Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:17
Sözler
SÖZLER

Ýandagyň güli, tikeni, kökem adam üçin derman. Ýöne ol ekiniň içinde gögerse adamlar ony köki-damary bilen aýyrmaga
howlugýarlar.

* * *

Süýji iýip dişini agyrdan kişiniň, ajy bilen dişini bejerdişinde many köp.

* * *

Obadan oljasy oňan şagal gapanyň hininiň agzynda gurulaýmagynyň mümkindigini unutdy.

* * *

Ner ýüküniň üstüne öz gaňňasynyň
atylanyny gören eşek: «Indi-hä, maýrylaýsaň gerek» diýip, hynçgyran bolupdyr.

* * *
Awuny şire aldyran böri açlykdan zeýrenmez.

* * *

Gül gurandan soň onuň baldagyndaky tikenleri has berdaşly görünýär.

* * *

Maýmyna tans etmegi öwrenýänçä
süýji berdiler.

* * *

Gamşa saz etdirip bilýän bagşa sungatyň nämedigini düşündirjek bolmagyň geregi barmyka?!

* * *

Jyzlanyň ömri gysga bolsa-da, ol
ýazda ýaşaýandygy üçin ömründen razy bolmaga çemeli.

* * *

Ejesi uran çaganyň: «Eje» diýip aglamasy durmuşyň iň gowy filosofiýasyny özünde jemleýär.

* * *

Pişigiň doklugyny syçana ynandyryp
bolmaz.

* * *

Daşynda tor gurulýan siňek: «Düşdüş daşymdan pyrlanýar» diýip, monça bolup otyr.

* * *

Ak kebelegiň ganatlaryndaky gara
tegmili görüp, siňek: «Wah, görgüli, garaljak bolup garalybam bilmändirdä» diýip wyzzyldapdyr.

* * *

Şärikli şamlyk şagallaryň ogurlygynyň
üstüni açdy.

* * *

Aýy dostlugyna ynanan garynja bilen
piliň gaty bir tapawudam ýok ýaly.

* * *

Leýlisaç dik össe beýle owadan bolmasa-da bolmazdy.

* * *

Gaty peslän bürgüde garga-da haýbat atar eken.

* * *

Eşege düýe ýüküni urup, «Hany, indem
bir eşekligiňi et-dä, göreli» diýip güldüler.

* * *

Maksadyna ýeten tilki, armanly arlaýan şiriň dişi agyrýandyr öýtdi.

* * *

Solan güle gonan bilbile garga-da
ses goşar eken.

* * *

Yzçyny aldandyryn öýden tilki, awçynyň
üstünden bardy.

* * *

Awy oňan syçançy, bady gaýdan bürgüde
ýylgyran bolýar.

* * *

Bazardan gaýdyp öwrenen geçiniň eýesiniň guşagyndaky gezligem gözüne ilmedi.

* * *

Ammarda ýaşaýan syçan gyşa azyk
ýygnasa geň görmäň.

* * *

Bilýäniň köpeldigiçe takadyň azalýar.

* * *

Arabaly awlanan towşanyň armanyna
ynanmasaň-da bolar.

* * *

Egri ösen agajy miwesinden tanap
bilýän bagbana, aperin.

* * *

Nyşana gelen bürgüt garganyň gagyldysyna
baş galdyrmadygyna puşman
edibem ýetişmedi.

* * *

Bilbil bilen bir bagda ýaşaýan garga
özüne atylan kesegi bilbili kowmak üçin atylandyr öýtdi.

* * *

Eşege ýüklenip getirilen ýorunjanysygra döküp, eşege ýandak atýas.

* * *

Irkilen çopany hemmeden öň geçi
görermiş.

* * *

Akmagy tanamaýanyň özi akmakdyr
welin, tanabam gaçmaýana näme baha berersiň?!

© Çary KULYÝEW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

GARAGUM žurnaly 03/2020.
102/103-nji sahypa.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 58 | Mowzugy paýlaşan: Katalizator | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Nurdаn • 19:40, 18.12.2023
Açyan postlañyzda tekstlary saytyñ öz standarlaryna göra goyayyñ, men yeke yeke duzedip yetişemok
avatar
0
2 Katalizator • 08:33, 19.12.2023
Salam. Bagyşlaň menem täze gelemsoň kän bir bilemok. Başardygymdan öwrenjek bolaryn.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202