01:46 Gürlemezden ozal oýlan | |
Jana tenekar, güneşli günleriň biridi. Demirýol menzilindäki adamlar otlynyň gelerine garaşyp, gaýda-gaýmalaşyk bolup ýördüler. Olaryň içinde ýaş ýigitleriň – dostlaryň şadyýan sesleri aýratyn saýlanýardy. Otlynyň gelýändigi habar berlenden soň, oňa münjekler taýýarlyk görüp başladylar. Dostlar otlynyň gelenine mähetdel, hemmelerden öň diýen ýaly uly şowhun bilen otla münüp, öz orunlaryny eýelediler. Otly ýaňja ýöräp başlady welin, bir gartaşan adam bilen on dört-on bäş ýaşlaryndaky ýetginjek aýagaldygyna ylgaşlap otla mündüler. Olar dostlaryň ýanyndaky boş ýerlere geçip ornaşykly oturdylar. Ýetginjek her bir zada haýran galmak bilen seredýärdi. Ol otlynyň içine öwrenişenden soň, kakasyna ýüzlendi: “Kaka, otly ýöräp başlady we biziň yzymyzda galan zatlar hem ýöräp başlady”. Kakasy ýylgyryp, oglunyň başyny sypady. Otly öz hereketini çaltlaşdyranda bolsa: “Kaka, ýaşyl agaçlar biziň yzymyzdan ylgaýar” diýip, tolgunyp seslendi. Kakasy: “Hawa, gadyrdanym” diýip ýylgyrdy. Ýetginjegiň çagajyk ýaly ähli zada uly täsin galma bilen seredýändigini onuň sesinden hem bilmek bolýardy. Otlynyň içindäki miwe satyjy bularyň deňine ýetende ogly: “Meniň alma iýesim gelýär” diýdi. Kakasy oňa alma satyn alyp berdi. Ýetginjek: “Beý-bä, almalar tagamyndan has ajap görünýär” diýdi. Hälki dostlar bolup geçýän ähli hereketlere gülümsireme bilen seredip otyrdylar. Ýetginjegiň kakasyndan: “Siziň ogluňyzyň saglygynda mesele barmy? Näme üçin özüni beýle alyp barýar?” diýip sowal beren ýigit we onuň dostlary gülüşdiler. “Bagyşlaweriň, siziň ogluňyz sag däl ýaly”. Ýetginjegiň kakasy agraslyk bilen jogap berdi: “Oglum kör bolup dünýä indi. Sanalgyja gün mundan öň onuň gözlerini bejertdik. Şonuň üçinem ol bu synlaýan zatlarynyň ählisini ömründe birinji gezek görýär”. Dostlaryň sesine suw sepilen ýaly boldy. Olar ýetginjekden we onuň kakasyndan ötünç soradylar. Hawa, gürlemezden ozal oýlan! Iňlis dilinden terjime eden: © Ogulsuraý MEDEDOWA, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |