09:40 Iñ owadan gyzlar martda dogulýar | |
IŇ OWADAN GYZLAR MARTDA DOGULÝAR Martda ýagýar Iň owadan ýagyşlar. Iň owadan şygyr Ýazylýar martda. Iň owadan gyzlar Martda dogulýar. Iň zehinli şahyr Martyň şahyry! Ýok, men beýle diýsem (Däl, gara içim) Doglan günün Martda bellemeýänler, Günämi geçiň. Asman Ýere aşyk Bolanmyş martda. Sowgat diýip, Ýap-ýaşyl don ýapanmyş. Suw perisi üçin Umman şalygy Deňizden dür tapanmyş. Iň owadan güller Açylýar martda. Mart gijesi, Goý, Aýsyzam bolanda Sop-sowujak şemal Penjiräň itip, Girýä ýorganňa. Neneň onsoň? Il deňinde Begenmejek, bökmejek Marta şärik doglanňa! © Orazbibi MÄLIKGULY GYZY | |
|
Ähli teswirler: 14 | |
0
1
| |