09:14 "Hyýaldan hakykata" atly döredijilik sergisi | |
«HYÝALDAN HAKYKATA» ATLY DÖREDIJILIK SERGISI Şu gün — 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde «Hyýaldan hakykata» atly abstrakt sungatyna bagyşlanan döredijilik sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygy Akmyrat Muhadow we beýleki halypa suratkeşler çykyş etdiler. Çarymyrat Ýazmyradow öz çykyşynda: — Türkmeniň şekillendiriş sungatyny islendik döwlete baryp buýsanç bilen sergiläp bilýäris. Çünki biziň bu sungatymyz hiç bir ýurduňka meňzemeýär — diýip belläp geçdi. Şeýle hem çykyş edenler hyýaly abrstrakt sungatynyň aýratynlyklary, onuň ulanylyşy, özboluşly beýan ediliş usullary barada gürrüň berdiler. Adamzat döräli bäri, gündelik durmuşymyzda ulanylýan bu sungat XX asyrda has-da ýokary derejede ösüpdir. Bu sungat stilinde çekilen suratlar bir manyny beýan etmeýär. Çünki her kim oňa seredip, görmek islän zadyny görüp bilýär. Abstrakt — gipoteza, ýagny çaklama bilen çekilen suratlardyr. Soňra guramaçylar tarapyndan ýakynda Ýewraziýa halklarynyň wekilleriniň hem-de türkmen suratkeşleriniň gatnaşmagynda guralan «Turan romantizmi» atly halkara onlaýn sergi bäsleşiginde ýeňiji bolan suratkeşler sylaglandy. Sergä ýurdumyzyň 170-den gowrak suratkeşleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlary gatnaşyp, onda 370-den gowrak eserler görkezildi. Sergä Gunça Kömekowa «Täze dörän söýgi», Oguljennet Mollaýewa «Wagt», Berdi Çaryýew «Maksadyňa etmegiň sylary», Çarymyrat Ýazmyradow «Öwüşginler», Berdi Hajyýew «Irki güýz», Azat Myradow «Käbe», Meret Gylyjow «Gyzykly kitap», Bahar Bakyýewa «Söýgi mukamy», Mähri Garahanowa «Gyz», Azat Tuwakow «Damja», Nurana Bazarowa «Ýaz», Orazgylyç Öwezow «Jülge», Selbi Nurlyýew «Gor küýze», zergär Altynjemal Rejepnurowa «Goçaklar», Muhammet Koşaýew «Mähirli guşlar» atly eserlerini hödürlediler. Şeýle hem sergide el torbalary, zergärlik işleri, dürli usulda döredilen heýkeller hem görnükli orun eýeledi. Ýeri gelende bellesek, paýtagtymyzda abstrakt sungata bagyşlanan bu sergi ilkinji gezek geçirildi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň skripkada ajaýyp sazlary ýerine ýetirmekleri ýubileýe bagyşlanan ýene bir garaşylmadyk sowgat boldy. Sergi 5-nji fewrala çenli dowam eder. Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/jemgyyet/medeniyet/hyyaldan-hakykata-baryan-576de2. 27.01.2023ý. | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |