ awtoryna -- maña baýragymy gowşurdy. Baýragymy alyp, ýerime geçiberjek bolanymda gelen myhmanlardan biri maña söz bermeklerini sorady. Bialaç ýagdaýda tribuna çykdym :) Ilki sözümem "Maña söz bermeli däldiklerini saýtda aýdypdym" boldy.
Soñ bu baýragy öz görelde alýan şahyrymyñ --Aýgül Garaýewanyñ elinden almagyñ özüm üçin uly zatdygyny nygtadym. Şeýle adalatly, ses berlişigiñ açyk görnüşde geçirlip, islendik kişiniñ emin agza bolup bilýän bäsleşiginde ýeñiji bolmagyñ begendirijidigini, ýeñiji bolmag-a däl, gatnaşmagyñam oñat zatdygyny aýdyp, bäsleşigi gurnan Nurdan gelnejä minnetdarlygymy bildirdim. Ses berenlere sagbolsun aýdyp ýerime geçdim.
Proza kategoriýasynda ýeñiji bolanlara sowgadyny gowşurmak üçin Maksat Bäşimowa söz berildi. Maksat Bäşimow proza kategoriýasynda ilkinji iñ köp baly alan eser bolan "Tow" hekaýasynyñ awtory Umyt Küläniñ Daşoguzly bolanlygy üçin eýýäm baýragy alandygyny aýtdy. Bäsleşikde eserleriñ awtorynyñ gizlenmegi hakda durup geçip, hödürlenen käbir eserleriñ awtorlaryna gaty geñ galandygyny aýtdy. Maksatmyrat Çaryýewiñem goşgusynyñ bardygyny muña mysal getirdi. "Tow" hekaýasynyñ awtorynyñ Umyt Küledigini bileninde oña azrak bal berjekdigini, sebäbi Umydyñ has gowy eserleri ýazyp biljekdigini bilýändigini nygtady. Ikinji iñ köp bal alan eser "Ýürekdäki ýazgylaryñ" awtory Güljan Durdyýewa sowgadyny gowşurdy. Güljan gelneje sözlän sözünde bäsleşigi gurnanlara, ses berenlere minnetdarlyk bildirip, döredijilik ýolunda özüne Laçyn Pürjäýewanyñ halypa bolandygyny nygtady. Proza kategoriýasynda üçünji iñ köp bal alan eser "Biçäreleriñ" awtory Jennet Nurmyradowa sowgady Maksat Bäşimow gowşurdy. Jennet öz sözünde bäsleşigi gurnanlara, ses berenlere minnetdarlyk bildirdi.
Seýran Otuzow iñ gowy terjime kategoriýasynda ýeñijini yglan etjek bolup durka, köp garaşdyran Laçyn Pürjäýewa geldi. Hemişeki alçaklygy bilen "Salona girmäne goýmadyñyz" diýip zeýrendi. Aýgül gelneje "Sen salona girdiñmi ýa salon saña girdimi?" diýip degişdi. Laçynyñ žemperiniñ iliklerini ters ildirendigini gören Seýranam "Iligiñ birini ters ildirseñ hemmesem ters ildirilýär" diýip güldi.
Laçyna sowgadyny Aýgül Garaýewa gowşuryp, oña söz berdiler. Laçyn bäsleşikde ýeñiji bolan goşgusyny okap berdi. Goşgyny "Kabinetde içim ýanyp oturan wagty ýazdym" diýip degişdi. Laçyn bäsleşige gatnaşan eserleriñ adyny awtorlary bilen bilelikde okap, ýerine geçdi.
Terjime kategoriýasy boýunça bäsleşikde "Maña kömek ediñ goşgular " terjimesi bilen ýeñiji bolan Aýgül Garaýewa sowgady gowşuryldy. Aýgül gelneje sözlän sözünde bäsleşikdäki eserleriñ awtorlaryny gizlin saklamak pikriniñ dogry hasap etsegem, ýalñyş hasap etsegem özünden çykandygyny aýtdy. Men onuñ gaty gowy pikirdigini aýtman durup bilmedim. Aýgül gelneje awtoryñ kimdigini bilip, "ýüz görüp, gapyrga syrmagyñ derkar däldigini", indiki gurnaljak bäsleşiklerde-de şu düzgüniñ dowam etmelidigini belledi. Öz terjimesinde bärden gaýdýan ýerleriñ bardygyny, eseri terjime edeniñ zenanlygynyñ täsiriniñ bolup biljekdigini aýdyp geçdi. "Maña kömek ediñ goşgulary" okap berdi.
Dabaranyñ hormatly myhmanlaryndan biri Aşyrmät Garlyýewe söz berildi. Aşyrmät aga Nurdan gelnejäniñ edebiýaty ösdürmek ugrundaky tagallalary dogrusynda belläp,
" Ýazýan adam meýdança gözlemeli welin, ol meýdança döredip, ýazýanlary çagyrýar" diýdi.
Men "Perýady" okanymdan soñ , Güljan Durdyýewa goşgy okady.
Begençgeldi Orazowa söz berlip, biri-birinden ajaýyp goşgularyny okap berdi.
Sungat Gurbangeldiýewe söz berildi. Sungat aga "Ukularym haram boldy, gelmediñ" diýip goşgy okady.
Baýram Bejidow hem bäsleşige hödürlän "Maña garaşmañ!" goşgusyny okap berdi. Laçyn oña "Änewiñ halk ýazyjysy" diýip degişdi.
Gerçeknazar Amannazarowa söz berlip, ol hem öz ýazan goşgularyndan birini okady.
Seýran Otuzowyñ aýagaldygyna duşuşygy jemlejek bolşyny gören Laçyn "Näme toýuñ tamadasy bolduñmy?" diýdi.
Duşuşygyñ ahyrynda ýadygärlik surata düşüldi.
Прикрепления: Картинка 1
Bölümler: Edebiýat täzelikleri | Görülen: 230 | Mowzugy paýlaşan: Belki | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 39
avatar
0
1 Belki • 13:21, 25.03.2024
Okanlaryñ ýüregine düşmezlik maksady bilen gysgarak jemledim. Ýogsa käbir detallar ýok däldi. Hemem duşuşyk pursadynda hiç bir zady duşumdan geçirmezlik maksady bilen bellik alamok. Diñe öýe gelenimden soñ kellämde galanlar boýunça, öz nukdaýnazarymdan ýazýan. Diýjegim, aýyrjak-goşjagyñyz ýa galdyran zadym bar bolsa aýdybermeli
avatar
0
2 Mekan2 • 14:09, 25.03.2024
Mahym, köplük bolup düşülen suratdakylaryň kimlerdigini sen aýdaýmasaň, hiç kim aýdanok. 

ýüzünden tanaýanlamdan diňe Laçyn bar. Aşyram ýok, Maksadam görnenok. ýa yzda, gapyň ýanynda duran Maksatmy? bolýa, biri operator bolupdyr diýeli, hany beýleki. makalany okap, sakgallyň Seýran bolmagy ähtimal diýen çaklama döredi.
avatar
0
3 aygull • 14:12, 25.03.2024
Kemi ýok,Mahym jan. Neme, haýyş etsem, ýygnagyň protokolynam ýazyp berermiň?:))
avatar
0
4 Gülkamat • 14:13, 25.03.2024
Janjennetiñ gaty ýygra, agras gyzjagaz ekenidigini aýtmansyñ-a :)))))
avatar
0
5 Gülkamat • 14:19, 25.03.2024
Bolmasa @myhmana her kim öz duran yerini aýdaýsamyka :)
avatar
0
6 Medicall • 14:37, 25.03.2024
Mahym, sagboluň paýlaşanyňyza, okap özümem şol ýerde bolan ýaly duýdum şuwagt özümi.
hemmäňiziň begeneniňize begendim.  ýeňişleriňiz köp bolsun! ähliňiz (şu duşuşykda barlar, ýoklar tapawudy ýok, ähli agzalar ähli kyn işleriňem hötdesinden gelip diňe ýeňip ýaşaň!)

Surat bolsa poçta ugradyň goýaýyn posta. Aýgüliň ugradanlaryny ol posta ýerleşdirdim.
köpçülik bolup düşeniňizi agşam Gurbanjemalyň imosyndan "ogurladym":)
avatar
0
7 aygull • 15:03, 25.03.2024
@myhman, ortarada duran ýaşyl köýnekli "owadan" gelin men. Baýadowa-da,Garaýewa-da şol. Öňümdäki gyzjagazam uly gyzym. Ertir 6 ýaşaýar,nesip bolsa. Ady Zyýada.
avatar
0
8 Mekan2 • 15:03, 25.03.2024
5-e. şeýtseňizem bor. men razy.
avatar
0
9 Gülkamat • 15:07, 25.03.2024
Myhman, şol ortarada duran ýaşyl köýnekli owadan gelniñ gapdalyndaky ondanam "owadan" gelin men :D
avatar
0
10 Belki • 15:08, 25.03.2024
@Myhman
Çepden saga birinji duran oglan we gyz myhmanlar, gyzyñ ýanyndaky ýaşyl žemperli Laçyn, oñ ýanyndaky men, meñ ýanymdaky Aýgül gelneje we gyzy,oñ ýanynda Güljan Durdyýewa, oñ ýanyndaky owlon Baýram Bejit, oñ ýanyndaky sakally Maks, Maksyñ ýanyndaky Merdan Baýat bolmaly (çakymça) oñ ýanynda Seýran Otuz, oñ añyrsynda-da Aşyrmät Garly , soñky ikini tanamadym.
Stolda oturanlar çepden saga Gerçeknazar, myhman gyz we Sungat aga.
Resmi bolapdyr diydigiñmi Aýgül gelneje ))
Surat hökmünde şol Gurbanjemal gelnejeden ogurlanan suraty goýagañ ))
avatar
0
11 Medicall • 15:08, 25.03.2024
@ Gülkamat, :D
avatar
0
12 Mekan2 • 15:09, 25.03.2024
Zyýadany gutlaýan! ýaşy uzyn, görjegi gowy bolsun! durmuşynda diňe gowulyklar duşsun, erbetlikler sowa geçsin. eger "ganatyny bekedýän" kynçylyklar gabat geläýende-de, ýeňiljek ýeňip geçirsin!
avatar
0
13 Belki • 15:10, 25.03.2024
Gülkamat,
Jennet bilen bile oturdyk. Gowja gyz. Kän ýygra däl. Bilemok, ýöne surata düşmek islemedi.
avatar
0
14 Medicall • 15:11, 25.03.2024
Suraty görenimde çak edenlem dogry çykypdyr onno))
avatar
0
15 Belki • 15:13, 25.03.2024
Size tankydym Aýgül Gelneje we Maks ))
Has köpräk gürlemegiñize garaşdym, iñ bolmanda Laçyny köpräk gürletseñizem bolardy :)
Indikide göz öñünde tutuñ. Ýa size-de Seýran Otuzdan ýokuşdymy derrew jemlemek gylygy :))
avatar
0
16 Mekan2 • 15:14, 25.03.2024
7 bilen 9-a.

tüýs adyňyz ýaly eken. tüweleme. goşgularyňyz (ýazgylaryňyz) owadanlygyny adyňyzdan alýamyka diýsem, asyl özüňizden alýan eken.

onda siziň adynyzy bölek-büçek edip "aý" ýa "gül" diýip oturman AýGün diýäýmeli eken. biriňiz Aý ýaly biriňiz Gün ýaly, maşallah.
avatar
0
17 aygull • 15:18, 25.03.2024
Mahym jan, Aşyrmät agaň añrysynda duran tanabilmedik oglanlaryň goňur köýneklisi şahyr Çary Yegenmyradyñ ogly Nowruz beg.
avatar
0
18 Mekan2 • 15:23, 25.03.2024
şo sakgally Maksatmy??????????
soňky görenimden bäri diňe sakaly üýtgemändir, biraz guratlanypdyram. fintnise gatnadymyka. ýo, howwa, gelşipdir, elbetde.
öňem şo zaldaky edebi duşuşyga gelenindäki suraty görüpdim.

haýranym hekgerdi.
avatar
0
19 aygull • 16:12, 25.03.2024
Resmilikden däl-de, protokol ýazmaly ýerlerem çykaýýa-da mende-de.:))
avatar
0
20 aygull • 16:19, 25.03.2024
15, Aslynda eserleri obsuźdeniýe ederis zadam diýipdik başlanmanka welin...
Gürlejegem boldum men-ä, "gutarman geçdi" diýäýmesinler diýip gürlemedim,dogrusy. Maksy bilmedim.
avatar
0
21 Şyhyýew • 16:22, 25.03.2024
Tüweleme! Gutlaýan hemmäňizi!
avatar
0
22 sussupessimist • 16:42, 25.03.2024
Haha, bu makalada käbir zatlar gysgaldylyp berlipdir, kä zatlary Mahym birneme tersräk ýatda saklapdyr. Birsalymdan özümden goşjak zatlarymam bar... Häzir birneme işli. Bu ýazanymam häki bir indiki ýazjak teswirime anons))
avatar
0
23 aygull • 16:46, 25.03.2024
16, Adamy ady bezänok))
avatar
-1
24 Belki • 17:03, 25.03.2024
Dagam doly aýdyp bolmaz-a Maksat Bäşim, men-ä şundan Gökdepeden şotak gidişin 94-de gaýdyşyn 45-likde süýrenip gatnamaly, bularam oturan ýerinden hemme zady bilip oturmaly :) Nirde bar oñ ýaly hezillik :)) Bilesleri gelse gatnaşmaly kenler-dä )
Osoñam, dagam meñ bilen Maksyñ wakalary kabul edişi deñ bolasy ýok. Beýle bolanlygynda "Gassabyñ" awtory men bolardym ))
avatar
0
25 Mekan2 • 17:16, 25.03.2024
23-e. menem siziň diýşiňiz ýaly bilýädim, hatda eserleriň owadanlygam ada ýa awtoryň görküne bagly däldir öýdýädim weli... şu wagt geň galyp otyryn.

bar komplimentimi biderek etjek bir zat diý ýene :-)
avatar
0
26 aygull • 17:27, 25.03.2024
25. Aý,ýok. O diýeniň-ä paşmaz:))
Öňki diýenleriň öz güýjüñi ýitirmänjik geçer:))
avatar
0
27 Gülkamat • 17:39, 25.03.2024
Sag bol @myhman, men-ä "oýnalsañam öwülseñ ýagşy" diýip otyn :D
avatar
0
28 Mekan2 • 17:46, 25.03.2024
çynym gy-y, towa, oýnajak bolamok. 

men-ä bylary öwýän. bylkisem meni öýkeletjek bolup ellerinden gelenini gaýgyranoklar, gy.

elimi döşümde bagdaşdyrypjyk, ýüzümi keseräkden ýokarrak tutup "hmih" ederin. osoň meni gürledibilmeýäňiz :-)
avatar
0
29 Gülkamat • 17:52, 25.03.2024
@myhman beg, beytme gy, gelshiksiz bolar gy, men-ä oyun etdim gy :P
avatar
0
30 Küle • 18:19, 25.03.2024
Daşoguzly bolanym üçin baýragy eýýäm alanlygym ýylgyrtdy, hehe.
avatar
0
31 Lacrymosa • 18:47, 25.03.2024
Heheheeý, mengeldim! PÖWÜŞŞŞŞŞŞŞŞ (üýşmölöňüň ortarasyna özümi urýamyşdyk)
avatar
0
32 Lacrymosa • 18:51, 25.03.2024
gizlenyäňiz siz men gelyän wölün
ökölödüm
gitjek
avatar
0
33 aygull • 19:35, 25.03.2024
"Pöwş" etdim diýip üşäýme,gyz. Öňem gripli sen. Özüňi aýa. Bilýäň-ä sen kimlere gerek:))
avatar
0
34 aygull • 19:40, 25.03.2024
Telefonuňy acsana,kyz. Gulagyňa aýtjak zatlarym bar
avatar
1
35 Lacrymosa • 21:09, 25.03.2024
aýdyber sen öýüňde
eşdek men
eşderin
avatar
2
36 sussupessimist • 02:38, 26.03.2024
Indi bolsa, özümi hamala suduň öňünde çykyş edip duran ýaly aklajak bolaýyn:
"Bäsleşikde eserleriñ awtorynyñ gizlenmegi hakda durup geçip, hödürlenen käbir eserleriñ awtorlaryna gaty geñ galandygyny aýtdy. Maksatmyrat Çaryýewiñem goşgusynyñ bardygyny muña mysal getirdi. "

- Men beý diýmedim! Töhmet! Şyltak!... - diýip gygyrýamyşym-da... :)

Meň diýenim (ýa-da öz aýdanlaryma öz düşünişim) ine şu: Ilkibada bäsleşigiň anonim geçirilmelidigi baradaky teklibe gatyrganypdym, sebäbi özüm kimiň eserini okaýamda-da (hatda beýik klassik bolaýanda-da) obýektiwligimi saklamaga çalyşýan. Ýöne... bäsleşigiň netijesini görenimde, onuň gizlinlikde geçirilmeginiň dogrulygyna göz ýetirdim. Sebäbi eserlere awtor bilen bagly ýa islendik beýleki kontekstden üzňelikde, diňe şol eserlere mynasyp bahalar berildi... Ine, mysal üçin, proza ugrundan baýrak alan eser (diýip yglan edýän): "Tow" hekaýasy - Umyt Küle! (el çarpyşmalar).
Umyt Daşoguzda ýaşaýar, eýýäm baýragyny alypdyr (ýa-da Daşoguzda ýaşaýany üçin eýýäm baýragyny aldy, hehe, bu wersiýa meniňem göwnüme ýarady).
Ine, şu eser hakda durup geçsek, men ony okanymda gaty haladym, dilini ulanyşynam, sýužet gurşunam gowy gördüm, emma ony Umydyň ýazanlygyny bilen bolsam, pesräk baha goýardym. Sebäbi Umydyň ondanam has güýçli eserleri ýazyp biljegini bilýän.
Şonuň üçin şol ýerde men obýektiwligimi ýitirmegim ahmal eken.
Ýene bir belläp geçmeli zat - bäsleşikde ýeňmedik awtorlaryň, aslynda, ýazyşlarynyň gowşak däldigi. Olaryň hut şu ýaryşa gatnaşan eserleri bellibir derejede beýleki ýazanlaryna garaňda şowsuz çykmagy (ýa-da heniz özüne mynasyp baha berilmedigi) sebäpli ýeterlik bal gazanmady. Ýogsam olaryň arasynda Akmyrat Jumaýew, Maksatmyrat Çaryýew... ýaly başga-da güýçli ýazyjy-şahyrlaryň birnäçesi bar. Olaryň beýleki ýazan eserleriniň islendik bäsleşikde-de ýeňip biljegine birjik-de şübhelenemok...
we ş.m.
avatar
0
37 Seýrаn • 05:42, 27.03.2024
Hemmä sag bolsun aýdýan. Geň galdyran awtorlar bar eken. Olar gowy ýazýardylar. Emma iberen eserleri gowşak eken.
avatar
0
38 Belki • 18:29, 27.03.2024
Şeýle çärelerde gurnaýjy, meýilnamalaşdyryjy we alyp baryjy missiýasyny öz üstüne alýan adam gerek. Indiki gurnajak çäreleriñizde şol wezipäni öz üstüme alyp bilerin (eger rugsat berseñiz)
avatar
0
39 Belki • 18:31, 27.03.2024
Birem tema bilen dahylsyz soragjyk:
Şahsy hat işleýåmikä? Ýokarda bukjajykda gyzyl çyrajyk ýanyp dur. Ýöne gelen haty açyp bilmedim...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202