11:43 Gelnime | |
GELNIME Gujagyňda rahat tapýan, ezizim, Ruhum giňär maňlaýyňdan öpemde. Ýanymdakaň gaýgysy ýok geljegiň, Hem-de asla gussasy ýok ötenleň. Ýadyňdamy, Şol mähriban gijeler Söýgi bilen soranymda lebleriň Ýaradandan dileýärdim ýürekden Alyp geljek sowgadyny leglegiň. Henizem umydym kän dilegmizden, Çeksegem biz aýralygyň keşgin, ýar. Elimde ýaragym, ýüregimde sen, Gözlerimde mähir doly keşbiň bar. Şonuň üçin dözümli bu ýüregim, Kynçylygyň, gussaň bilmen nedigin. Watan goragynda her bir ädimim – Saňa barýan ýoly külterledigim. Senem gara gözüň ezmegin ýaşa, Eý, söýgi hakdaky eserim meniň. Arkaýyn uklagyn, Arkaýyn ýaşa, Men seniň serhetçi esgeriňdirin! © Süleýman HOJANEPESOW | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |