Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:58
Hoşlaşyk
Hoşlaşyk



Ýagyp dur gussaly ýagyş asmandan
Gamgyn guşlar naý çalyp,aýdýar aýdym.
Penjiräñ öñünde otyryn, hemem
"Patyşalygyñ naýzalarna" syn edýän.

Eý,iñ ajap,iñ ajaýyp mesgenler,
Ähli ezizlerden eziz şäherler,
Çal-ýaşyl öwüsýän enaýy guşlar,
Eý,adamlar papakly hem çäkmenli!

Señ goýnuñda ömür süren jemende
Senden aýrylmazlyk üçin urunýar.
Çünki dost tapynýar adamlañ biri,
Beýleki ýetirýär abraý ýüküni
Ýene biri ikisinem gazanýar.

Asmandan gussaly ýagyş ýagyp dur
Gursagymyñ bolsa kän bir ugry ýok.
Ne abraý gazandym,ne dost tutundym
Şonda-da barybir gitmek islämok.

© Emy Leýwi

A Farewell



The sad rain falls from Heaven,
A sad bird pipes and sings ;
I am sitting here at my window
And watching the spires of "King's."

O fairest of all fair places,
Sweetest of all sweet towns!
With the birds, and the greyness and greenness,
And the men in caps and gowns.

All they that dwell within thee,
To leave are ever loth,
For one man gets friends, and another
Gets honour, and one gets both.

The sad rain falls from Heaven;
My heart is great with woe--
I have neither a friend nor honour,
Yet I am sorry to go.

© Amy Levy

Terjime: © Meňli AŞYROWA
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 73 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Amy Levy | Рейтинг: 4.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Medicall • 09:45, 15.12.2023
aýallogan, düşünsem bellikler ederdim, düşünemokda arman:)

düşünýänler bellik etseler, pikir aýtsalar gowy iş ederdiler

Galamyň hiç kütelmesin, ylhamyň joşup dursun, üstünlikler!
avatar
0
2 Мango • 11:23, 15.12.2023
iki ýerie ünsimi çekdi
1) "Patyşalygyñ naýzalary" - bu ýerde köşgüň şpilleri (naýzalary) barada öýdýän.
And watching the spires of "King's." bilemok, belki ol köşgiň adydyr. patyşa köşgüniň naýzalary... arhitekturada şpil näme bolýaka?

2) Eý, adamlar papakly hem çäkmenli!
çäkmen. orsça-da gugl daýam "халат" diýip berýä welin... çäkmen has türkmençe eşdilýär...

zähmetiňize berekella.
avatar
0
3 sussupessimist • 12:03, 15.12.2023
"King's" diyip, şo yaşan yerindäki bir binany, belki kollejdir, belki akademiyadyr (King's Academy of Arts - diyen yalyrak bir zady bular gysgaldyp alyar). Onsoň şoň nayza yaly çürelip duran şpili göz öňüne tutulandyr, Mangoň aydyşy yaly.
Heaven - sözi iňlislerde diňe asmany däl, behiştem aňladyar. Şoň üçin "Arşdan" yagdyrsa gowy bordy yagmyry. Yogsam yagşyň başga yerden yagmayanlygy düşnükli-le.
Yone goşgyň özi kan bir guyçli däl eken. Azap siňdireniňe gòrä, Emily Dickinson, Sylvia Plat yaly guyçli şahyr ayallaň goşgusyna siňdirseň. Ya-da Lawrence Ferlinghetti, William Carlos Williams, Dylan Thomas yaly guyçli şahyrlar bar, biziň okyjylarymyza nätanyş.
avatar
0
4 Pero • 14:10, 15.12.2023
Bellikleriñize,teklipleriñize sagboluñ!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202