09:05 Gapyňa bakyp | |
Ýylgyrdyň, kakyldy köňlümiň tary, Tapylmady derdim aýtmagyň täri, Ýüregime, talaň salalyň bäri, Goňşy golamlaňdan özümi bukup, Otyryn ýene men, gapyňa bakyp. Hemä has ýakyn men, hemde has uzak, Nebisim sabryma, kän gurýar duzak, Keşbiňi görmäge ýekeje gezek , Geldim men, nijeme ýodalar söküp, Otyryn ýenede gapyňa bakyp. Bilemedim, aýaklam saňa getirdi, Aý jemalyň görsem, maňa ýeterdi, Sensiz, ýeke günüm neneň öterdi, Gije, ýyldyzlara derdimi döküp, Otyryn ýene men, gapyňa bakyp. Sen bilýänem dälsiň, seni söýýänim, Meniň ýaly, söýäýsin her söýýänem, Bir gün meňki boljagyňy duýýaryn, Begendiräý, senem öýüňden çykyp, Otyryn ýene men, gapyňa bakyp. Gel, diýip çykjagňa bermediň wada, Ýatlama suratyň, ýetmedi dada, Öz-özümi atyp hijranly oda, Göreçlermi, ýeke nokada dikip, Otyryn ýene men, gapyňa bakyp. Şükür Allam, seni maňa duşurdy, Ýüregmizde, juwan söýgi joş urdy, Maksadymyz, myradyna gowşurdy, Wagtam, suw deýin gitdsede akyp, Ýene kän oturdym, gapyňa bakyp. Ömrüň, günlerini samandeý sowrup, Kynçylyklar, bizi bilmedi aýryp, Bu gün, eziz adyň aýdyma öwrüp, Ilkinji söýgümi döşüme dakyp, Ýaşap ýörün, seniň gözlerňe bakyp. Süleýman TEKÄÝEW Прикрепления: Картинка 1 | |
|
Ähli teswirler: 0 | |