20:04 "GSM" | |
Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda. Giripdir düýşüme mojuk bir ahwal: Bir äpet maşyn dur redaksiýada. Aşagynda bolsa – üç aýak stol. «Bu niçiksi nyşan?» Berdim men sowal. Diýdiler: «Goşgyny saýlaýan maşyn» Her anna gününde indiden beýläk Näçe goşgyň bolsa getirber, şahyr!» ...Ynha ýetip geldi arzyly anna. Şahyrlar üýşüpdir uludan-kiçä. Nobatyň bir ujy – maşynyň ýanna, Beýleki bir ujy – syganok köçä. Gara saçlymysyň, Ak saçlymysyň, Ýa-da saçlaryndan ýaňy çal sepen Şahyrlar asuda garaşyp durlar. (Bularam asuda boljaklar eken) Nobatyň ýetdimi – gapagy göter. Näçe goşgyň bolsa – içine okla. Çilimiň otla-da bäş minut garaş. Onsoň oklan zatlaň täleýi hakda Özüniň pikrin aýdyp dur maşyn. Birin saga zyňýar, birini çepe. Saga giden – düşýär hapa ýaşigne. Çepe giden – gidýär gös-göni çapa. Eýýäm bir dostumyň eli sandyrýar. Meniň bolsa eýýam sandyrýar beýnim. Sandyrap başlady ýene bir dostum – Ýaş dostum – wah, seňki nämedi, inim! Seniň, bar geljegiň öňüňde entek. Seniň maňlaýyňa ýazlypmy şygyr? Şahyrlyk bolmasa – ýene-de bir kär. Emma kyrk ýaşdan soň biz üçin agyr!... Gelip dur ýigitler. Gelip dur gyzlar. Barha uzap barýar nobatyň yzy. Hanha, ajap bir gyz belläp dur nobat. Tanyş ol: TDU-nyň student gyzy. Gözleri-de ajap, ýüzi-de ajap. Alkymna nur saçýar köýnegniň nagşy. Ýöne alyp gelen goşgulary hem Özi ýaly ajap bolaýsa ýagşy. Ýogsa bu maşynda sylag-hormat ýok. Ýigitmiň, perimiň – bolaý sen her kim Görküňe, boýuňa seredip däl-de, Şygryňa seredip kesýärdi höküm. Lenin baýragynyň laureatymyň, Pyragy baýragnyň laureatymyň, Halk şahyry diýen uly atlymyň, Ylymlaň doktory, kandidatymyň – Seniň kimdigiňe bakanokdy ol, Bolsa-da egniňde her niçiksi çin, Ol hyzmat edip dur çin üçin däl-de, Ýalňyz, ajap, uly Poeziýa üçin. Goşgynyň yzyndan oklanýar goşgy. Hordaň – saga gidýär, oňadyň – çepe. Çep tarapda – diňe bäş sany kagyz, Sag tarapda eýýäm – giden bir depe. Sandyrap başlady ýene bir dostum. A-how, töweregmiz gyz bile gelin. Birden sandyrýanyň duýaýmasynlar, Walla, kisäňe bir salsana eliň. Aýby ýok, gardaşym, şahyr bolmasak Goý, bolman geçeli. Ýöne weli biz Gyzlaň ýanynda bir beýdip durmaly. Edil polat ýaly bolsun elimiz... Men diýen şahyrlar ýaýkaşyp başyn, Gaýdyşyp barýarlar ýüzlerin sallap. Özlerem bilenok nirä barýanyn, Göýä polklaryndan azaşan soldat – Hersi öz polkuny gözläp barýardy. Ne gykylyk bardy, ne-de bir gybat... «GSM» işläp dur. Nobat ýöräp dur. Bir görsem ýetipdir Maňa-da nobat. «Geçiber, geçiber, geçiber uýam!» Nobatymy berdim yzdaky gelne. (Hormatlanym üçin şeýtdimmikäm men, Ýok, gorkanym üçin etdim men şeýle). Ol gitdi. Ýene-de nobatym ýetdi. «Geçiberiň!» diýdim yzdaky gyza. (Hormatlanym üçin şeýtdimmikäm men, Ýok, ýok, gaçjak bolup çekildim yza). Emma gyz hiläme düşünen eken. «Howlugamok» diýip, ýylgyrdy hötjet. Öz-özüme diýdim: «Bar, gaçdyňam sen, Ykbalyňdan gaçyp sen nirä gitjek?» Pedalyň üstüne aýagmy atdym Ryçagy çekdim. Açyldy gapak. Bir papka goşgyny içine atdym. Hopugyp oýandym... Akmak men, akmak! Şo mahal oýanmak nämäňe gerek – Ýene bir minutjyk ýataýan bolsaň, Seniňem kimdigiň belli bolardy, Belki, çyrşamaňy goýardyň onsoň. © Kerim GURBANNEPESOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |