Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:39
Erkek dek bolgun
ERKEK DEK BOLGUN

Erkek, erkek dek bolgun, ýok, gurjak dek bolmagyn
Ykbalyň elindäki, oýunjak deý bolmagyn.

Ykbal itiniň sesi, täsir etmez mertlere,
Boýun egme takdyra, Kaddyň diňläp mert ýöre.

Erkek, erkek dek bolgun, kowalaşma boş söze
Ähli demosfenlardan, ýegdir birje iş bize.

Gur sen, ur sen, pytrat sen, duşmanyňy utup git,
Ähli işiň bitirde, tüweleý deý ýitip git.

Erkek, erkek dek bolgun, hakykata maýyl bol,
Dogry zadyň ugrunda, jan bermäne taýyn bol.

Ynamdan döneniňden, ömrüňden dönen ýagşy
Binamys ýananyňdan, namysly sönen ýagşy.

Erkek, erkek dek bolgun, zat üçin söwda etme
Baýlyk gazanmak üçin, erkiňi pida etme.

Bütin ömrüň boýuňa, şu öwüt häkim bolsun:
Egniň haltaly bolsa-da, eliňde erkiň bolsun.

Erkek, erkek dek bolgun, göreşden etme heder
Şeýdip bilseň, ne duşman, ne takdyr zyýan eder.

Diňe ýöräp ýörkäň däl, ýatyrkaňda erkek bol
Ýykylsaň-da bükülme, tupan ýykan dub dek bol.

© Şandor PETÝOFI

Terjime: © Kerim GURBANNEPESOW
Görülen: 116 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Şandor Petýofi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
1
1 Мango • 09:13, 11.11.2023
Мужчина, будь мужчиной

Мужчина, будь мужчиной,
А куклой — никогда,
Которую швыряет
Судьба туда-сюда!
Отважных не пугает
Судьбы собачий лай, —
Так, значит, не сдавайся,
Навстречу ей шагай!

Мужчина, будь мужчиной!
Не любит слов герой.
Дела красноречивей
Всех Демосфенов! Строй,
Круши, ломай и смело
Гони врагов своих,
А сделав свое дело,
Исчезни, словно вихрь!

Мужчина, будь мужчиной!
Ты прав — так будь готов,
Отстаивая правду,
Пролить за это кровь!
И лучше сотню раз ты
От жизни откажись,
Чем от себя! В бесчестье
К чему тебе и жизнь?

Мужчина, будь мужчиной!
Ведь не мужчина тот,
Кто за богатства мира
Свободу отдает!
Презренны — кто за блага
Мирские продались!
«С котомкой, но на воле!» —
Пусть будет твой девиз.

Мужчина, будь мужчиной!
Отважен будь в борьбе.
И ни судьба, ни люди
Не повредят тебе!
Будь словно дуб, который,
Попав под ураган,
Хоть выворочен с корнем,
А не согнул свой стан!

Шандор Петёфи
avatar
2
2 Мango • 09:25, 11.11.2023
Kerim aga gowy terjime edipdir.
aşaky setirlerdäki "utup git, ýitip git"-li ýerler Kerim agaň öz ysyny getirip gidýär.

Gur sen, ur sen, pytrat sen, duşmanyňy utup git,
Ähli işiň bitirde, tüweleý deý ýitip git.

(Круши, ломай и смело
Гони врагов своих,
А сделав свое дело,
Исчезни, словно вихрь!)

---
Ähli demosfenlardan, ýegdir birje iş bize.

Demosfen adam ady bolansoň şo uly ýazylmaly eken.
(Демосфен — древнегреческий афинский государственный деятель и оратор. )
avatar
1
3 Pegas • 11:34, 11.11.2023
Has atlaryň kiçi harpda ýazylýan kadasyna dogry gelýär "demosfenler", Mango kaka)
avatar
1
4 Мango • 12:00, 11.11.2023
Дела красноречивей
Всех Демосфенов!

orsçasynda uly ýazylypdyr-da...
häää... çalarak ýadyma düşdi okadanlary.
"Aşgabady" uly ýazmaly "aşgabatlylary" kiçi...
şoňňaly "demosfenlerden" diýeňde kiçi ýazmaly ken...
---
aý, Pegas dos.
biz okuwsyzrak galdyk-da.
ýaşlygymyz ilk-ä 37-iň tutha-tutlygyna,
soňam 41-45-iň urşuna gabat geldi.
yz ýanam 48-iň ýer yranmasy.
okuw ýada düşmedi.
geçdigi bolsun.
avatar
1
5 Pegas • 13:13, 11.11.2023
Haha :D
avatar
2
6 Myhman1185 • 15:26, 14.11.2023
Mango aga siz 48-iñ belasyny sowupsyñyz, men entek 37-ä ýetemok. Allah kywwat bersin-dä. ;-)
avatar
2
7 Pero • 08:29, 15.11.2023
Kä wagt çynyñy aýtsañam ynanmaýalar,gûljekmi ÿa aglajakmy bu ýagdaýa?!
avatar
1
8 Medicall • 10:07, 16.11.2023
Meñlim, "90 dagy ýaşan bolmaly, bularam ynananok" diýýañmi D:))

90 ýaşly Mango internetde oturaysa, gözöñüme gelip gitdaý :D)
avatar
1
9 Pero • 10:18, 16.11.2023
Bolmajak zat ýokdur aýaldogan...(ýykylyp gülýän smaýlik)

90 ýaṣan däl-de 90 ýaṣlyñ görenini gören Mango kaka:))))
avatar
0
10 Мango • 13:31, 16.11.2023
bä... meniň üstümden güldüňizmi ýa özüm öz üstümden güldimmi?
haýsam bolsa, hezil-ä boldy :-)
---
göz öňüne getirýän.
ýene-de birnäçe ýyllardan soň, garaz 90-a ýetemde men agtyk-çowluklaryma käýinip otyryn:
– aý aýak bolup barýar, indiki aýyň internetini öňünden töläweriň. meni internetsiz kösäýmäň...
– bor, ata bor. töläris...
– töläris diýip, geçen aýam kösediňiz. pulyňyz ýok bolsa pensiýamdan bereýin...
(ber diýseler beresimem ýokla welin. garraňsoň pul hasam süýjeýändir öz-a... :-) )
avatar
0
11 Pero • 14:08, 16.11.2023
:))))

80 ýaṣda materigi dolandyryp bilýän bar,nesip bolsa Mango kaka,sizem 90 ýaṣda bolsañyzam internetden peýdalanarsyñyz-la
avatar

Старая форма входа
Total users: 203