Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:25
Kiçi jigi/hekaýa
KIÇI JIGI

Ol şu dünýädäki bolup geçýän köp zatlara düşünenok, şonuň üçinem köp sorag berýär. “Näme üçin biziň enemleriňki ýaly köp towugymyz ýok, näme üçin ýeralmalaryň reňki sary bolýar, olaram güne tarap bakýarmy, näme üçin Döwran daýy Bibi gelnejä gygyrýar, onuňam gulagy agyrýarmy...” Onsoň şu zeýilli soraglardan bizar-peteňi çykan ejesi ak ýagyzdan togalajyk ýüzli edil Garpamyjaga meňzäp duran garagözelejik gyzyny aram-aram jogapsyz goýýar. Olam ejesiniň ýuwup duran gap-çanaklaryndan ünsüni sowmajak bolup, goňşularynyň ýaňy göze görnüp ugran özi ýaly akýagyzdan togalajygynyň ýanyna gaýdyberýär. Her gezegem nähilidir bir teklip bilen, bir gezek pyrlanan wagty tegelenip gidýän täze köýnegini görkezmek üçin, ýene bir gezek ýaňy öwrenen tansyny görkezmek üçin, bir gezek, hatda, ejesiniň howludaky gara taýyp ýykylanyny aýtmak üçinem gaýdyberipdir. Inçejik sesli gyzjagazyň gelendigini howludaky galan-gaçak suwdan içip duran kepderileriň pasyrdap uçmagy habar berýär. Onuň şeýle şadyýan gelşiniň arasyny diňe özünden iki ýaş kiçi oglan jigisi bölüp bilýär. Ol ýa boýnuna barabar bolup duran derwezäniň aşaky demrinden ätläp bilýän däldir, ýa-da şol içigaragalan demriň üstünde ne eýlä, ne beýlä agdarylyp bilmän durandyr. Haýsy tarapa ýykyljagyny bilmeýän jigisi şeýlebir ses eder weli, dur-da durup bilseň. Goňşularynyň öý işi bilen başagaý bolup ýören gyzy derrew kömege geler. Gyzjagaz goňşy gyzy Maraly oglan jigisinden erbet gabanýar. Maral oglan jigisini köşeşdirmek üçin ony asmana zyňyp, soň täzeden gapyp “uçar-uçar” oýnaýan wagty iki eljagazyny döşüne berk gysyp durýar. Bir tarapa gyşaryp duran dodajygy tä Maral gyzjagazyň dulugyndan gysyp, olaryň ikisinem aşhana salýança ýylgyranok. Ýaňyja süpürilen arassa aşhana otagynda rejelenip goýlan gap-çanaklary hapalamazlyk üçin ol bir gyarada durýar-da, özünde bar bolan iň soňky täzelikler bilen tanyşdyrýar. Aşhanadaky ýakymly ysyň nireden peýda bolandygyny soraýar. Maral hem-ä gyzjagazyň soraglaryna jogap berýändir, hemem taýýarlap oturan işdäçaryndan ýaşylja nohutlary çykaryp, gyzjagazyň oglan jigisi Ýusuba uzadýandyr. Şunça gyzykly gürrüňleri berse-de, Maralyň näme üçin jigisi Ýusuby has gowy görýändigine we ýaşylja nohutlary ilki şoňa berýändigine-de gyzjagaz düşünenok. Ol Ýusupjygyň emelsizdigini aýtmak üçin, gör, nämeleri ýadynda saklamaly bolýar. “ Düýn Ýusup meniň saçbagymy döwdi, hol gün ýeralma duz sepip iýdim welin, olam şeýtdi, Ýusup meniň ýaglygymy daňyndy we ş.m” Ýöne näçe Ýusubyň emelsizdigini subut etjek boldugyça Maral ony hasam gowy görýär. Jak-jaklap gülýär-de, oglan jigisiniň ýaňagyndan şapbatlap ogşaýar. Gyzjagazyň göwnüne bolmasa ulaldygyça jigisi Ýusuby ondan has gowy görýärler. Diňe Maral däl, ejesidir kakasam oglan jigisini özüne seredende köp ogşaýar. Nädip ikinji ýere geçenini bilmek üçin ol bir gezek ejesinden: “Ýusuby nireden tapdyňyz?” diýip sorady. Tokarja gyzjagazyny agyn çagalygy hasaplap ýören zenan maşgala mähir bilen ony gujagyna aldy-da:
-Dükandan satyn aldyk-diýdi.
Ejesiniň oýunçyl gözlerine çyny bilen sereden gyzjagazyň jogaby nagt boldy:
-Şoňa derek süýji-köke alaýmaly ekeniňiz.
Zenan maşgala gujagyndaky gyzyny ýere goýdy welin, ejesiniň iki dyzynyň arasyndan onuň diňe kellejigi görünýärdi. Ejesi diwardan asylgy duran dörtburç çarçuwaly surata ümledi:
-Süýji-köke alan bolsak, o surata kim düşsün seň bilen?-Gyzjagazynyň pikirlenýändigini görüp, aşak egildi-de, ýaňy suwa düşürilensoň, almanyň ysy gelip duran garaja saçlaryny ysgady. Gyzjagazyň duluklaryndanam gülleriň ysy gelýärdi.-Perişdejigim meniň, siziň ikiňizem...
Gyzjagaz ejesine sözüni soňladarly däldi. “Ýok, sen haýsymyzy has köp söýýändigiňi aýt” Zenan maşgala iş stolunyň üstündäki gyzyl almany görkezdi. “Şunuň ýarys-a sen, ýarysam jigiň Ýusup, ikiňizem deň söýýän” Ejesiniň mundan artyk jogap bermejegine düşünen gyzjagaz indi diwardaky surata hüjüme geçip ugrady:
-O surata haçan düşdükkäk? Çagajyk wagtymyzmy?
Iş stolundaky nutugyna başlan ejesinden “Hawa” diýen jogaby alansoň, suraty öňküsindenem dykgatly synlamaga durdy. “Hany, onda şol üstümize atan mele süpürgijiň nirede?” Gyzjagazyna üns bölmezligi baradaky duýdurşy bermekçi zenan maşgala agzynam açyp ýetişmedi. Oň-a çenli gyzjagazyň özi dadyna ýetişdi “Gytja gelnejelere eltip bereniňmi ýa şol?” Zenan maşgala ýene-de “Hawa” diýip başyny ataýmak galdy. Ol gyzjagazynyň şeýle ýatkeşdigine öz ýanyndan ýylgyryp oňaýdy. Hawa, alty ýaşlaryndaky garaja saçlaram küdür bolansoň, “kiçijek jynjagaz” lakamly, aslynda Merjen atly bu gyzjagaz , hakykatdanam, örän ýatkeşdi. Çagalar bagyndaky terbiýeçiler şol ýatkeşligi üçin gyzjagaza birtopar goşgulary ýat tutdurýardylar. Terbiýeçileriň biri oňa aýdym aýtmagam öwretjek boldy. Ýöne Merjen goşgy ýat tutmagy başarsa-da, aýdym aýtmagy başarmaýardy. Aýratynam, ony mejbur edip diýen ýaly aýdym aýtdyrjak bolsalar, jyny atlanýardy. Bir gezek Merjeni saçynyň ortarasy düşüşen otuz bäş ýaşlaryndaky pianino mugallymyň ýanyna zor bilen äkitdiler. Alyp gidenem gyzjagaza her edip, hesip edip aýdym aýtdyrjak bolýan Gülşat daýzasydy. Şar bilen bezelen, gowy ýagtylandyrylan giň otagda agajet mugallym pianino çalyp otyrdy. Onuň aýagynyň aşagyndaky halyda emeli gülleriň birki sanysy pytrap ýatyrdylar. Mugallymyň öňünde diňe özüne düşnükli bolan uzyn çyzyklar bilen belgilenen kitapça açyk durdy. Entek Gülşat daýzasy gyzjagazyň örün ýatkeşdigini öwýärkä, Merjen otagdaky ähli zatlara gorky bilen gözüni aýlady. Pianino mugallymy şeýle ukyply gyzjagazy görjek bolup, ondan daýzasynyň köýneginiň aňyrsynda gizlenmegini bes etmegi sorady. Eger gowy aýdym aýdýan bolsa, şäherdäki ýaryşlara gatnaşdyrjakdygyny, o ýerde bolsa ýeňiji gyzjagazlara köp sowgatlaryň berilýändigini nygtady. Ýöne Merjenjik mugallymyň ilki ýylgyryp jan etmesine-de, soň bar bolanja saçlaryny ütere getirip jan etmesine-de biparh seretdi. Ony, megerem, aýdym aýtmaklyk sungaty däl-de, mugallymyň diriň-diriň böküşi has gyzyklandyran borly. Pianino mugallymy näçeler der dökdi, näçeler azap etdi. Öňündäki akja kitapçany agdar-düňder etse-de, Merjeniň aýdaýjak aýdymyny tapybilmedi. Gyzjagazyň aýdym aýtmajagy çynydy. Onuň bu bolşuny adaty çekinjeňlige ýoran daýzasy Merjeni şo günlükçe öz öýlerine alyp gitdi. Daýzalarynyň öýünde Merjen üstüne mele süpürgiç ýapylan şol iki sany çagajygyň suratyny gördi:
-Waý, biziň suratymyz size nireden düşüp ýör?-diýip, gözjagazlaryny tegeläp sorady. Gülşat daýzasyna diňe “köpeldip aldyk” diýäýmek galdy. Agşamlyk daýzasy ýatmak üçin ýer salýarka, jigisi Ýusuba aýdym aýtdyrmagyň has peýdaly boljakdygy barada ýaňzytdy. Ýusupda Merjendäki ýaly talantyň bardygyna şübhelenýän daýzasy “görüberýäs-dä” diýip egnini gysdy. Merjen hemişe jigisi Ýusup üçin ýagşylyk etmäge, onuň aýratyn zehini barada, meslem, garynjalary örän ýeserlik bilen tutup iýşi, özüne öýkünişi, aýdym-saz eşidende tans edişi barada uzak-uzak gürrüňleri bermäge, ulularyň ünsüni şeýle talantly çaga gönükdirmäge taýyndy. Mundan başga-da ol Ýusubyň durmuşynda örän uly rol oýnaýandygyny we örän wajyp adamdygyny şu wagtdan bilýärdi. Şol zerarly Ýusup üçin hem eje, hem aýal dogan bolmagy, ýykylan wagty üstüni kakmagy, gum oýnamaly däldigi barda duýduryş bermegi, agzyňa çem gelen zatlary salmaly däldigi barada käýýemegi unutmaýardy. Umuman, ol jigisiniň bolşundan razydy we eger-de bir ýerde nägile bolmaly bolsa, onda diňe Ýusubyň özüne öýkünýänliginden närazydy. Jigisiniň hemme zatda, bagyşlaň welin, köýnek ýa köwüş geýmekde-de öz yzyna eýerjek bolup durmagy onuň jebesini darykdyrýardy. “Sen oglan ahyryn” diýip, ýygy-ýygydan ýatladar durardy. Jigisiniň entek köp zatlara düşünmeýän kellejigini sypalardy-da, edil uly adamlara mahsus agraslyk bilen dem alardy. Bir gezek olaryň arasynda şeýleräk gürrüňdeşlik bolup geçdi. Buzgaýmak iýmekde “bokurdagynda dişi bar” diýilýänlerinden bolan Merjen jigisiniň buzgaýmagyna göz dikdi. “Menem dadyp göräýin-dä” diýip ýalbardy. Oglanjyk ýaňy agzyndan çykaran buzgaýmagyny arkasynda gizledi:
-Ýok, özüňkini iý!
-Mende indi ýok. Getir, çalaja datsam bolýa...
Jigisiniň buzgaýmagy bereninden erederini ýakyn gören Merjen öwrendikli hilesine baş urdy:
-Ertir ejem aýlygyny alar. Onsoň köp-köp buzgaýmak alyp berer. Ine, şunça sany..
Aýal doganynyň on barmagynyň näçe bolýandygyny bilmeýän, ýöne onuň, umuman, köp buzgaýmak bolýandygyna ynanýan Ýusupjyk agzyny açyp galdy. Ol mundan soň Merjeniň teklibine garşy çykmady. Merjen elindäki buzgaýmagyny howlukmaçlyk bilen ýuwudýarka, Ýusup ejesiniň aýlyk alan güni iýjek buzgaýmaklaryny göz öňüne getirmek bilen başagaýdy. Şol günüň agşamsy Ýusup gyzdyryp başlady. Onuň kellesi agyrýardy, bokurdagyndan bolsa suwam geçenokdy. Jigisiniň gözünden ýaşyny akdyryp, aglamaga-da ysgyny bolmadyk halyny Merjenjik uly gynanç bilen synlady. Ýusubyň daşynda hozanak bolup ýören ejesinden çekine-çekine näme bolanyny sorady:
-Sowuklapdyr, gyzym, jigiň. Men size näçe gezek aýdýan buzgaýmagy gereginden artyk iýmäň diýip. Ýok, eliňize pul düşdügi şoňa tarap ylgaýaňyz. Buzgaýmaga derek şirin nan alsaňyz bolmaýarmy?! Şu wagt dagy howa-da sowug-a.
Howa, çyndanam, gowy sowap başlapdy. Noýabr aýynyň “ne gawun, ne mawun” diýlendäki ýaly, bir-de tomsuň jöwzasyna çalym edip duran, birde-de egniňe galyň eşikleri geýdirýän düşnüksiz howasy mundan artyk ýylamajakdygyny “ýüregine” berk düwen borly. Ýöne Merjenjik howa-ha bir düşünenok welin, Ýusubyň nädip kesellänine-de iki düşünenok. Ol buzgaýmakdan köp iýmese näme?! Birki gezek ýalap ýetişendir, bolmasa şonam eden däldir. “Ähli buzgaýmaklary özüm iýdim ahyry” diýip, Merjenjik pikir etdi. Ol jigisiniň ýanyna aýagynyň burnuna galyp bardy. Onuň kellesine elini goýup:”Baý-buw, peç bolupsyň-a” diýdi. Jigisiniň maňlaýyndaky der dänejiklerini eli bilen süpürip goýberensoň, “Seni ertir köne maşyna alyp gitjek” diýip, gulagyna çawuş kakdy. Bu habary eşiden Ýusupjygyň ýüzünde ýylgyryş peýda boljak ýaly etse-de, yzy onuň gaşyny çytmasy bilen gutardy. Merjenjik jigisiniň agyryly ýylgyrýandygyna bada-bat düşündi. Bir zat diýer öýdüp süýem barmagyny Ýusubyň dodagyna golaýlatdy:”Ýuwaş, gepleme, saňa şu wagt geplemek bolanok” diýdi. Soňam “Ýanymyza Kömegem alarys” diýip, sözüniň üstüne goşdy-da gözüni gyrpdy. Gyzjagazyň göwnüne bolmasa, jigisi bu habary eşidip tizräk gutulmak isläýjek ýalydy. Merjeniň köne maşyn diýýäni birwagt ulanyşdan galan “Žiguli” markaly ak maşyndy. Ol kanalyň gyrasyna zyňlansoň, hemme çagalar maşyna golaý baryp bilmeýärdiler. Onuň içinde oýnamak diňe endişe bilen işi bolmadyk töwekgellere başardýardy. Ana, şolaram ýaşy kiçi, erni suwly oglanjyklary maşynyň töweregine getirdenokdylar. Ýöne gyzjagazlaryň ýaşy kiçi bolsa-da, maşyna goýberýärdiler. Sebäbi maşynyň döwük penjirelerine tuty tutup, içine-de öýlerindäki gerekmejek kilimlerden ýazyp, “gelin-gelin” oýnansoňlar, gyzjagazlar has gereklidi. Beýle gyzjagazlary “gelinlik” diýip atlandyrýardylar. Merjenem şol gelinlikleriň biridi, özem iň arzylanýan we hiç wagtam oýun oýnamak teklibinden mahrum bolmaýan gelinlikleriň biridi. Ýusubyňam şo zeýilli “toýlara” näler gatnaşasy, aýal doganynyň gelinlik bolşuny göresi gelýärdi, ýöne hemişe diýen ýaly Merjen ony ýanyna alyp gitmejek bolup bir bahana tapardy. Şo sebäpli Ýusup diňe köne maşyna gitmek üçinem gutulmaga taýýardy. Altynjy gün diýlende ol keselden doly açyldy. Diňe çagalar-a däl, hatda, uly adamlaram bir keseli başdan geçirensoň, özlerini öňküden gowy duýýarlar. Eýýäm bir şatyny görüp ýetişen beden öňküsinden has berkeýär. Bu ýagdaý Ýusup üçinem kadadan çykma ýagdaý bolmady. Oglanjygyň göwnüne bolmasa ol öňkülerinden has güýçlendi. Ýüregi täze-täze başdangeçirmelere tarap atygsansoň, haýsy ýaglygy saýlajagyny bilmän, başagaý bolup duran Merjeniň ýanyna bardy. Merjenjik jigisine üns bermedi. Ol ýaglyklary bir tutuşlygyna ýazyp, howada galgadyp görýärdi, birde-de üçburç epläp, kellesine daňýardy. Ýusup ilki onuň egnine kakdy, olam täsir etmänsoň, köýneginden çekdi. Gyzjagaz:
-Näme gerek saňa? Näme ýöne köýnegimden çekip dursuň? –diýip sorady. – Bu näme? Balyň çyrşagymy gyz bu?! Ol jigisiniň elinden tutup:”Ýör, ýuwaly” diýdi. Ýusup ähli diýleni geň galaýmaly kaýyllyk bilen ýerine ýetirdi. Ony bu biparhlykdan diňe arasynda ýüzüne syçyrap gidýän ýyly suw açýardy diýäýmeseň, Merjeniň özüne hammama salşyna-da, krandan ýyly suw akdyryp elini sabynlap ýuwşuna-da ähmiýet berenokdy. Oglanjygyň kellesinde diňe köne maşyna gitmek höwesi bardy. Merjen jigisiniň elini ýuwansoň, enesiniň bolýan otagyna saldy. Ýusupmy şeýle aňsatlyk bilen galjak?! Ol Merjeniň ýaglyklary näme üçin saýlaýandygyna gowy düşünýär ahyryn.
-Gal, yzymdan!-diýip gyzjagaz yzyna düşüp gelýän jigisine gygyrdy.
Ýusup öňünde diwar bar ýaly kürtdürdi. Merjen birküç ädimden ýene yzyna seredende, jigisiniň ökjesini basyp gelýändigini gördi. Ýusup ýere seredip gelşine tasdanam iki elini bykynyna tutup duran aýal doganyny süsüpdi:

-Galjakmy ýa ýok?
Oglanjyk jogap bermän, aýal doganyna seretmegini dowam etdirdi. Onuň bu bolşy Merjeniň hasam gaharyny getirdi. Ol jigisiniň elinden tutdy-da, enesiniň bolýan jaýyna täzeden saldy. Onsoň agtygynyň agysyny goýduryp bilmedik enesi görüp oturan çeper filminem öçürmeli boldy. Ýusup agladygyça göwnüne köne maşynyň içindäki hezillik hasam köpeldi. Ony enesiniň mähribanlygam güýmäp bilmedi. Hyýalyndaky köne maşynyň içinde bolup geçýän hezillikleriň baryny aglap çykdy. Agşamlyk ejesi işden gelende, Merjenem peýda boldy. Onuň garaja saçyna ýelmeşen kerepler, akja gollaryndaky hapa çyrşaklary gyzjagazyň köne maşynda oýnandygyna şaýatlyk edýärdi. Ejesi Merjene öýe girmän, derrew hammama barmagy buýurdy. “Üstüňden bir tonna suw akdyrybam şu gumlary ýuwubilsem razy” diýip igendi. Endik bolup giden işlerini edip ýörşüne, ol birbada jaýyň içine göz gezdirmedi. Ýöne pursatsalymdan gören kartinasy “Merjen” diýip, eýýäm hammama giren gyzyny çagyrmaga mejbur etdi. Zenan maşgala haýran galmakdan ýaňa gyzynyň gyzyl halynyň üstünde galdyran gumly aýak yzlaryna-da ähmiýet bermedi. Onuň öňünde düýnjik sagalan Ýusup ýorgan-düşekli ýatyrdy:
-Saňa näme bolýar, oglum? Gyzgynyň barmy?
Jogap ýok. Ol Ýusubyň maňlaýyndaky ak hasany aýyrdy:
-Gyzgynyň-a ýok ekeni, hudaýa şükür. Belkem, kelläň agyrýandyr?
Ýene-de jogap ýok. Ýusupjyk öýkeli ýaly gözlerini üçege(patologa, jaýyň ýokarsyna) diken bolup ýatyrdy. –Lukman çagyraýsakmykak ýa?
-Lukman gerek däl-diýip, Ýusup bada-bat dil açdy.
-Onda ýene dermanlaryňy içäý-diýip, Merjen teklip etdi.
-Ýene köne maşyna alyp gitjek diýsene...
Ýusubyň öýkeli äheňine düşünmedik ejesi gyzynyň ýüzüne soragly seretdi:
-Hiç zada düşünýän däldirin-diýip, eginlerini gysdy. Merjenjik bolsa hemmesine düşünensoň örän müýnürgedi.
-Düşünmez ýaly näme bar? Merjen diňe ýaramadyk wagtym gowy... Hol günem köne maşyna alyp gitjek diýip aldady meni...
Ýusubyň dodajyklary sözüni soňlap-soňlamanka kemşerdi. Şol pursat zenan maşgala oglunyň köne maşyna gitmek üçin bilgeşlän ýaramadyk bolup ýatandygyna düşünip çasly güldi. Onuň ýaňyja-da alada bilen gurşalan ýüzi mylaýymlyk bilen ýazyldy. Ol ogluny gujagyna aldy-da:”Merjen seni hökman köne maşyna alyp gider, oglum. Söz berýän” diýdi. Dagy näme?! Bular ýaly “gahrymançylykdan” soň, sowgat-sylagam bolmal-a. Ertesi köne maşynyň “ýaşaýjylary” Merjeniň adatdaky ýaly ýeke däl-de, jigisi Ýusup bilen gelýändigini gördüler.

© Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 95 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Рейтинг: 2.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 19:49, 19.09.2023
Her gezegem nähilidir bir teklip bilen, bir gezek pyrlanan wagty tegelenip gidýän täze köýnegini görkezmek üçin, ýene bir gezek ýaňy öwrenen tansyny görkezmek üçin...

"teklip" bolanda garşylyklaýyn bolýar... bu ýerde "teklip" bilen gidenok. ol ýöne bir zady bahanalap giden ýaly.

---
"Düýn Ýusup meniň saçbagymy döwdi, hol gün ýeralma duz sepip iýdim welin, olam şeýtdi..."

"saçbagy" diýilse bantik ýada düşýär. belki "saçgysgyç" bolmalydyr... olam bir hili... :-)
"kartoşka" ýeralma diýýän türkmene enteg-ä gabat gelip göremok. bujagaz gyz-a asla diýmez.

---
"Hawa, alty ýaşlaryndaky garaja saçlaram küdür bolansoň, “kiçijek jynjagaz” lakamly, aslynda Merjen atly bu gyzjagaz , hakykatdanam, örän ýatkeşdi."

"aslynda" diýen söz gerek däl.

---
"Buzgaýmaga derek şirin nan alsaňyz bolmaýarmy?!"
"şirin nan" bulkamyka?

---
çagalaryň dialogy biraz "ulyrak"
jigisini agladyp enesine goýup gidende nämeüçindir enesi oňa "nirä barýaňam" diýenok....

hekaýa 2 ýyldyz menden.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203