13:48 Ezizow söýülmedimi? | |
EZIZOW SÖÝÜLMEDIMI? 35 ýaşyna garamazdan hemmeleriñ alkyşyna mynasyp bolup bilen ägirt şahyra "Söýüñ meni ýürek söýgi küýseýär, Şeýle bir küýseýär ýok çaky çeni" diýdiren zady bilesim geldi. Jemgyýetde abraýyñ bar, maşgalañ bar ýöne şonda-da nämedir birzadyñ kemligi oña söýüñ meni diýdirýär. Kitaplaryny çap etsegem, ýygnaklar gurnap goşgylaryny okasagam, her üýşmeleñde adyna alkyş aýtsagam "Ýekeje adama ýeterlik söýgi, Bilen bir pursatjyk söýüñ siz meni" diýen wesýetini ýerine ýetirdigimiz bolarmydy bilemok. Sebäbi bu zatlar ol dirikäde hatda şu goşgusyny ýazmanka-da belli bir derejede edilip gelinýän zatlar dälmidi. Onda oña näme gerekdi? "Maña kän zat, uly bir zat gerek däl, Eliñizi ýüregñize goýuñ siz" diýip özüne gerek bolan söýginiñ iñ päk görnüşini bize öwredipdi. Ellerimizi jübilerimize urmagymyza ýa-da birbirine urup alkyş tutmagymyza, ýa-da ejize urup güýçli bolmagymyza garaşýan adamlara garamazdan ol bize ýüregimizi diñlemegimizi ündäpdi. Wyźdanyñ sesiniñ bir gün ýok bolup gitjegini duýan ýaly "Biziñ hoş sözlere mätäç günlere gözüm düşdi" diýen ägirt, ýene şobir zady ündäp eliñizi ýüregiñize goýuñ diýýär. "Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem Sözlerimi kesä çekmän söýüñ siz." Elini ýüregine goýup, wyźdanynyñ sesini diñläp, sözlerini okajaga garaşypdy. Biziñ düşünjämize görä biz onuñ sözlerini kesä çekmändik, alkyş tutduk, okadyk, ýat tutduk. Ýöne bularyñ barysy eddil hakyky manysy bilen kesä çekmekdi. Ol biziñ sözlerine alkyş aýtmagymyzy däl-de, ýüregimizi elimize goýmagymyzy isleýärdi. Durmuşymyzyñ her ädiminde ündewlerini ýatlap ýaşamak ony ugur edinmek ýerine iñ añsat ýol bolan ýylda iki gezek ýatlap alkyş aýtmagy saýladyk, şeýle etsek borjumyzy berjaý etdigimiz bolýandyr öýtdük. "Söýüñ meni, ähli erki hem durky Bilen size tarap ýollar çekeni Ýeke özüñ söýüp ýörseñ elmydam Birazajyk agyr düşjek ekeni" Goşgularynda hemme kişiniñ ýüregine barjak ýollary çekipdi. Bizem o ýollaryñ kartasyny çyzdyk, kähalatlar bir iki ädim ýöräbem gördük, ýöne hiçhaçan ýüreklere melhem bolmak üçin ulanmaga çalyşmadyk. Il derdine, "halas ediñ"lere ýetişmek üçin örän jaý yollar çekipdi, biz bolsa diñe onuñ kartasyny çyzmak bilen çäklendik. Olam ýeke özi "halas ediñ"lere, "hatardan galan durna"lara, "sary ýapraklara" gynandy ýördi. Bizem olara gynanan bolduk, ýöne asyl gynançly ýagdaýda galanyñ özümizdigine düşünmedik. Beýle düşünjeli bolsak goşgusyna düşünerdik. "Söýüñ meni siziñ sadyk guluñyz Soñra menden size galar şeýle paý. Men size bahasyz serpaý ederin. Şalaryñ elinden gelmejek serpaý." Ol hiç haçan şalar ýaly bolmagy arzuw etmedi. Biz bolsa ony şalary söýşümiz ýaly söýdük. Şalaryñ bizden garaşýan zatlaryny hödür etdik. "Çüýrük merdiwana çykarlar" diýip durka şalara hödür eden çüýrük merdiwanymyzy, alkyşymyzy hödür etdik. Ol bolsa ömür men halkymyñ guly diýip gezipdi. Aslynda bizede halkyñ guly bolmagy ündeýänine düşünjegem bolmadyk. Sebabi oña düşünmek diýmek Ezizowyñ çeken agyr ýüküni çekmek diýmek. Ýöne edil şol bir wagtda onuñ serpaýyna laýyk bolmak diýmek. Şalaryñ elinden gelmejek serpaý diýmek goşgularyndaky erkinligi, dogruçyllygy, wyźdany diñlemegi, söýgini, gaýraty we ýene niçe ägirt hazynalary ýeriñ astyndan çykaryp ýüreklere ornatmak diýmek. Entägem giç däl, belki serpaýyña ýeteris. © GALAMKESH Çeşme: https://medium.com/@galamkesh/ezizow-s%C3%B6%C3%BD%C3%BClmedimi-8f95a950c2d2 | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |