Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:59
I. Kerimowyñ "Ýer Yranmasy" romanynda çygyr giñişligi

I.KERIMOWYÑ "ÝER YRANMASY" ROMANYNDA ÇYGYR GIÑIŞLIGI

Ýazyjy õz saýlap alan temasynda meseleleriñ çeper giñişligini ör boýuna galdyrýar. Çeperçilik giñişligi- edebiýaty õwreniş ylymlarynyñ üýtgewsiz adalgasy bolmak bilen I.Kerimowyñ "Ýer yranmasy" romanyny wagtyñ wakalarynda hakykata akyl ýetirmek bütewiligini üpjün edip, edebi eseriñ kompozisiyasyny analizleýär. Ýazyjynyñ çeper giñişliginde dõredilen ülüñ dünýäniñ şekiliniñ hereketinde bolup geçýär.

Çeper suratlandyrma --çäksizligiñ içinde ençeme mõhüm personažlar orun alyp, daşky dünýäniñ birnäçe hakykatyny õzünde jemleýär, saklaýar.

I.Kerimowyñ "Ýer yranmasy" romanynda her bir many agramy açyk hem ýapyk gõrnüşli giñişlik bolup çykyş edýär. Giñişligiñ her bir gõrnüşinde õz gahrymany hereket edýär.

I.Kerimowyñ "Ýer yranmasy" romanyna Ibraýymyñ keşbinde seredeniñde hakykatda bolayjak hem hyýaly gõz õñüne getirilýän zatlar. Käbir giñişleýin keşpleri teswirlänlerinde bolsa ýazyjylar geçmişe ýüzlenmekden uzaklaşýarlar, ara açýarlar.
"Ýer yranmasy" romanynda Mahaçgalanyñ keşbi diñe bir many ýüküni tutmany, ol eýsem mõhüm hadysada sosial hem ahlak meselelerini çõzýär.
Mahaçgala- edebi eseriñ ähli gahrymanlaryny hem wakalary ýüze çykarýan giñişligiñ açyk keşbi.
Hut Ybraýymyñ gõzünde Mahaçgalanyñ teswiri bilen roman başlanýar. Şäher teswirlemesini esere gatnaşyjylar alyp barýar.

Ýazyjy Mahaçgalany suratlandyrmak bilen tragiki ýagdaýyñ ähli respublikany howsala salşyny, sarsdyryşyny yzygiderli aýdýar. Ol gahrymanlaryñ agyr jebir çekişlerini, başdan geçirmelerini duýgurlyk bilen alyp barýar. Ýer yranmasy adamlary ürküzse-de, adamlar ähli meseleleri arkalaşyp bile çõzýärler.

Muhammet ýer yranmasyndan soñ şäherdäki õzgerişi gõrýär. Muhammet we Ybraýym bilen birnäçe mahaçgalalylar şäheri saklamaga hem beýleki ejir çekenlere kõmek bermäge girişýärler.
Tragediya bolup geçenden soñ şäher ýeke galmaýar. Bütin ülke bu kiçijik halka kõmege barýar. Ýurduñ ähli künjünden adamlar dagystanlylara kõmege barýarlar, olaryñ arasynda 20 ýyl watanynda bolmadyk Jebrayyl hem bar. I.Kerimow ynsan gõzi bilen şäheriñ õñ gõrülmedik gõzelligini, ünsüñi çekýän ajaýyplygyny suratlandyrýar.
Ýazyjy Mahaçgalanyñ keşbini açyk giñişligikde suratlandyryp, "bu ýerde" "ol ýerde" "wokzal meýdançasy" "Tapki-Tau dagy" ýaly giñişleyin kategoriyalardan peýdalanýar. Mahaçgalanyñ gelejegi Ybraýymyñ hyýaly giñişliginde arzuwlarynda berilýär.
Ýazyjy bolup geçýän tragiki hadysanyñ realistikligini, giñ mõçberlidigini uly respublikanyñ we kiçi aulyñ üsti bilen romanyñ çygyr giñişliginde giñişleýin berýär.
Ýazyjy respublikada partiyanyñ şäherkomitet sekretarynyñ sõzleri bilen Dagystandaky hadysanyñ ýagdaýyny doly häsiýetlendirýär.

Lukman Ahmet Mejidowiçiñ hem Muhammediñ gelmegi bilen I.Kerimow auly has inçe netijäni bermek bilen teswirleýär. Ýazyjy ejir çekenleriñ agyr ýagdaýda gelişlerini yzygider ýazyar. Gyzy hem-de agtygy gõzüniñ alynda wepat bolan, aklyndan azaşan garry aýalyñ üsti bilen bolup geçen tragediyanyñ pyganyny, hasratyny, agyrysyny berýär.

Ýazyjy dag halkynyñ batyrgaý namysjañlyklaryny aulyñ ýaşaýjylaryny betbagtlygyñ olary has jebisleşdirip birigişlerini, gahrymançylyklaryny gõrkezýär.
Dagystanlylaryñ hat-da iñ agyr pursatda-da myhmansõýerdiklerini belleýär.
Israpyl partiya guramaçysy lukmanlary günortanlyk nahara çagyrýar. Ahmed Mejidowiç hem Muhammed partiya guramaçysy õzlerini saçak başyna çagyranda haýran galýarlar. Dagly halk agyr şertlere garamazdan õz ähli ruhy gymmatlygyny aýap saklaýar.
Mahaçgala, Dagystan uly açyk giñişlik, aul bolsa kiçi giñişlik bolmak bilen dagly halkyñ durnuklylygyny, jebisligini, gahrymançylygyny gõrkezýär. Hem-de iñ agyr minutlary dagystanlylaryñ gowy hem erbet häsiyetlerinde ýüze çykarýar.

Ýazyjy romanynda Tragediya bolup geçenden soñ aýaga galmak, õñki kaddyna getirmek, bir birege kõmek bolup ýaşamagy dowam etmek, jebisleşmek, täze durmuşa gadam basmak, dagystanlylaryñ medeniýeti aýap saklaýyşlary arkaly halkyñ gynanjynda giñişligiñ ähli gõrnüşini açyklykda açylyp umumy mesele hõküminde gõrkezýär.
Romanda diñe bir Dagystan halkynyñ jebisligi, batyrgaýlygy däl, eýsem beýleki sowet adamlarynyñ agyr günde bir-birege gol berip Dagystana kõmek goluny berişleri aýdylýar.
Ýazyjy Muhammediñ keşbini suratlandyryp giñişliginiñ serhedini giñeldýär.
Muhammet Moskawadan gelen belli lukman. Romanda giñişleýin obraz keselhanada Muhammet bilen baglanyşykly bolýar. Romanda kõp täsirli wakalar keselhanada bolup geçýar. Giñişleyin keşpler keselhanada Muhammet, Tamara, Ahmet Mejidowiç ýaly gahrymanlar bilen baglanyşýar. I.Kerimow ýer yranmasynda diñe bir şäheri, obany däl, eýsem, keselhanany-da teswirleýär.
Ýazyjy bejeriş işleri barada az aýdýar, biz esasy olaryñ kollektiw bolup gyssagly işleýişlerini başdan geçirmelerden soñky agyr zähmetleriniñ teswirlwmesini bilýäris. Ýazyjy keselhanada Muhammediñ üstünlikleri bilen bir hatarda onuñ gõýberen ýalñyşlyklaryny-da nygtap belleýär.

Dagystan prozasy sosiyal taýdan işjeñ gahrymanyñ täze keşbini dõredip,reyallygyñ kôp õlçegliligine çuññur akyl ýetirmek arkaly ýoluny tapdy.

I.Kerimow Muhammediñ operasiya wagty gõýberen ýalñyşlygynyñ üsti bilen bir başdan geçirmäni beýan edýär. Ýazyjy operasiya mahalynda Muhammedi Jebraýyly geçirmek bilen lukmançylyk işiniñ zähmetini gaýratlylyk, akyl hem sabyr talap edýändigini gõrkezýär.
Keselhananyñ keşp giñişliginde sõýgi mowzugy agdyklyk edýãr. Muhammet ilkinji sapar Tamara keselhanada gabat gelýär. I.Kerimow Muhammediñ we Tamaranyñ lukmançylyk mõhümleri bilen birlikde sõýgi meselelerini nygtamak bilen bu ajaýyp duýgynyñ aýalşyny gõrkezýär.

Keselhana gahrymanlaryñ içki howsalasyny açyp, olaryñ õzara gatnaşygyny gõrkezýär. Muhammet bilen Tamaranyñ gatnaşygy birdenem Maksutdan hat gelmegi bilen kynlaşýar. Tamaranyñ maşgala gatnaşygynda çõzgütsizligi oña doly erkinlik bermeýär.
Muhammediñ Halkara kongresse ugramagy, ejesiniñ gan basyşynyñ mydama ýokary bolmagy Tamarany iñkise goýýar.
Işinde gysga arakesme wagty geljekki durmuşy nähili dowam etmelidigi barada kõp oýlanýar. Onuñ gõrüşi ýaly Maksud özgermäge ymtylýar, ylalaşyk isleýär, emma Tamara Muhammet bilen gatnaşygyny, sõýgüsini bozasy gelenok. Tamaranyñ ýoldaşynyñ dolanmagy Muhammede agyr degýär. Mydama işlemek bilen ol õz agyrsyny õrtmek isleýär.
Haçanda ol birden-de Tamaranyñ gaýdyp gelip õz obasynda ýaşamagy Muhammedi täze durmuşa gaýdyp berýär. Ol aula onuñ bilen bile gidip işlemeli diyen netijä gelýãr. Ol õz gelen karary barada egindeşi Ahmet Mejidowiçe aýdýar. Professor ony saklajak bolmaýar, çünki hakyky duýgynyñ dõwülmeli däldigine düşünýär.
Obanyñ keşbi Muhammet bilen Ybraýymyñ gatnaşmagynda çagalyk ýatlamalarynda janlanyar. Obanyñ keşbi Hanymyñ yoldaşynyñ heläk bolmagynda awtorlyk geçmişe salgylanmasynda duş gelýär. Obanyñ obrazy Jebraýylyñ ýatlamalarynda-da teswirlenýär.
Emma I.Kerimow bu obany atlandyrmaýar.
Gurluşyk - bu açyk giñişligikdäki keşp diñe bir Ybraýym hakynda däl, eýsem onuñ topary hem beýleki binagärleriñ keşbi barada sõz açýar.
Ýazyjy binagärligi şekillendirmek bilen adamlaryñ kyn pursatynda Watan üçin uly hem agyr zähmetini ruhy dõredijilikleri barada aýdýar. Eger geçmiş edebiyat üçin gysga häsiýetli teswirleme bolsa, beýleki çäreler, okyjylara sungatyñ täze pudagyny gowşuryp, ýigriminji asyr romanynda ylym ýa-da senagat azyndan gõçme manysynda jemgiýetiñ işçi ýagdaýynyñ göçme manysyny emele getirer. "
Gurluşygyñ keşbi eseriñ başynda-da berlen. Ýer yranmasy bolanda Ybraýym şol gurluşykda wagty. Ýazyjy Ybraýymyñ arzuwlaryny gurulşyk bilen baglanyşdyryp gürrüñ berýãr.
Gurulşykçylar, şol sanda Ybraýymyñ hem işleri weýran bolýar, ýõne bu ýagday olary gorkuzmaýar, derrew dikeltmekligi karar berýärler. Ýazyjy ýaş binagärleriñ zähmeti barada sõz açýar. Ybraýymyñ topary diñe õz meýdanlarynda däl, eýsem beýleki toparlara-da kõmek edýärler. Romanyñ çygyr giñişligi binagärleriñ õwrenjeleri goldamak üçin Buýnakska gitmekleri bilen has giñelýãr. Diñe bir dagystanly işçiler däl, ýurdyñ dürli künjeginden gurulşykçylar uly işleri bitirýãrler. Gurlyşykda oglanlar diñe bir işlemek bilen çäklwnmän, õz ykballaryna-da sataşýarlar, iş dõwründe hersiniñ õz häsiýeti açylýar. Surenada dilewarlyk, Ybraýymda õzüne hemde daşyndakylara talapedijilik, Wolodiyada mähribanlyk häsiýetler.
Bularyñ baryny bir zat -- öz işiñi oñat õzleşdirmek islegi birleşdirýär. Dilleriniñ dürlidigine garamazdan bileleşip umumy zähmet üstünligini gazanýarlar.
Basym wagtda Ybraýymda şatlykly pikir dõreýär: Õz topary üçin ýaşaýyş desgasyny gurmaklyk barada. Onuñ pikirini gurluşyk müdirligi hem goldaýar. Bu taslamada Ybrayym ähli jogapkärçiligi õz üstüne alýar.
I.Kerimow Aslanowyñ brigadasynyñ keşbinde mõhletinde ýetirilmedik materiallar sebapli işjeñlige nähili zelel ýetýändigini realda suratlandyrýar. Ýazyjy gurluşygy Ybraýym bilen Nataşanyñ tanyşmaklygyna esaslandyryp alyp barýar.
Olar biri-birine gurluşyk meýdançasynda gabat gelýärler. Ýaşlar şu ýerde tanyşýarlar. Nataşadyr Ybraýymy howsala salyan mesele Ybrayymyñ ejesi Hanumyñ olaryñ gatnaşygyna garşy çykmagy bolýar.
Ybraýym õz sõýgüli iki ynsanyny: ejesini hem, Nataşany hem ýitirmek islemeýär, şol duýgy ony alada goýýar.

Aslanowlaryñ maşgalasynyñ ýaşaýan õýi çygyr giñişliginiñ mõhüm keşbi bolup çykyş edýär.
Romanda umman yaly giñlikde ilden üzñe uzak çäkde içki mõhüm etiki meseleleri çõzmegi orta goýýar. Sõýgi meseleleri, milletara nika meseleleri, maşgalanyñ õzara gatnaşyklary şu maşgalanyñ üsti bilen suratlandyrylýar.
Bu keşpler romanyñ birnäçe gahrymanlaryny õzara baglanyşdyrýar.
Hanum çygyr giñişliginde bu öýüñ, ojagyñ açary bolup çykyş edýär. Ýer yranmasy wagtynda ol õýüñ içinde bolany üçin Ybraýym rahatsyzlanyp õýe okdurylýar. Muhammed Moskwadan gaydyp gelýär. Aslanowlaryñ maşgalasynda gatnaşygy sõýgä hormat jebisleşdirýär.
Hanumyñ ykbaly agyr bolýar, ol ýaşlygynda ýanýoldaşyny ýitirýär, çagalary bir õzi ekläp saklaýar. Ybraýym hem Muhammed onuñ durmuşynyñ manysy. Hanumyñ baş arzuw islegi ogullarynyñ hakyky adam bolmaklary.
Durmuş dartgyny, aladalar, Hanumyñ saglygyna zeper ýetirýär. ;Ogullary hem onuñ aladasyny edýãrler. Hanum esasan hem kiçi ogluny has gowy gõrýär. Şonuñ üçin onuñ enelik mähri onuñ rus gyzyna õýlenmekligi üçin tolgunmalara sezewar edýãr.
Hanum ata-babalardan gelýän ýõrelge: başga millet bilen nikalaşmaklyga garşy otrisatel duýgyda. Bu bolsa eneli ogulyñ arasyndaky oñuşyksyzlygyñ esasy sebäbi.

Ybraýym gadyrdan ejesi bilen jedel isllanok. Ol ejesiniñ baş aladasynyñ õz oglunyñ bagtly bolmagyny isleýändigine düşünýär. Hanum ogluna daýzasy Marzižady tõwellaçy edýär. Oña-da Ybragymy yrmak başartmaýar. Maşgalada oñuşmazlyk bolsa-da Hanuma içeridäki ruhy baglanyşygy saklamak başardýar.
Muhammed ejesini razy etmäge synanyşýar, maşgalanyñ esasy ýõrelgsi bir birege sylanyşyk. Şonuñ üçinem Muhammetdir Jebraýyl ejesini ynjytmazdan oñ bilen gürleşýärler.
Jebraýyl Nataşa bilen Hanumyñ duşuşygy ýagdaýlary üýtgeder diýip hasaplaýar. Muhammed hassahanada Nataşa bilen Ybraýymyñ ejir çeken näsaglara kõmek berişleri barada gürrüñ berýär. Hanum oglynyñkyñ dogrydygyna düşünýär. Onuñ gyza nebsi agyryar, nahar tayynlap ugradýar. Ybraýym muña şat bolýar, sebabi bu ylalaşyga ilkinji ädim bolup durýar.
Ylalaşygyñ indiki ädimi bolsa Natalyanyñ Hanumyñ õýüne gelmegi bolup duryar. Duşuşygyñ nähili geçjekdigi Ybraýymy uly alada goýýar.
Haçanda gyzy õz õýünde gõrende ene ýüregi çõzülýär.
Olaryñ õýlerine gelen Jebraýyl, uzak ýyllar mundan õñ Hanumyñ ýanýoldaşyny bilmezden õldüren adamyñ ogly bolup çykýar.
Jebraýylyñ ejesi Asiýatyñ Hanumyñ õýüne gelmegi gan dawasy ýerinde olaryñ duşuşygy ähli meseleleriñ çõzgüdine ähmiýetli sahna bolýar.
Hanum olary bagyşlamak bilen birlikde dagystanlylara mahsus myhmansõýrlik bilen kabul edýär. Hanum hemişe-de myhmansõýer. Ol õz õýünde Tamara bilenem tanyşýar. Ähli dost ýar, dogan-gardaş Hanumyñ mähremligini bilýãrler. Jebraýyl oña minnetdarlyk sõzüni ýetirýär. Ahmed Mejidowiçiñ hormat bilen aýdan tosty ony galkyndyrýar.
Hanum üçin õz õýi ojagy onuñ gonalgasy, ol õz õýünde õzüni elmydama goragly duýýar.
Ejeleriniñ agyr ýarawsyzlyk tapmagy ogullaryny ünjä goýýar, şoñ üçinem ony hassagana ýerleşmäge razy edýãrler. Hanumyñ õlmeziniñ õñ ýanyndaky islegi Ybraýymyñ õýlenmegi. Emma onuñ agyr ýagdaýy ogul toýunda tans edip şatlanmagyna ýol bermeýär. Ejesiniñ gün günden gaýra düşýänini, keseliñ ýitileşýändigini duýup Muhammeddir Ybraýym durmuşda õzleri üçin iñ gymmat zatlaryny ýitirjekdiklerini añlaýarlar.

"Ýer yranmasy" romanynda iki sany üzñe çygyr giñişligi keşplenýãr: Surenanyñ ussatlygy hem Tamaralaryñ jaýy.
Belleýşimiz ýaly, her gahrymanyñ õz belli çygyr giñişligi bar.
;Surenanyñ ussalygy dostlarynyñ arasynda õzüni alyp barşynda ýüze çykýar. Surenada suratkeşlik zehini bar, ýõne ol Ybraýym ýaly gowy gurluşykçy bolmagyñ arzuwynda.
Tamaralaryñ jaýy çygyr giñişliginde nika, maşgala gatnaşygynyñ meselelerini açýar. Romandaky Iki sany gapma garşy keşp: Maksud hem-de Tamara. Olary baglanyşdyryan zat diñe gyzy Marina. Tamara eyyam bir ýyl ýoldaşy bilen gatnaşanok.
Maksud ayaly bilen äsgermezçilikli gürleşýär. Tamar:a Maksuddan gõwne degiji sõzleri eşitmek agyr degýär. Diñe gyzjagazy Marinanyñ hormatyna çydam edýär. Maksudyñ bar islegi Tamarany ynjytmak bolansoñ gyzyny elinden almaga karar berýär. Nobatdaky garaşylmadyk ýakymsyz pursat hem Maksudyñ hiç zat duýdurmazdan birnäçe gûnläp gyzyny alyp gitmegi. Ýazyjy Tamara bilen ejesiniñ arasyndaky dartgyny aşhanadaky gürrüñleriñ yzygiderliginde beripdir. Tamaranyñ ejesi agyr gõrgüleri gõren. Tamar:a ejesi bilen aralaryndaky gürrüñde, iñ ýakyn adamsyndan goldaw alyp bilmedigi agyr degýär.
I.Kerimowyñ "Ýer yranmasy" romanynda çygyr giñişligi açyk hem ýapyk gõrnüşe mahsus funksiýany düzýär.

https://cyberleninka.ru/article/n/prostranstvennye-granitsy-v-romane-i-kerimova-zemletryasenie/viewer

© P.K. RAMAZANOW.

Rusçadan terjime: © Kalba NUR
Bölümler: Edebi tankytlar, seljermeler | Görülen: 69 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: P.K.Ramazanow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202