17:34 Eziz Arkadag | |
EZIZ ARKADAG Gudrat berdi sagadatly bir Perzent, Gülşenli gursagna guýulandyr pent, Häzirki Yzgantdyr, owaly Oguzkent, Ýaşlara nusgasyň, EZIZ ARKADAG! Aýlary aýlanyp, ýyllar ýylgyryp, Ýollaryň messepli menzilin syryp, Bilendir ykballar bagtyny yryp, Ýaşlara nusgasyň, EZIZ ARKADAG! Aňdyňmy Akhana duş boljagyňy, Nepesini durlan huş boljagyňy, Döwletiň başyna Guş boljagyňy, Ýaşlara nusgasyň, EZIZ ARKADAG! Aňlary aýňaltdy açyşly günler, Galkynandyr, göterlendir göwünler, Ak ýoluňa pata berdi ak güller, Ýaşlara nusgasyň, EZIZ ARKADAG! Synaň sagdynlygy Watanyňdadyr, Asyl-aňyrlylyk akymyňdadyr, Sähraň aşyklygy ýakymyňdadyr, Ýaşlara nusgasyň, EZIZ ARKADAG! Ýüpek ýüregiňe ýürekdeş kändir, Barlygyňda Watan örki berkändir, Gatnaşykda, dost-doganlar gelýändir, Ýaşlara nusgasyň, EZIZ ARKADAG! Özüň bilen dolduk bagtyň gujagna, Ýetendiris döwürleriň ajabna, Ot bolansyň ojar ýakan ojagna, Ýaşlara nusgasyň, EZIZ ARKADAG! Borç bize waspyňy ýetirmek dünýä, Nazaryň nurunda älem görünýä, Höwes-hyýal hakykata öwrülýä, Ýaşlara nusgasyň, EZIZ ARKADAG! Beýikleri taryh saklar bellikde, Altyn tagtyň durar ebedilikde, Ezizlikdediris hem erkinlikde, Ýaşlara nusgasyň, EZIZ ARKADAG! Gözel ŞAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Gahrymany. “Nesil” gazeti, 28.06.2018ý. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |