Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:25
Kelte jümleler
KELTE JÜMLELER

Watan—ullakan ýürekdir. Onuň urgusy seniň kiçijek ýüregiňi terpendirmese, damaryňda ganyň egsildigi biläý.
Gözýetim gözüň ýetýän ýerinden aňyrrakdadyr.
Watanyňy jübiňe saljak bolma, kükregiňe sal.
Ýeňiňe bürenip ýüzüň garasyny ýaşyryp bilmersiň.
Hantamaçylygyň çöwre ýüzi baknalykdyr.
Halaýyk hoş sözüň gedaýy däl, çyn sözüň eminidir.
Saňa ne boldy, eý zamana! Täzelendigiň bozuldygyňmy ýa bozuldygyň täzelendigiňmi?
Ne ahwalat bi, adamlar! Ýüzüňizdir diýip ýüzlenseň, ýeňsäňiz bolup çykýar.
Adamoglunyň öňde-soňda tapan iň zabun jezasy—gep bilen öldürmek bolsa gerek.
Ýüregiň paýhasyňdan akylly bolsa, diňe şonda ýüregiňe geňeş.
Bagt guşunyň seniň başyňa-da gonmagy mümkin. Şonda bilgin, pyrlap-pyrlap asmana zyňar, başyň aýlansa—özüňden görgün.
Baýlyk diýen närseden gaçjak bolup azara galma. Kimiň goltugyna girmelidigini onuň özi gowy bilýändir.
Wah, taýpaň neýlesin gardaş, türkmen bolup bilmeseň.
Ýalakdan ýalamaga endik edeniň tabakdan iýesi gelmez.
Zenanyň lybasy ejaby bilen namysdyr.
Lolyny ele salmak aňsat, ýola salmak kyn.
Aýal sürünse, ýekeje çykalgaň—erkek bolmalysyň.
Kimsäniň üstüne ýuwundy serpjek bolanyňda, ahmal bolma, arada şemal bardyr.
Baş egmek iki hili bolýar: biri—egniňe çenli, beýlekisi—dyzyňa.
Iki at depişer, iýmli torba eşege galar.
Nebis akmaýa bolup gelse-de münme. Ýyksa, aýňalyp bilmersiň.
Iki egnimde iki perişde, emma, ikisiniňem gözüne çöp atyp bilýän.
Sungatda oýnamak bir zat, oýnatmak—başga zat.
Bilimiň şasy bolsaňam, wyždanyň guly bolmagy başar.
Men ejiz diýme, adam diýen belent adyň bardyr.
Nadanlyk akyly gamçylap dursa, onuň elinden gamçyny kim alar!
Hakykatyň ajysy köpmükä ýa süýjüsi?! Bir zat belli: onuň ajysy sogan ýaly ajy däldir, süýjüsi bal ýaly süýji däldir.
Halkyňdan nägile bolma, ol senden nägileligini aýdyberse, diliňi dişlemeli bolarsyň.
Wezipehonyň pendi: säher bilen tur-da, kabinetiňe salam ber, onsoň telefonyňa...
Pirine hyýanat eden müridiň takwalygyna bakma.
Halka ynansaň ynan, ýöne halalhonlaram, haramnonlaram halkyň içinden çykýandyr.
Köpügören kemçin: “Eliňe dollar tutdurýarlar weli, iniň halallanan ýaly bolaýýar”.
Geçmişe sögme—pederler bardyr, geljege sögme—perzentler bardyr.
Öwgi syrçadyr, köp çaldygyňça öçer.
Sözünde tagam bolmadygyň pikirinde agram bolmaz.
Öýüme ýeke köpük haram pul getirýän däldirin, elinje oýnaşyma eltýändirin.
“Türkmeni dürtmeseň duýmaz”. Ol bu nakyly gaýtalap ýör-gaýtalap ýör, dürtmesiz duýýanlar bolsa, deňiňden geçip dur-geçip dur.
Derdiňi biri bilen paýlaşaňda, öz paýyňam onuň egnine atyberme.
Gor tutýanyň eli ýuwulgy bolmasa, küýze “gusarmyş”.
Hudaýdan gorkanok, öz kölegesinden weli öler ýaly gorkýar.
Kime dirikäň öli bolmak berlen, kime ölikäň—diri bolmak.
Asmanyň diregi bolmasaň, jahandan kineli bolup ýörme.

© Hudaýberdi DURDYÝEW
Bölümler: Kesgir sözler | Görülen: 132 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Hudaýberdi Durdyýew | Рейтинг: 4.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
0
1 Мango • 10:00, 27.06.2024
Aýal sürünse, ýekeje çykalgaň—erkek bolmalysyň.

nähili düşünseň düşünibermeli...
avatar
0
2 sussupessimist • 12:02, 27.06.2024
Wezipehonyň pendi: säher bilen tur-da, kabinetiňe salam ber, onsoň telefonyňa... säher turup, syl ýüzüňe kürsini!
avatar
0
3 Medicall • 12:08, 27.06.2024
Maksat, ol sözleriñ üstüni çyzypsyñyz, olam bar-a teswirler bölümindaki bar teswirlere düşüp barymyzyñam üstüni çyzan bolup dur ana))
avatar
0
4 Pero • 14:20, 27.06.2024
Paýlaşanyñyza köp minnetdar! Ajaýyp aýtgylar!
avatar
0
5 Pero • 14:21, 27.06.2024
Baỳ-buw,barymyzyñ üstümiz çyzyldy diýsene
avatar
0
6 aygull • 15:02, 27.06.2024
Nurdan, Maksat saŷty çyzypdyr-a tutuş. ))
avatar
0
7 aygull • 15:03, 27.06.2024
"Gahar-kapyr" diýleni...
avatar
0
8 Medicall • 15:08, 27.06.2024
Hawa, saýtyñ, barymyzyñ üstümiz çyzyldy))

Aýgül, ýöne nämäñ gahary, nämãñ kapyryka hä))
avatar
0
9 Medicall • 12:07, 28.06.2024
Ýene birje teswir ýazylsa üstümizden çyzylanlar aýrylýar:)
avatar
0
10 Medicall • 12:07, 28.06.2024
Ana, indi aýrylar))
avatar
0
11 sussupessimist • 13:48, 28.06.2024
Maňa kapyr diýjek bolýaňyz öýdýän, hä? Ýeri bolýa, indi çyzyp oturmayyn. Onsuzam men yazylanlary kan bir çyzyp baramok, üstüne atanak çekyän
avatar
0
12 Medicall • 00:07, 29.06.2024
Bizem beýdäýerisda onda
avatar

Старая форма входа
Total users: 203