Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

07:52
"Içki syryň aýtma her bir namarda"
«IÇKI SYRYŇ AÝTMA HER BIR NAMARDA...»

Üstünligiň beýleki bir gizlin syrla­ry­nyň bi­ri — adam­la­ry tanamak.
Kim bilen gatnaşmaly, kimlerden gaçarak durmaly, kimiň ýüpüne odun goýmaly, kimiňkä goýmaly däl... ynha, şular we beýlekiler üstünlige ýetmekde möhüm hasaplanýan şertlerdir. Ilki bilen, ynsanyň öz-özüni tanamagy, soňra bolsa beýlekileri tanamagy durmuşda üstünlik gazanmagyň şertli belgileridir. Magtymguly atamyzyň şygyrlarynda ynsanlary tanamak hem-de bedasyl ynsanlaryň ýanynda öz abraýyňy, mertebäňi goramak barada juda jaýdar aýdylan setirler bar. Şol setirleri okanyňda beýik akyldaryň dünýä, durmuş, ynsanlar baradaky pikirleriniň näderejede çuňdugyna ýene-de bir gezek göz ýetirýärsiň.

«Paş eder seni» at­ly şyg­ryn­da­ky:

Sam-sam adam bi­len otur­ma, tur­ma,
Zyn­har, na­mart bi­len hemsöh­bet gur­ma,
Ga­dyr­dan dos­tuň­dan ýü­züň öwür­me,
Bar­saň, de­pe­si­ne täç eder se­ni


— diý­len se­tir­ler bi­ziň üs­tün­li­ge barýan ýolumyzda duş gelip biljek dürli
häsiýetdäki adamlara juda seresaply çemeleşmelidigimizi örän sada dilde nygtaýar.

«Gymmat ýagşydyr» atly şygrynda bolsa:

Haýr iş­le­ri taş­lap bet iş eý­län­den,
Dost bo­lup dos­tun­dan sy­ryn giz­län­den,
Hu­da­ny unu­dyp ýa­lan söz­län­den
Seg­sen-tog­san ýaşan ar­wat ýag­şy­dyr


— di­ýip bel­le­ýär we ýa­lan­çy­ny, dostlugyna müňkürlik edýäni, erbet
işlere baş goşup, Allatagalany ýatdan çykarany özümize ýakyn tutmazlygy
aýdýar. «Ýakança bolmaz» atly şygrynda hem bu barada:

Köň­li ga­ra bi­le bol­maň­lar ül­pet,
Ýo­kar on­dan dür­li-dür­li ke­sa­pat,
Her­çent ki kö­mü­re eý­le­seň yz­zat,
Al­ny­ňa ga­ra­sy ýo­kan­ça bol­maz


— di­ýen pi­kir­le­ri öňe sür­ýär. Ha­kykatdan-da, köňli päk bolmadyk ynsanyň
niýeti-de päk bolmaýar, onuň dostunada nepi degmeýär. Şonuň üçin Magtymguly atamyz beýle ynsanlardan daşda gezmelidigini nygtaýar.

Ynsan tanamagyň syrlary barada aýdan akyldarlardan Abu Reýhan al-Biruny hem şeýle diýýär: «Ýoldaş bolma, dost bolma, bihuda bibaş bilen».

Amerikan taryhçysy Edward Çanning bol­sa bu ba­ra­da: «Okap ba­şar­saň, her
bir adam bir kitapdyr»
diýip nygtaýar.

Serkerde Napoleon Bonopartyň sözi bolsa bu barada şeýleräk: «Bagtly günlerimde adamlary tanaýandyryn öýdýärdim, emma maňa olary diňe söweşde tanamak nesip etdi».

Şageldi ÝABANOW

"Nesil" gazeti. 14.03.2023 ý
Bölümler: Magtymgulyny öwreniş | Görülen: 71 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Şageldi Ýabanow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Kyyas • 08:47, 16.03.2023
Ýetirip duruñ
avatar
0
2 Antiwirus • 12:11, 16.03.2023
Syryňdan aýyryp paş eder seni
avatar
0
3 ibrahimbadakhshan • 13:51, 17.03.2023
Syryň ile ýaýyp, paş eder seni
avatar

Старая форма входа
Total users: 203