Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:55
Gojanyň bahanasy - elli bäş sany "eger-de..."
GOJANYŇ BAHANASY — ELLI BÄŞ SANY «EGER-DE...»

Üstünlik gazanyp bilmedik adamlary bir umumy häsiýet birleşdirýär. Olar özleriniň şowsuzlyklarynyň sebäpleriniň ählisini bilýärler. Näme üçin hiç bir derejä ýetip bilmändikleri barada, olaryň özleriniň pikiriçe, ygtybarly düşündirişleri hemişe taýýardyr.
Bu bahanalaryň käbiri göz-görtele, hatda deliller bilen hem berkidilen.
Emma bahanalary pula çalşyp bolmaýar. Älem-jahan diňe bir zady bilmek isleýär: siz üstünlik gazandyňyzmy ýa-da ýok? Tanymal psiholog aşakde getirilýän «bahanalar sanawyny» düzüpdir. Ony okanyňyzda, belki, siz öz «repertuaryňyzdaky» bahanalaryň hem birnäçesini taparsyňyz. Ýöne welin bir zady ýatda saklaň, bu kitapda beýan edilen maslahatlara eýermek kararyna gelen kişiler üçin bu bahanalaryň, özüňi aklajak bolmaklaryň ählisi gerekmejek närsä öwrülýändir, manysyny ýitirýändir.

1.Eger-de meniň aýalym we maşgalam bolmadyk bolsa...
2.Eger-de meniň «tanyşlarym» bolan bolsa...
3.Eger-de meniň pulum bolan bolsa...
4.Eger-de men gowy bilim alan bolsam...
5.Eger-de men iş tapan bolsam...
6.Eger-de saglygym gowy bolan bolsa...
7.Eger-de wagtym bolan bolsa...
8.Eger-de gowy döwür gelen bolsa...
9.Eger-de özgeler maňa düşünsediler...
10.Eger-de daş-töwerekdäki şertler başgaça bolan bolsady...
11.Eger-de men ömri ýaňadan ýaşap bilsedim...
12.Eger-de men «olaryň» aýtjak-diýjeklerinden gorkmasadym...
13.Eger-de maňa öz wagtynda mümkinçilik berlen bolsady...
14.Eger-de häzir meniň mümkinçiligim bolsady...
15.Eger-de özgeler maňa garşy çykmasalardy...
16.Eger-de hiç zat meni saklamasady...
17.Eger-de men ýaş bolsadym...
18.Eger-de men islän zadymy edip bilsedim...
19.Eger-de men baý bolup doglan bolsadym...
20.Eger-de men «dürs» adamlara sataşan bolsadym...
21.Eger-de mende-de käbir kişileriňki ýaly ukyp-başarnyk bolan bolsady...
22.Eger-de men tutanýerli bolan bolsadym...
23.Eger-de men öňki mümkinçiliklerden peýdalanyp bilen bolsadym...
24.Eger-de hiç kim meniň kellämi agyrtmasady...
25.Eger-de men öý hojalygyny alyp barmaly we çagalara esewan etmeli
bolmasadym...
26.Eger-de men biraz pul tygşytlap bilen bolsadym...
27.Eger-de başlygym meniň gadyrymy bilen bolsady...
28.Eger-de kimdir biri maňa kömek eden bolsady...
29.Eger-de maşgalam maňa düşünen bolsady...
30.Eger-de men uly şäherde ýaşan bolsadym...
31.Eger-de men ýap-ýaňy başlan bolsadym...
32.Eger-de men erkin bolan bolsadym...
33.Eger-de mende özgelere mahsus häsiýetler bolan bolsady...
34.Eger-de men beýle semiz bolmadyk bolsadym...
35.Eger-de meniň ukyp-başarnyklarym mälim bolan bolsady...
36.Eger-de meniňki şowuna bolan bolsady...
37.Eger-de men bergi-borçlarymy üzlüşip bilen bolsadym...
38.Eger-de şol şowsuzlyk bolmadyk bolsady...
39.Eger-de men nädip etmelidigini bilen bolsadym...
40.Eger-de hiç kim maňa päsgel bermedik bolsady...
41.Eger-de meni munça howsala gurşap almadyk bolsady...
42.Eger-de meniň öýlenmegim şowly bolan bolsady...
43.Eger-de adamlar beýle akmak bolmasalardy...
44.Eger-de meniň maşgalam bu derejede adatdan daşary bolmadyk
bolsady...
45.Eger-de meniň özüme ynamym bolan bolsady...
46.Eger-de bagt menden ýüzüni öwürmesedi...
47.Eger-de men bisähet ýyldyz astynda dogulmadyk bolsadym...
48.Eger-de hemme zat «ýazgyda bagly bolan» şu durmuş bolmadyk
bolsady...
49.Eger-de maňa beýle köp işlemek zerur bolmasady...
50.Eger-de men pulumy ýitirmedik bolsadym...
51.Eger-de men başga bir etrapda ýaşan bolsadym...
52.Eger-de meniň «geçmişim» bolmadyk bolsady...
53.Eger-de meniň öz işim bolan bolsady...
54.Eger-de beýlekiler maňa gulak asan bolsalardy...
55.Eger-de — bu bahanalaryň iň esasysydyr — eger-de mende özümi hakyky bolşum ýaly görer derejede dogumlylyk bolan bolsady, men özümiň kemçilikli taraplaryma akyl ýetirerdim we ony düzederdim.
Şonda meniň öz ýalňyşlyklarymdan sapak almaga we özümde nähilidir bir ýetmez taraplaryň bardygyny bilip, özgeleriň tejribesinden peýdaly zatlary özleşdirmäge mümkinçiligim bolardy. Eger-de men özüme anyk nämäniň ýetmezçilik edýänligini bilen bolsadym, onda men wagtymyň agramly bölegini bahana agtarmaga däl-de, özümiň gowşak taraplarymy seljermäge sarp ederdim.

Şahsy şowsuzlyklarymyza düşündiriş gözlemeklik — biziň milli güýmenjämiz.
Bu endik hem edil adamzadyň özi mysaly gadymydyr, şeýle-de ol üstünlik üçin ölüm howpludyr.
Näme sebäpli adamlar özleriniň söýgüli bahanalaryna çyr-çytyr ýapyşýarkalar?
Jogap aýdyň.
Öz bahanalaryny özleri döredýändikleri üçin olar ony el-aýak bolup goraýarlar!
Bahana — hyýalyň perzendi.
Öz paýhasynyň döreden zadyny penalamak bolsa ynsanyň tebigatynda bar.
Bahana agtarmak — çuňňur kök uran endik.
Endiklerden ýüz öwüräýmek ýeňil däl, aýratynam, eger olar biziň edýän zadymyzy tasa getirýän bolsa, aklaýan bolsa, şeýledir. Platon adalatly aýdypdyr: «Ilkinji hem iň esasy ýeňiş — öz-özüňi ýeşmek. Öz «meniň» tarapyndan ýeňlişe sezewar edilmek peslikdir we masgaraçylykdyr». Beýleki bir filosof hem aşakdaky sözleri aýdanynda şony göz öňünde tutupdyr: «Daş-töwerekde görýän ähli erbet zatlarymyň öz sypatymyň aýnadaky keşbidigini bilenimde, men juda geň galdym».
Elbert Habbard bolsa şeýle diýýär: «Adamlaryň akyly çatybam, özlerini aldamaga we özleriniň gowşak taraplaryna bahana oýlap tapmaga şunça wagt sarp edýändikleri maňa hemişe geň hem syrly bolup görünýärdi. Eger-de şol sarp edilýän wagt başgaça peýdalanylsa, ol ejiz taraplaryňdan saplanmak üçin ýeterlik bolardy, onsoň hiç hili özüňi aklajak bolmaklyk geregem bolmazdy».
Hoşlaşmak bilen men size ýatlatmak isleýärin: durmuş — küşt tagtasy, garşyňyzda oturan oýunçy bolsa — wagt. Eger siz göçüme aýgyt etmeýän bolsaňyz, tiz göçmeseňiz, siziň mallaryňyz wagt tagtasyndan agdarylyp gider. Siz ýaýdanjaňlygy halamaýan, oňa rehim-şepagatsyz bolan oýunçy bilen oýnaýansyňyz.
Özüňize zerur bolan zady durmuşyň näme sebäpli size bermänligine öň siz düşündiriş idäp bilerdiňiz, ýöne indi welin bahanalar artykmaçdyr, sebäbi siz baýlygyň gapylaryny açýaç Baş Açara eýe bolduňyz.
Baş Açary duýmak, syzmak mümkin bolmasa-da, ol kuwwatlydyr! Bu Açary ulananlygyňyz üçin size hiç hili temmi, jeza howpy abanmaýar, emma ondan peýdalanmasaňyz welin, munuň üçin siz jerime tölemeli bolarsyňyz. Bu töleg şowsuzlykdyr. Ýöne eger-de bu Açary peýdalansaňyz welin, size jomart peşgeş garaşýandyr. Bu serpaý özüni ýeňmegi başaran we öz isleýän zadyny eçilmäge durmuşy mejbur eden kişileriň her birine nesip edýän kanagatlanma duýgusy bolar.
Bu serpaý yhlas edeniňize degýändir. Başlamak we muňa göz ýetirmek isleýärsiňizmi?
Ölmez-ýitmez Emerson şeýle diýipdir: «Eger biz bir-birek bilen baglanyşykly bolsak, biz hökman duşuşarys». Sözümiň ahyrynda onuň pikirinden täsirlenip, şu sözleri aýtmaklyga özüme ygtyýar bereýin: «Eger biz baglanyşykly bolsak, onda şu sahypalarda biz eýýäm duşuşdyk».

©@Latifa

Çeşmesi:https://dostluk.ru/mowzuk.php?id=11493. 24.03.2023ý.
Bölümler: Psihologiýa | Görülen: 83 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Medicall • 14:42, 24.03.2023
"Elli gepden belli gep" diýýärlermi?!belaň körügi "eger-de"-de.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203