22:22 Gülki. 21-nji onluk | |
GÜLKI. 21-nji ONLUK Ýer ýüzünde iň uly dartyş güýji, sagat 7-däki ýassyk. *** Ir bilen serasap hereket etmeli. Bir ýalňyş hereket we sen ýene ýatyrsyň. *** Kiçi wagtym pikir edýärdim, 09:00-dan 18:00-a çenli işlärin, işden soň dostlarym bilen klublara gidip keýp ederin. Ýaş ekenim, gaty ynanjaň bolupdyryn. *** Wagt diýseň çalt geçýäraý, gözümi açanym ýaňy welin, eýýam işe gije galýan. *** Nahar! Meni semretme ýa-da beýle tagamly görünmegiňi bes et! *** Käwagt şeýle bolýar, işde otyrsyň, otyrsyň, "Bäh, nireden pul gazanyp bolarka" diýýäň. *** Ependi-den ýaşyny sorapdyrlar, olam: "Elli" – diýip jogap berýär. On ýyl geçensoň ýene sorasalar: "Elli" – diýip jogap berýär. Oňa, "On ýyl mundan öňem elli diýipdiň" – diýseler, Ependi gaharlanyp: "Erkek diýeniň bir sözli bolmaly how" – diýýär. *** Iki kör bir kilogram erik satyn alyp, bir ýerde otyryp iýmäne başlapdyrlar. Biri beýlekisine: -Eý, Pylany, näme üçin iki-ikiden iýýäň? - diýip ýüzlenipdir. Beýlekisi bolsa: -Ýok how, ýekejeden iýýän. Nireden tapdyň-aý iki-ikiden iýýäňi? - diýip özünden sorapdyr. Ol bolsa: -Hä, şeý diýsene, men iki-ikiden iýýändä, onsoň sen hem şeýle edýäňmikäň öýtdim - diýenmiş. *** Üç ýaşlyja Aýperijik ejesinden soraýa: - Eje, şokolad iýjekmi? -Hawa. -Bar getir... *** – Lukman inim, gözlerim kütelişipdir, uzakdan gelýäni ýanyma gelýänçä saýgaramok. – Näme ýanyňa gelýänçä ýüregiň ýarylyp barýarmy? Toplan: @ATSYZATLY | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |