Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:37
Gündeligimdäki ýañramalar

GÜNDELIGIMDÄKI ÝAŇRAMALAR

Maña gynansynlar diýmedim, maña dogry düşünsinler diýdim emma, Alla şükür maña ýalñyş düşünenler meni ýalñyz goýmady...

***

Zorluga düşen wagty, ynsanda iki ýol galar eken:
Birinjisi mert bolmak.
Ikinjisi ejizläp özüni pida etmek.
Men üçinji bir ýolda.

***

Bir sekundyñ içinde söýüp bilen bolsam, bir sekundyñ içinde ýigrenmegim hem ähtimal...

***

Meniñ ýalñyşlarym maña köp ýerde sapak boldy, köp ýerde bolsa iññe...

***

Wyždan oýanýar, ynsap oýanýar - ynsan oýanýar...

***

Geljegimde täzelik soramañ!,
Hiç bir arzuwymdan el çekmen.
****************
Bagtly bolmagy özüñe rowa görmeseñ, bagt neýlesin.
******************
Kimleriñ ertirine zelel bermezlik üçin düýninde galsam, munuñam bir zeleldigine ertir düşünermikäm?!.
*****************
Hiçkime söz bermedim, çünki mende birine berer ýaly artykmaç sözüm ýok.
******************
,,Sen özüñe ynan!" Diýýärsiñ, haçanam bolsa birwagt güneşiñ toprakdan dogjagyna ynanaýynmy?!.
*******************
Iliñ gözi üçin däl, öz gözüm üçin dogry bolmak isleýän.
*******************
,,Meniñ dostum köp, asla duşmanym ýok" diýsem ynanmarsyñyz...
*******************
Ynsan aklynyñ ýetmedik ýerinde dymybam akylly görnüp bilerdi, ol onuñ akmaklygyny añladanok...

© Baýram BEJIDOW
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 70 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 garagar • 23:33, 23.01.2024
Gowy ýaňrapsyň)
Şu has jaý geldi:

"Meniñ ýalñyşlarym maña köp ýerde sapak boldy, köp ýerde bolsa iññe..."
avatar
0
2 Мango • 23:51, 23.01.2024
Zorluga düşen wagty, ynsanda iki ýol galar eken:
Birinjisi mert bolmak.
Ikinjisi ejizläp özüni pida etmek.
Men üçinji bir ýolda.

:-) diýmek mert hem bolup bileňok ejizläbem...
"üçünji ýol..." bir meşhur syýasatçyň sözlerini ýada saldy...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202