Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:50
Hakyky mugallym döwlet hazynasydyr
HAKYKY MUGALLYM DÖWLET HAZYNASYDYR

1. Sapagy käýinçden, igençden başlamaň. Bir okuwça käýinseňiz, ol beýlekileriň keýpine ýaramaz täsir eder. Soň näçe jan çekseňiz-de, täze sapak maksadyna ýetmez. Sapagy keýpli başlamaga çalşyň. Bu klasda işjeňligi, gyzyklylygy üpjün eder. Eger bir okuwçynyň tertibi bilen bagly gürrüňleşmek zerurlygy ýüze çykan bolsa, ony sapagyň soňunda berjaý ediň.

2. Okuwça gahar edip, sesiňize bat bermäň. “Gahar-gazap” diýlendir. Ol seniň pedagogik mümkinçiligiň tamamlananlygynyň görkezijisidir.

3. Birmeňzeş sapaklardan ägä boluň. Ol okuwçyny bezikdirer. Sapaklaryň her biriniň özboluşly bolup, okuwçynyň şatlygyna öwrülmegini gazanmaga çalşyň. Munuň üçin dürli usullary gözläň. Könelerimiziň “Her gülüň bir ysy bar” diýen pähimine üns beriň. Bäsdeşlik, oýun esasynda guralan sapaklar çagalary hiç wagt biparh goýmaýar.

4. Sapaklardaky öwüt-ündewleriňiz bilen öz hereketleriňiz hemişe deň gelsin. Ýogsa, “okan namazyň ürküzen gurbagaňa degenok” diýleni bolar. Beýik Magtymgulynyň “Magtymguly, ilki özüň düzetgil, özüňi sen özgelere göz etgil” diýmesi ýöne ýerden däldir.

5. Ähli okuwça bir göz bilen garamaga çalşyň. Çaga kalbynyň adalatlylygyň çelgisidigini her wagt ýadyňyzda saklaň.

6. Okuwçylaryň başyny sypalamagy endik ediniň. Bu hereket mugallym bilen çaganyň arasynda mähirli gatnaşygy döretmekden ötri, çaga psihologiýasyna oňaýly täsir edýär.

7. Hiç wagt okuwçydan kine saklamaň. Kineçil adam mugallym bolup bilmez.

8. Akyldarlar haýsy-da bolsa bir taraplaýyn zehinsiz çaganyň bolmaýanlygyny aýdýarlar. Eger şol çaganyň zehini ýüze çykmaýan bolsa, onda mugallymyň özünde zehin ýetmezçilik edýändir.

9. Okuwçylardan şugulçy (çawuş) tutunmaň, döwlen ýa zaýalanan mekdep inwentarynyň günäkärini ýüze çykarmak üçin, olardan ýoldaşyny aýtmagyny talap etmäň. Çünki bu ýagdaý soň endige öwrülip, çagada şugulçylyk, adam ýamanlamak gylyklary emele getirer. Bu babatda okuwçylarda ýalňyşlaryny mertlerçe boýun almak häsiýeti terbiýeläň.

10. Okuwçylara talabediji we geçirimli, özüňize talabediji hem geçirimsiz boluň.

11. Mugallym käri döredijiligi talap edýär. Ol hemişe gözlegde bolmalydyr. “Deňdeş agzalaryň” sadadan düşnükli kesgitlemesini tapmak üçin alty aý kösendim. Ahyrynda-da Marynyň demir ýol wokzalynda otla garaşyp otyrkam, şol gymmatly pikiri tapmak miýesser etdi.

12. Mugallym ol ýa-da beýleki ideýa babatda okuwçylaryň özi bilen gutulgysyz ylalaşmagyny gazanjak bolup jan çekmeli däldir. Gaýta dürlüçe pikirlenýän okuwçylary höweslendirmelidir. Çünki jemgyýeti ösdürmek üçin gullar däl-de, eýsem, oýlanýan, agtarýan, tapýan döredijiler gerek.

13. Käbiri okuwçylary sapakda hemişe juda ümsüm oturtjak bolup azara galýar. Özüm-ä sus geçýän sapakdan şowhunly, janly sapaklary ýüz mertebe gowy görýärin. Ýogsa-da, “oglanly öý bazar” diýlipdir ahyry.

14. Mugallymlaryň arasynda çaganyň ata-enesini kemsidýänleri-de käte duşaýýar. Ata-ene çaganyň Kyblasydyr, Käbesidir. Mukaddeslige dil ýetiren mugallym çaganyň iň bir ýaramaz görýänine, ganymyna öwrülýär.

15. Klas - maşgala, mugallym bolsa maşgalabaşydyr. Her bir maşgala agzasynyň biri-biriniň ynamyny, duýgudaşlygyny, goldawyny duýup durmagy üçin maşgalabaşynyň tagallasy zerur.

16. Agzy bir bolan kollektiwiň bar ýerinde çözülmejek düwün, böwsülmejek böwet, alynmajak “gala” bolmaz.

17. Hakyky mugallym gündelik işiniň bütin dowamynda ýadawlygy duýmaýar. Ol öz argynlygyny diňe iş gününiň ahyrynda duýup galýar.

18. Okuwçylaryň käbirinde göwnüçökgünlik güýjüne ynam etmezlik ýaly häsiýetler bolýar. Mugallym şeýle okuwçylaryň her birine göwnüçökgünlik hem ynamsyzlyk gulpunyň jadyly altyn açarjygyny bermelidir.

19. Okuwçylara maksatly ýaşamagy öwretmekden ötri, mugallymyň özi maksatly ýaşamaklygy endik edinmeli.

20. Mugallymyň berýän aň-bilimi çaganyň bütin durmuş ýoluny ýagtylandyrmaga ýetmelidir.

21. Käbir mugallym okuwçylardan diňe bir günlük öňde barýar. Şu gün temany mugallym okap öwrenýär. Ertir-de okuwçy. Ýaltalyk hem mugallymçylyk bir ýerde ýaşap bilmez.

22. Çaga “nadan” diýýän terbiýeçiniň özi şol derejä degişlidir. Ýogsa-da, Magtymguly atamyz “Kişini kemsideniň özi näkesdir” diýmänmi näme!?

23. “Başarmarsyň, bilmersiň” diýen sözler mugallymyň diline alynmaly däldir. Mugallym hemişe okuwçynyň göwnüni götermäge çalyşmalydyr. Göwni galkyjaklaýan çaganyň bolsa bitirmejek işi, ýetmejek menzili bolmaz.

24. Mugallym hatda okadyp ýören okuwçysyndan hem öwrenmelidir.

25. Muhammet pygamberiň sözleri bilen aýtsak, “Tä gabra çenli okamaly ynsanyň” öňbaşçysy mugallym bolmalydyr.

26. Eli kitaply mugallymyň okuwça eli boş mugallymdan eziz görünýändigini unutmaň.

27. Eger-de ýürekden söýülmegiňizi isleýän bolsaňyz, onda özüňiziň-de çagalary şeýle derejede söýmegiňiz gerek.

28. Çaga hiç haçan agyr söz aýtmaň. Olaryň kalby aýna mysalydyr. Aýna bolsa seýik tutmaýar.

29. Çaga uly adamlar kibi garaň. Çünki oglansyradylýandygyny aňan çaga özüni kemsidilýän hasaplaýar.

30. Okuwçylar size syr ynanýarlarmy, diýmek, siz olaryň hakyky halypasysyňyz.

31. Aýratyn bir okuwçyny dost tutunmaň. Munuň özi beýlekileriň size bolan ynamynyň synmagyna getirip biler.

32. Watana, il-güne bolan söýginiň gory maşgalada tutulýar. Ol gory tükeniksizlige öwürmekde mugallymlara kän hyzmat degişlidir.

33. Özüňizde ýaramaz endikleriň bardygyny aňan halatyňyzda olardan saplanmaga çalşyň. Ýaramaz hereketleriň ýokanç kesel ýaly çagalara ýokaşýandygyny ýatda saklaň.

34. Bihuda geçen wagty yza dolap bolmaýandygyny, günüň her bir minutyny peýdaly işlere sarp etmelidigini çagalara düşündiriň. Bu jähtden bir minutlyk dymyşlyk yglan ediň. Munuň örän köp wagtdygy onuň dowamynda kän işleri amal edip boljakdygy şonda aýan bolar.

35. Çagalarda başlan işlerini ahyryna çenli bitirmek endiklerini terbiýeläň. Goý, “Gyssanan iki işlär”, “Ýedi ölçe-de, bir kes” diýen halk nakyllary olara hemişe nusga bolsun.

36. Okuwçylaryňyzda her bir meseläni sowukganly, pähim-päýhasly çözmek häsiýetlerini terbiýeläň. Goý, “Gyssanan iki işlär”, “Ýedi ölçe-de, bir kes” diýen halk nakyllary olara hemişe nusga bolsun.

37. Mugallym bilen okuwçynyň arasynda “perde” bolup-da, bolman-da biler. Gep mugallymyň şol “perdäniň” tutulmaly ýa-da serpilmeli wagtyny takyk anyklamagyndadyr.

38. Mugallym okuwçynyň halyny gözünden okamalydyr.

39. Okuwçynyň taýýarlyksyz gelenini bilip, ondan soramak dogry däldir. Şu ýagdaýda onuň bilen göz arkaly sözleşilip ýa-da beýleki çagalara bildirmezden, taýýarlyksyz gelmeginiň gowy däldigi aýdylyp, indiki sapaga çenli puryja berilmelidir. Beýle edilmegi onuň aýbyny duýup, tijenmegine ýardam eder.

40. Mugallym temany düşündirende, ähli okuwçynyň ünsüni sapaga gönükdirmegi başarmalydyr. Eger sapagy diňlemeýän bar bolsa, siz iň bolmanda, şu pursatda, onuň mugallymy dälsiňiz.

41. Sapak wagty diňlemeýäniň adyny tutup käýinmäň. Munuň özi beýlekileriň ünsüni sowup, sapagyň yzygiderliligini bozar. Iň gowusy, şol okuwça tarap ýuwaşja ýöräp, temany düşündirmegiňizi dowam ediberiň. Ol duýan ýagdaýynda, ýene yza dolanyp bilersiňiz. Duýmadyk mahalynda bolsa, şonuň deňine baryp, başyny sypap gaýdyberiň. Dil sapaklarynda onuň adyny sözlem içinde öwüp getirseňiz-de ýerine düşer: (“Aman tertipli okuwçy”, “Juma sapagy ünsli diňleýär”...).

42. Dünýäde iň hormatly, iň jogapkärli hünär mugallymçylykdyr. Ata-eneler-de, Watan-da öz ertirki ykballaryny mugallyma ynanýarlar. Bu beýik Ynanja ikilik etmek bolsa haýynlyga barabardyr.

43. Mekdebi, mugallymy sylamadyk, söýmedik jemgyýetiň soňy puçdur.

44. Mekdep çagalaryň höwürtgesidir. Ol höwürtgäniň abadanlygy hakyndaky alada Watanyň ertiri hakdaky aladadyr.

45. Mugallym mekdebiň “ody bilen girip, küli bilen çykmaly” adamdyr.

46. Kollektiwden üzňeleşmek, oturan şahaňy kesmek bilen barabardyr.

47. Zähmet rugsadyndaka okuwçysyny küýsemeýän mugallym hakyky mugallym däldir.

48. Ulanmagy başarýan mugallymyň dilindäki ýumor täsirli terbiýeçilik serişdesidir.

49. Okuwça el galdyrmak mertebäňi peseltmekdir.

50. Mugallymyň iň ýakyn kömekçileri öz okuwçylarydyr.

51. Mugallym sözünde keramatly güýç bar.

52. Dünýäde öz-özüne heýkel dikinýän adam mugallymdyr. Okuwçylaryň durmuşdaky mertebesi mugallymyň heýkelidir.

53. Mugallymlary dünýä hatyrlaýar. Çünki olar Ýer ýüzündäki ähli ynsanyň ilkinji halypasydyr..

54. Hezreti Magtymguly “Ýürekde ýok sözi tile getirme” diýen halatynda, ilkinji nobatda, mugallymlary göz öňünde tutan bolsa gerek.

55. Hirurgyň esasy ýaragy skalpel bolýan bolsa, mugallymyňky öz dilidir.

56. Kitapsyz mugallym tygsyz hirurg ýalydyr.

57. Çalyň gory gutaranda bozulyşy ýaly, mugallym-da okamagyny kesende kütelýär. Çünki mugallymyň gory kitapdyr.

58. Ejizler jeňden, gowşak mugallymlar-da barlagçydan gorkýar.

59. Hakyky mugallymlar barlagçyny görenlerinde “Gelen döwlet” diýýärler.

60. Ylma barylýan ýoluň hupbatly, jebirli ýoldugyny, bu ýolda diňe tutanýerli kişileriň maksada ýetip biljekdigini çagalaryň aňyna guýuň. Bu babatda türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň “Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýen setirini olaryň dykgatyna ýetiriň.

61. Okuwça boş wada bermäň, sebäbi boş wada sypaýyçylykly ýalan sözlemekdir.

62. Süýjüdillilik mugallymyň bezegi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň çaga kalbyna aralaşýan açarydyr.

63. Mugallymyň okuwça goýan ikiligi özüne goýan bahasydyr.

64. Çaga zähmetini bahalandyrmakda sahylyk ediň. Çünki ýokarlandyrylan baha berilýän okuwçylarda soňabaka şol baha mynasyp bolmak endigi döreýär.

65. Bahasyny gysmak bilen okuwça täsir etjek bolýan mugallymlar ýalňyşýarlar. Barybir pes baha aljagyny bilýän çagalarda okamak höwesi gaçmak bilen bolýar.

66. Siziň aýlyk hakyňyzyň köpeldilmegini hemişe isleýşiňiz ýaly, okuwçylar-da bahalarynyň ýokarlanmagyny isleýärler.

67. Ýokarlandyrylan bahalar okuwçylaryň höwesini artdyrýar. Kemis goýulýan bahalar bolsa olarda diňe biparhlygy, passiwligi döredýär.

68.Aň-bilim, terbiýe bermek işinde baha mugallymyň esasy ýaragydyr. Munda sahylyk eden ýeňiş gazanar.

69. Käbir mugallymlaryň guraksy sapaklarynda 45 minut okuwçy üçin göýä 45 sagada dönýär. Bu okuwçy üçin çekip bolmajak ezýetdir.

70. Janly, täsirli geçýän sapak okuwçylary joşa getirýär. Tamamlanan pursatynda-da ýürekden gynandyrýar.

71. Çaga kalbynyň hesretine öz hesretiňiz ýaly syzmaga çalşyň. Dilden we goldan gelýän hemaýatyňyzy olardan gaýgyrmaň.

72. Käriňizi söýüň, ony sungat derejesine götermäge çalşyň.

73. Hakyky mugallymlaryň her biri döwletiň hazynasydyr.

74. Göýdük terbiýeçiler göýdükleri ýetişdirýärler.

75. Okuwçylara ukyplaryna görä jemgyýetçilik ýumuşlaryny beriň. Düzgüne-tertibe, arassaçylyga, nobatçylyk edilişine, çeper eserleri okaýyşlaryna, okuwçy formalaryna, okuw esbaplarynyň, mekdep inwentarlarynyň saklanylyşyna, diwar gazetleriniň çykarylyşyna gözegçilik etmek... ýaly tabşyryklary okuwçylar hemişe uly höwes bilen ýerine ýetirýärler.

76. Okuwçylarda hemişe aýawlylygy terbiýeläň. “Isrip-haram” nakylyna olaryň dowamly eýermegini gazanyň.

77. Mugallym täze adamy kalby bilen ýetişdirýär.

78. Mugallym uzak ýyllaryň dowamynda mährini çagalara paýlap ýörşüne, ahyry şol mähre özi hem mätäç bolup galýar.

79. Sapaklarda öwrediji oýunlardan peýdalanyň. Çaga tebigatyna golaýlygy üçin oýun arkaly öwredilýän temalar ýeňil özleşdirilýär.

80. Mugallym okuwçylaryny öz çagalaryny tanaýşy ýaly tanamalydyr.

81. Ene, ata, mugallym, okuwçy - dördüsi sazlaşykly hereket edenlerinde, diňe şu halatda öňde goýlan maksada ýetiler.

82. Jemgyýet mekdebiň ynjysy bilen ynjyly, derdi bilen dertli bolmalydyr.

83. Terbiýede hem durmuşda maýda mesele bolmaýar.

84. Mugallym okuwçysy bilen jedele girse, hemişe günäkär özüdir.

85. Hat ýazyşynda-da, geýnişinde-de, özüni alyp barşynda-da okuwçynyň mugallymyna meňzäsi gelýär.

86. Hakyky kollektiw birek-biregiň begenjiniň, hasratynyň paýlaşylýan ýeridir.

87. “Bar zady bilýän” diýýän mugallymdan, “Köp zady bilemok” diýýän mugallym ileridir.

88. “Pylanynyň mekdebi”, “Pylankesiň okuwçysy”, “Pylan mekdebiň uçurymy” düşünjeleri mugallymyň we mekdebiň hil nyşanydyr.

89. Mugallyma diňe partada oturanlar däl, eýsem, ulular-da mähir bilen “mugallym” diýip ýüzlenýärler.

90. Sapagy gurak geçýän mugallym öz sapagynda okuwçylaryň neneňsi ezýet çekýändiklerine diňe partanyň aňyrsyna geçip, özi ýaly mugallymyň sapagyna gatnaşanda göz ýetirip biler.

91. Sapak wagtynda mugallym öz şahsy hasratyny unutmalydyr.

92. Igenjeň mugallym okuwçyny irizer.

93. “Durmuşdan, döwürden yza galaýmaýyn” diýen ünji hakyky mugallyma ynjalyk bermeýän böwür sanjysydyr.

94. Mugallymyň baýlygyny maly däl-de, ruhy kesgitleýär. Ruhy taýdan iň baý adamlar mugallymlardyr.

95. Mugallym aň-bilimiň çeşmesidir.

96. Mugallym gerek ýerinde yza çekilmegi hem başarmalydyr.

97. Mugallym üçin okuwçysynyň ynamyndan gaçmakdan hatarly howp ýokdur.

98. Her bir okuwçynyň durmuşdaky ornuny tapmagynda mekdep esasy çelgi bolmalydyr.

99. Her sapak okuwçyny öňküsinden birneme bagtly etmelidir. Şol pursaty çagalaryň gözlerinden okaýan mugallym-da iň bagtly mugallymdyr.

100. Jemgyýet süýt bolsa, mugallym onuň gaýmagydyr. Gaýmagyň boldumlylygy bolsa süýdüň hiline baglydyr.

© Ata AKBÄBE

Çeşme: http://tkm.8m.net/akbabe.htm
Bölümler: Pedagogika | Görülen: 165 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Ata Akbäbe | Рейтинг: 4.4/7
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
2
1 Mekan • 23:33, 03.01.2023
Makalañ ady çözdi, iki elläp (bolsa dört elläp) ylalaşýan.

Beýle gowy atly makalany bölek bölegrägem bolsa okamaly bolar, gaty uzynam bolsa...
avatar
1
2 Мango • 23:36, 03.01.2023
hakyky mugallym nebitden, gazdan gymmatlyda onda...
avatar
3
3 Pero • 08:17, 04.01.2023
Bu makalany çap edip,ýekän-ýekän obamyzyñ mugallymlaryna paýlasym gelip gitdi. Hiç hili ýañsylamak niýeti bilen däl-de hakykatdanam makaladan öwrenere zat bar,bilýänlerimizem ýatladýar
avatar
1
4 Mekan • 09:26, 04.01.2023
Kyn sorag beryäñäý mango akga. Ony hiç hili uglewodorody bolmadyk yaponlardan soraymasak, men-ä bilmedim. Bu barada finler näme diýýä, olam gyzykly.

Diñe hakyky mollymyñ bolany yetenok. Hakyky okuw programma, hakyky egzamen... birtopar nemesi bar.
avatar
0
5 mahpeyker • 16:02, 22.03.2024
Gowy sözler ýazylypdyr welin, hemmesi her wagt durmuşda gabat gelenok we berjaý etmesi kyn düşýär. Mugallym bolup işläp ýören adamlar gowy biler
avatar

Старая форма входа
Total users: 202