Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:32
Galamymmm
GALAMYMMM

Galamymmm, depderimm, telefonymmm… Eýeçiligmize garşy çykmajak zatlara -ymm, -imm, diýmek nähili aňsat. Diňe ýönekeý zatlary pikirlenseň -ym, -im goşulmasyna eýelik düşüm diýmegem manyly gelip dur. Galamyň “pul töläniň bilen men seňki bolamok, pylan hili ýazgylary ýazmasaň hasap däl” diýjek aladasy ýok.

Ýöne has çylşyrymly, has gadyrly zatlary hasaba alyp başlasak mesele başgaçarak boluberýä. Ejemm, gelnim, adamym, çagam. Biz bularyň hiçisiniň eýesi däl. Ýöne -ym, -im goşulmasyny goşup boljak derejede bize “MEN”e bagly zatlar. Belkem menlik duýgusyny, içindäki MENi çişiren adamlar bulara-da eýeçilik gözi bilen seredýändirler. Kim bilýär?

Watanym, milletim, halkym diýýänlerem eýeçilik gözi bilen seredýän bolsa ýagdaýlar gaty howply. Herkim yzyna -ym, -im goşup bolýan her zadyň eýesidirn öýtse özüne… Indi tema galama, depdere -ym, -im goşaýan ýaly aňsat däl.

Allahym, Hudaýym diýýänleňem şeýle pikir edäýjekleri barmyka? Diňe meň dilegim kabul bolmaly, ýer, aý, gün meniň daşymdan aýlanýar we aýlanmaly. Meniň başyma hiç hili dert bela gelmeli däl. Sebäbi sen men Allahym… we ş.m

Bize her gören/görmedik zadymyza -ym, -im goşulmasy goşmana mümkinçilik berýän zat näme? Arapçada “ene”, latynçada “ego” adamzadyň içindäki şahsyýet bolmak duýgusy. Diňe bir janly, jansyz zatlara däl, eýsem pikirlere, duýgulara-da eýeçilik etjek bolmak. Meniň pikirim, meniň şatlygym, meniň gamym, zehinim, görmegeýligim, güýjüm. Bu zatlaram çyndanam biziňkimi? Pikirim çyndanam meňkimi? Şatlygym, gam-gussam meňkimi? Aňasty aňüstünden has köp bölegini tutýar diýýärler, beýin funksiýamyzyň diňe 10–15 göteriminden galany aňastymyza degişli bolsa, köplenç aňastymyzyň täsirinde bolan pikirlerimize meniňki diýmäne gaýratymyz çatýarmy? Käwagt sebäbini hem bilmeýän, hatda gol astyna-da alyp bolmaýan duýgularymyz nä derejede biziňki? Diýeniňi etmeýän zat eliň, aýagyň bolsa “özgäňki ýaly duýýan” diýiberýäs. Nämüçindir duýgularymyza, aňymyza diýäýmek agyr gelýär.

Adam MENe köp gadyr gymmat goýuberdigiçe hemme zada eýeçilik edýänine çyndanam ynanyp başlaýan bolmaly. Aslynda men diýilen zadyn gelip-gidip duran demiňe, bir ýürek urgyňa bagly zatdygyna bir üns berip bolsa. -ym, -im goşup boljak hemme zady ýüp bilen daňyp, baglap çykan MENimiziň bir gün tarpa-taýyn sönüp gitjegine bir göz ýetirip bolsa. Eýesidiris öýdüp ýören zatlarymyz MENden ýeke-ýeke sypyp gitse. Güýç, kuwwat, pul, saglyk, beden, zehin, pikir ýaly zatlara -ym, -im goşup bilmejek hala geljegimize kellämiz işlese. Belkem beýle gadyrly görünmez eýeçilik. Belki galamym diýmäne-de çekineris sözlem düzenimizde.

Belkem oturup oýa batarys: Galam çyndanam meňkimi? MEN kimiňki?

© GALAMKEŞ.

Çeşme: https://medium.com/@galamkesh/galamymmm-e60759ad5d75
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 63 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203