Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:40
Gowy günler / hekaýa
GOWY GÜNLER

Hanha uly Balkan, hanha-da kiçi Balkan, howalanyp duran gadymy garry daglar. Hünäri arheolog bolansoň, Tuwakgylyç bu daglaryň her jülgesine–zawyna, gadymy adamlar ýaşandyr diýdirýän diwaryna tüsse ornan ululy-kiçili gowakdyr köwlerine oňat belet.
Ine, ol zähmet rugsadyna çykyp, ahyrsoňy, köpden bäri niýetine düwüp ýören saparyna aýaly bilen ikiçäklikde ugrady.
Dag eteginden başlanýan kä ýeri gyrymsy agaçlyk diýmeseň, güýzüň gelmegi bilen ot-çöpleri saralyşyp başlan ýalazy giňişligiň ortasyndan geçýän ýol ötegçileriň bir inçejik umytlary ýaly bolup, gündogara–Missirian düzlügine tarap uzalyp gidýärdi.
Tomsuň dowamynda elheder aldyryp, indi biraz bady gaýdyşan Güneşiň alabeder bulutlaryň arasyndan bölek-büçek bolup geçýän şuglasy güýz asmanyna üýtgeşik gözellik çaýýardy.
Gökde bürgüt gaýyp ýördi. Onuň uçuşy asuda hem özüne göwnüýetijidi.
—Hol bürgüdi görýärmiň?–diýip, Tuwakgylyç aw mülküne esewanlyk edip aýlanyp ýören bürgüde garşy ümledi. Onuň niýeti ýola ugranlarynda ýaňy üç ýaşyny dolduran körpeje ogullarynyň aglap galmagynamy, ýa-da haýsydyr bir başga sebäbe görä, gapdalynda alada batyp dymyp gelýän aýalynyň şähdini açmakdy.
—Hawa, görýän –diýip, Ogultäç baş atdy.
—Görýän bolsaň, ine, şol bürgüt men-dä!
Tuwakgylyjyň morta aýdan bu meňzetmesi Ogultäjiň gülküsini tutdurdy. Ol hezil edip güldi. Köpden bäri beýle gülmändi. Gözi ýaşaryp gitse-de, gülküsine basalyk bermek eýgerdenokdy. «Bürgütmişin, saçynyň agaranyny, öňküliginiň ýokdugyny unudan ýaly...». Muny aýdýan şeýtandy. Ol elmydama Ogultäjiň öňünde Tuwakgylyjy gözden düşürmegiň aladasy bilen ýaşaýardy.
—Şol bürgüt sen bolýan bolsaň, hany onda men nirede?–diýip, Ogultäç gülki arasynda sorady.
—Senmi... –diýip, aýalynyň sussupeslikden açylyşanyna begenen, bu ikiçäklikdäki alys ýoluň başy şadyýanlyk bilen başlansa, soňunyň hem şeýle dowam etjegine umyt bildiren Tuwakgylyç Ogultäjiň gülküsine goşulyp jogap berdi. —Sen biz ikimiziň bileje guran höwürtgämizde çagalarymyza esewanlyk edip otyrsyň.
«Gör onuň berýän jogabyny. Bütin ömrüňi arlyk ýuwup, çaga ulaldyp geçirdiň. Senem biraz arkaýyn ýaşamalysyň ahyryn!». Muny diýýän ýene-de şeýtandy.
Ogultäç gülmesini goýdy. Biraz dymşyp gitdiler. Ahyrsoňy Tuwakgylyç dillendi:
—Ogultäç bibim, saňa rastymy sözläýinmi–indi ençeme ýyllar bäri sen babatda ýüregimde göterip ýörenjämi aýdaýynmy?
—Aýt?!
—Aýtsam, sen zor aýal.
Tuwakgylyjyň bu sözleriniň aňyrsynda, ikisiniň baş birikdiren uçurlaryndan tä şu güne çenli aralykda özüni alyp barşyna berlen bahanyň ýatandygyna düşünip, Ogultäç tolgundy. «Sen hem zor» diýmekçi boldy-da, beýtmegi suwjuklyk hasaplap, saklandy. Tuwakgylyjyň wagtyň emrine tap getirip bilmän üýtgän keşbini ilkinji gezek görýän ýaly, içgin synlady: «Şar gara saçly, syrdam boýly, dogumlylygy ýüz-gözünden duýlup duran, dilewar ýigitdi. Belki, meni bar zatdan beter özüne bendi eden hem munuň dilewarlygydyr, süýji sözlüligidir. Hiç haçan göwnümi ýykmady, maňa bolan sarpasyny ýitirmedi. Sene-mene-de edişmedik. Ýok, edişdik. Ýaňy baş birikdiripdik...».
Şonda nämüçin öýkeleşendiklerini Ogultäç hiç ýadyna salyp bilmedi. Ýöne, toý gijesi, ýeňňesiniň süýjülik suwy demlengi çäýnek boşansoň, onuň içine atylgy kümüş apbasyny alyp pugta ýygşyryp goýmalydygy, eger birden aralaryna sowuklyk aralaşsa, şol apbasyny atyp, ýene-de süýjülik suwuny demläp içseler, äbe-de-jüýje ýaşaşyp başlajakdyklary barada aýdanlary, hut şonuň öwredişi ýaly hem edişi ýadyna düşdi. Ýeňňesi şonda maşgalada agzybirligi saklajak bolsaň, hiç haçan şeýtanyň «was-wasyna» gitmeli däldigini-de aýdypdy.
Tuwakgylyç bilen aşyk-magşuk bolşup halaşyp ýörkäler şäher baglarynyň pynhanja ýerlerindäki oturgyçlarda ikiçäklikde oturyşlary hem Ogultäjiň ýadyna düşüpdi, «Belki, Tuwakgylyjam häzir şol döwri ýatlaýandyr».
Ynha, olar ýene-de ikiçäk. Beýle ikiçäkligi köpden bäri küýseýärdiler. Tuwakgylyç aýtmyşlaýyn: «Ähli aladalary öýde äpberip, bir hepdelik sapara bileje gidip barýarlar». Ýolda iýjek-içjek zatlaryny ýanlaryna aldylar. Maşynlary gurat. Onsoňam, ony ýöretmekden Tuwakgylyjyň biraz başy hem çykýar, döwülse, ýolda galmak gorkusy ýok. Körpeje ogullaryna-da gelni esewanlyk eder. Beýlekileri bolsa, oda-suwa ýykylmaz ýaly bolan. Hatda el telefonlaryny hem toga çatan ýerlerinde unudyp gaýdypdyrlar. Ýola çykansoňlar, ýatlaryna düşdi. Tuwakgylyjyň «Şonuň üçin yzymyza dönüp durmaly, telefonsyzam oňarys» diýmegi bilen Ogultäç ylalaşdy.
Olaryň barmaly ýeri Amyderýanyň sag ýakasynda ýerleşýän gadymy Beşir obasydy. Tuwakgylyjyň talyplyk ýyllary dostlaşan ýigidi, häzir oba saglyk öýünde lukmançylyk edýän Hudaýguly şol ýerde ýaşaýardy. Ol aýaly Sähragül bilen iki-üç gezek olaryňkyda myhmançylykda bolupdy. Öz ulagyň bilen ýurduň bu başyndan ol başyna ikiçäklikde (onda-da keýwanyň bilen) gitmegiň hezildigini, ýolda howaň täzelenip, birek-birege sarpaň artýandygyny, durmuşa höwesiň güýjeýändigini, onsoňam Beşir obasynyň Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän obadygyny, alysdan gelýän kerwenleriň talaňçydyr ýyrtyjy haýwanlardan goranmagy üçin ýörite gurlan merleriň, Haýbargala atlandyrylýan gadymy galanyň ýerleşýän obasydygyny, bu obanyň «Beşir halysy» diýilýän meşhur halyny hem dünýä beren obadygyny aýdyp, bu sapara Tuwakgylyçdyr Ogultäji tijän şolardy.
Tuwakgylyç maşyn sürende käbir kişiler kibi tizlige kowalaşmagy halanokdy. Töweregi synlap, orta tapda, maşynly gitmegiň lezzetini duýup haýdamagy gowy görýärdi.
Aşgabada ýetip olar gudasynyňkyda düşlediler. Uly ogullary Myradyň gelni Maýagözel Aşgabatlydy. Myrat nebitçilik ugurdan okaýarka halaşyp, öýlenipdi.
Gudasynyň iki-üç gün myhman bolup gitmegi towakga etmegine seretmezden, ertesi daň bilen ýola düşdüler.
Bu sapara ilkinji gezek barýandyklary sebäpli ýoluň nätanyş obadyr şäherçelere aralaşyp çylşyrymlaşýan ýerlerinde, azaşmazlyk üçin Tuwakgylyç ötegçilerden salgy soraýardy. Olar baş ýoluň ugruny mümkingadar düşündirýärdiler. Belki, indi gaýdyp hiç haçan gabatlaşmajak nätanyş adamlary bilen gyssagarada bolup geçýän bu duşuşyklarda nähilidir bir mähribanlyk, adamyň-adama bolan sarpa-sylagy bardy. «Diňe bir adaty ýolda däl, çarkandagy ýetik durmuş ýolunda hem şeýle bolguç» diýip, Tuwakgylyç oýlanýardy.
Aslyýetinde gitmeli ugruny ol ýanyna göteren kartasyna seredibem anyklap biljekdi. Ýöne oňa adamlardan salgy almak ýakymlydy, köňli adatylygy, sadalaçlygy küýseýärdi.
—Ynha, Ogultäç bibim, şuňa Jeýhun diýerler!–diýip, Tuwakgylyç ýaýlyp ýatan bol suwly derýadan geçilýän köprüniň ýanyna ýetip maşyny saklady. —Düşüp, aýaklarymyzy ýazaly, hanha, çal satýarlar, çal içeli.
Nämüçin durmuşy derýa meňzedýärler? Derýanyň köplenç asuda, käte bolsa kenaryny oýup-opuryp, weýrançylyk baryny edip, joşup akýandygy üçinmi? Ýa-da bu meňzetme ötegçi wagt bilen baglymy? Adam ömrüniň derýadaky suw kimin tiz akyp geçýändigini, oňa bisarpa çemeleşmeli däldigini aňladýarmy? Eger şeýle bolsa, Tuwakgylyç hem öz Ogultäç bibisi, perzentleri bilen şol giňiş derýada ýüzüp barýar. Olaryň maşgala gämisi (tüweleme, göz degmäwersin!) ygtybarly. Entek kynçylyklara sataşanok. Belki, bu ýagdaý gämidäkileriň başarnygyna baglydyr? Agzybirlik bilen ätiýaçly ýüzmelidir? Derýanyň joşgunly keşbi Tuwakgylyjyň hyýalyna şeýle pikirleri getirdi.
Onýança-da olaryň deňine gelip ýolagçy awtobusy togtady. Ondan düşen adamlar wehim döredip müňzäp akýan läbik suwly derýany synlaýardy.
Üç ýaşlaryndaky oglanjygyň:
—En-e-e, seret, kö-ö-öp suw!–diýip, geň galyp begençli gygyrmagy Ogultäjiň ünsüni çekdi, öýde goýup gaýdan ogluny ýadyna düşürdi. «Edil biziň oglumyz ýaly, bilesigeliji çaga ekeni».
Oglanjygyň enesi:
—Hawa, köp suw, bu derýa. Hany, köşejik meniň öwredişim ýaly edip, suwa salam ber!–diýip, agtygyny tijedi.
Oglanjyk aýaklaryny jübüt tutup, eljagazlaryny gursagyna goýup, edep bilen salam berdi:
—Essalowmaleýkum, suw aga!
Oglanjygyň suwa salam berşi ýolagçylaryň ünsüni çekdi. Olaryň käbirisi geňirgenýärdi, käbirisi makullaýjylyk bilen ýylgyrýardy. Kaşaň geýnüwli, başy şlýapaly bir adam bolsa garryja aýala ýaňsyly ýüzlendi:
—Eýsem-de bolsa suwa salam berilýänmidir?
—Hawa, ata-baba suwa salam berilýändir. Bu bir ýagşy yrym.
—Biz-ä şeýdilýänini birinji gezek eşidýäris... –diýip, ol adam bu yrymy oňlaman, eginlerini ýygyrdy.–Suw suwdur-da, oňa salam bermek nämä gerek?!
—Derýanyň bol suwly hem rehimdar bolmagy üçin, owallar janly öldürip, sadaka hem berilýär ekeni –diýip garryja aýal düşündirdi.
—Dogry aýdýarsyňyz, bu hakda yrymlardyr däp-dessurlar baradaky gadymy ýazgylarda hem bar –diýip, Tuwakgylyç garryja aýalyň sözüni makullady.
—Hany, onda ugralyň! –diýip, alysdan gelýän awtobusyň sürüjisi biraz dem-dynç alyp, nepesini dürsän ýolagçylary gyssady.
—Barmaly ýeriňize sag-aman aşyň! –diýip, garryja aýal agtygy bilen awtobusa münüp durşuna, ýöne şeýle gidibermegi gelşiksiz görüp, Tuwakgylyçdyr Ogultäje garşy baş atyp, hoşlaşdy.
—Siz hem sag-aman baryň!
Tuwakgylyçdyr Ogultäç hem ýola düşdüler.
Gün öýleden mazaly agypdy. Durmuşlarynda bolan gyzykly wakalary ýatlap ep-esli ýöränsoňlar, ýoluň sol ýakasynda toraňňydyr jigde gatyşykly jeňňellik başlandy.
—Ynha, şu tokaýlyk Narazym tokaýlygy bolmaly–diýip, Tuwakgylyç maşynyň badyny gowşatdy. —Gel, sowlup biraz dem-dynç alaly.
—Bolýar... –diýip, Ogultäç ylalaşdy. —Ýadansyň, men saňa çaý-çörek hem bereýin.
Tuwakgylyç maşyny epeý toraňňynyň kölegesinde saklady. Ogultäç tämizje ýere gozakda duran düşekçäni oklady-da, ýolda garbanmak üçin alnan zatlary ortada häzirledi. Endamynyň gurşygyny ýazmak niýeti bilen daş-töwerekdäki agaçlary synlap gezim edip ýören Tuwakgylyjy çagyrdy:
—Ähli zat taýýar!
Iýlip-içilip bolansoň, Tuwakgylyç özüniň dogrudanam ýadan ekendigini duýdy:
—Ogultäç bibim, eger garşy bolmasaň, men biraz irkilip turaýsam näder?
—Juda bolar.
—Şeýtmesem, ýadawlyk basmarlap, rulda uklaryn öýdüp gorkýan–diýip, diňarkanlygyna düşüp, goluny maňlaýyna goýup ýetişen Tuwakgylyç özüniň bu bolşy üçin ötünç soraýan terzde ýaňzytdy.
—Rulda bir uklamaweri...–diýip, Ogultäç: «Birden howa sowasa, geýerin» diýip ýanyna alnan ýeňsizini Tuwakgylyjyň üstüne ýapdy.
Tuwakgylyç dessine uklady. Ogultäç barjak ýerlerinde bekre palawyny bişirip bermek niýeti bilen alyp gaýdan bekresini barlady. «Gowy dur, yslanman aşjak». Soňra maşynyň aýnasynda özüne serenjam bermäge durdy. Täzeje tikdirip geýen ýaşyl reňkli pombarh köýnegine gonan tozgalary aýryşdyrdy. Bu köýnegiň matasyny Tuwakgylyç oňa sapara ugramazlarynyň öňüsyrasy sowgat edipdi. Ogultäç ony «Maňa indi pombarh gelişmez» diýip, gelnine berermen boldy. Emma Tuwakgylyç onuň bu niýetine garşy çykdy. «Gelşer, Ogultäç bibim, özüň geý. Gelnimize oglumyz äberer. Tüweleme, aýlyk-günlügi ganymat ýerde işleýär. Özem muny oba geýip gideriň ýaly basymrajyk tikdir!».
«Dogrudanam gowy gelişýär, ýakasy hem nepis gaýalan» diýip, Ogultäç aýnadaky keşbini höwesli synlady. Onýança-da şeýtan tapyldy: «Senem indi sülmüremäňi, gelinsiremäňi bes edäýseň nädýär, utanaňokmy?». «Nämä utanaýyn?». «Çagalar süňňüňi sykdy, ýyllar özüniňkini aldy, öňki görk-görmegiň hany?». «Ynha!». «Men-ä göremok». «Görmeýän bolsaň, hol ýatan bürgüdiň gözleri bilen synla!». «Seniň ol bürgüdiň saňa ygraryny baky saklandyr öýdýärsiňmi?». «Elbetde». «Iş saparyna gitmeli diýip, seniň gözüňden saýrylykda kän boldy. Şonda aýagyny gyşyk basan dälmidir?!». «Basan däldir». Ogultäjiň şu jogabyndan soň şeýtan sem boldy.
—Baý-bow, garaňky gatlyşyp gidipdir-ä, uzak ýatmankam oýarmaly ekeniň-dä, Ogultäç bibim!–diýip, Tuwakgylyç allaniçigsi bolup turdy.
—Dessine oýarsam, ukyň kemlik edip, kelleagyry bolarsyň öýtdüm.
—Garaňkyda oturmaga gorkmadyňmy?
—Sen ýanymdakaň nämeden gorkaýyn?
—Saňa döneýin, Ogultäç bibim!–diýip, Tuwakgylyç aýalyna hoşamaýlyk bilen ýüzlendi. —Üşänsiňem sen?!
—Ýok-la, sowuk däl-ä –diýip, Ogultäç şelaýyn jogap berdi. —Indi ugraly!
—Hawa, ugraly, bibim, ugraly.
Ýola düşdüler. Aýsyz gijäniň goýry garaňkylygyny parran böwüsýän çyranyň alyslara düşýän yşygyna ünsli seredip oturan Ogultäç birdenem çasly seslendi:
—Saklan! Saklan!
Tuwakgylyç tormoz berdi. Ýoluň ortasynda duran çebşejik indi onuňam gözüne ildi.
Ogultäç maşyndan düşüp, ýiti şöhlä gözi gamaşyp aljyran çaga towşany eline aldy:
—Gorkupdyr görgülijik, ýüregi «tars-tars» urýar. Basmanymyz gowy boldy.
—Şony diýsene, bibim–diýip, Tuwakgylyç ylalaşdy.
Ogultäç çebşejigi ýol ýakasyna çykaryp goýberdi:
—Bar, başyň aman bolsun!
Oba aşýançalar wagt ýarygijä golaýlady.
Çagalary uklanam bolsa, öý eýeleri oýady.
—Köp eglendiler diýip, gaýgyňyzy edip otyrdyk–diýip, Hudaýguly myhmanlary gadyrly garşylady. —Til etsegem, öýüňize düşýär, telefonlaryňyzy galdyryp gaýdypsyňyz. Ýolda maşyn döwüldimi?
—Aý, ýok-la –diýip, Tuwakgylyç ýylgyrdy.–Ogultäç bibim bilen Narazym tokaýlygyna sowlup, biraz gezelenç etdik.
Howanyň güýzäni duýulýardy. Gije çigregi eginleri ýygyrdýardy.
—Ynha, kündüge mylaýym suw guýdum. Getiriň, eliňize akydyp bereýin–diýip, Sähragül däbe görä sarpa saklap, Ogultäje ýüzlendi.
—Kündügi maňa ber-de, sen çaý-naharyňy häzirle!–diýip, Hudaýguly aýalyny gyssady. —Myhmanlaryň elini men özüm ýuwduraryn.
Ondan öňürtiläp Tuwakgylyç kündügi garbap aldy:
—Ogultäç bibime suwy özüm akydaryn.
Ol soňra özüne mahsus dilewarlyk bilen sözüniň üstüne goşdy.
—Ýedi sany ogul dogrup beren aýalyň eline suw akydyp beräýseň bolar.
Hudaýguly Tuwakgylyjyň aýalyna edýän hoşamaýlygy babatda oýlandy. «Onuň bu bolşy suwjuklykmy ýa-da mylaýymlyk? Ýok, suwjuklyk, däl–mylaýymlyk. Sähragül bilen aramyza wagtal-wagtal sowuklyk aralaşmagy mylaýym däldigim üçindir. Bu zaluwatyň welin, dili hoşsözlüligi werziş edinipdir. Munuň çynymyka? Elbetde, çynydyr, bu edähedinde ýasamalyk duýlanok. Diýmek, aýalyny söýýär. Belli bir ýaşa ýetensoňam, söýgüsini ýitirmändir. Men näme söýemokmy? Menem-ä erbet göremok... Belki, gep häsiýetdedir? Men gedemräk, zoňtarrakdyryn?»
Hudaýguly Ogultäçdir Tuwakgylyjyň ýüzüne ýylgyryp seretdi:
—Siziň birek-birege sarpaňyza kesäňizden gözüm gidýär.
—Bu islendik maşgalada bolmaly adaty ýagdaý ahyryn, dogry dälmi, Ogultäç bibim?! –diýip, Tuwakgylyç aýalyna ýüzlendi.
—Hawa –diýip, elini ýuwup bolan Ogultäç baş atdy. –Men indi giç hem bolsa, öýe jaň edip sag-salamat aşanymyzy aýdaýyn.
—Şeýt, Ogultäç bibim–diýip, Tuwakgylyç ylalaşdy.
—Saňa öýkünip menem käte aýalyma «Sähragül bibim» diýip, ýüzlenýän welin, bir hili tagaşyksyz eşidilýär –diýip, Hudaýguly gürrüňini dowam etdirdi.
—Sebäbi sen aýalyňa tüýs ýürekden ýüzlenýän dälsiň –diýip, Tuwakgylyç hezil edip güldi. —Aýal maşgala şeýle ýüzlenmegi men döretmedim. Ata-babalarymyz döredipdir. Olaryň zenana sarpasy, gör, nähili belent bolupdyr! –diýip, delilini çintgedi. —Sebäbi, nesliň örňemegi, esasan, aýala bagly. Gadymy ýerlerde gazuw-agtaryş geçirenimizde, zenan Hudaýlaryň heýkellerine köp gabat gelýäris. Altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan, misden ýasalan heýkeller. Geçmişde aýala sygnypdyrlar, sežde edipdirler. Aýalyň sarpasy saklanmasa, aýal aýalmasa, milletiň göýdükleşip, çüpräp ýitip gitmegi mümkin diýip, şuňa düşünipdirler.
—Şeýle-de bolmaly –diýip, Hudaýguly dostunyň dilewarlygynyň öňki kaddyndadygyna hezil edindi.
—Adamy dünýä getirmek aňsatdyr öýtme. Göwrelilik döwrüniň bütin dowamynda «Sag-aman saplanarmykam, perzendim dokuzy düzüw doglarmyka?!» diýen gaýgy aýal görgüliniň ýadyndan çykýan däldir–diýip, Tuwakgylyç sözüniň üstüne goşdy. —Doglansoňam, çagany ulaltmakda iş bar...
—Sen bu zatlary kime düşündirmekçi bolýarsyň, maňa–lukmanamy? –diýip, Hudaýguly janykdy. —Hawa, seniň diýýänleriň dogry. Ýöne, beýle çylşyrymlaşdyrmak nämä gerek?! Dogurmak-bu aýal kişä tebigat tarapyn berlen adaty başarnyk. Gorkup – ýaýdanyp ýörmän dogrubermeli. Millete sam gerek. Ine, bolany.
—Aňsat edip goýaýýaň –diýip, Tuwakgylyç başyny ýaýkady.
—Eýsem näme...–diýip, Hudaýguly onuň sözüni böldi. —Sen gowusy maňa aýt, taplar niçik? –diýip, gürrüňiň äheňini üýtgetdi.
—Hiç neneň däl.
—Hany, ýör onda çaý-çörek edineli.
Öýe girdiler.
—Ömri uzak bolsun, naşyja gyzjagaz ekeni!–diýip, Ogultäç bigam uklap ýatan gyz bäbejigiň maňlaýyndan öpdi. —Menem üçünji oglumyzdan soň «Garran çagymda hemdem bolar ýaly, indi bir gyzymyz bolaýady» diýip, umyt etdim welin, her gezek oglumyz boldy.
—Entek umytdan düşme, Ogultäç bibim!–diýip, Tuwakgylyjyň jüpüne düşürip aýdan sözüne ýerli-ýerden gülüşdiler.
—Ýassyga tirsekle-de iýiber!––diýip, Hudaýguly Tuwakgylyja ýassyk oklady.
—Beýdip bolmaz, gyşaryp iýsem, saçak halamaz.
—Ýol ýadadandyr, uzak wagtlap rulda oturmak aňsat däl.
—Ogultäç bibim ýanymdaka heýem ýadarynmy.
Şeýle diýse-de, nahar-çaýdan soň ýatmak üçin düşege geçenlerinde Tuwakgylyç özüniň juda ýadandygyny duýdy. Ukynyň ygtyýaryna berlip barşyna sürüjilik ukybynyň hiç neneň däldigi, sag-aman aşandyklary, olaryň ömür puryjasyna düşen döwrüň asudalyk bilen dowam edýändigi, Ogultäç bibisi ikisiniň durmuşynda esasan gowy günleriň bolandygy barada oýlandy.
Ertesi edähedine görä, Tuwakgylyç ir oýandy. Özünde ýoluň argynlygyndan nam-nyşan galmandygyny, gaýtyp süňňüýeňillik, şähdiaçyklyk bardygyny duýup, ömür gorunyň entek bol-telkidigine begendi. Süýji ukuda ýatan aýalynyň ýyllaryň dowamynda gözüne siňen mährem keşbini synlady. Ondaky asudalykdan, nuranalykdan köňli bähre tapdy. «Arkaýyn ukla, Ogultäç bibim, bu gün seniň ir turmak aladaň ýok» diýip, ony oýarmazlyga çalşyp, aýaklarynyň ujuna usully basyp daş çykdy.
Öý eýeleri eýýäm aýak üstündedi. Hudaýguly öweç öldürip ýördi, Sähragül bolsa tamdyr başyndady. Ol ýerden ýaňy bişip barýan çöregiň hoş ysy bark urýardy. Bu teletutlugyň myhman söwüşlemek däbine eýerip, özleri üçin edilýändigine Tuwakgylyç monça boldy?
Howa ýelsiz, ýagyşsyz, asudady. Asmanyň gündogar etegi uly bir ot ýakylyp, ondan galan köz üýşmeginiň öwüşgini düşýän deýin gyzgylt öwsüp, daň atyp gelýärdi. Bu alamat gadyr-gymmatyny bilip ýaşamaly ýene-de bir gowy günüň boljagyny buşlaýardy.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 79 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Hemra Şir | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
2
1 Мango • 20:20, 25.01.2023
Ýaman uzyn bolupdyrlaý, edil Balkandan Lebaba giden ýaly….
Biraz ýadatdy….
avatar
1
2 Mekan • 23:17, 25.01.2023
...aýal aýalmasa...

Ýeser.

TV-iñ sargydy boýunça gysga film düşürmek üçin ýazylan ýaly. Birsydyrgyn. Şüdügärsiz.

Üçünji personaź (şeýtan):
- Balkanly biriniñ aýalyna "bibim" diýmesi näme? Olarda "bibim" diyip dädeleriniñ ayal doganyna aýdanoklarmy - diýip, okyjynyñ böwrüne hürsekledi.
Okyjy:
-yak, senem-ä, Serdar akga bilmän bir zat ýazýan däldir.
avatar
0
3 Bagabat • 08:35, 26.01.2023
Çymmyllyk:
-Ýeriň ýüzünde hemme zady "Serdar akga" diýilýän ýazýamyka?
Okyjy:
-Wiý-hä! Temaň tegine seretmändirinem. Awtory Hemra Şir eken-ä. O ýaňky diýilýän diňe, "okap göräýsinler" diýen pikir bilen göçürip goýandyr-ow.

Bibi - hormatlanylýan aýal maşgalaň adynyň yzyna tirkelip ulanylýan we sylag-sarpany aňladýan söz. Mysal üçin: Äşebibi, Patmabibi, Parawbibi.
Türkmen diliniň käbir şiwelerinde ejekä, aýal dogana, kakasynyň aýaldoganyna ýüzlenme.
avatar
1
4 Mekan • 15:23, 26.01.2023
Çyndanam tegi görmändirin. Sorry.

Indem tas Akmyrat Şir bilen garyşdyrýadym.

Serdar akgañky däldigine begendim
Nädip "hekaýany o diýen görmedim" diýsemkäm diýip pikirlendim. Soñam "borlaý" diýip ýokarkyny ýazdym. Hemra akga-da geçirer-dä.
avatar
1
5 Bagabat • 16:06, 26.01.2023
Iň gynançly ýerem ine şunda-da, @myhman! Zeýrenomok, estagpurulla! Hiç kim elimden çekip, süýräp ýazmaga mejbur etmedi. Özüm elim bilenjik keýpine başladym.
Ýöne ýüzlerçe zady yhlas edip ýazýaň, nesibäň çüwüp halkda galýanam 1-2 sanysy.
Stiks derýasyna - Unudyş derýasy (Река Забвения) diýýäler.
Bihuda zähmetiň şertli aňlatmasam Sizifiň zähmeti.
Ine şu-da.
Ýazyp başlamakaň, kelläňde ideýa şeýlebir ajaýyp bolup görünýär.
Ýazýarkaňam özüňe zor salyp ýazman, duýgyň gyjyklanyp ýazsaň ýazýanyň özüňe şeýlebir gowy görünýär. Soňundan okap görýäňem welin...
"Okan namazyň ürküzen gurbagaňa degmedik". Onda-da: "Äý... belki okyjy gowy garşylar" diýip, zähmetiňe dözmän, kime niýetlän bolsaň şoňa-da hödürleýäň.
Arada şu meselede bir zatjyk ýazypdym. Şu ýere şony goýaýyn-la.
Nämüçin?
Äý ýöne... "Isgenderiň şahy ba-a-r!" diýip guýa gygyran ýaly bir zat-da :-)

Matematiki hasaplamalary, elýeterli statistika bilen birlikde ulanyp, Google adamzadyň tutuş mälim taryhynyň dowamynda näçe kitap döredendigini (çap edendigini, ýasandygyny, ýazandygyny) anyklamaga çemeleşipdir. Hasaplamalaryň netijesinde tutuş mälim taryhynyň dowamynda adamzadyň - 129 864 880 kitap emele getirendigi hakynda netije çykypdyr (awt.: “emele getiren, döreden” diýýänimiň sebäbi, irki döwürler kitaplar çap edilmän ýasalypdyr, göçürilipdir, ýazylypdyr, daşyň ýüzüne oýulypdyr we ş.m.).
Ýene-de takmynan maglumatlara görä bütin dünýäde her günde takmynan 14 müňden gowrak kitap neşir edilýärmiş. Özem bu san elektron, audio we wideo kitaplary hasaba almanyňda şeýle.
Demografiýa ylmynda jemgyýetiň ýaşaýyş döwürleri, adatça 25-30 ýyllyk tapgyrlara, sosiologiýa ylmynda dürli awtorlar şeýle döwürleri 25-50 ýyllyk tapgyrlara bölýärler. Her tapgyrda-da Zemin saýýarasynda millionlarça awtorlar döredijiligiň dürli ugurlary boýunça millionlap kitap çykarýarlar. Şolardan 10-20 müň sanysy öz tapgyrynda belli bir derejede okalýar, azda-kände ýörgünli bolýar. Şol 10-20 müň kitapdan 100-200 sanysy jemgyýetiň ýaşaýşynyň indiki tapgyrynda ýaşaýan adamlaryň dykgatyna mynasyp bolýar. Diňe 10-20 sanysynyňam asyrlarda galmak bagty şowlaýar. Olardanam diňe 1-2 sanysy adamzadyň belli bir bölegi tarapyndan müňlerçe ýyllaň dowamynda belli bir derejede okalmaga mynasyp bolýar.
Mysal üçin: Gomeriň “Iliadasyny” hemmeler ýa köpler-ä diýjek däl, ýöne edebiýat bilen gyzyklanýan azlar-a degdi-gaçdam bolsa okandyrlar. Ýene-de birneme adam mekdepde onuň mazmuny bilen tanyş bolandyr. Galan esli topar bolsa, ondan-mundan Gomer we onuň eserleriniň atlaryny eşidendirler. Emma, kim antik döwürde meşhurlyk gazanan Eshili, Wergiliýni, Sofokly, Safony, Ýewripidi, Aristofany, Apuleýi, Owidiýi ýa-da meşhur rowaýaty skif (aşkuzy, asguz, hasoguz) şahyry Anahoreti bilýär?
Edil şonuň ýaly, “Kimi kylyp, kimi ýemelidigini dinozawr ekäň özi ýahşy biledi” diýlişi dek, megerem kimiň ýazanynyň halkyň aňynda galyp, kimiňkiň bolsa undulmagyň tozanyna hemişelik garyljakdygynam ýene-de owal-a Allatagala, soňam halk kesgitläýmese...
avatar
0
6 Mekan • 21:07, 26.01.2023
Bulam-bujar pikirlerimi garym-gatym edişdirip ýazaýyn.

Zemin saýýarasynyñ jemgyýetine ýarajak eser ýazmagy maksat edinmek gowy. Ýöne, häzirlikçe, diñe türki dille gepleýänem diýmäýin, diñe türkmençe gepleýänlere bir halajak eserini ýazýanmy diyip pikir etmelimikä diýýän.

Oñam diñe okaýanjalaryna. Olañ (google akgañ bu statistikadan habary ýok) näçe %-i okaýarka? Ana şojagaşşalaryñ göwnünden turjak eser ýazsañam - sen (bärdäki sen -siz däl, umumy) gowy ýazyjy.

Matematik hasap: bir jemgyýetiñ 0,07 %-i kitap okaýar diýip pikir edeli. Ýazylan eser olaryñ 70 %-niñ göwnünden tursa, şol jemgyýetiñ 100%-i okandaky halanjak prosentem kän tapawut bermezmikä diýýän.
avatar
0
7 Bagabat • 08:20, 27.01.2023
A-njy çymmyllyk

Bir gün Çymmyllyk sende ýok mende gygyrmaga başlady:
-A-a-a-a-a...
-“A” diýme!-diýip, oň al-petinden aldylar.
-Nämüçin?-diýip Çymmyllyk geňirgendi.
-Sebäbi sen: “A” diýeňde “A” diýeňok-da “A” diýýäň,-diýip gatyrgandylar.
Çymmyllyk iňkise gitdi.
“Bih...Dogrudanam nämüçin men: “A” diýenimde “A” diýemok-da, “A” diýýäkäm? Ýa men: “A” diýenimde “A” diýmän, “A” diýmegi başarmaýarmykam?!”.
“A bizem şony aýdýas-da!” diýip, onuň pikirine pikir bilen jogap berdiler: “Şoň üçinem indi mundan beýläk sen: “A” diýmekçi bolaňda hökman “A” diýeňde “A” diýginiň. “A” diýeniňde ýalňyş “A” diýmän, düzüwje “A” diýip bilmejek bolsaňam, iň gowusy “A” diýmezlikdir”...
avatar
0
8 Mekan • 10:53, 27.01.2023
Bir günem şo çymyllak "a" diýipdir.
Beýlekilerem "dogry aýdarsyñ, çymmyllak, hakykatdanam "a" diýipdirler.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202