Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:17
Gapylar

Nuriýe Akmana degişli bu ýazgyny hezil edip okadym we üýtgedibräk terjime etdim. Gürrüň gapylar barada.
(mango. 2017)

GAPYLAR

Bu otuz alty gapy suratynyň düşürilen ýeri Morokkanyň Rabat şäheri. Biri-birinden owadan gapylar. Saýlamak kyn. Ýeke-ýeke kakyp göreli, aňyrsyndan kimler çykjak?

Birinji gapydan ses çykmady.
Ikinjiden ses eşdildi, emma açmadylar.
Üçünjide «Kim sen?» diýip soradylar. Adymy aýtdym. Derrew gapyny zynjyr bilen bagladylar.
Dördünjide «Birahat etmäň!» diýip azgyryldylar.
Bäşinjide «Öýde adam ýok» diýdiler.
Altynjy gapyny kakamda ýedinji gapy açyldy: «Olar göçdüler» diýdi. Onuň özem bugün-erte göçmelidi, Ezraýyl habar gatypdyr.
Sekizinji - öz-özünden açyldy, emma içerisi boşdy.
Dokuzynjyny açan ýüzüme bir salym bakdy-da, başyny ýaýkap ýapdy gapyny.
Onunjy gapy açyldy, ýöne parol sorady. Özüniňkilerden başgasyny salmaýamyşlar içerik.
On birinjide golumdan tutup, içerik çekdiler. Şeýtana meňzetdim. Haýal etmän gaçdym.
On ikinjide «Ýarylyp öläýme, bardym ine» diýen ses eşdildi, emma, garaşsamam gelen bolmady.
On üçünjiler bilen on dördünjiler on bäşinjilerde oturan ekenler. Düýn ýaslary bu gün bolsa toýlary bar eken. Öleniň yzyndan doga etdim. Durmuş dowam edýär. Aýak üstünden toýlaryny gutladym.
On altyda aýal çaga dogurýardy. Sesine çydap bilmedim.
On ýedinji gapyň haýbatyndan kakmaga çekindim.
On sekizinji gapy diňe bezeg eken. Arkasynda diwar bar.
On dokuzynjy gapydan nahar ysy geldi. Myhman paýy diýip artygrak bişirmeýän bolsalar, utanaýmasynlar diýip gapyny kakmadym.
Ýigriminjiden dutar sesi eşdildi. Saz bölünmesin diýip gapydan aýryldym.
Ýigrimi birde goh-galmagal eşdildi. Dawalaryna garyşmazlyk üçin kakmadym. Ýigrimi ikinji gapyny kirinden ýaňa ellemäge çekindim.
Ýigrimi üçi täze boýapdyrlar. Kakyp bilmedim.
Ýigrimi dördünji gapy gurtlapdyr. Ýüregim bulandy.
Ýigrimi bäşinji gapyny açan «Näme gerek?» diýdi. Näme jogap berjegimi bilmedim.
Ýigrimi altydakylar ýarag çenediler.
Ýigrimi ýedidäkiler halas etmedik bolsalar men heläk bolýadym. «Tanamaýan gapyňy gaýdyp kakma» diýip käýindiler.
Ýigrimi sekizde wepa gözledim, tapmadym.
Ýigrimi dokuzda söýgi isledim, tapmadym.
Otuzda dost gözledim, tapmadym.
Otuz birde syr gözledim, tapmadym.
Otuz ikide gözellik isledim, tapmadym.
Otuz üçde soňsuzlyk gözledim, tapmadym.
Otuz dörtde bilim ýok, otuz bäşde isleg ýok.
Elimi otuz altynja uzadanymda aklym başyma geldi. Özümem gapylardan bir gapy ekenim. Kalp gapymy kakdym. Eýho! Gözüme ynanamok, men nämeler görýän!?

© Nuriýe AKMAN

Erkin terjime © MANGO
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 140 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Nuriýe Akman | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 Pero • 22:04, 30.11.2022
Birinji setirdäki 9 sany gapylaryñ gözüñi alyp gelýän ýiti reñki bar,olar göýä Nuriýe Akmanyñ çagalygy ýaly. Musulman gyzjagazlarynyñ çagalygy köplenç 9 ýaşa çenli diýseñem boljak.
Ikinji setir ýetginjekligi
Üçünji setir ýaşlygy
Dördünji kämillik müçesi.
36 ýaşynyñ içinde ol köp adamlary tanap bilipdir. Emma şoña çenli özüni tanamak aklyna gelmedige meñzeýä.
Ýene bir geñ zat ol köplenç erbet adamlara sataşypdyr. Ýek-tük gowy adamlara duşsa-da,ýürekdeş,mähriban adamlara weli gabat gelmedige meñzeýär.
avatar
0
2 Мango • 22:17, 30.11.2022
gyzykly garaýyş.
geň. dördünji setiriň gapylarynyň reňkleri goýy goňur-gyzyl tonlarda.
edil ýaşuly türkmen daýzalaryň halaýan reňki.
birinji setir - gök. gögelelik diýen ýaly.
Nuriýe Akman sungat bilen bagly gaty gowy zatlar ýazardy.
häzir ýitirim.
zatlarynam tapmak kyn.
hakykatdanam Nuriýe gelneje gowy adamlara az duşan ýaly.
avatar
0
3 Medicall • 22:55, 30.11.2022
Geñ garaýyşdygy hak, täsin, terjime barada sowal döredi, birdenem o Nuriýe hanym biryerden çykagada, "@Mango! Hany meñ awtorlyk hukugym, biraz üýtgetmek bolanok, sözme söz öz sözüm bolsun" diyip talapkärlik yapagasa näme jogap bererdikä Mango" diyip. :))
avatar
1
4 Medicall • 22:58, 30.11.2022
Gowy, oýlandyryjy terjime eken. Ýetirip duruñ
avatar
0
5 Мango • 23:33, 30.11.2022
Kän üýtgeden ýerim ýokla. Dutarly ýerini üýtgedenimi bilýän. Bäşga ýerleri Nuriýe hanymyň diýenleri ýalydyr.
avatar
1
6 Hydyr • 23:21, 02.12.2022
Gowy eken. Sag bol.
avatar
0
7 sussupessimist • 09:53, 12.01.2024
Gyzykly tekst. Men bir ýola şekillendiriş sungatynda penjireleriň göterýän simwolikasy hakda material okapdym. Hudožnikler üçin penjire - özboluşly portal diýen ýaly...
Bu ýerde portal - gapy
avatar

Старая форма входа
Total users: 202