02:30 Hiç kes bilen ýola gitmedik dünýä - 3 | |
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR * * * Alaňdan inip gelýän ýeke atlyny görende, Gurbanguly geňirgendi. “Be, bi tüp yssyda ýola çykyp ýören kimkä? Muňa näme sebäp bolduka? Bir wajyby bolmasa-ha, akyly bolan bu jowzada ýeke ýola çykmasa gerek”. Ol sag elini kölegeledip, siňe-siňe seretdi. Atam, atlam surnugypdy. At zordan ýörese, üstündäki yraň atyp otyrdy, sähel salymdan atdan agarly görünýärdi. Gurbanguly çolugyny çagyryp, ony atla tarap ugratdy. Çoluk atyň uýanyndan tutup, goşa tarap idip gaýtdy. Özlerinden başga bir gara gözi düşen at janawer hossaryny gören ýaly hokrandy. Onuň sesi Gurbangula tanyş geldi. “Be, öz atymyz ýaly-la bi. Üstündäkem Dostmuhammet jana meňzeýä. Bolmasy bir iş bolaýdymyka?” Gojanyň süňňi gowşady. Dem salymda göz öňüne birgiden zat gelip geçdi. Atyň gelip ýeterine-de gyssanyp, özi oňa tarap ýöräp ugrady. Sesýetime baranda, gygyryp başlady: – Eýgilikmi, Anna? Heniz hiç zat bilmeýänem bolsa, çoluk ýaşulyny köşeşdirmäge çalyşdy: – Hudaýa şükür, Hudaýa şükür! Alada etme, mollam! Bular gabatlaşdylar. Dostmuhammet syrylyp, atdan düşdi-de, kakasyna salam berdi. Saglyk-amanlyk soraşyp, çatmanyň kölegesinde oturdylar. Dostmuhammet el-ýüzüni ýuwdy, agzyny çaýkady, üç-dört owurt suw içdi. Bu ikaralykda çoluk onuň atyna suw görkezdi, soňam çaý oturtdy. Dostmuhammediň bir habar bilen, özem agyr habar bilen gelendigini aňan Gurbanguly çolugyna ýüzlendi: – Sürini ahmal etmäweri, Anna jan! Çaýa özüm göz-gulak borun. Düşbi çoluk sürini bahanalap, bulary ikiçäk goýdy. – Näme habar, oglum? – Baý menem, senem gapysyndan kowdy, kaka. Goşuňy düw, gideli. – Beýdip gidip bolmaz oglum. Meniň boýnumda giden süri bar. Beýtsek, amanada hyýanat etdigimiz bor. – Onuň özi diýdi ahbetin. – Özi maňa hiç zat diýenok. Häzir sürini taşlap gitsek, ertirem baý gelip: “Pylança goýnum ýetenok, töläň” diýse, näme diýjek? “Sürini men saňa elin tabşyrypdym, sen näme üçin taşlap gitdiň?” diýse, näme diýjek? – Onda sürüp gidibereli. – Agyr sürini sag-aman aşyrybiljekmi oba? Guzular, bogaz goýunlar ýarajakmy ýola? – Onda näme etjek, kaka? Oturyberjekmi şu ýerde kowlaňsoňam? – Üç gün garaşjak. Pygamberimizem ýalançy ýahuda üç gün garaşypdyr-a, bizem üç gün garaşaly, göreli näme bolýar. – Bolýar, kaka. Seniň diýeniň bolsun. – Dostmuhammet ýene bir zatlar diýjek ýaly etdi-de dymdy. Muny gören goja “aýdyber, diňleýän” diýen manyda baş atdy. – Kaka, baý bize “ganhor” diýdi. Biziň neslimizde ganhor barmy näme? Gurbanguly dymdy. Ýadaw ýüzi öňküdenem agraslandy. Ýere bakyp, ep-esli oturansoň, ahyr dymyp oturmany uslyp bilmedi-de: – Bu – köne saman – diýip, gürrüňe başlady. – Onuň unudylany ýagşy, ýöne unudaýyn diýseňem, bir zat sebäp bolýar-da, ýene orta çykaýýa. Menem ony kakamdan sorap bilipdim. Biziň aslymyz Çärjew sebitlerinden. Taýpamyz – sakar. Bu ýerde ony biraz üýtgedip, “sakgar” diýýärler. Atam pahyr bir töhmet netijesinde şu ýere göç etmeli bolýar. Gojanyň bu waka barada gürläsi gelenokdy, emma Dostmuhammet ony bilmese, ynjaljak däldi: – O nähili töhmet, kaka? – Bilýänsiň, ýaşulular töwir edende: “Ot belasyndan, ýel belasyndan, suw belasyndan, töhmet belasyndan Özüň gora!” diýip, dileg edýändirler. Ana, şol töhmet belasy biziňem başymyzdan inipdir: atam pahyr goňşusy bilen dogan ýaly eken. Aýry zatlary ýokmuş, “iýenleri aýry gidenok” diýilýäni eken. Bir gün bir öýde nahar bişse, beýlekisi bişirjegem bolmandyr, öz öýi ýaly, arkaýyn girip, nahar guýnup iýer ekenler. Aýallaram dogan ýaly eken. Bileleşip, yhlas bilen işlänsoňlar, bularyň hasylam gowy çykar eken. Ýöne bulara göriplik edýänem bolupdyr. Olam kim? Goňşulary. Bular bilen goşulyşyp, äbe-de jüýje ýaşabermegiň deregine, bulara gyýa bakar eken, suw dawasyny tutar eken. “Siz suwy köp alýaňyz, maňa ýetenok” diýip, näçe gezek dawa eden eken. Aslynda, onuň dawasynyň başy enem pahyr bolupdyr. Ýaşlykda olam enemi aljak bolup, adam iberipdir, ýöne enem atama razy bolup, onuňkylary gaýtardypdyr. Atam pahyryň zähmetsöýerligi, göwnaçyklygy, şadyýanlygy, dilewarlygy maýyl eden bolmaly-da pahyry. Şeýdip, goňşynyň içinde kitüw galypdyr. Bir gün atam dagy suw tutýan eken. Dosty ir barýar suwuň başyna, atam pahyr bolsa bir sebäp bilen gijräk gelýär. Bular gije-de galmaly bolýarlar. Şonda atam pahyr, öňem gijräk gelensoň, adalatly bolsun diýip: – Pylany, – diýýä, – sen ýadansyň. Gije men galaýyn. Sen ýöne öýe bar-da, iýer-içer ýaly bir zatjyk getirip gidäý, görýäň-ä aý-aýdyňlyk, iki adamyň geregi ýok, birimizden birimiz öýde ýatsak, gowy bor, ikimizem ýaban ýatmaly, çagalary ýeke goýup − diýýä. Hawa, ol bende-de atamyň öýüne baryp, gerek zatlary alýar-da, enem pahyra: “Sen daşaryk çykyp oturma, men derwezeden aşyp gidäýerin” diýýär. Derwezeden aşýaram welin, biri ak saplyny sokýar iki kebzäň arasyndan. Atam pahyryň hiç zatdan habary ýok. Şol suw tutup ýörşi. Näme, “çörek getirmediler” diýip, suwy taşlap gidip bolýamy? Daň saz beriberende, goňşusy gelip: “Indi meň wagtym, suwumy ber” diýýär. Atamam mellegine gidýän ýaba böwet basýar-da, çykyp gaýdýar. Gapysyna gelse, ine, dosty ýatyr gara gan bolup. “Dat-bidat, ýetiň, kömek ediň!” – goňşy-golam ylgaşyp gelýär. Atamy günäkär bilýärler, “gabanjaňlykdan öldüripdir” diýýärler, ýöne subut edip bilmänsoňlar, ol tarapa ar almaga rugsat bermeýärler. Şeýle-de bolsa, ýaşulularyň maslahat bermegi bilen, atam pahyr obany terk etmeli bolýar. Gelibem, şu ýerde ýurt tutýar, sag bolsunlar, ýer beripdirler, kömek edipdirler. Şeýdip, pahyr ýuwaş-ýuwaşdan ýene aýaga galýar. – Eýsem, näme üçin ala-böle şu ýere gelipdir babam? Çärjew nire, Änew nire? Başga türkmen obalaryna barsa bolmaýamy? – Özüň bilýäň-ä, biziňkiler Kerki begliginiň tabynlygynda ýaşaýarlar, Kerki begligem Buhara emirligine tabyn. Şonuň üçin, eger atam pahyr başga oba sygynan bolsady, olar türkmen däbine görä, “ganhoruň” yzyna berilmegini talap edip bilerdiler. Bu ýeri bolsa başga döwletiň, Hywa, Buhara dost däl döwletiň çägi. Bu ýerde olar türkmen däbi boýunça beýle talaby öňe sürüp bilmeýärler. Ýöne gös-göni aýdyp bilmeseler-de, bezirgen görnüşinde, pälwan sypatynda adam iberipdirler. Bir gezek Änewe Çärjewden bir pälwan gelipdir. Gaty daýaw diýýä. “Pälwan gelipdir” diýilse, jemagat üýşýär. Döwre gurap durlar diýýä. Bu pälwan orta çykany ýykýa, orta çykany ýykýa, şu, geleni ýykyp dur diýýä. Soňabaka orta çykýan tapylmansoň: “Meniň bilen tutluşjak barmy ýa Änewi berýäňizmi maňa?” diýip, apaň-apaň basyp aýlanýamyş. Birden onuň gözi atam pahyra düşýär-de: “Belki, sen çykarsyň, beýtçi?” diýýär. Onuň “beýtçi” diýmesinden atam pahyr nämäň nämedigine düşünýär-de: “Seniň bilen göreş tutar ýaly, beýtçi ganhor däldir” diýýär. Adamlar hiç zada düşünmän galýarlar, ýöne bu ikisi welin biri-birine gaty gowy düşünýärler, çünki atama köne ýurtda “beýtçi” diýýän ekenler, bu ýerde bolsa öz dillerinde “aşşyg” diýýärler. Hawa, şonda pälwanly tiresinden Rejep atly biri çykyp: “Men tutluşjak seň bilen, – diýýä – ýöne bir şertim bar, ýeňen ýeňleni öldürmeli”. Muňa hemmeler geň galýar. Türkmende “göreşde öleniň gany soralmaz” hem diýilýär, “göreşde ýeňenden ar alynmaz” hem diýilýär, ýöne “göreşde ýeňeniň ýeňleni öldürmäge haky bar” diýlen ýeri ýok ahyryn. Şonuň üçin, ýaşulularyň käbiri oňa käýeýärem, ýöne ol öz diýenini tutýar. Onsoň, bizden bir haram iş çykmasyn diýen pikir bilen ýaşulular göreşi ýatyrýarlar-da, myhmana-da ertesi irden obadan gitmegi maslahat berýärler. Şonda: “Pälwany kim myhman alyp biljek?” diýip soralanda, atam pahyr ilkinji bolup: “Men” diýýär. Alýaram. Ertesi ugrajak bolanda, myhman: “Düýnki pälwanyň sözleri meni oýlandyrdy. Göreş-dä bu, hiç wagt ýeňjegiňe kepil ýok, birden, eýle bolmady, beýle boldy. Onsoň, bigünä ölüp gidibermelimi? Ölesiň-ä gelenok. Rast, bigünä ölesiň gelmeýän bolsa, diýmek, bigünä adamam öldürmeli däl-dä. Seniň hereketiň bolsa bigünäligiňe delil boldy. Eger sen günäkär bolsadyň, meni myhman almazdyň, menden daşrak bolanyňy kem görmezdiň. Men köp oýlanyp, toba geldim, bolmasa, seni öldürip gitmelidim” diýipdir. Dostmuhammet bu zatlary ilkinji gezek eşidýärdi, şonuň üçin-de näme diýjegini bilmän, dymyp otyrdy. Birdenem: “Kaka, şu baýyň ýagşysam gerek däl, ýamanam. Ýör gideli” diýdi. − Ýok, oglum, üç gün garaşaly. * * * Ýaşuly çopanyňky dogry çykdy. Üçünji gün diýlende, baý yzyna üç sany adamy tirkäp, sürini kabul etmäge geldi. Goýunlary bir-bir sanap alyp başladylar. Ýöne bularyň hasaby deň çykmady. Gurbangulynyň hasaby bilen baý oňa on bäş goýun bermelidi, baýyň hasaby bilen sürüden on bäş goýun kem gelýärdi. − Siz ýaly ýeňiýoluga hakymy iýdirsem, meniňem Gurbandurdy baý bolmadygym − diýip, baý haýbat atdy. Owaldan jany ýanyp duran Dostmuhammet kakasynyň bardygynam unudyp: − Seň ýaly haramhordan hakymy alyp bilmesem, menem telpegimi ters geýerin − diýdi. Baý pyçagyny syryp, Dostmuhammediň üstüne topuldy: − Garnyňy silkerin, köpeý ogly! Dostmuhammedem bir degenekli sözeni aldy-da, baýyň öňünden çykdy: − Beýniňi pytradaryn, haramzada! Öwzaýyň bozuklygyny gören Gurbanguly ogluna gygyrdy: − Dostmämmet, gaýt, deň bolma näkes bilen! Eliňden bir hata iş çykar, adyň “ganhor” galar. Baýyň ýanyndaky adamlaram oňa höre-köşe etdiler. Güýjüniň deň däldigini duýdumy ýa başga bir pikir kellesine geldimi, garaz, baý pyçagyny gynyna saldy-da, hüňürdäp, yzyna gaýtdy. Ataly-ogul ýola düşdi. Gürlemän barýardylar. − Şular ýaly adam bilen nädip, garyndaş boljak? Bir syrgynda ýaşasyňam gelenok muň bilen − diýip, häliden bäri içini hümledip gelýän Gurbanguly pikirini daşyna çykardy. − Garyndaşlyk nire, ol bizi ýele ýanyna-da eltmeýär − diýip, Dostmuhammedem pikirini dile getirdi. Oglunyň özi bilen bir hörpden gopanyna monça bolan Gurbanguly ogly bilen aç-açan gürleşmegiň wagty geldi hasap edip: − Sen oň gyzyny unut, oglum, − diýdi. − Saňa öz deň-duş ýerimizden “men” diýen gyzy alyp bererin. Gyz gyza gurbanmy? Gurbanguly bu sözi diýse-de diýdi welin, içinden özüne garşy gidip diýdi. Oglunyň sözüni kabul etmejeginem bilýärdi. Emma Dostmuhammet kakasyny geň galdyryp, onuň bilen ugurdaş gopdy: − Şol atadan nädip, gowy gyz dogsun? − Indi özüňem düşünip ugradyň. Ýaramaz atadan gowy perzendiň önmejegi belli zat ahbetin. − Indi şoň gyzam gerek däl, özem. − Haý, berekella! * * * Dostmuhammediň dili: “Gerek däl” diýse-de, ýüregi diýenokdy. Bibini küýseýärdi. Ol daşda-içde Bibini görerin diýen umyt bilen ýaşaýardy, ýöne Bibem ondan gizlenýän ýalydy. Kakasy howludan çykmagy gadagan edensoň, ol diňe duldegşir jorasy Aksoltanlara baraýmasa, başga ýere gidenokdy. Bibiniň kapasa düşen guş ýaly bolup ýörşi Dostmuhammediň ýüregini dilýärdi. Onuň öz ýagdaýam şondan gowy däldi. Bibi, mejburlykdanam bolsa, Dostmuhammet bilen duşuşmazlyk kararyna özi gelipdi. Dostmuhammet bolsa bu ýagdaýa özünden biygtyýar düşüpdi. Bir tarapdan garanyňda, onuň bu ýagdaýyna Bibi sebäpkär ýalydy. Şonuň üçin-de ol Bibä ýüzlenip, ony erkinlige çagyryp, bu dünýäniň alyna aldanmazlyga ündäp, şeýle bir şygyr düzdi: Sermes gezgin, bu dünýä bir hyýаldyr, aldаnmаgyn ýalаn dünýäýe, dilber! Аdаm ömri gül ömrüne tymsаldyr: gül ömri – аgşаmdаn sаbаýa, dilber! Uzаk etme ýakyn ýollаr аrаsyn, beter etme ýüregimiň ýarаsyn; tebip bilmez bu derdimiň çäresin, gel, melhem eýlegin ýarаýa, dilber! Dostmuhammet аýdаr: “Hаlkа jаryýam, seniň husny-jemаlyňnyň zаryýam; dil hаssаýam, dil şikeste, zаryýam, rehmiň gelsin men deý gedаýa, dilber!” Eýse, Bibä kimiň rehimi gelsin? Oňa kim rehim etsin? “Görsem öldürerler, görmesem ölem” diýlişi ýaly, ol iki oduň arasynda galypdy. Dostmuhammediň diri galmagy üçin, söýgüsini pynhan saklamaga çalyşýardy, emma “Aý dogsa, älem görer” diýip, ýöne ýere aýdylman eken. Bularyň duşuşyklary näçe pynhan bolanam bolsa, ony il-günden gizlin saklap bilmändiler. “Öýümi dikenem il, ýykanam” diýişleri ýaly, bular dile düşdüler. Dostmuhammediň: “Halka jaryýam” diýmegi: “Meniň ýagdaýym halka äşgär” diýmekdi. Indi işiň bir ýüzli boljagy mälimdi. Gyz eýeleri ony köçä taşlamandy. Eger bularyň gatnaşygy hetden aşsa, olaryň ar almaga-da haklary bardy. Ara gan düşmegi mümkindi. Elbetde, bu olar üçinem abraý däldi. Şonuň üçin-de gyz eýeleri gyzlaryna, eger atasyny we doganlaryny betnam etmek islemeýän bolsa, dagy-duwara Dostmuhammet bilen duşuşmaly däldigini duýdurdylar. Özlerem Dostmuhammetden daşrak bolar ýaly, ony başga bir oba çykarmak pikirine düşdüler. Görüşleriniň birinde Bibi Dostmuhammetden: “Eger bilbil güle ýetmese, näme bolar?” diýip sorady. Dostmuhammet onuň näme diýmekçi bolýandygyna düşünmedi, emma bu sorag ony gama batyryp, gussa goýdy. Mundan soň onuň şatlanyp gülenini gören bolmady. Bu gam-gussa onuň kalbyndan şygyr bolup çykdy: Werdişimdir nаlа bilen perýatlаr, ol perýat içinde öle bilmenem. Аýlаnаr dаşyňdа bigäne-ýatlаr, ajаl ýetip, şоl gün öle bilmenem. Dostmuhammet, işim аh-y sert оldy, owаldаn bir gаmym indi dört оldy. sözüň mаňа bir tükenmez dert оldy, şonuň mаnysyny bile bilmenem. Ýöne onuň manysyny bilmek üçin, köp wagt gerek bolmady. Dostmuhammet bilen Bibiniň syryny açan halk munam paş etdi: “Bibini başga bir oba, öz garyndaşlaryndan heniz ýetişmedik bir oglana berýärler”. Bu habary eşidende, Dostmuhammediň ýüregi ýandy, emma elinden geljek iş ýokdy, bu söwdanyň netijesi öňden bellidi. Muny oňa kakasy gaýta-gaýta, öwran-öwran aýdypdy, ýöne Dostmuhammet ýüregine buýrup bilmändi... * * * Bibi aýgytly pursadyň gelip ýetendigine düşündi. Näme etseň, şu wagt etmelidi. Soň giç boljakdy. Ol jorasy Aksoltany çagyryp, ony Dostmuhammediň ýanyna iberdi. Aksoltan Dostmuhammedi üzüm haýatyndan tapdy. Üzümçiligiň bir gyrasyndan girip gelýän Aksoltany görende, Dostmuhammediň ýüregi gobsunyp gitdi. Öten ýyl şu mahallardy. Ol kakasy bilen üzüm kesýärdi. Birden ine, şu ýerden, häzir Aksoltanyň gelýän ýerinden Bibi girdi. Ony görenden, Dostmuhammediň huşy başyndan uçdy. Gözi zat görmedi. Onuň üzümdir diýip salan meýmiri barmagyny dilip gitdi. Dostmuhammet muny birbada bilmedi. Diňe golaýa gelen Bibi: “Hih, gan!” diýip, gaçyp gidenden soň, bilip galdy. Oglundan has öňde üzüm kesip ýören Gurbanguly bir gorse, ogly gara gana bulaşyp otyrdy. Ol gelip, birgiden gury çöp ýygnady-da, olary otlap, külüni Dostmuhammediň ýarasyna sepdi, soňam ony mäkäm daňdy. Oglunyň ýaralanmagynyň sebäbini bolsa agşam öýe baranda bildi: aýaly Dostmuhammedi sorap, Bibiniň gelip-gidendigini aýtdy. “Aksoltan näme habar bilen gelýärkä?” Dostmuhammet ýene-de bir ýerini ýaralaýmakdan gorkup, üzüm kesmesini goýdy-da, oňa garaşdy. Aksoltan gelip, Dostmuhammede ýagdaýy düşündirdi. Bibiniň gaçmagy teklip edýändigini aýtdy. Dostmuhammet pikire çümdi. Hyýalynda näçe gezek Bibini alyp gaçanam bolsa, bu iş bilen ýüzbe-ýüz bolanda, aljyrady, özüni ýitirdi. Ene-atasynyň şondan soň düşjek gününi, çekjek hupbatyny göz öňüne getirip ýaýdandy. Dogry, ol Öwezgelen, Baba, Nurmuhammet ýaly batyr dostlaryna ynanýardy, emma mesele ýeňil-ýelpaý mesele däldi. Namys meselesidi. Ar, namys meselesinde türkmeniň ölümdenem gaýtmajagy belli zatdy. Näme etmeli? “Ölmeli welin, Bibä ýetmeli. Atam-enemem dostlarym gorar”. Dostmuhammet karara geldi: − Çarşenbede, ýarygije. Şol gün obada ýene bir maslahat bolup, ýene bir karar kabul edildi: “Çarşenbede ýarygije Dostmuhammedi öldürmeli!” * * * Emma bu kararlaryň hiç biriniň takdyryna amala aşmak ýazylman eken. Wadaly gijä üç gün galanda, Kelet hany Habyp hanyň iki atlysy gelip, Dostmuhammede hanyň çagyrýandygyny habar berdi. Özleriniň däl-de, başga hanyň çagyrmagy ony geň galdyrdy. “Be, han meni näme etjekkä? Wagtyhoşluk edip, aýdym-saz diňläýin diýse, “men” diýen bagşylar bar. Şygyr diňlejek diýse, adygan şahyrlar bar. Aslynda, hanyň ýadyna nädip düşüp ýörkäm? Ol kakam-a gowy görýärdi. Keýpiniň kök wagty ony ýanyna çagyryp, kitap okadýardy, dessan-u-rowaýat diňleýärdi. Kakama bir maslahat salaýyn” diýip, Dostmuhammet kakasyna sala saldy. − Han çagyrýan bolsa, git, ogul, eglenme. Hanlar her kim, her kimi çagyryp durmaýarlar. Hanyň yzyňdan atly iberip çagyrmagy, elbetde, hormatdan nyşan. Kelet hany bilen gowy gatnaşykda bolsaň, arkaly ýaly borsuň. Bu sözlerden soň Dostmuhammet keýpihonluk bilen ýola düşdi. Onuň ýagdaýyny duýýan ýaly, atam turuwbaşdan säpjäp ugrady. Bu ýagdaý Dostmuhammediň keýpini hasam göterdi. Ol içini gepletdi: “Kakam dogry aýdýar. Han bilen gowy gatnaşykda bolsaň, arkaly ýaly borsuň. Onsoň, Gurbandurdy baýam guýrugyny ýamzyna gysar. Bu Bibä gowuşmagyň bir ýoly dälmi näme? Han meniň şygyr ýazýanymdan, onda-munda saz çalyp, aýdym aýdýanymdan habarlymyka? “Kelet hany aýdym-sazyň gadyryny bilýän adam, wagtal-wagtal şu sebitlerde ady çykýan bagşylary çagyryp diňlemesi bar. Gowy sylag-serpaýam berýärmiş” diýen gürrüňler onuň gulagyna degipdi. Şonuň üçin-de ol hanyň çakylygyny ýagşylyga ýorup barýardy. Käbir hanlaryň bagşydyr sazandalara hormat goýup, olary öz ýanynda saklaýandygy, olara arka durýandygy barada köp eşidipdi. Belki, Hudaý halap, han onuň üçin baýa söz aýdar. Näçe badyhowa, näçe gedemem bolsa, baý hanyň sözüni ýere salmaz. Şeýle bolaýsa... Dostmuhammet baýyň derwezesine ýeten gelnalyjyny göz öňüne getirdi. Gurbanguludyr inileri onuň üstüne akly-gyzylly gatife ýapylan gara atyny idip derwezä golaýlaşdylar, emma derweze mäkäm ýapykdy. Onuň öňünde duran oglanlar: “Hakyny bermeseň, derweze açylmaz! Derweze hakyny ber!” diýşip, ellerini uzatdylar. Gurbangulynyň inileriniň biri jübüsinden kişde-kişmiş çykaryp, oglanlara paýlady. “Hakyny” alan oglanlar bir gyra çekildiler, ýöne derwezäniň üstünde oturan ýetginjekler: “Derwezäň hakyky eýesi biz. Biziň hakymyzy bermeseňiz, derweze açylmaz” diýişdiler. Gelin almaga gelenler bu gezek kişde-kişmiş bilen işiň bitmejegine gözleri ýetensoň, oglanlara tahýadyr köýnek berdiler. Ýetginjekler paýlaryny alyp, derwezeden düşdüler. Emma derweze açylmady. Gelenler ony itip açjak bolanlarynda, içerden: “Dur, döwdüň. Hakyny bermeseň açylmaz, poslapdyr” diýen aýal sesi çykdy. Bu gezek Gurbanguly kisesinden bäş-üç sany gyran çykaryp, derwezäniň üstaşyry içerik oklady. Derweze açyldy. Gelnalyjydaky ýigitler atyň yzy bilen kürsäp, içerik girdiler. Şowhun-şagalaň asmana galdy. Ýigitler dep çalyp, tans edip başladylar. Emma entek öýüň gapysy ýapykdy. “Hak” berip, onam açdyrmalydy. Birnäçe kempir ony garawullap otyrdy. Gurbanguly ýene elini kisesine saldy, bir gysym gyran çykardy-da, paýlap başlady. Ahyr gapy açyldy-da, gelin almaga baran aýallar ýeňiş gazanan ýaly, dabara bilen içerik girdiler. Içerde näme bolanyny Dostmuhammet diňe göz öňüne getirdi. Ine-de, aýallar başy ak leçekli Bibini alyp çykdylar. Gurbanguly dyzyna çökdi. Gelin onuň gerşine basyp, ata mündi. At ýerinden ugrandan, ýigitler öleňe gygyryp başladylar. Bir betçilik bolsa, hökman gyrasynda bolaýmaly Garypmuhammet baýyň içini ýakjak bende tutdurdy: Ýuxarydan gälämän, çäkmäňi çäk, ýar-ýar! Indi gyziň alamän, içiňi çäk, ýar-ýar! Ýeriň jaýrygyna gülýän ýigitler muňa hezil edip gülüşdiler. Garypmuhammet ýene dowam etdirdi: Bir iýnäniň üstündä wurdu änäň, ýar-ýar! Indi çyxow gedäsän, ýansyn änäň, ýar-ýar! Ýigitler ýene gülüşdiler. Şowhun-şagalaň asmana galdy. Başga bir ýigit dowam etdi: Ýuxarydan gälämän, At oýnatow, ýar-ýar! Älimdä hyrly tüfäň, Towşan atow, ýar-ýar! Towşaniň ýalan olsa, gazy bardy, ýar-ýar! Kör mahtymyň gyzyniň, nazy bardy, ýar-ýar! Ýigitleriň şadyýan sesleri, gülküleri, gyzan bazara aňry dur diýýärdi. Baýyň howlusynda şadyýanlyk joş urýardy. Dostmuhammet goňşy doganoglanynyň tördäki öýünde içi därili çelek dek ýarylaýjak bolup, hum ýaly çişip oturan baýy göz öňüne getirip ýylgyrdy. Atasy ölen ýaly, ýüzüni sallap oturan baý jahyllaryň mes bolup gygyrýan öleňlerini, howlusyndaky şagalaňy eşitmejek bolup, barmaklary bilen gulaklaryny dykýardy. Dostmuhammediň gara aty seýkin basyp, baýyň howlusyndan çykdy-da, göni öýe tarap ugrady. Onuň öňünden bolsa elleri deprekli aýdym aýdyp, tans edip, ýigitler barýardy. Gurbandurdy baýyň öýünden Gurbanguly çopanyň öýüne çenli ep-esli aralygam bolsa, ýigitler bir dem durman, gezekli-gezegine aýdym aýdyp, oýnap-gülüp barýardylar. Dostmuhammet bu wagt ýakyn-ýaranlary bilen tamyň üstüne çykypdy. Gelnalyjy howla kesek atym ýere ýetende, ol ýanynda duran sebetden iki sany alma aldy-da, birini çep elinde saklap, beýlekisini sag eline geçirdi. Misli birini daş bilen urjak bolýan ýaly, çep gözüni ýumup, sag eli bilen almany zyňmaga çemelendi. Ýigitler ýerli-ýerden: “Bol-ha bol!”, “Ur-ha ur!” boluşdylar. Dostmuhammet elindäki almany bat bilen zybyrdadyp goýberdi. Almanyň sapandan sypan daş ýaly atylyp gelýändigine garamazdan, ýigitleriň ekabyrragy böküp, ony howada gapdy. Ýigitler ýene gygyryşdylar, “Maňa-da maňa” boluşdylar. Garypmuhammet şu ýerde-de dilini saklamady: − Eý, seresap bol! Alma zyňan bolup, gelni uraýma! Degäýseň, dat günüňe bu gije! Dostmuhammet şowhun zerarly onuň sesini eşitmese-de, şular ýaly ýagdaýda näme diýjegini bilensoň, bir ýylgyrdy-da, ikinji almany Garypmuhammediň özünden çenäp zyňdy. Garypmuhammet ok ýaly gelýän almanyň öňünden zordan sypdy-da: − Bolşuň nähil-äýt! Näme, indi saňa dost gerek dälmi? “Öýlendim” diýip, dostlaryňy gyr-ýap edip barýaň-la! – diýdi. Onuň bu sözleri ýigitleriň şowhunynda eräp gitdi. Dostmuhammet üçünji almany Bibä gönüläp, öňkülerden ýuwaşrak zyňdy. At üstünden Dostmuhammedi synlap gelýän Bibi ýene bir pursatdan almanyň maňlaýyna degjegini görüp, ony goramak üçin, elini salgady. Alma onuň eliniň aýasyna degip, çep tarapa zyňlyp gitdi-de, hümer bolup duran adamlaryň üstüne gaçdy. Ony tutjak bolup uzalan onlarça eliň biri almany gysymyna gysdy. Gelnalyjy has golaý gelip, derwezeden girip ugransoň, Dostmuhammet soňky almalary oglan-uşaga şikes ýetiräýmäýin diýen pikir bilen, ýuwaşjadan oklap başlady. Indi almadan hantama bolup, çagalaram ylgaşyp geldiler. Almalar gutaronsoň, Dostmuhammet kiçijik haltadan pişmedir süýji-köke, kişde-kişmiş çykaryp, aşak oklap başlady. At gelip, howlynyň ortarasynda saklandy. Däp boýunça onuň jylawyndan tutup gelýän Gurbanguly indi gezegiň aýallaryňkydygyny duýdyrýan ýaly, sesli ardynjyrady. Onýança-da Dostmuhammediň ejesi başlyklaýyn aýallar gelip, Bibini götergiläp, atdan düşürdiler-de, öýe tarap alyp gitdiler. Gelniň sepini, ýany bilen berlen aýnadyr çöregini göterip gelýän oglanlar ýüklerini aýallara tabşyrdylar. Bibi, däp boýunça, bosagany üç gezek öpüp, sag aýagyny içerik atdy. Indi içerden aýallaryň dep çalyp aýdýan aýdymlary eşidilip başlandy: Äväl Gur’aniň başy “Tävaräýdi”, ýar-ýar! Bizä gälin gälädi, müvaräýdi, ýar-ýar! Äväl Gur’an “Bismilla!” başladyla, ýar-ýar! Gülü bilbil goýnuna taşladyla, ýar-ýar! − Aly, Aly! Dostmuhammet süýji düýş görýän şirin ukusyndan oýadylan ýaly, nägile gözlerini açalak-ýumalak edip, töweregine garanjaklady. Aý-aýdyňlykdy. Ýyldyzlaryň ýerleşişinden çen tutsaň, wagt ýarygijä golaýlapdy − ol ep-esli wagtlap “düýş” gören eken. − Aly, Aly! Barmyň-how ýa gelip, çapyp gitdilermi? Derwezäniň aňyrsyndan çybşyldy, soňam garawulyň ukuly sesi eşidildi: − Kimsiň? Nä habar? − Mesaňa bolsa-da, garawul uklandygyny bildirmejek bolýardy. − Näme işiň bar gijäniň içinde hanyň galasynda? − Açsan-a derwezäni! Änewden gelýäs, gijä galdyk. Birhaýukdan soň biriniň derwezäniň telmelerini sogruşdyrýandygy eşidildi. Ine-de, agyr derwezäniň bir taýy, ýerinden gozgalýandygyna nägilelik bildirýän ýaly, zaryn jygyldady. Bir ýigit ylgap gelip, Dostmuhammediň atyny tutdy. Ýasawullar bolsa atlaryny sürüp gitdiler. Başga bir ýigit Dostmuhammediň ýanyna geldi-de: − Hoş geldiňiz aga! Meniň bilen buýruň! − diýdi. Dostmuhammet indi hanyň ýanyna barmaga giçdigini bilse-de, inçejik umyt bilen ýigidiň yzyna düşdi. Ýigit uzyn däliziň sag tarapyndaky iň soňky gapyny açdy-da: − Buýruň! − diýdi. Otag ulam däldi, kiçem. Iki penjiresi bardy. Ullakan penjireleriň öňündäki şemdanlarda şem ýanyp, içerini ýagtyldýardy. Dostmuhammet şemiň ýagtysyna ýere owadan halylaryň düşelendigini gördi-de, “Gündiz-ä bu penjirelerden düşýän ýagta halylar öwşün atyp, has hem owadan görünýändir” diýip oýlandy. Diwarlaryň uzaboýuna düşekler ýazylyp, her ýerde, her ýerde goşa per ýassyklar goýlupdy. − Han aga çagyrýança, şu otag siziň ygtyýaryňyzda. Gerek zadyňyz bolsa, şu ýüpi çekip goýberiň, hyzmatkär geler. Häzir çaý gerekmi, nahar? − Sowuk suw bolaýsa... − Çäşm! Ýigit çykyp gitdi, derrewem eli golçaly dolanyp geldi. Dostmuhammet suwy başyna çekdi-de: “Älhämdulillah!” diýdi. − Ýene emriňiz barmy? − diýip, ýigit Dostmuhammede ýüzlendi. − El ýuwulýany görkezseň... Ýigit gapyny açdy-da, petik diwardaky gapyny görkezdi: − Ine! Şu otagda hemem zat, hatda sabynam bardyr. Han aga diňe aşpezlerine we hormatly myhmanlaryna sabyn berýär. − Eliň dert görmesin! Ýigit gol gowşuryp, götinjekläp çykyp gitdi. * * * Dostmuhammet gözüni açanda, penjireden Gün jyklap durdy. Ol hasyr-husur turdy-da: “Biabraý boldum!” diýip, agşamky ýigidiň görkezen ýüpüni çekip goýberdi. Gapy açyldy. Eli desmally bir ýigdekçe içerik girdi. − Abdest aljak. − Buýruň! Ýigdekçe desmaly Dostmuhammede uzatdy. Dostmuhammet täret kyldy, namaz okady. Diňe şundan soň ajygýanyny duýdy-da, nahar buýurdy. Nahar tagamlydy. Dostmuhammet nahar iýip oturyşyna: “Bize şular ýaly nahar berýän bolsa, öz iýýäni nähilikä?” diýip oýlandy. Soňam bu pikirinden utanan ýaly, müýnli bir sypata girip, daşyndan: “Kör − müňkür” diýenleri-dä. Belki, bizi sylap bişirdendir bu tagamly nahary” diýdi. Nahar iýenden soň, Dostmuhammet hanyň özüni çagyraryna garaşdy, ýöne öýle namazyna çenli habar-hatyr bolmady. Namaz wagtlary yzly-yzyna gelip-geçdi. Hiç hili üýtgeşiklik bolmady. Dostmuhammet hanyň çakylygyna garaşyp, ýarygijä çenli oturdy. Ahyram uky ondan üstün çykdy. Ertesi gün ol ir oýandy. Namaz okady, iýip-içdi, soňam han çagyrmanka, atymy bir göreýin diýen niýet bilen daşaryk çykdy. Onuň çykaryna mähetdel, bir ýigit ylgap, ýanyna geldi-de: − Näme hyzmat, aga? − diýdi. − Atymy görjek. − Siziň atyňyz han seýishanasynda. Ol ýere handan rugsatsyz barmak bolmaýar. − Öz atymy görjek bolsamam, rugsat almalymy? − Elbetde. Her kes hanyň seýishanasyna baryberse, bolmaz ahbetin. − Kimden rugsat almaly? − Han agadan. − Hany han aga? − Han aga dynç alýar. − Onda men atymy görüp bilemok-da? − Gynansak-da, ýok. Häzirlikçe, görüp bileňzok, ýöne siz alada etmäň, siziň atyňyz han aganyň atlary bilen bir ýerde bakylýar. Dostmuhammet nalaç otagyna gaýdyp geldi-de, ýene hanyň çagyraryna garaşyp başlady, ýöne öýle namazyna çenli hiç hili üýtgeşiklik bolmady. Ol indi hanyň özüni çagyrjagyna, onuň bilen söhbetdeş boljagyna şübhelenip ugrady. Şol bir wagtda-da yzyndan atly iberilip getirilmeginiň, hezzet-hormat bilen saklanylmagynyň manysyna düşünip bilmedi. Çykyp gaýdyberesi geldi. Munam edepsizlik saýdy. Han hormat edip çagyransoň, beýle hereket etmek, elbetde, barypýatan edepsizlik boljakdy. Sabyr edip garaşmalydy. Ol şeýle hem etdi. Sabyr edip, umyt bilen garaşdy. Ýöne han ony bu günem çagyrmady, asla ol barada unudan ýalydy. “Bä, myhmanyň habaryny üç günden bärde almak edepsizlik saýylýar” diýip çagyrman durmuka? Eýle bolsa, men gyssanýandygymy oňa duýduraýyn” diýip, hyzmatkäri çagyrdy: − Buýruň, aga! − Men ýene näçe wagt garaşmaly? − Ony han agadan başga bilýän ýok. − Onda, hanyňyza aýdyň, men gyssanýan, rugsat bersin, gideýin, başga bir wagt, “gel” diýen wagty geläýerin. − Han hezretleri soramasa, biz muny aýdyp bilmeris. Bu gün sişenbedi. Änewe çenlem bir gün ýol ýöremeli. Erte gije onuň ykbaly çözülmelidi. Ýa almalydy, ýa ölmelidi. Ýöne munuň üçin ol oba barmalydy. Bu ýerden çykmalydy. Hökman çykmalydy. − Men şu gün gitmeli, hökman gitmeli. Hana aýdyň, maňa rugsat bersin − diýip, ol janykdy. − Biz ony aýdyp bilmeris. − Onda men näme etmeli? − Garaşmaly. − Garaşmaly? − Hawa. − Men gitmeli, düşünýäňmi, meniň atymy beriň. − Han hezretlerinden buýruk bolmasa, berip bilmeris. Dostmuhammet bir zatlar syzyp ugrady. “Aldadylar. Aldaw bilen zyndana saldylar. Baryny etdirip ýörenem şol haramzada baýdyr. Berendir hana beribilenini. “Şuny, iň bolmanda, üç gün saklaň − diýendir. − Şu üç günde biz meselämizi çözeris − diýendir. – Hmm! Berim gökden ýol ýasar!” Dostmuhammet bu ýere kalby umyt doly gelipdi. Ýöne bir günden soň hanyň özüni çagyrjagyna şübhelenip ugrapdy. Iki gün geçenden soň, hanyň özüni çagyrmagyny islemän başlapdy. Bu gün bolsa hanyň özüni çagyrmazlygyny isleýärdi. Onuň ähli umydy puç bolup, şu ýere gelýärkä, hyýalyndan geçiren süýji arzuwlary daşlaşyp barýardy; gözüniň öňüne gelnalyjy geldi. Şadyýanlyk edýän ýigitleriň sany barha artyp, uly bir märekä öwrüldi, birdenem … çym-pytrak bolup gitdi. Ol birden: “Ýok!” diýip, heserli ýaly gygyrdy-da, teblä tarap ylgady. − Aga, ol ýere barmak bolmaýar, gadagan! Han aganyň buýrugy şeýle. Dolanyň, duruň! − diýip, hyzmatkär ýigidem onuň yzyndan ylgady. Dostmuhammet barşyna athana kürsäp girdi. Ahyrdan güýürdedip, arpa iýip duran atlar ürküp, honda zyňdylar. Boldy bir başagaýlyk. Kişňeýäni haýsy, çarpaýa galýany haýsy, siýdikleýäni haýsy! Diňe Dostmuhammediň aty, başyna torba geýdirilen-de bolsa, eýesini tanap, onuň ýanyna geldi. Dostmuhammet arpaly torbany onuň kellesinden silkip aýyrdy-da, ony idip, daşaryk çykdy. Ýalaňaç ata böküp mündi-de, derwezä tarap sürüp ugrady. Atlaryň gohuna, hyzmatkäriň sesine birgiden adam üýşdi. Olar Dostmuhammedi atdan saljak bolýardylar, emma gaty golaý barmaga-da çekinýärdiler. Dostmuhammet derwezä ýetende, böküp, atdan düşdi-de, onuň sokmalaryny çykaryp başlady. Onýança-da derwezeban gelip, ony itekläp goýberdi. Dostmuhammet entirekläp gitdi, emma ýykylman, özüni raslady-da, derwezebana bir ýumruk saldy. Olam entirekläp gitdi-de, derwezä uruldy. Dostmuhammet eglip, bir sokmany sogurdy. Ýene bir sokmany sogrup, iki kildi açmalydy. Ol ikinji sokmany-da sogurjak bolup eglende, kimdir biri özüni onuň üstüne oklady. Dostmuhammet ýere ýazyldy. Ol adam hem badyny saklap bilmän, Dostmuhammediň üstaşyry togalanyp gitdi. Dostmuhammet turdy-da, ýene sokma ýapyşdy. Bir adam onuň arkasyndan gujaklap, yza dartdy. Dostmuhammet sokmany goýbermedi. Yzdaky adama kömek ýetişdi. Olar Dostmuhammedi süýräp ugradylar. Ol silkinip, bularyň elinden sypdy-da, ýene sokma ýapyşdy. Bu gezek sokma onuň eline geldi. Dostmuhammet elindäki posly sokma bilen kilitleriň birini urup goýberdi welin ol ýerinden çykyp pyrlandy. Ýene bir kilidi açsaň, derweze açyljakdy. Bu çekeleşigiň bir zady geňdi. Garşydaşy näçe köp bolsa-da, hiç kim Dostmuhammet bilen ýakalaşanokdy ýa garpyşanokdy. Olaryň gohy köp bolsa-da, hereketleri azdy. Dostmuhammet ikinji kildiň bardygyny bilmän, elindäki posly sokmany bir gyra zyňyp goýberdi-de, omzy bilen derwezäni itip başlady. Onuň bir taýy açyljak ýaly edýärdi-de, ýene yzyna gaýdýardy. Dostmuhammet ýaňky taşlan sokmasyny aljak bolup, aşak egildi. Edil şol wagtam ýeňsesine degen jaýdar urgy ony seňseletdi... * * * Ol gözüni açanda, ilkinji eşiden sözi “haramzada” boldy. − Haramzada, kim saňa meň myhmanymy urmaga rugsat berdi? − Ol siziň permanyňyzy bozdy, han aga! − Ol meň permanymy bozsa, senem bozmalymy, eşek? “Onuň bilen hoşamaý reftar ediň” diýmänmidim? − Maý bolmady, han aga, ol athana birugsat girip, atlary ürküzdi, atyny alyp çykdy, derwezebany we ýene iki adamy urup ýaralady, derwezäni açyp çykjak bolanda, başga alaç galman, şeýtmeli boldy. − Beýtmäge hakyň ýokdy, ol meniň myhmanym ahyryn. − Han aga, ol özüne geldi − diýip, Dostmuhammediň başujunda oturan adam dillendi. − Hudaýa şükür! Eger oňa bir zat bolan bolsady, goluňy çapardym. “Hudaý” diýen ýeriň bar eken. Ujyz gutuldyň. Bar, işiň bilen bol! Hyzmatkär ýigit baş egip, götinjekläp çykyp gitdi. Otagda han bilen tebip galdy. − Ýene özünden gitdi, han aga! Gyzgyny galýa. Bu ýagdaýda oňa dermanam berip bolanok. Gadym türkmen usuly bar. − Et-dä, bar bolsa. − Bir işşegi soýduryň, han aga! Günüň çog düşýän ýerinde bir çukur gazdyryň. Syrkawy derä dolap, dikligine gömmeli. Han çapak çarpdy. Hyzmatkär oglan girip, baş egdi: − Buýruň, han aga! − Erkekleriň baryny üýşür şu ýere. Dem salymdan otaga on-on iki ýigit girdi. Han hemleli gürledi: − Hol, ilerki depede, günüň çog düşýän ýerinde adamboýy çukur gazyň. Derrew. Çukur taýyn bolup barýarka, ikiň men diýen bir işşegi soýuň-da, hamyny şu ýere äkeliň. Gyzgyny gitmänkä. − Hassany şol ýere elteli, han aga. Goýnam çukuryň ýanynda soýsunlar − diýip, tebip müýnli ýaly gürledi. − Eşitdiňizmi? Aýdyşy ýaly ediň. Bir çäýnek çaý içim salymda çukur taýyn bolsun. Baryň. * * * − Üç gün diýlende, Dostmuhammet bäri bakyp başlady, ýöne gözünde jan ýokdy. Manysyzdy. Deminiň gelip-gidýänini diýäýmeseň, onuň ölüden tapawudy ýokdy. Dik asmana seredip ýatyrdy. Tebip ýanyndan aýrylanokdy. Hanam ýygy-ýygydan gelip-gidýärdi. − Seniň-ä eliň ýeňil bolmaly, Gulamaly, hassa näme bäri bakyberenok? – diýip, han tebibe ýüzlendi. − Munuň üçin onuň özüniň gutulmak islegi bolmaly, han aga. Bu ‒ diýseň möhüm. Ol bolsa gutulmak islänok. − O näme diýdigiň? − Syrkaw gutulmak üçin jan edenok. Onuň üçin barybir ýaly. Han Dostmuhammediň başujunda oturdy-da, ýuwaşlyk bilen gürläp başlady: – Allatagala bize jany amanat beripdir. Ony harlamak amanada hyýanat bor. − Dostmuhammetden ses çykmady. Ol güň ýaly bolup ýatyrdy. Bu dünýäniň adamy däl ýalydy. Han dowam etdirdi. – Janyňa haýpyň gelsin, oňa kast etme, sen heniz ýaş, ömür – uzak, heňňam − az. Wagtyňy bihuda geçirmegiň israfdygyny menden gowy bilýäň ahyryn. Tizräk gutulmagyň pikirini et, tebibiň diýeni bilen bol, ýogsa dermanlaň haýry bolmaz. Dostmuhammetden ýagşydan-ýamandan ses çykmady. Han özi gürledi, özi goýdy. Ahyram bolmajagyny bilip, turup gitdi. Hanyň ýerine tebip geçdi. Ol hassanyň dermanlaryny içirmekçidi, emma Dostmuhammet oňa barmysyňam diýmedi. Tebip her zat edip gördi, her zat diýip gördi, hassa kime diýýäňem diýmedi. Tebip lapykeç halda başyny aşak salyp oturdy-da: − Sen gutulmasaň, han meni heläk eder. Meňem çagam bar. Şolaň hatyrasyna içäý dermanlaňy. Kyýamat gopanok ahbetin, näme beýdip, özüňi heläk, bizi betbagt edýäň? Seň derdiň diňe kelläňe degen posly demir däl, seni bir syr ýakyp-ýandyryp barýar. Görüp durun. Aç maňa syryňy, belki ýüküň ýeňlär, aç oglum, içiňde galsa, heläk eder seni – diýdi. Dostmuhammetden ses çykmady. Ertesi agşam han ýene geldi. Dostmuhammet oňa: “Gerek bolaňda-ha, üç günläp gara bermediň, gözläbem tapyp bilmedim. Indi, näme, gybyr-gybyr gatnap dursuň?” diýäýjek ýalydy, emma sesini çykarmady, çünki bu gürrüňler, bu dawalar şu dünýäniň işidi, ol bolsa bu dünýäden örküni üzüpdi, dünýälik däldi. Han Dostmuhammediň içini bilen ýaly gürledi: – Sen maňa gahar edýänsiň. Hakyň bar. Ýöne, ynanaý, bu zatlaň bary seň bähbidiňe. − Dostmuhammet ajy ýylgyrdy, has dogrusy, ýylgyrjak boldy. Mundan artyk zada onuň ysgyny ýetmedi. − Ertir kakaň gelýä – diýip, han bu gezek düýpden başga hörpden gopdy. Dostmuhammetden ses çykmady. – Elin tabşyraýyn, men seni onuň haýyşy bilen çagyrypdym ahbetin. Dostmuhammedi ýyldyrym uran ýaly boldy. Muňa ynanasy gelmedi. “Heý, ata-da oglunyň bagtyna böwet bolarmy? Diýmek, maňa hyýanat eden kakam-da. Men bolsa baýdan görýärdim. Ýeri, kakaň şular ýaly iş etse, başgalardan: handan, baýdan, ýene-ýeneden nämä garaşyp bolar? Munuň aýdýany dogry bolsa, diýmek, ol ähli zatdan habarly, diýmek kakam bilen elbir.” Şu pikirleri serinde aýlap, ol ysgynsys ses bilen: − Maňa hyýanat eden kakammy? − diýdi. − Hyýanat eden däl. Ölümden alyp galan. Şeýtmedik bolsady, şol gije seni öldürerdiler. − Şundan-a öleniňem gowy. − Däldir. Bu ýöne bir aýdylaýýan sözdür. Ölüm hiç zatdan gowy däldir. Ölseň, nesliň kesiler. Dowamatyň bolmaz. Ynsan bu dünýä perzent öndürmek üçin gelýär ahbetin. − Näme üçin hökman men ölmeli? Men nä ýekemi, arkasyzmy? Belki, men öldürerdim. − Bolup biler, ýöne şundan soň, agasyny ýa atasyny öldüreňsoň, ol gyz bilen bagtly bolup bilermidiň? Gardaş ýarasy onuň kalbyny ömürboýy paralamazmydy, ata nalasy ony bagtyýar edermidi? Çagaňa: “Daýyňy, babaňy men öldürdim” diýip bilermidiň? – Han dowam etdi. – Ine, sen häzir ýat bir adam üçin ölmäge-de, öldürmäge-de taýyn. Özüňe iň ýakyn adamlar bolan ataň-eneň barada welin pikir edeňok ýa olar seň söýgiňe mynasyp dälmi, ýa olar seni ol gyzdan kem söýýärlermi? Dostmuhammet oýa batdy: hanyň aýdýanlarynyň jany bardy. Ol ene-atasyna söýgüsini unudypdy, olara bolan söýgüsini Bibä bolan söýgüsi basypdy. Eýse näme etmeli? Dessanlarda-da şeýle dälmi näme? Diýmek, dessan ýazanlaram bu meselä bir taraplaýyn çemeleşipdirler. Dogry, dessanlarda köplenç gyzyň kakasy şa bolup, oglany öldürýär, gyzam öz janyna kast edýär. Eýse olarda perzent söýgüsi ýokmuka? Gyzy özüni öldürenden soň bir, ýalňyşyna düşünip, toba edýärmikä?! Edende näme ondan soň!? Ol tobaň kime geregi bar? Onuň oýa batanyny gören han dowam etdirdi: − Duşman bolup, bir obada ýaşap bolarmy? Biri-biriň toýuna, ýasyna gatnaşman, begenjine gynanyp, gynanjyna begenip ýaşap bolarmy? Agzala bolup, ýagy gaýtaryp bolarmy? Bolmaz. Ýagy çozsa, hökman biriňden-biriň, gahar edip, duşmanyň tarapyna geçer. Şeýdibem, ýurt elden gider. Hanyň bu sözleri hakykat bolup çykar. Ýagy Änewi gabanda, azygy gutaran halk it-pişige çenli iýip, galany goranda, Tylla magtym atly biri, bu kynçylyk diňe öz başyna düşen ýaly, halkyna, ýurduna haýynlyk edip, gala gelýän suwuň syryny duşmana açar, ony beklemegiň ýoluny öwreder. Netijede, gala weýran edilip, ýer çekip, ýegsana döner, gülnüň gunçasy tirilip, bag-bakjaly howly-köçesi çölüstana döner, baglardan bilbil uçup, zaglar gonar, açylan güller hara döner. Änewiň men diýen ýigitleri, şol sanda, agzyna gamyş gysdyryp, suwuň asty bilen galadan çykyp, ýagdaýy raýatymsyň diýip, salgyt alýan hana habar beren Öwezgelen-de wepat bolar. Arasynda Dostmuhammediň inisi Öwezmämmet-de bolmak bilen, galanyň on ak öýlüsi girew alnyp, ýesir güne salnar. Halk ata-baba oturymly ýurduny terk edip, ýat ýurda göç eder. Bu zatlar takmynan çärýek asyr soň bolar. Dostmuhammet bu elhençlikleri goşgularynda beýan edip, nesillere goýup gider. Häzir welin ol diňe bir oda ýanýardy. Mundan beter dert bardyr öýdenokdy. Onuň üçin zamana ahyr bolupdy. Mundan beýläk ýaşaýyş ýokdy. “Han giň ýeriň gürrüňini edýärdi. “Başy agyrmaýanyň ýanynda: “Başym agyrýar” diýme” diýlenid-ä”. Dostmuhammet näme diýýäninem, näme üçin diýýäninem bilmän, agzyndan ysgynsyzja bir jümle gaçyrdy: − Hawa-da, sen − han, näme diýseň, bolup dur... − Men, näme, han bolup doglandyr öýdýäňmi? − diýip, han ep-esli dymandan soň, gürläp başlady. − Ýok, han ogul, men bu gahba pelegiň şarpygyny dada-dada, hunabasyny ýuwuda-ýuwuda, zarbasyna çyda-çyda, han boldum. Seň geçen ýoluňy menem geçdim, kakaň şaýatdyr. – Han ýene dymdy. Onuň ýüzüne kölege, gözüne gubar indi. Dostmuhammet bir dem öz ýagdaýyny unudyp, hanyň ýüzüne seretdi. Han, göýä hasratly ýatlamalaryň içinde gark bolup barýan ýaly, elini daldaladyp, dowam etdirdi. − Bu bir şowkuň jana gelen pursatydyr, gözüňe şondan başga zat görünmez, emma wagtyň geçmegi bilen, gyza, gelne bolan söýgiň perzentleriňe geçer, kimden bolsa bolaýsyn, öz ganyňdyr. Ikiňem şolary söýersiň, ikiňem şolar diýip köýersiň, özüňi oda-köze urarsyň. Ine, şu söýgi-de seni ysnyşdyrar. Durmuşyň özenem şudur. Dostmuhammet dymýardy. Hanyň diýýänleriniň dogry bolmagam ahmal, emma ol muny kabul etmeýärdi. Han näme diýse-de, onuň üçin bary birdi: Bibi elden gitdi – dünýä gapyşdy. Ar-namys elden gitdi – ýaşaýyş gutardy. Indi nä ýüzüňe oba barjak? Nädip, ile-güne görünjek? Dost-ýaryň, dogan-garyndaşyň ýüzüne nähili seretjek? Nädip, utanman, eliňe gylyç aljak? Elinde çöp tutubilmeýän namartlar senden üstün çykdy. Ýa bu dünýä namardyň dünýäsimikä? Bu dünýäde namart bolup ýaşamalymyka? Eýse, mert doglanlar, mertlik terbiýesini alanlar näme etmeli? Eli dermanly tebip Dostmuhammede ýüzlendi: − Şujagazy içäý, oglum, rahat ýatarsyň. Dostmuhammet diňe şondan soň hanyň çykyp gidendigini bildi... Uzaga çeken tümlük syrylyp, howa ýagtylyp ugrady. Dostmuhammediň gözüni açanyny gören tebip dillendi: − Gowy ýatdyňmy, oglum? Ýatansyň. Ine, şujagazam içäýseň, işdäň açylar, şeýdip, ýuwaş-ýuwaş aýaga galarsyň. Adamyň başyny alyp duran zat ýokdur. Sabyr et. Dostmuhammet oňa ünsem bermedi, gijäni çirim etmän geçendiginem aýtmady. Bu wagt içerik giren han gelip, onuň ýanynda oturdy. Ýagdaýyny sorady, göwünlik berdi, emma Dostmuhammet üçin onuň sözleri pagtabent atylan ýalydy. Muňa garamazdan, han uzak gürledi. Ol şeýdip, Dostmuhammetde durmuşa gyzyklanma döretmek isleýärdi. Gapy emaý bilen açyldy-da, hyzmatkär içerik girdi: − Änewden Gurbanguly molla geldi. − Gelsin! Gurbangulynyň ýüzi pata gelen adamyňky ýalydy. Göýä, oglunyň öňünde etmişi bar ýaly, han bilenem ýüzüni galdyrman salamlaşdy. Han oňa oturmagy teklip etdi. Dostmuhammet gözünem açmady. Ol kakasyndan ynjapdy, ýaman ynjapdy. Onuň arkadan uran pyçagy Dostmuhammediň jan damaryny gyryp taşlapdy. Indi onuň jesedinde jan bolsa-da, demi gelip-gitse-de, ruhy ölüdi, ýaşamak islegi ýokdy, dünýäden örküni üzüpdi. Şu ýatyşyna ýatsa, onuň aýaga galaryndan galmazy golaýdy. Gurbanguly muny bilýärdi, şonuň üçinem ol ogluny äkitmäge gelipdi. − Eden ýagşylygyň Alladan gaýtsyn, han aga! Eliň-gözüň dert görmesin! Sen meniň oglumy ölümden alyp galdyň. Ömrüm boýy borçly men saňa. − Alla size-de giňlik bersin! Mert boluň, bu-da geçer! − Men oba gitjek däl – diýip, Dostmuhammet mejaly bolmansoňmy ýa atasyndan uýalypmy, gözüni açman gürledi. − Men seni oba äkitjegem bolamok – diýip, Gurbanguly oglunyň gürlänine monça bolup, jogap berdi. – Çöle gideris. Hydyr gören çöl şypa berer saňa, ýüregiň giňär, ýüküň ýeňlär. Alla kerimdir. Keremi kändir. Biziňem paýymyzy berer bir gün. − Enşaalla! – diýip, han ýene gürrüňe goşuldy. – Tebip: “Men etmeli emleri etdim” diýýä, “Galan zat özüne bagly” diýýä. “Özüniň gutulmaga, aýaga galmaga islegi bolmaly” diýýä. * * * Kelet galasyndan çykan araba tykyrdap, ýol söküp barýardy. Gurbanguly hassany ynjytmazlyk üçin, arabanyň üstüne bir gat saman, onuň üstündenem düşek ýazypdy. Dostmuhammet welin bu zatlary duýanokdy. Onuň çaýkandyrman saklap bilmeýän mejalsyz kellesine pikir ýygyny hüjüm edýärdi: “Gör, bu keç pelegiň oýnuny! Gör munuň keçligini! Munuň düz aýlanan wagty bir barmyka? Munuň adamlary gönendiren wagty bir boldumyka? Nijeme aşyk-magşuk örtenip geçdi munuň elinden, nijeme janlar, nijeme jananlar guma garyldy munuň elinden! Diriligime ýakdy, süýeklerimi sökdi, belent tugumy ýykdy! Ne ar goýdy, ne namys! Asyl munuň ar-namys bilen işi ýog-a! Işi ynsan balasyny aglatmag-a! Eý, dyrnagy demirden talaňçy dünýä, eý, ähdi-wepasy ýok ýalançy dünýä, seniň aşyklary wysala ýetirip, bagtyýar eden wagtyň boldumy? Bolan däldir! Bar bolsa, menem bu güne salmazdyň, meni bu ýerde, Bibini ol ýerde biri-birimize zar etmezdiň. Seniňem biz ýaly örteneniňi bir görsedim, bir görsedim!!!” Dostmuhammet pelegi adalatsyzlykda aýyplaýardy. Öz geplerini gögerden gyz eýeleriniň, iki juwany agladyp, gyzlaryny heniz aşyk oýnamakdan başga hiç zat bilmeýän oglana beren gyz eýeleriniň bolsa göwünleri hoşdy: gyzlaryny “abraý bilen abraýly ýere çykarypdylar”. “Garaçy mollasumagyň ogly garaçy mollasumak öz hetdini tanasyn! Göwni islän öwlat gyzyny alyp biljekmi? Her ýeten öwlat gyzyny alsady, bu wagta dünýäde öwlat galmazdy. Öwlat gyzyna garaçy däl, öwlat gelni bolmak ýaraşar! Öwlat gyzy öwlat gelni bolanda, bagt tapar!” Gyzynyň bu bagty isläp-islemeýändigi barada pikirem etmeýän bu adamlaryň çagasynyň nä gündediginden habarlary ýokdy. Armаn bilen melаmаt bаhrynа düşen gyzynyň: “Ýalаnçydаn näler geçdim аrmаnly, men bir näzik güldüm, sоldum аrmаnly, Dostmämmetden аýrа düşdüm аrmаnly” diýip, ah urýandygyny bilenokdylar, has dogrusy, bilmedik bolýardylar. * * * Gurbangulynyň çölden eden umydy çykmady. Dostmuhammet Bibini unutmaga her näçe çalyşsa-da başarmady. Sazak-selne, ota-çöpe seredende, Bibini gördi. Ýel ses edende, Bibiniň agysyny eşitdi. Ýeke galanda, Bibi bilen gürleşdi... Bir gün çoluk sürini alyp çykdy, çopanam azyk üçin oba gidip, çatmada Dostmuhammediň ýeke özi galdy. Ol, obasy, il-güni ýadyna düşüp, köp hapa boldy. Birden, ýerden çykan ýaly bolup, Bibi girdi çatma. Dostmuhammediň akyly başyndan uçdy. Ýerinden turup: “Bibi, sen meniň bu ýerdedigimi nä bildiň?” diýdi. Ýanyna barmak isledi, soňam biri göräýmesin diýip, ejap etdi. Emma Bibi asla utanman, onuň ýanyna geldi-de: “Seni gözleý-gözleý, şu ýere geldim. Sen bolsa iki ädim ädip, ýanyma gelip bileňok. Gel, tut golumdan, gel, gel tut, tut!” diýdi. Dostmuhammet bir görse, çopan obadan gelipdir-de, getiren zatlaryny ýerbe-ýer goýuşdyrýar, onam haltanyň bir tarapyndan tutmaga çagyrýar. Özüne gelen Dostmuhammet erbet utandy. Ýer ýarylmady, olam girmedi. Ýaňy Bibiniň öňünde kellesine gelen goşgyny doga sanaýan ýaly edip, içinden gaýtalap başlady: Işwe bilen gelip dursаň gаşymdа, heýrаn bоlup, аklym çаşа, dilberim! Derdi-gаmym şunçа bаrdyr jаnymdа, bir-bir diýsem, hetden аşа, dilberim! Il içinde belli bir synа dаgym, men bilmenem, ýa hаssаýam, ýa sаgаm, gül jemаlyň bir görmäge muştаgаm, biziň sаry kyl tоmаşа, dilberim! Ýar bоlаn ýarynyň hаlyn sоrmаzmy, zоwky-sаpа sürüp, оýnаp-gülmezmi, şikeste hаlyndаn hаbаr аlmаzmy, meger, bаgryň döndi dаşа, dilberim?! Dostmuhammet, gezdim sаg-u-sоllаrdа, gözlerim girýandyr, bаkdym ýollаrdа, sensiz mydаr ede bilmen çöllerde, ýüz dönderdim kоwum-hyşа, dilberim! Mundan soň Dostmuhammet ýene oba gaýtdy. Kowum-hyşy onuň gelenine begendi. Emma Dostmuhammediň ýüzi açylanokdy, ýüregi gamdan doludy. Kakasy birnäçe aksakgal bilen maslahat edip, ony öýermek kararyna geldi. Bu gezek gyzy Gurbangulynyň özi saýlady. Ol ýakyn bir garyndaşlarynyň gyzydy. Ýöne bu ýagdaýda Dostmuhammede bu habary aýtmaga hiç kim ýürek edip bilmedi. Ahyr bu işi Garypmuhammede tabşyrdylar. Garypmuhammet bu habary dostuna aýtmazdan öň, onuň bilen köp söhbet etdi, çagalyklaryny ýatladylar, kä gülüşdiler, kä ýüreklerine gubar inip, gözleri ýaşardy. Soň ikisi gezmäge çykdy. Galanyň içinde gezdiler. Bag-bakjaly bir ýere geldiler. Onuň içinde dört sany kiçijik howuz bolansoň, “Çar howuz” diýerdiler. Garypmuhammet adamy ýaşaýşa imrindirýän şu ajaýyp ýerde täze durmuş hakda söz açmak bolar diýen pikire geldi: − Saňa bir sözüm bar, eger diňleseň, − diýip, ol usullyk bilen dostuna ýüzlendi. Dostmuhammet gürlemedi. − Molla aga seni öýermek isleýär. Walla, onuň diýenini etseň, gowy bolar. Gyz gyza gurbanmy näme? Bibi bоlmasa, Bikemiş. Bоýda-bykynda, syr-sypatda, görk-görmekde Bibiden artyk bolmasa, kem-ä däl. Оny görseň, Bibini ýadyňdan çykararsyň. Garypmuhammet dоstuna “bolýa” diýdirmek üçin, ýüregi islemeýän sözlerini-de aýtdy, emma Dоstmuhammediň piňine-de däldi. Ol indi Bibini görmejegini bilse-de, ondan el çekmändi. Göwnüne bolmasa, bir gün Bibi gaýdyp geläýjek ýalydy. Garypmuhammediň: “Bоýda-bykynda, syr-sypatda Bibiden artyk bolmasa, kem-ä däl. Оny görseň, Bibini ýadyňdan çykararsyň” diýmegi onuň göz öňüne Bibini getirdi. Bibiden habar bilesi geldi-de: − Sen, eger dost bolýan bolsaň, maňa bular ýaly habar getirme − diýdi. Garypmuhammet agzynyň ugruna gürledi: − Eýse, nähili habar getireýin? − Bibiden habar getir − diýip, Dostmuhammet bu işiň amala aşjagyna ynamy bolmansoňmy, nämemi, ýere bakyp gürledi. − Ondan habar getirenimde, näme üýtgeýär, Dosty? Gowusy, sen ony unutjak bol. Takdyryňa ters gitme. − Senem bir zat diýäýýäň-äý, Garyby. “Unut” diýmek dilde aňsat. Eger şonda kakam şeýtmedik bolsady… − Onda şu wagt ýaşajagyň, ýaşamajagyň belli däl. Sen gyzyny alyp gaçsaň, baý seni ýaşadar öýdýäňmi? − Armanly-ha galmazdym-da. − Boljak iş boldy. Indi ham hyýallara bent bolup oturman, takdyryňa kaýyl bolsaň, gowy bolardy. − Sen maňa bir habar getirjekmi, ýokmy? Ýa özüm gideýinmi? − Bu işden ganyň ysy gelýär, Dosty. Seniň ol ýerde işiň ýok. Men giderinem, saňa habar getirerinem. Ýöne şondan soň, oňa-muňa urunma, eneň-ataňa haýpyň gelsin. Dostmuhammet basyk ses bilen: “Bolýar” diýdi. Garypmuhammet gelip, Bibili gürrüňden başgasyny Gurbangula aýtdy. Goja bu habary aksakgallara ýetirip, olardan maslahat sorady. Ýaşulular: “Beýle bolsa, gyssamaly, goý, ýüregi ýerine gelsin” diýdiler. * * * Garyby dostuna beren sözünde tapyldy. Şol günüň ertesi ähli işini-pişesini taşlap, Bibiniň baran obasynda ýaşaýan daýzasynyňka gitdi. Onuň ýöne ýere gelmändigini aňan daýzasy çete çekip, näme üçin gelendigini sorady. Garyba gönüsinden gelmekden başga çäre galmady. − Siz henizem oglanlyk edýäňiz. Unudyň bu pişäňizi. Bibi ‒ indi kişi maşgalasy. Oňa gyýa göz bilen garamak öwlüýä kesek atan ýaly bor. Onsoňam, hiç kim namysyny köçä taşlan däldir. Mundan ganyň ysy gelýär. Dostmuhammedem takdyra boýun sunsun. Allanyň edenine “däl” diýmesin… Garypmuhammet daýzalarynda iki gün boldy. Içden-daşdan, suwa gidýärkä, suwdan gelýärkä, Bibini synlady. Bibi owadanlaşypdy, ýöne gamlydy. Özem, onuň göwnüne bolmasa, toýludy. Garypmuhammet gaýdyp geldi-de, gören zatlaryny, bolan gürrüňi Dostmuhammede gürrüň berdi. Bu söhbetden soň Dostmuhammet Bibiniň kişi maşgalasydygyny boýun aldy. Her näçe ajam bolsa, bu hakykatdy. “Oýunçy utulanyny bilse ýagşy” diýipdirler... * * * Dostmuhammet Garyba söz berse-de, Bibileriň obasyna barman durup bilmedi. Bibini görsem diýip, ýüregi agzyndan çykyp barýardy. Gördem. Uzakdan gördi. Ýöne munuň bilen ýürek ynjalmady, gaýta beter alawlandy. Derdi täzelendi. Bitip barýan ýaranyň gabygy soýlup, täzeden gan akyp başlana döndi. Ol gaýdyp, şu oba gelmezlige özüne söz berdi, emma durup bilmedi. Her baranda-da, ýarasy täzelenip gaýdýardy, çünki Bibini görmek, onuň bilen gürleşmek isleýärdi. Ýöne muňa onuň edebi, terbiýesi, ygtykady ýol bermeýärdi. Şerigat ýol bermeýärdi. Bibi indi kişi maşgalasydy. Onuň bilen ýakyn durup, ýekme-ýek gürleşmek günädi. Ol günäden gaçýardy. Ýöne günäden ol gaçsa-da, gaçmaýan bar eken. Dostmuhammediň bu oba gelip-gidýändigi baradaky habar Bibiniň gaýyn toparynyň gulagyna degdi. Geçen gezek pirimleri paşmansoň, olar ahmyrlydylar. Bu gezek awlaryny sypdyrjak däldiler. Olar üçin bir amatly şertem Dostmuhammediň bu ýere hiç kime bildirmän, ýeke gelip-gitmesidi. Gudalarynyň bu pikirini eşiden Gurbandurdy baý olara telek iş edýändiklerini aýtdy: − Onuň üçin at zaýalap näme etjek? Onuň kakasynyň maňa on bäş goýun bergisi bar. Olam maňa şeý diýýä. − Baý mys-mys güldi. Oturanlar hiç zada düşünmän, biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. − Edenli adam-da. Ol şol on bäş goýny sürüden alypdyr. “Aýtsaňyz öldirin” diýip, çopanlaram gorkuzypdyr. − Onda näme üçin sen bizi saklajak bolýaň? − diýip, gudalaryň ulusy baýdan sorady. − Men siziň eliňiziň gana bulanmagyny islämok. − Bir ýeňiýoluk namysyňy depeläp durka… − Gepem şoň ýeňiýoluklygynda-da. Özüň ýaly bolsady, näme tär, näme emel ulansaňam bolardy. Bu ýerde welin: “Ejize ganym” diýerler. − Ejiz dagy däl-le. Ejiz bolsady, kişi maşgalasyna göz gyzdyrmazdy. Gürrüňiň bir çetiniň gyzyna syrykmagy baýa ýakmady. Ol ynjandygyny bildirýän bir äheňde: − Oba hemmeler üçin deň. Kim islese, barybam biler, gelibem − diýdi. − Onda näme maslahat berýäň? − Siz şeýle tüntmi ýa amsyran bolýaňyzmy? Ol meniň çopan-çolugymy urup-ýenjip, gündiziň güni meni talap gidipdir. − Onda-da: “Degmäň” diýýäň-ä. − Diýýän. Siz degmäň. Ony özüm ýok ederin. Ertir Allaýar hanyň ýanyna baryp, arz ederin. − Hanyň bar aladasy bizmi? Diňlärmi seň arzyňy? − Diňlär ýaly ederis-dä. Şol “ogurlanan” on bäş goýnuň onusyny hanyň özüne bagyş etsem, näder öýdýäň? Oturanlar bir-biriniň ýüzüne seredişip, başlaryny ýaýkap, köpmanyly ýylgyryşdylar. Ýene üç günden hanyň iki atlysy gelip, “goýun ogrusy” Dostmuhammedi zyndana alyp gitdi. * * * Baharyň hoştap howasy zyndandan çykan Dostmämmede has hem ýakymly gelýärdi. Ol şu baýyrlary, şu jarlary, şu ýodalary ençeme gezek görenem bolsa, olaryň owadanlygyny öň duýmandyr. Olara adaty bir zat ýaly garapdyr. Häzir welin şu ajaýyplygy, şu gözelligi durky bilen duýup barýardy. Öz-özünden göwni göterilip, aýdym aýdasy gelýärdi. Şonuň bilen birlikde-de, tiz oba ýetesi, täze habarlary bilesi, ylaýta-da, Bibiden habar eşidesi gelýärdi. Ine, ol üstünden obany synlap duran baýryndan aşak inip ugrady. Baýryň eteginde, damanada 10-12 ýaşly bir oglan guzy bakyp ýördi. Ony görende, Dostmämmediň ýadyna çagalyk ýyllary, şu ýerlerde guzy bakyşy, oglanlara “Kasasyl enbiýany” gürrüň berşi düşdi. Guzular mäleşip, agaýana otlap ýördi. Çopan oglan taýagyny gerdeninde goýup, iki elinem taýagyň üstaşyry geçirip, sürini synlaýardy. Dostmuhammediň göwnüne baýyrdan inip gelýänem özi, aşakda sürini synlap duranam özüdi. Iki Dostmuhammet biri-birine barha golaýlaşýardy. Ine, olar sesýetim aralyga geldiler. − Salawmaleýkim! − diýip, oglan salam berdi. Ençe wagt zyndanda oturan adama oglanyň salamy asmandan gelen neda ýaly eşidildi, kalbyna kuwwat berdi. Ol hyjuw bilen: − Waleýkim-es-salam, inim! − diýdi-de, çopana iki elini uzatdy. Çopan oglan taýagyny goltugyna gysdyryp, özüne uzan elleri iki eli bilen gysdy. − Saglykmy, inim? Gurgunçylykmy? Oba-gara, mal-hal, ekin-dikin guratmy? Dostmuhammet yzly-yzyna sorag berensoň, çopan oglan diňe “şükür” diýmäge ýetişýärdi. − Kimiň ogly sen? − Durdy çopanyň. − Kakaňam gurgunmy? − Şükür. − Çöldedir. − Hawa. − Ömrüni çölde, goýun yzynda geçirdi, ýalkanar ol. “Ýedi ýyl çopan bolanyň ähli günäsi ýuwulýar” diýýäler. Ol bendede günä-de ýokdur-la. Obada näme habar bar, inim? − Obada bir bolmasy iş boldy, agam. − Bähbit bol-a! − Hol Gurbandurdy baýyň gyzyny äri pyçaklap öldüripdir. Dostmuhammediň üstüne asman inen ýaly boldy. Aýagynyň astyndaky ýer süýşüp gitdi. Özem asmanda gaýyp ýörene döndi. Eýsem-de bolsa, syr bildirmejek bolup, oglana ýüzlendi: − Hä’! Bolmandyr. Bu iş haçan boldy? − Şu gün üçi. − Sen onuň ... nirededigini bilýäňmi? − Bilýän. Biz jaýlap gaýtdyk. − Sen, onda, görkez maňa şony. Oglan indi Dostmuhammedi tanady. Ol şeýle bir üýtgäpdir welin, öňki adamdan nam-nyşan galmandyr. Bibiniň ölüm habaryny Dostmuhammet zyndandaka eşidipdi. Ýöne bu ýere gelip, bu oglandan eşiden habary, “Bibi öz ajalyna ölmändir. Ony Dostmuhammet bilen arasy bolany üçin, gaýyn tarapy öldüripdir” diýlen habar oňa öňküdenem agyr geldi. Ilki söýgülisini elinden alyp gitdiler. Emma her näme-de bolsa, onuň aýatda diriligi Dostmuhammede teselli berýärdi. Soň “öldi” habary geldi. Indem ol öz söýgülisiniň ganhory ýaly bolup galdy, çünki ony Dostmuhammet üçin öldüripdiler. Görüň keç pelegiň oýnuny! Görüň gahba pelegiň keç gerdişini! Görüň onuň ynsany maýmyn edip oýnaýşyny! Görüň onuň keç işini!!! Bularyň baryny bir şygra salypdyr şahyr: Geliň, bakyň keç pelegiň işine, keç bоlansoň, keçligine ýüz gоýdy. Bibi hiç bakmady kowum-hyşyna, meni diýp, janyna derdi-suz gоýdy. Iki türpe jenan jennetiň hüýri, ne hüýr-i jennetdir, gözel Hak nury. Beraderler, çarh-y pelegiň zоry, Bibin ýere ýegsan, Hallyn düz gоýdy! Bagbadda, Nusaýda ýasaldy gabry, Şоl gabyr üste ýagsyn rähmetiň ebri, beraderler, çarh-y pelegiň jebri dilip-dilip, ýaralarda duz gоýdy. Göýä, artyk idi hüýrden-melekden, o melege zulum ýetdi pelekden, tenim deşik-deşik bоldy elekden, gam girmäge, jan çykmaga göz gоýdy. Eger ýete bilseýdim оň ýanyna, ýüz sürterdim о bulaşan ganyna, Dоstmuhammet, şоl Bibiniň şanyna otly dessan, bir zarynjy söz gоýdy. Bular tirkeşip, gonamçylyga girdiler. Oglan Bibiniň mazaryny görkezdi. Dostmuhammet çök düşüp, aýat okady, uzak okady. Aýat tamamlandam welin, Bibi gelip, onuň öňünde durdy: − “Seň üçin ölüme-de kaýylmen” diýmänmidim? Ine, sözümde tapyldym. − Sen tapyldyň, Bibi, men biwepa çykdym. Üstesine-de, seňem ölümiňe sebäp boldum. − Sen gapyl galdyň, Dostmämmet. Seni aldadylar. − Sen nädip bilýäň? − “Ölä − aýan” diýip eşitmänmidiň? Dogrusyny aýtsam, men-ä ölenime gynanamok. Her dem sen − ýanymda, seni görýän. Asyl, öňräk ölmeli ekenim, beýdip, aýralyk dagyny çekip ýörenden... − Sen näme diýip dursuň, Bibi? Beýtmeli däldiň. Meni goýup gitmeli däldiň. Meni ýanar otlara salyp gitdiň, Bibi! Heý, beýle zat bolarmy? Heý, aşygyň biri ölüp, biri munda galarmy? Ýokmy ýanyňda maňa ýer? − Ýok, Dostmämmet, sen meniň ýanyma gyssanma. Sen onsuzam meniň ýanymda. Men seni söýdüm, ýöne ärime biwepalyk etmek, ýatsam-tursam, oýuma-da gelmedi. Özüme erk edip bilmän, gijeler düýşümde seň adyňy tutýan bolsam näme?! O petigara-da namys etdi. Men oňam günäsini geçdim, sebäbi ol meni öldüreli bäri, sen − meniň ýanymda. Indi bu biwepalyk bolmaýar, çünki men indi hiç kimiň aýaly däl. Ýöne kyýamata çenli sen diýip ýataryn. Sen meni köpräk aýatda ýatla. Ruhum şat bolar. Şol şatlyk dura-bara saňa-da geçer. − Ölüm maňa ýagşydyr sensiz munda durmakdan. Razymen menem girsem bile mazara, Bibi! − Iki ölüme zerurlyk ýok, Dostmämmet. Men öldüm, sen zara galdyň. Ýöne sen ruhdan düşme. Enşaalla, haşyr güni duşuşarys. Ýöne sen şygyrlaňy ýygnap goý. Goý, biziň adymyz kyýamata çenli halkyň dilinden düşmesin. Şygyr düzmek, nähili gowy zat. Haýp, maňa berilmändir. Ýogsa menem saňa bolan söýgimi beýan edip, nesillere goýup giderdim. Häzirlikçe hoş! Aýatda ýatla! − Men ýazaryn, Bibi, ikimiz üçinem ýazaryn. Biziň adymyz, ýedi aşyk-magşugyňky ýaly, baky ýaşar halkyň aňynda… | |
|
Ähli teswirler: 0 | |