Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:56
Ine, Möjek aga!


TÜRKMENISTANYŇ HALK SURATKEŞI MÖJEK ÇARYÝEW BILEN SÖHBETDEŞLIK



Halkyň ýaşaýşa, gözellige bolan özboluşly gatnaşygy milli sungatynda has aýdyň ýüze çykypdyr. Daglaryň ýüzünde galan syrly şekiller hasaba alynmanda hem, ýadygärlik binalary, zergärçilik, halyçylyk, hatda külalçylyk önümleriniň tapyndylary türkmeniň şahyrana kalbynyň mährini şekillendiriş senetlerine hem sungatyna siňdiripdir.

Ömrüni dünýäniň nusgawy sungatlaryna bagyş eden suratkeşlerimiz pederleriň ýörelgesini bagtyýarlyk ruhy, häzirki zaman dünýä sungatynyň öwüşginleri bilen baýlaşdyrýarlar. Türkmen kinosy barada maglumat berýän neşirlerde kän gezek häzirki zaman türkmen multiplikasiýasynyň düýbüni tutujy Möjek Çaryýew diýip häsiýetlendirilýän ussadyň nä keşpde, nähili gylykly adamdygy hakda köpden bäri bilesim gelýärdi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan halypa ussada «Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly adyň berilmegi, onuň döredijiliginiň muşdaklary bilen deň hatarda meni hem şatlandyrdy.

—Möjek aga, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mynasyp bolan sylagyňyz gutly bolsunl Höwri köp bolsunl

—Sag boluň!

Biz onuň bilen arada paýtagtymyzda «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly sergi-ýarmarkasynda söhbetdeş bolupdyk. Çagalykdan onuň multfilmleri bilen kemala gelenimiz üçinmi, bilmedim, Möjek aga diýseler, ýogyn sesli haýbatly daýyny görjekdim. Emma sypaýydan haýalja gürleýän suratkeş öz ertekileriniň gahrymanlaryny ýatlatmanam duranokdy. Onuň şekillendiriş sungatynda ilkinji işi 1965-nji ýylda heniz Aşgabadyň ozalky çeperçilik uçilişşesinde okap ýörkä Nikolas Gileniň «Goşgular» kitabynyň daşky jildinde peýda bolýar.

—Möjek aga, çagalykda türkmeniň gara öýünde garry mamanyň ertekilerinden ruhlanyp, multiplikator bolandygyňyz hakynda eşidipdik. Bu, hakykatdan-da şeýlemi?

— Şeýle. Türkmen halk ertekileri türkmen kino sungatynda meniň döreden multfilmlerimiň esasynda durýar.

...Gözýetimden ýöräp barýan, Aýnasyndan durmuşyň Ayakyalaň ýürek bilen ädimläp...

Şeýle setirleri men 7-nji synpda ýazypdym.

—Onda näme üçin, şahyr ýa-da ýazyjy bolmadyňyz?

—Suratkeşlik hem şahyrlykdyr. Ýürek emriň owazy şekillerde janlanýar.

—Sizde suratkeşlik ylhamy haçan ýüze çykdy?

—Ýaş wagtymyz ýaşyl ýaýlalara köp syýahat ederdik. Türkmenistanyň owadan tebigaty bar. Men size erikli wakany gürrüň bereýin. Kiçijik oglankak bagdan erik ýygyp iýmegi halaýardyk. Ýokary seredip, el ýeterimdäki eriklerden bagyň çür başyndakylarynyň has bişendigi hakynda pikir edýärdik. Baga dyrmaşyp alýarsyňam welin, olaryň aşakdakydan has gökdügine, entek bişmändigine düşünýärsiň. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanypdy. Hatda şahadan syrylyp ýere gütläbem düşülýärdi. Emma ýene seredýärsiň, uzakdaky erikler lowurdap, has owadan görünýär.

—Bu köp manyly tymsala meňzeş. Ýogsa-da, siz bilesigelijimi?

—Bilesigelijilik adamyň tebigatynda bar zat. Aňňat-aňňat depeler. Bir depäni aşarsyňam welin ikinji, soň üçünji depe çykar. «Şonuň aňyrsynda näme barka?» diýip pikir edýärsiň. Ýöne depe-depe bolup dur. Bu-da çagalykdan galan hakyda. Adamyň bilesigelijiliginiň çägi ýok.

—Ilkinji üstünligiňize haçan gowuşdyňyz?

—Ilkinji döreden multfilmim üçin 1975-nji ýylda Gazagystanda geçirilen kinofestiwalda baýraga mynasyp bolupdym. «Böwenjik» atly multfilm kinoda ilkinji döreden eserlerimiň biri. Bu eser boýunça kitap bezeg işlerinem ýerine ýetirdim.

—Ýalňyşmaýan bolsam, siziň awtorlygyňyzda 8 sany multfilm dünýä indi. Siz ýene multiplikasiýa dolanarmysyňyz?

—Gowusy, men multfilmiň käbir aýratynlyklary barada gürrüň bereýin. Multfilmiň suratlary grafika usulynda çekilýär. 1 sekuntda 24 kadr geçýär. Ýekeje ädim hereket üçin onlarça surat gerek bolýar. Multfilm ummasyz zähmet talap edýär. Häzirki wagtda kompýuter teh- nologiýasynyň ösmegi bilen multfilmleri taýýarlamak işi-de düýpgöter özgerdi. Men bu meselede dünýä täzelikleri bilen yzygiderli tanşyp durýaryn. Bu hünäre gyzyklanma bildirýän ýaşlara multiplikasiýanyň nusgawy esaslaryny uly höwes bilen öwrederin.

—Bagtyýarlyk döwründe size haýsy gözellik ylham berýär?

—Watanymyz gözellige juda baý. Ony goramak biziň parzymyz. Ony şu gün nakgaşçylyk eserlerinde wasp edýäris. Kim deňiz-derýany, kim çägeli gumy söýýär. Kimsi tokaýlary halaýar. Men daglaryň gözelliginden üýtgeşik lezzet alýaryn. Olar meni çuňluga atarýar. Bu duýgyny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Köýteniň gözellikleri meni biparh goýmady. Bu temada entek köp iş döredermikäm diýip pikir edýärin.

Geçen asyryň ahyrlarynda karikaturada hem öz ukyplarymy synapdym.

—Käbir žurnallarda siziň çeken şekilleriňize gabat geldik. Siz, dogrudanam, degişmegi halaýan ekeniňiz. Onlarça kitaplaryň bezeg işini ýerine ýetirdiňiz. Peýzaž bilen kitap grafikasynyň arasynda näme tapawut bar? Näme üçin ýürekdeş eserleriňiz hökmünde peýzažy gör- kezdiňiz?

—Her usulyň öz maksady, öz tomaşaçysy bar. Peýzaž — giňişlik, çuňluk. Ol ýerde men ýaşaýaryn. Kitap grafikasyny tekiz, ýalpak usulda ýerine ýetirýäris. Juda owadan. Kitap söýüjileri özüne çekýär. «Hünäri
öwren-de, ýigren» diýipdirler. Men multfilm döretmek üçin şe- killendiriş sungatynyň esaslary bilen birlikde karikaturany, sazy, dramany özleşdirdim. Olaryň hiç biri maňa päsgel bermeýär.

—Siziň döreden eserleriňiz «Kör garga», «Uçýan haly», «Jyk-jyk bilen garynja», «Ependiniň başdan geçirenleri», «Meret we günjagaz» we bilelikde ýerine ýetirilen «Dutar» halkymyzyň özboluşlylygyny nesillere ýetirmekde iň elýeter, düşnükli eser bolup, milli kinematografiýamyzyň altyn hazynasynda müdimilik galar. Bu ugurda döreden işleriňiz bilen Fransiýada, Latwiýada, Russiýada halkara baýraklara mynasyp bolduňyz. «Daglar», «Türkmen tebigaty» ýaly işleriňiz bu gün owadan binalary bezeýär...

—Sungata sarpa döredijilik bilen meşgullanýanlaryň her birini ruhlandyrýar. Meniň üçin kalbymda orun alan bagtly pursatlar öz ata Watanymda bolup geçdi. Biz dünýä türkmeniň kalbyny açyp berýäris. Türkmen milli sungatyny dünýä çykarmaga hormatly Prezidentimiz giň ýol açdy. 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», şanly Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda bolsa, «Türkmenistanyň halk suratkeşi» diýen hormatly adyň dakylmagy, maňa hakyky bagt duýgusyny peşgeş berdi. Bu ýurdumyzda döredijilik adamlary hakynda edilýän bimöçber aladanyň hakyky subutnamasydyr. Milli medeniýetimize, sungatymyza goýýan çäksiz sarpasy üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döredijilikli işleri üstünlikli bolsun!

—Köp sag boluň! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredýän eserleri Watanymyzyň ýagty keşbi älem aýlansyn. Baýramlaryňyz gutly bolsun, size bagt beren döwürde saglyk, ruhu- belentlik, bagtyýarlyk hemraňyz bolsun!

Söhbetdeş bolan Sähragül Janmämmedowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.

çeşmesi: https://turkmenteatrlary.gov.tm/item/1073
Görülen: 120 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Hydyr • 10:07, 07.01.2024
Şu ýaşuly bn WGIK-e okuwa gitmelidim, kakam goýbermändi. 1976-njy ýyllardymyka diýýän. Bir salamlaşypdyk. Men oň ýanynda obaly ýalydym. Ol eýýäm moskwaly. Soň hiç görüşmedik. Okuwa gutarandyr, kino hudojnikligi.
avatar
0
2 Lacrymosa • 20:19, 08.01.2024
,,aýak basar ýaly ýer ýok-la'' diýen bolup, Mango daýy, ikinji suratda oturmaga-da ýer tapylypdyr. ,,Göwün sygsa, göwre sygar'' diýlenidir. Ady müň aga degýä: Möööjög-aga! tüýs türkmen sözi
Allanäme Möjök agamyza at dakdyrtmaýas, Mango daýy!
avatar
0
3 Ýaran_Ýagmyr_99 • 06:50, 09.01.2024
Kiçijikkäm kitaplaryň gyrasyna kiçijik suratlary yzygiderli çekip, soňra sahypalary pyrladyp geçirip, "kinojyk" döredip görkezerdim. Bir gysga epizody, ýagny "bir adamjygyň beýlekini ok-ýaý bilen atyp öldürmegi" üçin bir tutuş bir kitap diýen ýaly gidýärdi.

Soň bir kinoda (kino seýrek seredýärdim) biriniň şeýdip "kino görkezýänini" görüp gözüm petredi.

Asyl başgalaram şeýdýän ekeni. Soň mulpfilimiňem prinsipde şeýdilip döredilýänini bildim.

Böwen çişik barada aýdylanda bolsa, çaga kitabynda onuň "edermenlikleriniň" suratlarda beýan edilişi maňa örän ýarapdy. Şonda Böwenjik başy şypyrmaly, äpet garynly mollajyga meňzeş mahlukdy. Hekaýanyň gidişinde garny barha ulalýardy. Ony şeýle sypatda kän çekýärdim. Klasdaşlarym daşyma tegelenip serederdiler.

Emma soň multfilminde Böwenjige gözüm kaklyşandan lapykec bolupdym we oňa hiç haçan seretmandim. Ol "meniň Böwenjigim" däldi. Tutuş kelleden ybaratdy, garny asla ýokdy öýdýän. Barha çişip gitmeli göbekli, ýalaňaç garny, eşekli baba, on oglan, kyrk gyz, kerwen sygmaly garny? Men öz çaga albomlarymda şolary sygdyrýardym. Garny ýarylanda çykyp gidişleri hezildi.

Garaz, Böwenjik meniň üçin şol başy şypyrmalyja, ýarym-ýalaňaç, guýma balaklyja, çepeklije böwenjikdi.

Şeýlelikde, multfilmdäki kellesi bilen göwresi bir täze Böwenjigi men boýkot edipdim.

Bular çagalyk täsirleri. Belki, subýektiw nazarymdyr, belki, multfilmdäki has şowludyr, bilemok. Belki meniňki ýalňyşdyr. Her niçigem bolsa körpelik yşkym kitapdaky böwenjik boldy, multfilmdäkini şeýle hem seredip görmedim.
avatar
0
4 Lacrymosa • 22:27, 14.01.2024
WGIК
Всероссийский государственный институт кинематографии имени С. А. Герасимова
avatar

Старая форма входа
Total users: 202