20:32 Golsuz hatyň güýji / hekaýa | |
GOLSUZ HATYŇ GÜÝJI Arakesmä az wagt galanda, sekretar gyz başlygyň kabinetine çagyrylýandygymy aýtdy. Bardym. Başlygyň kürsüsinde onuň özi däl-de, nätanyş bir adam otyrdy. Ýerinden turup, elimi gysdy-da, familýasyny aýtdy. - Näme hyzmat? - diýip, oturyp- oturmankam oňa ýüzlendim. - Uly bir hyzmat ýok, tanyşaýyn diýip geldim. - Gowy edipsiňiz... - Diýmek, siz Ýakup Annaýew bolmaly. - Bolubilseg-ä şol. - Çaga-çuga, öý-içerler gurgunçylykmy? - Öý- içerlerim-ä ganymat. Ýöne çaga - çugama ýok... - O näme üçin? - Sebäbi aýalym ýok... - Bäljik ýigit ekeniňiz - diýip, gürrüňdeşim ýylgyrdy. Menem ýylgyrdym. - Bu ýaşda aýalym ýok diýseň ynanmazlar ahyryn! - Ynanmasalar nädeýin! Ol öňündäki kakyzyň ýüzüne gözastyndan seretdi-de, çynlakaý görnüşe geçdi. Menem ýylgyrmamy goýdum. - Bäljireşdik, besdir. Indi işe girişeliň. Şeýlelikde, 8-nji klasda okaýan gyzyňyzyň ady kim bolmaly? Haýyganlygymy duýman galdym. Düýşürgeýän bolaýmaýyn diýip (juda ýadan çagym oturan ýerimde irkiläýmäm bar) gözümi mäkäm ýumdum. Bir salymdan açdym. Ýok düýş däl. - Näme diýdiňiz? - 8-nji klasda okaýan gyzyňyzyň adyny soradym! - diýim, gürrüňdeşim gaharlyrak aýtdy. - Men intäk öýlenemok. - Müňkin - diýip, ol ýene-de öňündäki kagyza göz aýlady. - Bütünleý müňkin. Emma 8-nji klasda okaýan gyzyňyz bolmaly. - Meniň özüm ýigrimi dört ýaşymda. Ýeri onsaň nireden meniň on baş ýaşly gyzym bolup biler. Pikir ediň ahyry... - Näme?! Be-e... - diýip, ol başlygymyzyň stolunyň üstündäki çoto ýapyşdy: - Ýigrimi dört. Aýyrmaly on baş. Galýar dokuz. Diýmek, dokuz ýaşda gyzyň kakasy...Be... A siz ýigrimi dört ýaşandygyňyzy näme bilen tassyklarsyňyz? - Pasportym bilen. Oňa ynanmasaňyzam göbekenem diri gezip ýör. Nätanyş gürrüňdeşim knopkany basdy. Sekretar gyz içerik girdi. - Merhemet ediň, maňa Ýakup Annaýewiň şahsiýetine degişli dokumentleri getirip berseňiz minnetdar bolardym. - Häzir! - diýip, sekretar gyz basym eli kagyz papkaly dolanyp geldi. - 1951-nji ýylyň 23-nji fewralynda... - diýip, ol papkany açan badyna ýene çota elini ýetirdi. - Ýetmiş bäş. Aýyrmaly elli bir. Bolýar ýigrimi dört. Ýigrimi dört... Be... Ol öňündäki kagyza, bu gezek has içkin seretdi-de, ýene maňa ýüzlendi: - Belkem öz gyzyňyz däl-de, 8-nji klasda okap ýören gyzlygyňyz bardyr. - Öýlenmedik halyma ogullygy-gyzlygy näme edeýin?! Edinip bilsem ilki, aýal edinjek. Onsaň nesibe bolsa, belki, gyzam bolar, ogulam. - Ýeri, bu punkty häzirlikçe goýbolsun edeli - diýip, ol öňündäki kagyzdan bir ýerini çyzdy. Soň başga bir ýerine göz gezdirdi-de, galamyny elinde oýnadyp, ýüzüme çiňňerildi: - Siziň kämillik ýaşyna ýetmedik ogluňyz bar, şeýle dälmi? - Şeýle däl. - Munam iňkär edýärsiňizmi? Hä...Aýalym ýok diýdiňiz-ow. Bolýar, bagyşlarsyňyz! Siz boş. Men gapydan çykyp barýarkam yzyma öwrüldim. - Size birje sorag berip bolarmy? - Baş üstüne! - Men bu zatlara düşünmedim-le? - Özümem düşünip barýandyr öýtmäň - diýip, ol öňündäki kagyzy dört epläp goltuk kisesine saldy. Menem haýran galyp, şoňa seredip durşuma, "golsuz hatdyrow" diýip hüňürdedim. -Siz maňa bir zat diýdiňizmi? - Ýok. Özüme diýdim... Gaýdyp iş ýerime baramda, kömekçim gülüm-ýalym edip garşy aldy. - Ýakup Annaýewiç, men kefir getirmäne gitdiňizmikäňiz diýipdim. Men özüm getirip bererdim ahyry... - Tama-da şeýledir, Mälim Magtymowiç - diýip, menem şelaýynlyga saldym. Emma etjegim içimdedi. Arakesmede kömekçim magazina ugrady welin, menem gapyny içinden ýapyp, kagyzdyr galama ýapyşdym. " Mälim Magtymow ýaly moral taýdan azgyn adamynyň aramyzda ýaşap ýörmegine çydap bilmän, şu haty ýazmaga mežbur boldum. Elbetde, düşnükli sebäplere görä, golumy goýmakdan saklanýaryn. Ol degerli tanyşlaryna arka diräp, etjegini edip ýör. Diňe soňky iki ýylyň içinde dört "Žiguli" alyp satdy. Giň howlusynyň daşyndan şäherde iki kwartirasy bar. Şol kwartiralary kreýne berip, aýda 200 manada çenli girdeji alýar. Garagumda, bir bölek dowary bar. Tejeniň ýeňselerinde bakylýan bolmaly. Ol aýal alyp-kowmagy köýnek çalşyrandan enaýy görenok. Özem her gezek ýetişip barýan gyzy bolan aýaly alýar. Gyz ýetişip-ýetişmänkä satýar, aýaly hem kowýar. Bu kezzaby aklyna aýlamaga çäre taparsyňyz dien umydym bar." Aradan ikuç hepde geçipdi. Bir gün ýaňy işe başlan badymyza, başlygymyz çym-gyzyl bolup gapydan girdi. Mälim Magtymowiç laňňa dikeldi: - Salawmaleýkum!.. Tüweleme, tüweleme... - Men tüwelemäni saňa görkezerin, ýör - diýip, başlyk hemleli gürledi. - Sen asyl... Sen... Bir ýarym sagat çemesi wagt geçen soň, meniň kömekçim ýüzüni duw-ak edip gaýdyp geldi. - Näme boldy-haw?! - duýip, allanniçigsi bolan boldum. Onuň dili tutylan bolara çemli. Öňküsündeb üç esse dagy ulalan gözlerini mölerdip durşy gorkarça-da bardy. Ýerinde oturtdym. Öňüne bir käse çaý goýdum. Esli salymdan soň essine gelip, dil açdy. - Menim bir süri goýnum barmyş, iküç sany kwartiram barmyş, dört sany maşyn bilen, dört sany aýal satypdyryn. Ýakup Annaýewiç, bu zatlary neneň görýäň? - Hiç hili hem göremok! - diýip, yzyny hüňürdä saldym. - Özümiz sekiz-dokuz ýaşymyzda çagaň atasy hem bolup gördüpdik... - Hä!.. Maňa bir zat diýdiňmi? - Ýok, özüme diýdim. Ol öňki bolup otyrşyna birdenkä asty pružinli ýaly, ýeňillik bilen ýerinden turdy. - Indi nirä? - Ýaňky meni çagyran ýoldaşyň adyny-zadyny bir bilip gaýdaýyn. Ol atlan ýaly bolup gapydan çykdy. "Mälik Magtymowiçi çagyran ýoldaş, indiki nobat seniň özüňki" diýip, uly-ulydan dem aldym... © Berdinazar HUDAÝNAZAROW | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |