22:13 içimdäki aýna gyýyklary | |
IÇIMDÄKI AÝNA GYÝYKLARY seniň barlygyň, barlyk üçin uly ýitgi. ýoklugyňdan ýokluk näme gazanarka, bilesim gelýär. saňa ynanýan bolsam, bu aldamaga ökdeligiňden däl aldanmaga, aldanan bolmaga ökdeligimden. öýünde bagtly adam - hakyky bagtly adam diýýäler. gör, adamlar bagtsyzlygyň nähili owadan kesgitlemesini tapypdyrlar. wagt rehimsizligini etdi. ýanyňda bolmasam ýaşap bilerinem öýdemokdum. ýatlamanam oňup ýörün. işe eltýän şu ýoly ýigrenýän. öýe getirýär. düýşüňi durmuşyň bilen çalyşyp bolsady, iň gorkunç garabasmalaň äleminde ýaşardym. süýji arzuwlar. ajy gözýaşlar. şor maňlaý. tagamsyz durmuş. turşy men. şu gün çagalyk suratymy tapdym. şeýle bir ýylgyrýardym welin, elimdäkiň aýna däldigine gyýyldym. GITSEM... © Umyt KÜLE | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |