Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:03
"Goç ýigitler meýdanynda bellidir"
"GOÇ ÝIGITLER MEÝDANYNDA BELLIDIR"

Akyldar şahyryň döredijiliginde türkmen halkynyň myhmansöýerlik edebi barada
Şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Geljek ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak boýunça işleriň ýaýbaňlandyrylmagy bu ugurdaky täze ylmy gözleglere itergi berýär. Şunda Magtymgulynyň döredijiligini dürli ylymlaryň nukdaýnazaryndan, şol sanda etnografiýanyň çygrynda öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Akyldar şahyryň goşgulary milli edebimizi, däp-dessurlarymyzy öwrenmegiň möhüm çeşmesi hasaplanyp, baý etnografik maglumatlary özünde jemleýär.
Türkmen halkynyň asylly häsiýetlerinden başlap, däp-dessurlary, ýaşaýyş-durmuşy, taryhy, milli aýratynlyklary baradaky maglumatlar Magtymgulynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Ylaýta-da, dana şahyryň şygyrlarynda belent adamkärçilik sypatlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Bular dogrusynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Türkmen topragynyň hakyky watançysy, joşgunly waspçysy Magtymguly Pyragynyň şygyrlary jemgyýetimiziň ruhy kämilligine, ahlak sagdynlygyna hyzmat edýär, halkymyzyň watansöýüjiligini, erkinligini, bitewüligini, agzybirligini, ýokary adamkärçilik sypatlaryny wasp edýän belent aýdym bolup ýaňlanýar» diýip belleýär. Belent adamkärçilik sypatlarynyň arasynda myhmançylyk edebi, myhmansöýerlik däbi aýratyn orny eýeleýär.
Myhmansöýerlik halkymyzda mukaddes borç hasaplanyp, onuň gadymdan gelýän kökleri bar. Myhmansöýerlik bilen baglanyşykly köp sanly nakyllar, atalar sözleri, yrymlar, rowaýatlar döredilipdir. Bu babatda eposlarda, dessanlarda hem köp-köp maglumatlar, ündewler beýan edilýär. Şolaryň ählisiniň hem myhmançylyk edebini ösdürmekde uly ähmiýeti bolupdyr. Türkmenlerde myhman-mediwanlyk borçlarynyň hem özboluşly kadalary bolupdyr. Türkmeniň ganynda bolan myhmansöýüjilik edebi myhmana uly hormat goýmak arkaly aňladylypdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän adata görä, iýere-içere, ýatara ýeri bolmadyk adamy «Taňry myhmany» hökmünde myhman almak däbe öwrülipdir.
Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiliginde myhmansöýerlik däbi ähli aýdyňlygy bilen şöhlelendirilýär. Mysal üçin, «Söwüş bile» şygrynda şahyr myhmana mynasyp hyzmat etmegiň möhümdigi baradaky pikiri beýan edýär:
Myhman geler alys ýerden,
Garşylasaň söwüş bile.
Munuň özi «Görogly» şadessanyndaky Jygalybegiň:
Jygalybeg, öwüş-öwüş,
Myhman gelse etgin söwüş —
diýen öwüt-ündewiniň dowamy bolup, bu ajaýyp däbiň mynasyp dowam etdirilmegine möhüm ähmiýet berlendigini görkezýär.
Myhman gelse, hatda iň soňkuja malyňy hem söwüş bermek türkmen halkynyň ajaýyp däbidir. XIX asyrda türkmen topragynda bolan syýahatçy-jahankeşde, wengriýaly alym Arminiý Wamberi «Orta Aziýa syýahat» diýen işinde bir garyp türkmeniň myhmanyň hatyrasyna özüniň ýeke-täk geçisini soýandygyny we taýýarlanylan tagamyň ýanyna hem gyzgyn çörek getirip goýandygyny, şeýle hem öý eýesiniň «Taňry myhmanynyň» gelendigine örän şatlanandygyny ýazypdyr. Munuň özi halkymyzyň diňe bir tanyş-bilişlerini, dogan-garyndaşlaryny däl, eýsem, özge ülkeli ýat adamlary hem ýokary myhmansöýerlik bilen garşylandygyny, oňa daşary ýurtly jahankeşdeleriň haýran galandyklaryny görkezýär.
Eposlardyr dessanlarda ata-babalarymyzyň durmuşynda ýolagçylaryň, geçegçileriň, derwüşleriň, syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň nätanyş öýlere-de myhmançylyga barýandyklary barada köp gürrüň edilýär. Ata-babalarymyz «Myhman öz rysgy bilen geler», «Myhman öz rysgyny iýer» ýa-da «Myhmany baryň — imany bar» diýipdirler.
Magtymguly Pyragy myhmany garşylap, oňa hyzmat edip bilýän adamy mert hasaplaýar. «Meýdan ýoluksa» atly goşgusynda:
Mert çykar myhmana güler ýüz bile,
Namart özün gizlär myhman ýoluksa —
diýmek bilen, bu pikirini tassyklasa, «At ýanynda bellidir» şygrynda şeýle ýigitleri goç ýigitler hökmünde häsiýetlendirýär:
Ýigit diýgeç, hemme ýigit bir bolmaz,
Goç ýigitler myhmanynda bellidir.
Magtymguly myhmandan ýüzüni sowan, ondan gaçan adamlary namart hökmünde häsiýetlendirýär. «Ýar eýlär» goşgusynda namardyň barly-bazarly bolsa-da, oňa myhman bolmagyň telekdigini, jomardyň harjy nätüýsli bolsa-da, myhmanyna bar eýlejekdigi baradaky pikir şeýle görnüşde şahyrana beýan edilýär:
Maly köp diýp, myhman bolma namarda,
Jomart herçent gallaç bolsa, bar eýlär.
Magtymgulynyň setirlerinde türkmenlerde myhmana örän uly sarpa goýulýandygy, jomart adamlaryň myhmany mynasyp derejede garşylaýandygy beýan edilýär. Bu baradaky pikiri aýdyňlaşdyryp, akyldar şahyr myhman üçin zadyňy aýamaly däldigini, hyzmaty hem elujy däl-de, çyn ýürekden etmelidigini tekrarlaýar. Muňa mysal edip, «Köýmän ýigide» atly goşgusyndaky aşakdaky setirleri aýtmak bolar:
Gulluk ýetirgin janyňdan,
Aýama parça nanyňdan,
Ganly bolsa, geç ganyňdan,
Bir garyp myhman ýigide.
Türkmenler myhmançylyk edebini, däbini ösdürip, kämilleşdirip, aýap saklap, biziň günlerimize ýetiripdir. Şunda, ilkinji nobatda, myhmany açyk ýüz bilen garşy almak berk kada hasaplanylypdyr. Myhman bilen öý eýesi salamlaşanda, iki tarap hem şatlykly, buýsançly pursatlary başdan geçirýärler.
Ata-babalarymyz öýüne gelen myhmana üç gije-gündiz hyzmat edip, soňra onuň habaryny alar eken. Bu däp myhmana hormat goýulýandygyny aňladypdyr. Özüne goýulýan hormaty duýup, myhman hem öz habaryny aýdyp, ýene ýola rowana bolar eken. Bu babatda türkmenleriň arasynda atalar sözleridir nakyllar hem döräpdir. Myhman bolmagyň wagt çägi dogrusynda «Myhman birinji gün — gyzyl, ikinji gün — kümüş, üçünji gün — mis» diýen aýtgy halk arasynda ýörgünli bolupdyr.
Şu babatdaky maglumatlar Magtymgulynyň döredijiliginde hem gabat gelýär. Şu ýerde dana şahyryň «Pygan eglenmez» atly goşgusyndaky aşakdaky setirlere üns çekesimiz gelýär:
Bir menzildir, üç gün iýip-içensoň,
Ornaşyp, giňrenip, biliň açansoň,
Üzeňňiň çekerler dört gün geçensoň,
Bäş günden ýokary myhman eglenmez.
Şu goşgy göni manysynda myhman bolmagyň edebini beýan edýär. Üç gün iýip-içip, dördülenji günde habaryň alynmagy, bäş günden artyk myhman hökmünde eglenmezlik türkmenleriň myhmançylyk dessurynyň düýp özenini düzýär. Elbetde, bu setirlere göçme manysynda hem seredip bolar. Çünki ynsan ömrüniň “bäş günlük pana” deňelmegi Magtymgulynyň döredijiliginde ýygy-ýygydan duş gelýär.
Görnüşi ýaly, milletimiziň myhmansöýerlik, myhmanparazlyk ýörelgesi halkymyzyň durmuşynda müňlerçe ýyllap dowam edip, biziň günlerimize gelip ýeten nusgalyk edepleriň biridir. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň etnografiýa ylmy üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny subut edýär.

© Mähri PERDELIÝEWA,
Bölümler: Makalalar | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Mähr Perdeliýewa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Medicall • 01:06, 22.05.2023
Bu materyaly @Toýjan blog bölümde goýupdyr, ol ýerde goýulsa okyjylar okap bilenok, baş sahypadan açmaly posty)) goýan mahallary bu ýere geçireýin diýibem undypdyryn.

Galamyñyz ýiti bolsin!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202