11:23 Gadaganlyklar barada hadyslar | |
HADYS Gadaganlyklar barada hadyslar Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: "Allaha we âhyret gününe iman eden, ynanan, ya haýyr geplesin, ya-da dymsyn." *** Sehl İbni Sa'd radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Kim maňa iki eňeginiň arasyndaki (dili) bilen iki budunyň arasyndaky (jynsy) organyny gorajakdygyna söz berse, men hem oňa jennede girjekdigine söz bererin." *** Yene-de Ebû Hureyre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: "Gul, Allanyň hoşal bolan bir sözüni känbir ähmiýet bermän aýdyp goýberse-de Alla onuň öz gatyndaky derejesini beýgelder. Ýene-de bir gul Allanyň gazabyny zerur kylan bir sözi hiç ähmiýet bermän aýdyp goýberäýse, Alla ol guly şol sözi sebäpli dowzahyň düýbüne oklar." *** Ukbe İbni mir radyýallahu anh şeýle diýdi: – Ey Allahyň Resûly! Halas bolmak üçin näme etmeli? diýdim. – "Garşyňa (ya-da zyýanyňa) bolup biljek sözlerden diliňi sakla, öz öýüňde boljak bol, öz günäleriň üçin puşman bolup gözýaşy dök!" buýrdy. *** Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle sowal etdi: – "Gybatyň namedigini bilýäňizmi?" – Alla bilen Resûly has gowy biler, diýdiler. Hezreti Pygamber: – "Gybat, din doganyňy onuň halamadygy bir zat bilen yatlamagyňyzdyr" buýrdy. – Eger şol aýdylan aýyp ol doganymyzda bar bolsa näme diýersiňiz?" diyip soraldy. – "Eger aýdan zadyňyz şol doganyňyzda bar bolsa gybat etdigiňiz bolar, eger ýok bolsa, onda oňa töhmet atdygyňyz bolar." buýrdy. *** Ebû Bekir radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem, Wedâ hajjynd,a Minada gurbanlykaryň berilýän gününde beren hutbesinde şeýle buýrdy: " Şu günüňiziň, şu aýyňyzyň, we şu ýeriňiziň mukaddes we eldegirilmesiz bolşy ýaly (öz araňyzda) ganlaryňyz, janlaryňyz, we ar-namysyňyzam mukaddes we eldegirilmesizdir. Teblig etdimmi (size ýetirmeli habarymy düşündirip bildimmi)?" *** Enes radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: "Magraja çykarylamda misden dyrnaklary bilen öz ýüzlerini we döşlerini dyrnaçaklaýan adam toparynyň ýanyndan geçdim. – Eý Jebrâýyl! Bular kimlerkä? diýip soradym." –“ Bular, (gybat etmek görnüşinde) ynsanlaryň etini iýenler, we olaryň at-abraýy, ar-namysy bilen oýnanlar”, diýip jogap berdi.” *** Ebû'd–Derdâ radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Kim-de kim, (din) doganynyň ar-namysyny we abraýyny onuň gybatyny edýäne garşy gorasa, Alla-Tagalla-da kyýamat gününde ol kimsäni dowzahdan gorar." *** Huzeýfe radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: "Gep daşaýan, gatnadýan (birinden eşiden gepini baryp ,”pylany sen hakda şeýle, şeýle diýdi” diyip adamlaryň arasyny bozmak üçin beýleki adama aýdýan) kimse behişte girip bilmez." *** İbni Abbâs radyýallahu anh şeýle diýdi: Resûlulla sallallahu aleýhi we sellem iki sany mazaryň ýanyndan geçip barýarka şol mazarlar hakynda şeýle diýdi: – "Şu ikisi, öz pikirleriçe uly bolmadyk günäler sebäpli azap görýärler. Aslynda(günäleri) uly. Bularyň biri gep gatnadýardy. Beýlekisi bolsa peşewine (peşewiniň üsdi-başyna ýokýanyna), ähmiyet bermeýärdi, gowja arassalanmaýardy." *** Abdullah İbni Mes'ûd radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: – "Bigüman, sözde we işde doğruçyllyk haýra we has beýik ýagşylyga, gowulyga ugrukdyrar. Ýagşylyk, gowulygam jennete ýetirer. Kişi dogry sözläp, sözläp ahyrsoňy Allanyň gatynda syddyýklardan(dogruçyllardan) diýlip hasaba alnar. Ýalançylygam dogry ýoldan çykmaga (füjura) sebäp bolar. Füjur hem dowzaha äkider. Eger kişi ýalançylygy kär edinen ýagdaýynda Allanyň gatynda kezzap (ummasyz ýalançy) diýlip ýazga geçiriler". *** Ümmü Külsûm radyýallahu anhâdan Resûlulla sallallahu aleýhi we sellemiň şeýle diýenini eşidendigi habar berildi: "Adamlaryň arasyndaky ýaramazlaşan gatnaşyklary düzeltmek maksady bilen, birinden beýlekisine laýyk, uýgun gepleri, sözleri äkiden (ya-da haýyrly geplän) ýalançylardan hasaplanmaz." *** Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Her eşiden zadyny beýlekilere aýtmasy kişä ýalan hökmünde ýeterlikdir." *** Ebû Bekr radyýallahu anh şeýle diýdi: Resûlulla sallallahu aleýhi we sellem : – "Iň uly günäleriň nämedigini size habar bereýinmi (aýdaýynmy)?" diýdi. Biz: – Hawa, aýt yâ Resûlalla, diýdik. Resûl–y Ekrem: – "Allaha şirk goşmak(Alladan başga-da hudaýlar bar diýmek ya-da bardyr öýtmek),ene-atanyň diýeninden çykmak." diýeninden soň ýassanyp oturan ýerinden dikelip: - “ Ýagşy belläp goýuň, birem ýalan sözlemek we ýalan ýere şaýatlyk etmekdir” diýdi. Şu soňky sözlemi dynuwsyz gaýtalady. Biz mundan artyk gynanmasyny islemeýänimiz üçin “käşgä dursa” diýip haýyş etdik. *** Semure İbni Jundeb radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: "Biribiriňize Allanyň läneti, gazaby we jähennem azâby bilen länet we betdoga etmäň!" *** Ebu'd–Derdâ radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: " Gul haýsydyr bir zada länet edende ol länet asmana çykar. Asmanyň gapylary oňa garşy ýapylar. Soň ýere iner, ýer ýüzüniň gapylary oňa garşy ýapylar. Soňra saga-sola garap, girere ýer tapmanam länet edilen kişiniň ýanyna geler. Eger ol kişi hakykatdanam länete laýyk bolsa şonda galar.Eger däl bolsa, länet edene dolanyp barar." *** Enes radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Biribiriňize garşy kine saklamaň, hased (görübilmezçilik, göriplik) etmäň, ýüz öwürmäň, we gatnaşygňyzy kesmäň. Eý Allanyň gullary, dogan boluň. Bir musulmanyň, din doganyny üç günden köp terk etmesi(gatnaşygy kesip, taşlap gitmesi) halal däldir." *** Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Hased etmekten (görübilmezçilik, göriplik) özüňizi saklaň. Çünki,edil oduň oduny (ya-da otlary) iýip gutarşy ýaly hased hem ýagşylyklary (sogaplary) iýip tükeder." *** İbni Mes'ûd radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlulla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: – "Kalbynda zerre ýaly kibir (özüňi beýlekilerden beýik görmek, hondan bärsilik, gopbamlyk) bolan kimse jennete girip bilmez." Muny eşden bir sahâbî: – Ynsanlar eşikleriniň we köwüşleriniň owadan bolmagyny islär, arzuw eder, diýdi. Resûl–y Ekrem hem şeýle buýrdy: – "Allah owadandyr, gözeldir. Owadan, gözel bolany (bu ýerde zatlaryň, amallaryň, we häsýetleriň manysynda) hem halaýar. Kibir bolsa, haky (dogryny) kabul etmezlik we adamlary pes, hor görmekdir." *** Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: "Bize ýarag çenän, gezän bizden däldir. Bize hile gurap aldanam bizden däldir." *** İbni Mes'ûd, İbni Omar we Enes radyýallahu anhumdan alnyp rowaýat edilşine görä Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Ähdini bozan (bir söz berip sözünde durmadyk) her kim üçin kyýamat gününde bir baýdak dikilip, bu pylan kişiniň biwepalyk alamaty, nyşanydyr diýip yglan ediljekdir." *** İbni Omar radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: "Üç kişi bir ýerdekä, birini goýup beýleki ikisi pyşyrdaşyp gepleşmesin." *** İbni Mes'ûd radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Üç kişi bir ýerde bolan mahalyňyz, başga adamlara baryp goşulýançaňyz, iki bolup, beýlekinem gyra goýup pyşyrdaşyp gepleşmäň. Çünki bu pyşyrdaşmaňyz ony (üçünji ýoldaşyňyzy) gynandyrar." *** İbni Omar radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: "Bir aýal, ölýänçä gabap goýan bir pişigi sebäpli azaba duçar edildi we şol sebäp bilenem dowzaha girdi. Haýwany gabap goýan mahaly oňa hiç hili iýer-içer ýaly zat bermändir, ýerdäki mör-möjekleräm iýmäge pursat we mümkinçilik bermandir. " *** İbni Mes'ûd radyýallahu anh şeýle diýdi: Bir harby ekspedisiyada Resûlalla sallallahu aleýhi we sellemiň golunyň astynda hereket edýärdik. Hezreti Pygamber täret täzelemek üçin ýanymyzdan daşlaşypdy. Şo mahal biz iki jüýjeli bir gaýa guşuny gördük, onuň jüýjelerini aldyk. Guş pahyr jüýjejiklerini halas etmek üçin howsala düşüp, pelesaň urmaga başlady. Edil şol wagtam Nebi sallallahu aleýhi we sellem geldi we: – "Kim bu guşuň jüýjelerini alyp birahat etdi? Derrew beriň jüýjelerini yzyna!” buýrdy. Bir gezegem biziň ýakan garynja hinimizi görüp: – "Garynjalary kim ýakdy?" diýip sorady. – Biz, diýdik. – "Hakykat şu ki, ot-ataş bilen azap bermäge,oduň ýaradyjysyndan başga hiç kimiň haky ýokdur." buýrdy. *** Ebû Talha Zeýd İbni Sehl radyýallahu anh şeýle diýdi: Biz köçeleriň gyrasynda, öýleriň öňünde oturyp ondan-mundan gürrüňleşerdik. Şeýle halatlaryň birinde Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem gelip: – " Köçäniň gyrasyna çykyp oturaryňyz ýaly size näme bolýar? Beýle ýerlerde oturmasaňyz gowy!" buýrdy. Biz bolsa: –“ Hiç kime zeper ýetirjek zadyň gürrüňini etmändik, ondan-mundan gürrüň edip otyrdyk”, diýip jogap berdik. – "Eğer köçäniň gyrasynda oturmak endigiňizi taşlap bilmejek bolsaňyz, iň bolmanda jogapkärçiligiňizi ýerine ýetiriň, hakyny ödäň. Köçäniň gyrasynda oturmagyň haky, gözleriňizi size haram bolan zatlardan (köçeden geçip barýan gelin-gyzlary synlap oturmakdan) goramak, salam almak, we goýy zatlar barada gürlemek” diýdi. *** | |
|
Ähli teswirler: 0 | |