12:33 Eljernon üçin güller / 1 | |
Exclusive ELJERNON ÜÇIN GÜLLER Ejeme we kakamyň hatyrasyna 1 HASAWAT 3 MART Dogtor Ştrawus pikr edýän hemem ýadma düşýän ähli zady ýazmallygmy hemem şüwünki başma gelen zatlary ýazmallygmy aýtdy. Sewäwini bilemok ýöne o meň olara bolýanmy bolmaýanmy bilmek çün gerekdigni aýtdy. Olara laýyk bomykam diýp umydedýän sewäwi Kinnian hanym olaň meni akylledip biljekdiklerni aýtdy. Akylly bolasum gelýä. Meň adym Çarli Gordon işleýän ýerimem Donneriň çörek bişirýän ýeri jenap Donner hepdäme 11 dollardan töleýä hemem iýesim gelenne çörek berýä ýa-da köke berýä. 32 ýaşymda hemem bir aýdan dowlan günüm bolýa. Dogtor Ştraus bllen prafesyr Nemura men gow ýazyp bilemok diýp aýtdym ýöne o hiç diýp aýtdy meň hepdede 3 gezek agşamlarna gatnaýan akyl taýdan kemmilleň okaýan Bekman koležinne Kinnian hanymyň sapagynnaky gepleýşim ýaly hemem düzme ýazşym ýaly ýazywermelidigmi aýtdy. Dogtor Ştrawus pikriňi hemem başyňa gelenleň hemmesini ýaz diýýä ýöne men eýýäm pikr edip bilemok şoňçün ýazmaga zat ýok şoňçün buwünlükçe besedeýin... Hormatlamak bilen Çarli Gordon. 2 HASAWAT 4 MART Şüwn meni barladylar. Göwnüme bolmasa olara laýyk gelmäýmesem. Arakesme berdiler şonda olaň aýdyşy ýaly prafesyr Nemuryň ýanna bardym oň sekretaram maňa salam diýdi hemem gapysynna pishalogýa bölümi diýip ýazlan uly zally diňe stol we stully kiçi otaglary kän bolan ýere eltdi. Otaglaň birinnäki adam gowy eken oň öňünne üssüne syýa dökülen ak kagyzlar ba. Ol otur Çarli diýdi ynjalykly we rahat otur diýdi. Egninde dogtorlaňky ýaly ak halaty ba ýöne o doktor dä bolmaly sewäwi o maňa agzyňy aç a diý diýmedi. Onno diňe şo ak kagyzlar bady. Oň ady Bart familýasyny bilemok sewäwi huşum gowşak. Oň nämetjegni bilmämsoň edil diş dogtorunna oturan ýaly stoluma berk ýapyşdym emma Bart diş dogtoram dädi ýöne maňa rahat otur diýdi menem gorkdum sewäwi şeý diýseler elmydam bir ýeriňi agyrdýadylar. Bart maňa Çarli bu kagyzza näme görýäň diýdi. Men dökülen syýa görýädim hem gorkdum towşan aýajygy jüwümde bolsada sewäwi kiçikäm erwet okardym hemem syýa dökerdim. Men Barta ak kagyzyň üssüne dökülen syýa görýän diýdim. Bart şeýlemi diýdi we ýylgyrdy menem özümi oňat duýdum. Ol kagyz baryny görkezzi menem oňa birä olara gara we gyzyl syýa döküpdür diýdim. Aňsatdyr öýtdüm men ýöne turup gitjek bolamda Bart otur Çarli biz entäk gutarmadyk diýdi. Kagyzlar bilen işimiz gutarmady diýdi. Düşünmedim ýöne doktor Ştrausuň düşünmeseňem saňa näme diýseler et sewäwi bu bir test diýeni ýadymda. Bartyň diýenleri gaty ýadymda däl ýöne syýaň içinde näm badygyny aýtmagymy isläni ýadymda. O taýda hişzat görmedim ýöne Bart o taýda surat badygny aýtdy. Hişwir surat görmedim men. Näçe yhlas etsemem görmedim. Kagyzy ýakynlatdym soň uzaklatdym. Soň äýnek dakynsam belki gow görüp bilern didim men kino gidemde hemem tilwizir göremde äýnek dakynýan belki şonno syýadaky suraty görüp bilern diýdim. Äýnegi geýdimde hany göreýin häzir taparn jedelem edeli diýdim. Näçe gaýrat etsemem surat tapmadym syýadan başga zat görmedim. Men Barta belki täze äýnek gerekdir diýdim. Ol kagyza bir zatlar ýazzy men testi geçipbilmen öýdüp gorkdum. Men munuň gyralary eýjejik nokatlyja örän ajaýyp suratdygny aýtdym ýöne o kellesini ýaýkady menem ýenede aýdanymyň dädigine düşünnüm. Başga adamlar syýada bir zatlar görüp bilýämi diýip soradym olam olaň syýa tegmilinde surat hyýal edip bilýänniklerni aýtdy. Suratdaky syýaň adyna syýa tegmili diýilýänini aýtdy. Bart örän mähirli özem meň okamagy ögrenmäge gatnaýan gowşak ululaň klasynda sapak berýän Kinnian hanym ýaly haýaljakdan gepleýä. Ol muň nähili testdigni maňa düşünnürdi. Adamlaň syýada her dürli şekiller görýännigni aýtdy. Men maňada görkez diýdim. Olam görkezmedi ýöne şu taýda bir zatlar ba diýip hyýalyňa getir diýdi. Şü nämä meňzeýä bir zatlar oýlap tap. Men gözümi ýumup hyýalyma getirdim hemem bir çüýşe syýa ak kagyza dökülipdir diýip aýtdym. Şonno oň elinnäki galam döwüllü o ýerinnen turup çykyp gitdi. Göwnüme bolmasa men bu testi geçmedim. 3 HASAWAT 5 MART Dogtor Ştraus bilen prafesyr Nemur kagyzzaky syýa hakda uly bir zeleli ýok diýýäler. Syýany döken men däl o taýda nämmadygny men nä bileýin diýdim. Meň olara bolaýmagym ahmallygny aýtdylar. Dogtor Ştrausa Kinnian hanymyň maňa hiçem test bermännigni diňe okadýandygny hemem ýazdyrýandygny aýtdym. Olam Kinnian hanymyň akyl taýdan kemmilleň Bekman koležinne maňa özüniň gowy okuwçysy diýenini aýtdy menem hemmelerden beter gaýrat edýädim sewäwi özümden akyllardanam has köp öwrenesim gelýädi. Dogtor Ştraus maňa nädip Bekman mekdebine özbaşyma geldiň Çarli diýip sorady. Mekdep barada nädip billiň? Men ýadyma düşenok diýdim. Prafesyr Nemur nämçün sen okamagy hem ýazmagy öwrenesiň gelli diýip sorady. Sewäwi men ömrüme akylly bolmagy isledim akmak bolmagy däl diýdim ejemem elmydam gaýrat et oka diýýädi Kinnian hanymam şeý diýýädi ýöne akylly bolmak gaty kyn haçanna klassa bir zatlar öwrensemem köpüsüni unudýan. Dogtor Ştrawus kagyza bir zatlar ýazzy prafesyr Nemur bolsa meň bilen ýaman çynlakaý gepleşdi. O diýdi bilýäňmi Çarli bu ekispermentiň adamlara nahili täsir etjegine ynamymyz ýok sewäwi biz ony haýwanlaň üssünne geçirdik. Menem Kinnian hanym aýtdy diýdim ýöne maňa agyrsada bary bir sewäwi men güşşül hemem gaýrat ederin. Eger olar urugsat berse meň akylly bolasym gelýä. Olar maşgalamdan urugsat almak gerekdigni aýtdylar ýöne maňa sereden German daýym ölüpdi we maşgalam barada hişzat ýadyma düşenok. Ejemi kakamy hemem kiçijik gyz jigim Normany haçandan bäri göremok. Belki olaram ölennir. Dogtor Ştrawus olar nirde ýaşaýadylar diýip sorady. Ýaňlyşmasam bruklinde bolmaly. O belki tapyp bileris diýdi. Şu hasawatlary azrak ýazsama gowwolardy sewäwi köp wagtymy alýa agşam giç ýatmaly bolýa irdenem ýadaw bolýan. Jimpi maňa gygyrdy sewäwi tamdyra eltip barýakam kökejikden doly gapagy elimden gaçyrdym. Bary hapalanny osoň süpürişdirip tamdyra sally. Jimpi maňa kän gygyrýa ýöne o meni çyny bilen gowwörýä sewäwi o meň dosum. Eger akylly bolup biläýsemä o haýran galar. HASAWAT 4 Şüwün başga bir samsyk testden geşdim birden olara meň bolaýan ýagdaýym üçin. Şo wir ýer ýöne başga bir kiçijek otag. O ýerdäki aýal testiň adyny aýtdy menem hasawatda hähili ýazmallygny soradym. Tematik apperseptik test. Başdaky iki sözi bilemok ýöne testiň nämedigni bilýän. Ony ýerine ýetirmeli ýogso erwet baha goýýalar. Başda bu test aňsatdyr öýtdüm sewäwi suratlar bady. Ýöne buwezek o aýal mennen näme görýänmi aýtmagmy islemedi meň kelläm bulaşdy. Menem düýn Bartyň syýada näme görýänimi sorandygny aýtdym. O aýal bu başga test diýdi. Suratda görýän adamlaň hakda hekaýa aýtmaly. Tanamaýan adamlam hakda nädip gürrüň bereýin diýdim. Ol aýal a sen tanaýansyra diýdi menem bu ýalan sözledigiň bor diýdim. Inni asla ýalan sözlämok sewäwi men kiçikäm ýalan sözlärdim şoňçünem men ýenjilerdim. Gapjygymda Norma ikimiziň German daýy bilen bile düşen suratymyz ba. Daýym ölmäkä meni çörek bişirilýän ýere işe salypdy. Men olar barada gürrüň berip bilerin diýdim sewäwi olar bile kän wagtlap bile ýaşadym ýöne ol aýal olar hakda eştmegem islemedi. Ol aýal bu testiň hem beýlekiň meň şahsyýetimi ýüze çykarmak üçin gerek diýip aýtdy. Men güllüm. O diýýäniňi syýa dökülen kagyzzan hemem meň tanamaýan adamlaň suratyndan nädip çykaryp bo diýdim. Gaharlanny hemem suratlary aýyrdy. Maňa näme? Bu testdenem geçmedim öýdýän. Soň ol aýala surat çekip berdim ýöne men surat çekmäge ökde däl. Soň ak halatly Bart geldi oňa Bart Seldon diýýäler. Ol meni Bekman unwerstetiniň şol bir 4nji gatynnaky başga bir ýere pishalogýa labalatoriýasyna äkitdi. Bart pishalogýa beýnini aňladýa a labalatoriýa bolsa ekisperment geçilýän ýer diýip aýtdy. Muňa sakgyç çeýnän ýalydyr öýtdüm ýöne inni bu oýun we tapmaça meňzeýä sewäwi biz muny edipdik. Men o tapmaçany düzüp bilmännim sewäwi o pytradylanny hemem bölejikleri birwirine girenokdy. Ýene bir oýun bady her hili çyzyk çyzylan kagyz bir tarapynda START beýleki tarapynnada FINIŞ ýazylan. Bart bu oýnuň ady LABERINT diýdi maňada galam alyp START diýlip ýazylan ýerden FINIŞ diýlip ýazylan ýere çyzygy kesmän barmaly diýdi. Men düşünmedim we bir süri kagyzy zaýaladyk. Soň Bart ýör ekispermental labalatoriýa gideli saňa bir zatlar görkezjek belki düşünersiň diýdi. Biz 5nji gata galdyk başga bir otaga gaty kän kapasa we haýwanlar bar eken. O ýerde maýmynlar we syçanlar bar eken. O taýyň edil ýuwundy dökülýän ýeriň ysy ýaly erbet porsusy bady bir topar ak halatly adamlaram olar bilen oýnaýady men bu ýer dükannyr öýtdüm ýöne olar alyja meňzänokdylar. Bart kapasadan ak syçany çykaryp maňa görközzi. Muň ady Eljernon özem laberintden gaty gowy baş çykarýar diýdi. Menem hany görkez nädip diýdim. Ol Eljernony içi bir sürü aýlawly öwrümli diwardan bolan edil kagyzzaky ýaly START we FINIŞ ýazylan ullakan ýeşşige göýwerdi üssünem aýna bilen ýapdy. Bart sagadyny çykardy gapyny galdyrdy hany bakaly Eljernon diýdi syçanam 2 ýa 3 gezek ysyrgannyda ylgamaga başlady. Ilki göni öňe ylgady soň öňe gidip bilmän başlan ýerne yzyna dolanny biraz oturup murtuny gymyldatdy soňam başga tarapa ylgady. Bu edil Bartyň kagyzzaky çyzyklar bilen maňa etdirmek isleýänine meňzeýädi. Men güllüm sewäwi syçan ony başarmaz öýtdüm. Emma Eljernon bolmalysy ýaly ylgady sewäwi FINIŞ diýlip ýazylan ýere bardy we jyňňyllap ses çykardy. Bart syçan hemme etmelisini edeni üçin begenýä diýip aýtdy. Bäh mekirje syçan eken diýdim. Bart Eljernon bilen ýaryşşakmy diýdi. Ýaryşaryn diýdim olam özünne galama meňzeş elektrik taýajygy bolan tagta çyzylan başga laberint ba diýdi Eljernonyň laberintinem ol täzeden düzýä osoň ol edil meňki bilen meňzeş bolýa ikimizem şo bir zady edýäs. Ol Eljernonyň stolynnaky diwarlary üýtgetdi olar sökülýädi täzeden başgaça edip goýdy. Soňam aýna gapagy yzyna goýdy diwarlardan böküp göni FINIŞE barmaz ýaly. Soň maňa elektrik taýajygy berdi hemem çyzyklaň arasyndan nähili gitmelidigini görkezzi we taýajygy tä hereket etjek ýerim galmaýança ýada çalaja sarsylýançam tagtadan galdyrmak bolmaýanny aýtdy. Men oňa seretmejek bolýadym hemem gaty tolgunýadym. Haçan ol başla diýenne men başlamadym sewäwi nirä gitmelligni bilemokdym. Soňra ýeşşikden Eljernonyň jyňňyllysyny hemem eýýäm ylgap barýan ýaly aýak seslerini eşitdim. Men taýajygy hereket etdirdim ýöne dowry tarapa gitmedim sewäwi bulaşyp gallym we men sarsyldym STARTA dolannym ýöne her gezek başga ýol bilen gitsemem ýenede bulaşýadym soň sarsylýadym. Agyrdanokdy diňe çalarak bökdürýädi Bart ýalňyş ýol bilen gideniň üçin şeýle bolýa diýdi. Men tagtaň ýarysyna baramda Eljernonyň jyňňyldysyny eşitdim hamala meni ýeňenine begenýän ýaly. Ol meni ýene 10 gezek ýeňdi sewäwi men FINIŞE barýan dogry ýoly tapyp bilemokdym. Men özümi erbet duýmadym sewäwi Eljernony synlap näçe uzaga çeksede FINIŞE nädip barmallygna düşünnüm. Syçanlaň beýle akyllydygny bilemokdym. HASAWAT 5 6 MART Bruklinne ejem bilen bile ýaşaýan gyz jigim Normany gözläp tapdylar olam aperasýa etmäge urugsat beripdir. Şeýle bir tolgunýan weli bu zatlary zordan ýazyp otyryn. Ýöne başda prafesyr Nemur bilen dogtor Ştrawus biraz jedelleşdiler. Dogtor Ştrawus bilen Bart Seldon içerik girende men prafesyr Nemuryň kabnetinne otyrdym. Prafesyr Nemur nämçünnir men hakda ynjalyksyzzy ýöne dogtor Ştrawus olaň hemme görenlerinnen meň göwy görünýänmi aýtdy. Bart diýýä Kinnian hanym akyl taýdan kemmilleň mekdewinde okadýanlarnyň arasynnan meni hödürläpdir. Meň gatnaýan mekdewimden. Dogtor Ştrawus menne örän gowy zadyň badygny aýtdy. Ol aýdýa menne matiwasýa ba diýýä. Ömrümde hiç haçan şo diýýänniň mende badygny bilemokdym. Şo zadyň aý-kýusy 68 bolanlaň hemmesinde bolmaýanny aýdanna men begenip gitdim. Oň näme zatdygny nirden çykanny bilemok ýöne ol şoň Eljernonnnada badygny oň matiwasýasy ýeşşigne goýlan peýnirdedigni aýtdy. Ýöne ol diňe şonnan bolup bilmez sewäwi men bu hepde peýnir iýmedim. Prafesyr Nemur meň aý-kýum örän ýokarlanar şonnanam keselläp bilerin öýdüp alada gally menne bolsa o örän pes. Dogtor Ştraus prafesyr Nemura bir zatlar diýdi olaň gürrüňine men düşünmedim ýöne käwir sözleri depderme soňam hasawatyma ýazzym. Ol Garold diýdi prafesyr Nemuryň ady şo Çarli siziň ilkinji geçirjek ýokaryintel*** üçin edil siziň isleýäniňiz dä diýdi. Ýöne şeýle pes mental**** bolan köp adamlar duşmanç*** hemem hyzmatdaş*** etmek islemeýäler olar kemakyl we apatiç** hem olar bilen iş salyşmak kyn. Çarli häsiýeti gowy özi gyzyklanýa hem elmydam kömek etmäge höwesek. Onnonsoň prafesyr Nemur ýadyňyzzan çykarmaň ol hirurgik ýoldan akyly gowlandyryljak ilkinji adam bolar diýdi. Dogtor Ştrawusam hut şeýle diýdi. Okamaga şeýle uly matiwasýasy bolan akly kemi biz başga nirden taparys. Öz derejesine görä okamagy we ýazmagy nähili gowy öwrenenne bir serediňä. Hemme diýenlerne düşünmedim olar çalt gepleýädiler ýöne göwnüme bolmasa dogtor Ştrawus meň tarapymy tutýady a prafesyr Nemur maňa garşydy. Bart Alisa Kinnianyň aýdanyny aýtdy oň okamaga höwesi ba. Ol bize ýalbardy. Bu diýýäni dowry sewäwi meň akylly bolasym gelýä. Dogtor Ştrawus ýerinden turdy iki ýana gezmeläp bize hut Çarli gerek diýdi. Bart baş atdy. Prafesyr Nemur ýeňsesini gaşady burnuny elledi soňam belki siziňki dogrudyr diýdi. Ýöne her zadyň ugruna bolmanam biljekdigini oňa duýdurmaly. Haçan muny aýdanna men şeýlewir begennim hem tolgunnym böküp baryp maňa bolan mähribanlygy üçin oň elini gyssym. Ol meň hereketimden birazajyk gorkdam öýdýän. Ol şeý diýdi Çarli biz muň üssünde örän köp işledik ýöne haýwanlaň üssünne mysal üçin Eljernonyň. Saglygyň üçin howpsuz boljagyna ynamymyz ba ýöne beýleki tarapdan nähili boljagy hakda häzirlikçe hişzat aýdyp bolanok. Seň şu zatlary bilmegiňi isleýän belki hişzat başarmarys şonno umuman hişzadam bolmaz. Ýada başarsak wagtlaýyn bolar soňam öňküňdenem erbet bolarsyň. Sen düşünýäňmi şo zatlara. Belkide seni Uorreniň öýüne ugratmaly bolarys. Maňa barywir diýdim sewäwi men hişzatdan gorkamok. Men örän güýşşül hemem diňe gowzatlary edýän ondan başgada meň bagtyma towşan aýajygym ba hemem hiçhaçan ýekejede aýna döwmedim. Birje gezek elimden tarelka gaçyrdym ýöne o hasap dä. Dogtor Ştrawus Çarli diýdi eger hişzat başa warmasada sen iňsoňy ylyma ullakan goşant goşýaň diýdi. Bu ekisperment haýwanlarda köp geçirildi ýöne sen birinji adam bolýaň. Men oňa sawwol dogtor diýdim Kinnian hanymyň aýdyşy ýaly maňa 2nji mümkünçilik berenňize ökünmersiňiz diýdim. Ak ýürekden aýdýan. Aperasýadan soň akylly boljak bolaryn. Yhlas ederin. (dowamy) © Daniel KIZ Terjime © MANGO | |
|
Ähli teswirler: 23 | |
| |