Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:33
Gideli!..

GIDELI

Gideli!
Ho-ol söýgimiziň başlanan ýerine,
Bakyşlaryň bir-birekden gizlenip,
Ýüreklere labyrlaň taşlanan ýerine.
Göwünleň birazajyk kemsinip,
Ymsynyp galan ýerimize gideli!
Süýjüje bagtdan tamşanyp,
Birek-birege bir üýtgeşik söz
Aýdasymyz gelen ýerine gideli!

Soň unudaly durmuşyň
Agyrysynam,
Agysynam,
Gülkinem,
“Ilkinem”...
Aramyza daş atjak bolan “tilkinem”...

Gujaklara ilki giren ýerimize,
Yşkdan beýhuş bolan serimize
Her tüýsli arzuwlar, höwesler
Gelen ýere gideli!
Biziň bir-birege
Juda-juda mynasypdygymyzy
Bilen ýere gideli!

O ýer ikimize keramat indi,
Bilsin bilmedikler!
Bilenler baş egsin
Hemem yşkyň ölen ýerine däl,
Doglan ýerine-de zyýarat edip
Bolýandygyny bilsinler!
...Alnyna degsin!

26.03.2024ý.

© Meýlis MUHAMMEDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 153 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Meýlis Muhammedow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
1
1 Mekan2 • 17:17, 28.03.2024
eliňi çoýubermeli gyzgynjak, ýaňy tamdyrdan çykan, täzeje goşgy eken. awtory birinji sapar eşidýän. üstünlik.

o iki ýerdäki köp nokada düşündim.
"aramyza daş atanyň atan daşy öz maňlaýyna degsin!"  :-)
-çöp atsa näme?
-gözüne gaçsyn.

görübilmedigiň gözi çyksynam diýäýmeli eken bolanna görä.
avatar
0
2 sussupessimist • 18:18, 28.03.2024
Hümmm, birtüýsli, toýuň ýubileýine ýazylan tost ýalyrak bolupdyr. Hemme zat ýerbe-ýer, ýöne poeziýa barmy?
Ýönekeýje pop-aýdym bolsa, erbedem gelişmezdi, owadanam ýaňlanardy. welin...
avatar
0
3 Seýrаn • 23:15, 28.03.2024
Täzeçe çemeleşjek bolupdyr. Emma temasy köne.
avatar
2
4 Medicall • 15:53, 29.03.2024
Hormatly okyjylar, agzalar. Saýta ýurdumyz boýunça tanymal,  ykrar edilen belli ýazyjy şahyrlarymyzy, edebiýatçylarymyzy doly tanan günümizden awtorlyga alýas. her gelen agzany awtorlyga geçirsek onda saýt edebiýat meýdany dälde tanyşlyk saýtyna öwrüler.(şu günlerem biraz seredişdirmesem gaty hili peseldi saýtyň)  goýulýan eserleriňem hiline doly seredilip goýulmak üçin okyjylar post açsada admin görüp halka ýetirinçä  beýlekilere okama mümkinçiligi döredilmez. bu Edebiýat Kafesiniň öňden saýlap alan ýörelgesi. 
teswir ýerlerde-de diňe post bilen bagly edebi gürrüňler edilse maksada laýyk bolar.
avatar
0
5 Merdan • 15:59, 29.03.2024
Makul!
avatar
0
6 Belki • 16:46, 29.03.2024
Aýdanlaryñyza garşy çykmak netim ýok...Ýöne bilesim gelýär, ykrar edilmek nämä görä kesgitlenilýär? Bu ýerde özi ýazman eser paýlaşýanlaryñam käbiri, ýañy döredijilik ýoluna girenleriñem, adyny şu ýere gelip eşden awtorlarymyñam käbirleri awtorlykda durlar. Menem-ä 4-5 ýyl bäri şu edebiýatyñ içinde. Halypa hasap edýän adamlarymyñam oñaýly pikirlerini göre-göre gelýän...
Emma awtorlykda däl.:(
avatar
0
7 Medicall • 22:53, 29.03.2024
Düşünmeýänler üçin:

Saýta registrasiýa bolan agzalar OKYJY hökmünde kabul edilýär.

OKYJY agzalar:

a) Günüň dowamynda 1 post açyp bilýärler. Postlary diňe administrasiýanyň tassyklamagyndan soň köpçülige ýetirilýär.

b) Çäklendirilmedik sanda postlara pikir ýazyp bilýärler.

ç) Eserlere ball goýup bilýärler.

d) Agzalar bilen şahsy hat ýazyşmak mümkinçiligi ýok.

3. OKYJY agzalar saýtda goýýan eserleriniň hiline görä administrasiýa tarapyndan AWTORLYGA geçirilýär.

AWTOR agzalar:

a) Günde 4 post açyp bilýärler.

b) Çäklendirilmedik sanda postlara pikir ýazyp bilýärler.

ç) Eserlere ball goýup bilýärler.

d) Agzalar bilen şahsy hat ýazyşyp bilýärler.

4.BELLIK Açylýan postlar:

a) Harp ýalňyşsyz bolmaly

b) Awtory görkezilmeli;

ç) Çeşmesi görkezilmeli.

d) Bezeg hökmünde ýerleşdirilen suratlaryň awtoryny görkezmeli.

e) Degişli bölüminde, eserleriň goýluş standartyna laýyk tertipde ýerleşdirmeli.

Eser paýlaşylanda saýt standartlary:

şrift: "Times New Roman"(bu şrifte saýtyñ özi geçirýär)

sözbaşylar gara reñkde,. sözbaşyny bold (galyň) etse-de bolar

goýulýan suratlar : 1500x900, 200 KB töweregi, inçeräkden ýatyk format .

Tekst gara reñk. Tekstiñ soñunda awtoryñ ady:

© Pylany PYLANYÝEW

Eger terjime bolsa awtordan soñ:

Tetjime: © Pylany PYLANYÝEW

5. Postlaryň we pikirleriň ÖÇÜRILMEGI

Hormatly awtorlar, okyjylar! Edebiýat Kafesinde ediljek edebi tankytlara, pikirlere, seljermelere – begenyäs. Şahsyyet kemsitmelerine, magtanmalara, başgalaryň göwnüne degilmegine we prowokasiyalara – yol bermeyäris! Talap edilýän düzgünlere ters gelýän ýazgylar, dini we syýasy dawalar, milletçilik, tireparazlyk, şahsyýeti kemsidiji sözler ulanylan ýagdaýynda duýduryşsyz ol ýazgylar öçüriler. Bu hereketler gaýtalanyp duran ýagdaýynda ol agzalar saýtyň hasabyndan çykarylar. Postlaryň we pikirleriň jogapkärçiligi olaryň awtoryna degişlidir.
avatar
-2
8 Belki • 23:11, 29.03.2024
Meñ üçin henizem düşnüksiz...
avatar
0
9 Medicall • 23:25, 29.03.2024
başda çagyrylan wagtyňyz gelen bolsaňyz sizem awtorlarda bolardyňyz bu wagta.

Elbetde okyjylaram düzgünlere doly eýerip biljek hasap edilende awtorlara geçiriler. Okyjylaryñam eserleri okyjylar köpçüligine ýetirilerem, baha beriler, edebi syn beriler, teswirler ýazylar. Özzlerem pikirlerini çäklendirilmezden (edebi pikirlerini) ýazyp, beýleki eserleri hem teswirläp bilerler. şeyle ýagdaýda ýetirip dursak ýaş ýazýanlaryñ kämilleşmeklerine ýardam eder umydymyz bar.

"Ýurdumyza belli awtorlar" diýenimde göz öñüne tutýanym saýta başga taraplaýyn gep getirmejek, saýtda administrasiýa ýok wagtydygyna garamazdan öz etjek, goýjak hereketlerine jogapkärli çemeleşip, ýerliksiz dawa-galmagaldan özlerinide, saýtyda uzak tutup agzalary agzybir saklap biljek, edebi gürrüñleri, söhbetleri, seljermeleri berip biljek jogapkärçiligi duyup bilýan awtorlary göz öñünde tutulýar.

Tanap-tanamadygyma garamazdan awtorlyga alanlarym ýañy bäsleşik wagty meni adalatsyzlykda aýyplap  poçtamy doldurdylar akyl satmalaryndan.
Öñem meni binamyslykda ayyplap gidipdi: “şula kösenip yazyar, awtorlyga alayayyn” diyip alanymyñ biri. Şonuñ üçin okyjylardan awtorlara
geçiremokmy, diymek bir zatlar ýetýan dãldir entek ol agzany awtorlyga alynmagyna.

Şu wagta çenli şu ýörelge ýöredýar sayty. Indem tertip düzgün üçin şeyle bolar.
şonuň üçin, (saýtyñ tertip düzgünini saklamak üçin) saýt ýörelgelerine doly eýerýän, düşünýän adamlardygyny bilmesem okyjylardan ýokary çykaryp bilemok .

Ähliñize döredijilik üstünlikleri hemrañyz bolsun!
avatar
0
10 aygull • 23:39, 29.03.2024
Klasa mugallym giren ýaly etdiň, Nurdan:))
avatar
0
11 Medicall • 23:59, 29.03.2024
:)
Aýgül, ýokdaý özümem okuwçydaý entek:)))
avatar
0
12 Belki • 05:44, 30.03.2024
Çagyryşdan habarym ýok. Ýöne çagyrylaýyn-çagyrylmaýyn şu ýere kän agza boljak boldum. Telefonym könedi. Poçtasy işlänokdy... joralaryma haýyş edip agza boldurdym. Barybir onda-da girip bilmedim.(biri "hyýalkeş" nikimden agza bolupdy ýalñyşmaýan bolsam)
Soñ ýanwarda telefon täzelendi...ýene synanyşdym...oñarmadym, ahyry uzaga çeken synanyşyklardan soñ agza bolup bildim.
Ýöne men bu ýere gelen wagtyñ rol oýnaýandygyna ynamym ýok...has soñ gelip awtorlyga geçenlerem gördüm.
Dawaly meselä gelsem, gönümeldirin, muny inkär edemok, ýöne şu wagta çenli şahsy kemsitme,mertebesini peseltme ýaly zatlar edip göremok. Men diñe edebi çekişmelere girdim. Eger oña-da girilmejek bolsa, biz nädip bir-biregiñ pikrini bilmeli, öwrenmeli, şoñ netijesinde özūmizi özgertmeli?
avatar
0
13 Medicall • 16:15, 30.03.2024
Mahym, siz awtorlara geçirildiñiz, döredijiligiñiz güllesin!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202