Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:42
Gyzynyň eli...
GYZYNYŇ ELI...

Kahramanmaraşda bir kaka howanyň sowukdygyna garamazdan, ýer titremesi zerarly dünýesini täzelän 15 ýaşly gyzynyň elini goýbermedi. Perzendine bolan çäksiz söýgini suratlandyrýan kyblanyň bu keşbi dünýä habarlar gulluklarynyň habarçylaryny biparh goýmady.
«AFP» habarlar gullugynyň žurnalisti Adem Altan söz bilen beýan edip bolmajak şekili surata geçirdi. «NTV haber» habarlar gullugy bu barada habar ýaýratdy.
Suratdaky kaka Mesut Hanjer Kahramanmaraşdaky ýer titremesinde wepat bolan 15 ýaşly gyzy Irmagyň elinden tutýar. Bagyr awusyny duýýan kaka ýer titremesiniň ilkinji gününden bäri gyzynyň ellerini goýbermezden gyzynyň harabadan çykarylmagyna garaşýar. Kakasynyň bir pursat hem gyzynyň elini goýbermändigi habarda mälim edilýär.

Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/dunya/others/yer-titremesinde-aradan-cykan-gyzynyn-elini-goyberip-bilmedi-4784cd. 10.02.2023ý.
Bölümler: "Jahanda näler görüner" | Görülen: 81 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Bagabat • 08:50, 10.02.2023
Uruş gutardy, diri galanlar watanyna gaýdyp geldiler,
adamlaryň ýüreginde sähelçe şatlyk döräp başlady. Emma uzak bolmady, Taňrym türkmen
halkyny ýene bir synagdan geçirdi,1948-nji ýylyň 6-njy oktýabry gijesi Aşgabatda ýer titräp, owadan şäherimiz bir gijede weýran boldy. Paýtagtymyzda ýaşaýan 198 müň
adamdan 176 müň adam bir gijede şehit boldular, galanlarynyň köpüsi maýyp-müjrüp galdylar... ol heläkçilik biziňem maşgalamyza degdi, ilki agşam ýatanymyzda dört başdyk, 33 ýaşly mähriban ejem, 10 ýaşly uluja doganym Nyýazmyrat, 6 ýaşly jigijigim Muhammetmyrat, şol gije şehit boldular, ertir daň atanda ýykylan öýümiziň
üstünde, entek sekiz ýaşy dolmadyk men otyrdym. şeýdip, alty gije-gündiz ýeke özüm oturdym, ejemiň, kakamyň garyndaşlary ýedinji gün gelip ölen käbämi, doganjyklarymy äkidip Ymam-Kasym öwlüýäsinde jaýladylar.
şol alty gije-gündizde çagalyk döwrümiň gutaranyny bildim, gözümdäki ýaşlar ebedilik gurady...

Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama.
avatar
0
2 Bagabat • 08:51, 10.02.2023
Ýer titräp (1948-nji ýylda), ýatan jaýynyň potology durşy bilеn aşak gaçsa-da öz krowatyna dirеnip, gudrat bilеn aman galan, şol wagtlar rеspublikanyň ýaşlar gazеti «Ýaş kommunistiň» rеdaktory, soňra Türkmеnistanyň halk ýazyjysy Ata Atajanow ol agyr güni şеýle ýatlady: «Daň atyp jahan ýagtyldy wеlin, görsеk şäher ýok. Ölmän diri galanlar üýşüp ot ýakynýarlar.
Kimsi kеsеklеriň aşagyndan eşidilýän iňňildä tarap ylgaşlap barýar., kimsi bir ýеri döwlüp maýyp bolan garryny tutup dur, kimsi eýýäm gatap galan mеýdi maşyna ýüklеjek bolup dur. Adamlar biri-birinе kömеk edýärlеr.
Tеlеfon, tеlеgraf işlänok. Poýеzd ýöränok. Daşky dünýä bilеn ähli aragatnaşyk kеsilipdir…».
avatar
0
3 Medicall • 09:27, 10.02.2023
Ýürekleri sarsdyran elhenç, aýlyganç hadysalar.. gidenlere ak iman bersin, galanlara giňlik, sabyr, saglyk bersin. indi bir gaýtalanmasyn, dünýä abat dursun, görüner görünmez apatlardan Adamzat kowmuny, janly-jemendesini gorasyn Ýaradan..
avatar
0
4 Балканов • 18:45, 20.04.2024
Ol bigünä gyzyň jaýy Jennetde bolsun!
Eý, Allahym, indi beri bendeleriňi agyr sütemlerden Özüň gora!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203