Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:20
Gülki. 24-nji onluk

GÜLKI. 24-nji ONLUK

Salam eje, gowumy ýagdaýlaryň? Menem gowy, hudaýa şükür. Bize täze iki metr çuňlukda basseýin gurup berdiler. Biz oňa her gün hezil edip, böküp oýnaýas. Lukmanymyz akylly bolsak içini suwdan dolduryp berjegini hem aýdýar.
(Dälihanadan gelen hat).

***

Robinzon Kruzo adam aýagy sekmedik adadan dolanyp gelende kellesinde ýekeje pikir bar eken, olam: "Esasy zat aýalym ynansa bolýar".

***

Gaýyn ene gelniniň otagyna girip, telewizoryň üstüni barmak bilen syryp, barmakdaky tozany gelnine görkezip:
- Bilýärmiň, şular ýaly ýagdaý üçin nähili nakyl bar?
Gelinem kän pikirlenmän:
- Doňuz islendik ýerdenem hapa tapar.

***

Düýn ejemiň ýanynda köpüräk oturdym. Ejem: "Näme internediň işlänokmy?" - diýdi. Şu bara, ejemjan maňa gowy düşünýär.

***

Aý, şu äpet-äpet dinozawrlaryň möwrüti ötdi, emma, "Ejeň oglumy, kakaň ogly?" diýip, soraýanlaryňky ötmedi.

***

Iki sany daýza skameýkada gep etmän otyran eken.

* * *

Häzirki zaman aýdymyndan:
- Söýgülim Gülbahar, adyň näme..?

* * *

Ýarygije serhoş polisiýa jaň edýär:
- Bärde müňdenem gowrak ölüp ýatan adam bar.
Polisiýa işgäri:
- Siz nirede, çaltyrak adresiňizi aýdyň!
Serhoş:
- Şäheriň çetindäki gonamçylykda.

* * *

- Öwlüýädäki welisopedi ogurlamak nireden kelläňe geldi?
- Men oň eýesi ölendir öýtdüm.

* * *

Men Şregiň logikasyna düşündim, esasy zat özüň ýaly gorkunjyny tapmaly!

Toplan: @ATSYZATLY

Surat: Litwaly çagalar ýazyjysy Gerta Burbe-niň çeken karikaturasy.
Görülen: 72 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 20:23, 09.12.2023
şü Gerta genjä göwnüm ýetiberip du.
ýaňlyşmasam şoň özem suratçam däl bolmaly.
avatar
0
2 Atsyzatly • 20:30, 09.12.2023
Beh, münberden gürleýände, aşakdaky diňleýänlere garaňda dörtburç ramkaly pikirler kän eken.
avatar
0
3 Мango • 20:59, 09.12.2023
o münberde gepleýän inedördül lider hemmeleri inedördüle öwürdi. ýöne kitaba güýmenen inedördüle öwrülmedi. onda figura kän.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202