22:29 Her kim öz durmuşynyñ serkerdesi | |
HER KIM ÖZ DURMUŞYNYŇ SERKERDESI Durmuşda üstünlik gazanýanlaryň, ýeňijileriň ählisiniň öz işlerine jogapkärli çemeleşendiklerine seni ynandyrmagym üçin, meniň bu hakykatlary saňa gaýta-gaýta ýanjap oturmagym gerekmikä? Olar ömürleriniň bir sekundyny hem ýüzbe-ýüz bolan ýaramaz ýagdaýlary, teň hallary üçin kimdir birini ýazgarmaga sarp etmediler. Gaýta, durmuş bulara köp zatlary öwretdi – ýetip barýarka, öň açyk duran gapynyň bulara ýapylandygy üçin ýa-da ýollaryna oklanan mydarsyz päsgelçilik üçin kimdir birini ýazgarjak, kimdir birine iňirdejek, igenjek bolmadylar. Hemme zady adaty bolaýmaly, hökman bolaýmaly bir waka, hadysa hökmünde kabul etdiler. Beýlekileriň bize eden «ýamanlyklary», «bilgeşleýin döreden päsgelçilikleri» hakda gürlemek şeýle bir ýeňil. Hatda kähalatda öte geçip, perzentlere siňdirilen terbiýe babatda ata-babalarymyzy ýazgarmakdan hem gaýdamzok. Nämemişin «Olar bize üstünlige ýetmegiň, maksada okgunlylygyň ýörelgelerini, dogry ýollaryny öwretmändirler. Öwretmek beýle-de dursun, gaýta bize durmuş hakynda düýbünden başgaça düşünje beripdirler». Öz säwlikleri zerarly hemişe beýlekileri tankytlaýan adamlar bar. Sebäbi ähli müşgilliklerimizi, çözülmän galan meseleleri onuň-munuň üstüne atmak gaýrat talap edenok. Biz şeýdip durmuş bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan gaça durýarys. Ýazygy, günäni gaýry biriniň üstüne atsak, özümiz jogapkärçilikden boşaýan ýaly, uludan dem alýarys. Öz götermeli ýükümizi özgeleriň ýagyrnysyna ýüklejek bolýarys. Emma durmuş tejribeleri bir zady öwretdi, durmuş – bu tolkuny gomap duran giň we çuňňur deňiz. Her kim öz durmuş gämisiniň serkerdesi. Ony saga, çepe, öňe, arka öwürmek öz eliňde. Kenara aman-asuda aşmak, sag-salamat gowuşmak, Allanyň fazly-merhemetinden soňra, öz ussatlygyňa, gämä–durmuşyňa erk edişiňe bagly. Haýp, biziň köpimizde özümizi aklajak bolmagyň taýyn duran galyplary bar: sähel büdresek ýa-da bir mesele ýüze çyksa, dessine ähli «çözgüdi» şol galyplaryň birine sygdyrýarys-da, öz etmişimiz zerarly peýda bolan netijeleriň jogapkärçiliginden ýüz öwürýäris. «Hemme ýaramaz zatda kimdir biri günäli, emma bizde jinnek ýaly günä ýok.» hasap edýäris. Ine, köpimiziň aglaba halatda, iň bolman-da, kähalatda ulanýan esasy bahanalarymyz. Men saňa gönümel we açyk aýdaýyn, sen üstünligiň çakylyklaryna seslenmekçi bolsaň, durmuşyň nygmatly saçagyna zyýapata barmak isleseň, her baran ýeriňe laýyk, mynasyp görünmek isleseň, onda öz müşgillikleriňi we şowsuzlyklaryňy aklamak üçin galkan edinýän bahanalaryňdan hökman we dessine saplanmalysyň. Durmuşyň çykarýan netijelerini ynam we mertlik bilen ykrar etmäge borçlusyň. Sen mundan öň durmuş deňlemesi hakda eşidipmidiň? Onuň kesgitlemesi şeýle: durmuşyň netijesi bolýan zatlara jogap berşiňe deň bolýar, başgaça beýan etsek: ýagdaý+jogap hereketi=netije. Üstün adamlaryň üstünligi hem şu deňlemäniň çäginde çözülýär. Şowsuz adamlaryň şowsuzlygy hem şu deňleme bilen ölçelýär. Hemmeler haýsy hem bolsa bir ýagdaýa sezewar bolýarlar ýöne olaryň hersi öz garaýşyna, pikir-düşünjesine görä hereket edýär. Ine, şu jogap hereketi hem – gaýtargy pygyl hem biziň häzirki görýän netijämizi ýüze çykarýar, hasyl edýär. Şowsuz ýa-da göwnüçökgün adam şol ýagdaýda saklanýar we zeýrenip, nadyl bolup, özüni aklap başlaýar. Sähel zatdan bahana, tutaryk agtarýar. Müdiri oňa düşünenok, ykdysady ýagdaýlar durnuksyz, goşmaça öwrenmäge boş wagty ýok, üstesine daş-töweregini gurşaýan adamlar hem ýaramazmyş we ş.m. Muňa garamazdan, edil şol ýagdaýa düşen, şol menzili geçen, şol ýagdaýda ýaşaýan adamlaryň birnäçesi welin, hatda ýagdaýlary olaryňkydan hem agyr bolandygyna, çekip-çydardan, zeýrenerden çökder bolandygyna garamazdan, üstünlige ýetdiler. Ýeňiş gazanmagy başardylar. Sebäbi nämede? Sebäbi oňyn garaýyşly, üstünlik gazanýan adamlar gymmatly wagtlaryny zeýrenje sarp etmän, her bir zatdan pursat, çykalga, mümkinçilik, täze bir ýol agtardylar. «Boljak zat boldy, bolan zady üýtgedip bolmaz, emma indi boljak zatlara hökman täsir edip bolar» diýen düşünjä eýerdiler. Şeýdibem haýra garaşdylar, ymtyldylar we gazandylar. Ýeri gelende bir sözi ýatladaýyn –«kynçylyk – bu täze bir mümkinçilik» diýmekdir. Ýagdaýa ýesir bolup oturmaly däl, islendik zadyň hökman bir gowy tarapynyň bardygyny unutmazlygymyz gerek. Şol düşünje hem bizi has öňe iterýär, aýaga galdyrýar. Her täze pursada eserdeň göz bilen bakýarys we şol jygba-jyglykda hem özümize gerekli zatlary görmegi, tutmagy başarýarys. Ýa-da iň bärkisi, şol ýagdaýdan ujypsyzja zeper bilen sag-aman gutulyp bilýäris. Bu-da gazanmak ahyry. Şeýle kyn ýagdaýlarda kimdir birinden maslahat soramalydyrys. Öz işlerimize ber-başagaý bolup, köpden bäri gatnaşyklarymyz seýreklän gapylara täzeden barmalydyrys. Täze gatnaşyklary açmalydyrys ýa-da käbir pikirlere üýtgeşmeler girizmelidiris. Käbir gylyk-häsiýetlerimizi gaýtadan gözden geçirmelidiris. Maksadymyzy syntgylap, täzeden gaýrata galmalydyrys. Ýa-da iň bolmanda yhlasymyz egsik gelendir, şoňa düşünmelidiris, mahlasy, kyn, agyr görnen her bir zatda hem many çykaryp we peýdalanyp boljak örän köp ýagşylyk, haýyr bardyr, gizlenip ýatandyr. Akylyň bir häsiýeti bar, ony wagtal-wagtal şeýle ýagdaýlar bilen tijäp, oýandyryp durmasaň, öwrenişen, endik eden derejesinde galyberýär.Diýmek, iň bärkisi, akylymyzyň kämilligi üçin hem şeýle kynçylyklar gerek ekeni. Gönümellik gödeklik däldir. Biziň köpimiz şeýle ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolsak, aglaba halatda, zeýrenç, igenç duralgasynda eglenenimizi eý görýäris. Sebäbi bu ýagdaýda zeýrenmekden ýeňil düşjek hiç bir zähmet ýok. Şol wagt tankyt şuglalary bilen daş-töwerege syçrap durmagam müşgil däl, emma özümizi bu häsiýete öwrenişdirsek, ähli zady şonuň üsti bilen gazanmaga endik ederis. Bolmajak zat. Hiç wagt öz şowsuzlygyň sebäbini özgelerden agtarma. Hatda biri bilgeşländen saňa badak atýan, büdretmäge hyýallanýan ýaly görünse-de, sen özgeleri ýazgarma. Gadymdan gelýän bir söz bar: «Olar ýamanlyk diýip edýär, bize ýagşylyk bolup ýetýär». Eger birbada başa barmaýan bolsa, onda biz şu ýagdaýymyzda az-kem eglenip, başgaça pikirlenmelidiris. Dürli ýollaryny, usullaryny saldarlap görmelidiris. Emma biz özümiziň nogsanlygymyzy we egsikligimizi aklamaga, bahana tapmaga şeýle bir ussat bolup gidipdiris. Käbir adamlary göreniňde, muňa-da şükür edýärsiň. Şeýle bir kişiler bar, olar diňe özlerini aklamak, özlerini hemişe hakly we dogruçyl edip görkezmek bilen çäklenmän, gaýta pikir-düşünjesini dogry tarapa üýtgetmek isleýän we oňyn özgerişlere uýgunlaşmak isleýänleriň hem umydynyň puç bolmagyna sebäp bolýarlar: «Adamlar size üstünlik gazanmaga maý bermezler» ýa-da «Gowy döwür, gowy adamlar bir eýýäm geçip gitdi» diýen ýaly pikirleri aýtmak bilen olaryň hem badyny alýarlar. Pygamber alaýhyssalam halamaýan zadymyz başymyza gelende näme etmelidigimizi öwretdi. Umyt bilen öňe okdurylmaly we ökünç-zeýrençden, özüňi aklamakdan uzak durmaly. Resulalla: «Şeýden bolsam-a şeýle-şeýle bolardy» diýmegin. Diňe «Allanyň takdyr edenidir. Allanyň halan işi bolar» diý. «Käşgä» sözi şeýtana gapy açýandyr» diýdi. Gadyrdan dostum, men bu bölümi şeýle sözler bilen jemlemek isleýärin. Ýene bir ýola nygtaýaryn: üstünlik gazanmak üçin haýsydyr bir hal-ýagdaýlaryň, şertleriň gülala-güllük bolmagy, gowulaşmagy esasy şert däldir. Şowsuzlyk saňa ýazylan gutarnykly ýazgyt däldir, ol diňe has tijenmegiň üçin ýatlatmadyr. Bu ýollarda mert bolalyň, ýan bermäliň, ejizlemäliň. Zeýrenmäliň. Anyk we aýgytly pikir, berk karar, mäkäm ynam islendik kynçylygy we böwetleri böwsüp geçmäge gurbat berýär. Ähli durmuş ýagdaýlaryny hemişe asuda köňül, giň göwün bilen kabul edeliň. Durmuşyň nämeler gizläp, ýygşyryp goýandygyna ýa-da nämeleri görkezendigine, aýan edendigine garamazdan, ony diňe ýagşy umyt, güler ýüz bilen garşy almalydyr. Akyl kompasynyň diljagazy bahanalara däl-de, çözgütlere tarap bakyp durmalydyr. Tutuksy, gamaşyk suratlary däl-de, oňyn we aýdyň pikirleri görkezip durmalydyr. Şeýle bir söz bar: «Üstünlik bu bir merdiwandyr. Iki eliňi jübiňe sokup, merdiwandan aslyşyp bilmersiň». © Kerim AŞ-ŞAZILI "Halallyk kyssalary" Terjime: © Rahmet GYLYJOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |