Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:55
Güýzügen heser

“Näzik hesretiňe dözülmedimi?!”
Italmaz Akmyradow


Saňa ýetsin diýip yşkymyň saly,
Burgunlarda güzap görülmedimi?!
Ýusubyň al ganly köýnegi ýaly,
Ýüregim ýoluňa serilmedimi?!

Enemiň çöregne meňzeş elleriň,
Üzümiň suwundan şirin lebleriň,
Umydymy saçbag eden telleriň
Meniň nesibäme berilmedimi?!

Däli ýazda bulut bolup oýnadym,
Orruk tomus jöwza bolup gaýnadym,
Gamly güýzde ýapraklar deý saýradym,
Çillelerde döşüm gerilmedimi?!

Geçip dünýäň azygyndan, aşyndan,
Garabaşym gurban aýdyp başyňdan,
Täret alyp gözden akan ýaşymdan,
Huzuryňda seždä durulmadymy?!

Ganymdan syzdyryp çöllere guýduň
Ejemiň hor-homsy emdiren süýdün.
Bäş günlük ýalançyň tegelek dördün
Ah bilen ötürip ýörülmedimi?!

04:32, 17.07.2024ý.
Mary / Türkmenistan


© Taýmaz SEÝIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 129 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Taýmaz Seýidow | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
1
1 Medicall • 12:07, 17.07.2024
Anaa, Taýmaz doganym barikena meñ, sagboluñ Pegas, Taýmazbaba bilen habarlaşyp bilsrñiz köp dogayy salamymyzy ýetiriñ we Edebiýat Kafesiniñ gapysynyñ açykdygyny, uly hormatynyñ bardygyny ýetirseñiz minnetdar bolardyk))
avatar
1
2 Мango • 12:13, 17.07.2024
Ýusubyň al ganly köýnegi ýaly,
Ýüregim ýoluňa serilmedimi?!

Ýusubyň köýnegi - owadan deňeşdirme, ýöne "ýoluna serilen ýürek" bilen nähil bag gurmaly?
Ýusubyň ganly köýneginde esasan jenaýat ýatyr.
goşgudaky ýüregiň ýola serilmeginde jenaýat ýokdur-a...
ýa diňe jebir-jepasyny deňejek boldumyka....

---
Täret alyp gözden akan ýaşymdan,
Huzuryňda seždä durulmadymy?!

bu setirleri halabam bilmedim, kabul edibem, göz öňüne-de getirerism gelenok...
---
"çöllere guýulan ene süýdem" birtüslije eşdilýär....
avatar
1
3 Medicall • 12:16, 17.07.2024
Öz-a goşgy-da täpbe täzeje eken, özem Türkmenistanda ýazylan eken, diymek golaý bir yerlerde özem bolaymaly Taýmaz babañ:)

Garaşýandyrys Taýmaz dogan!
avatar
1
4 Pegas • 16:36, 17.07.2024
Nurdan ýeňňe, aýtdym. Özüňize-de köp dogaýy salam gönderdi.:)
avatar
1
5 Medicall • 17:04, 17.07.2024
"Bize şu bolşumyzam erbet dädeyt, Taýmaz baba" diyya diya diýaý Pegas, jigim:)

Pegas, "ýuwaş gelin" de Janmämmetmi oglan jigisi:)))
avatar
1
6 Pegas • 17:08, 17.07.2024
Janmyrat. :D
avatar
2
7 sussupessimist • 18:04, 17.07.2024
Täret alyp gözden akan ýaşymdan,
Huzuryňda seždä durulmadymy?!


Gaýtam original şu setir, Mango dost. Göz öňüne getirip gör sen! Ýöne gözüňi ýumup, göz öňüne getir.
avatar
1
8 Мango • 18:14, 17.07.2024
7-ä.
ýok. maňa gören zadyňa sežde et diýme...
avatar
1
9 sussupessimist • 11:35, 18.07.2024
Sežde et diýemok-how, sežde edişini göz öňüne getir diýýän))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203