Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:41
Deleted
Deleted
Görülen: 56 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Medicall • 10:17, 28.03.2023
Birinjiňki "gorkana goşa görüner" bolupdyr.

Ikinji oýlandyrdy, hem üýşendirdi, dördünjini itip ylgamaga kömekleşen "ynsmy ýa jynsmy" -ka. Ölmejege sebäp bolaýmasa. ýogsa sowukda daňa çenli ylgamaga güýjem gerekdir.
avatar
1
2 Medicall • 21:30, 28.03.2023
Zaýalanan fotolentadaky gyzyň suratyny kim cekdika?! tokaýda bir özüň aýlanyp ýörseň ondan gowulyga garaşdyňmy diýsene(: entägem diňe suratyny çekipdir(:
avatar
1
3 Мango • 06:54, 29.03.2023
aýratynam "sagat", "uýa", "ak lybaslylar"-y haladym.
terjimana minnetdar.
avatar
1
4 Medicall • 07:59, 29.03.2023
Düýn her elim boşanrak wagty gelip bir hekaýajygy okap otyrdym. Gije 24-den soñ perişdäniñ heýkelini okamarynmy, iş otagda-da bir özüm, penjire tarapa seret-da onsoñ seredip bilseñ.. okada onsoñ beýlekileri okap bilseñ..
avatar
0
5 Bagabat • 09:21, 29.03.2023
Aýjyn hüjüm etse...

Iki sany ýigit gök ekin ekmek üçin kärendesine ýer aldylar. Giden meýdanyň gapdalynda-da ir döwürlerde gurlan kerpiçden iki otagly meýdan düşelgesi bar. Günbatar tarapynda-da soňky ýigrimi ýyl bäri adam jaýlanmasy bes edilen, köne mazarystanlyk ýatyr.
Gündiz, ekin meýdanlaryna suw açdyrmak aladasy bilen suw paýlaýjy desganyň nobatçy işgärleriniň ýanyna baranlarynda-da olar, ekin ýerlerine goňşulykdaky gonamçylyk barada biri-birinden mojuk, köp-köp eýmenç wakalary eşitdiler.
Del söhbetdeş küýsäp giden suwçylar, iki dosta, ol gabrystanlykda gijelikde ýiten adamlaryň atlarynam birme-bir sanap berdiler. Ol ýerlerde eýýäm takmynan ýüz ýyldanam gowrak wagt bäri saçam gyzyl, gözem al, tenem gülgüne aýylganç aýjynyň olja agtaryp, ser-sepil gezýändiginem ilgeziklik bilen habar bermäge ýetişdiler.
Garaz, gije ýatanlarynda iki ýigit, elektrik togy ýokdugy zerarly tüm-garaňkylyga beslenen jaýda, gapyny içinden temmelänleri bilenem oňman, oňa pillerinem mäkäm diräp ýatdylar.
“Gurt agzasaň gurt geler” diýleni, gözlerini howatyrly tegeläp ýatyşlary ýalam, ýarygijeden agyberende jaýyň öňünde bir gorkunç, iniňi tikeneklediji “hossuldy” eşidildi. Soňam nähilidir bir läheň göwre gazap bilen olaryň ýatan jaýynyň gapysyna gazap bilen süsňäp başlady welin, iki dost birek-birekdenem, bu ýalançydanam ellibizar, bela-beterden janlaryny gutarmagy dilemeg-ä beýle-de dursun, aýjynyň elinden azap-hunaba ýuwutman, duranja ýerlerinde takga janlary çykyp ölüp bilseler armanlary ýok, äňlerine ýelmeşen dillerine erk etmäge ýagdaýlary bolman, jaýyň iň alys künjüne dykylyp, busuryldylar oturyberdiler.
Kän wagt geçmänem, köne düşelgäniň çalamydar gapysyna gürpe-gürpe urulýan agyr göwräniň zarbyna, işik pytrady-da, onuň aňyrsyndan suwçylaryň daňysyndan boşan adamçy öküziniň şahlary somalyşyp duran kellesi göründi.
Hemişe-de gazygydyndan boşadygy öň boş ýatan şu düşelgä gelip, içinde ýatmaga endik eden janawer öz gaçybatalgasyny eýelän, biri-biriniň içine giräýjek bolup galpyldap oturan iki sany pyýada gözlerini mölertdi-de: “Mo-o-o!!!” edip, uzyndan-uzyn, nägile molap goýberdi...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203