Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:10
Gazetde çap bolan ilkinji goşgularym

ÝAGSANA ÝAGYŞ

Ýagsana, ýagyş!
Kirşenläpdir ýüregimiň münberi,
Toz basypdyr köne duýgy dünýäsin,
Sen olary bir enaýy ýuwsana.
Dama-dama köl bolmaly damjalaň
derman bolsun, guýsana bu gursaga.
Ýagsana, ýagyş!
Dem salym dem alsyn dumanly dünýäm,
Ýok edip birmahal hapa çöp-çalaň
siňen gussa atly uýgynyň baryn.
Seniň jusa uzaklardan görünýän
bulutlaň gelerne garaşyp durun.
Ýagsana, ýagyş,
Durmasana säher agysy tutup,
aglap bilmän duran çaga meňzäpjik.
Hiç bir ýana sowman çygly ýüzüňi,
ýere sary gaýdyber-dä dyňzapjyk.
Ýagaý-a, ýalbarýan,
edil şu pursat
Hasrat atly böwetleri a:şa:ýyn.
Duýgularmy bildirmänjik hiç kime,
ýalandan hem bolsa, ýekeje pursat
menem il deňinde bagtly ýa:şa:ýyn.
Maňa bu sowgady etsene bagyş,
ýagsana, ýagyş!

Bagtym

Dünýä gelip, indi-indi
az-kem gözlerim açyldy.
Gördüm baglaň pyntyklanyn,
güýzden ýapraklaň gaçanny.
Ýazyň güni üşap gördüm,
ýanyp gördüm garly gyşda.
Oda, suwa akylymy
ýetirdim on sekiz ýaşda.
Ýene şol ýaşda öwrendim
küşt oýnuny bu pelegiň.
Indi düzgünin-ä bildim,
kämilleşmeklik geregim.
Alyp bilsem gollaryma
pelegiň gyşu-ýazyny.
Goýup gitsem ýollaryna
pessaýja basyp yzymy.
Nepim degse bu Watana,
aýagym düşse äleme,
Mundan uly bagt maňa,
aýdyň, bolup biler näme?!

Köwüş we kitap

Bir gün ýola çykdym, howa-da sowuk,
Ellerim açykda buz bolup durka,
Täzeje bir köwüş alyp dükandan,
Soň kitapça bardym, boldy bir waka:

Aldym kitapçydan üç oňat kitap
hem salmak isledim hälki gabyma.
Bu ullakan gapda – gör niçik geň zat –
Kitap ornamady köwşüň ýanyna.

Bu gudrata zikru-salawat aýtdym
hem kitaby ele alyp gaýtdym.

© Süleýman HOJANEPESOW

11.02.2019.
«Biznes reklama» gazeti
Bölümler: Goşgular | Görülen: 90 | Mowzugy paýlaşan: LegLek | Рейтинг: 3.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Seýrаn • 08:38, 16.02.2024
Gosgy yazyp onarjaga menzeyan inim. Elini owrenishdirmeli koprak. Koprak okasan tema gytcylygyndan halas bolarsyn.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203