- “Awans haçan berlerkä?” - Uf-fff! Sen sorama,gowusy anekdot aýdaýyn. Biri beýlekiden soraýamyş: - Nähili? Bu aýdan indiki aýa aýlygyň ýetýämi? Kyn bolanokmy? - Ýo-o-o. Erbet däl, ýetýä. Ýöne aýyň soňky 27 güni kynyrak geçýär. - Dogry. Ýöne “awans haçan berlerkä?” - 15-ni bir golaýlasyn. Ýaňy bir 7-si bu gün. - Onda-da “awans beriläýmelid-ä?”
“Ýaşaýyşyň manysy” diýen temadan bir filosof, zähmetkeşler kollektiwiniň öňünde nutuk bilen çykyş edýärmiş. Gürläp gidip otyrmyş, gidip otyrmyş... Esli salymdan soň oturanlaň biri, özüne görä nemeräk hasaplaýan oturdaş-kärdeşine pyşyrdap sowal berýär: -Halypa, bü benne näme diýýär-aý? -“Eşit adam ogly, sen dogulmankaň ölensiň! Şoň üçinem “öl”” diýýä... -Bäh. Bi sammyk-summuk kepleriniň soňunda ölübem görkezýämi, onsoň? Bizi ýönewir gury gep bilen doýurman, biziň tejribede ölmegem öwrenerimiz ýaly. Hä?! -Ýo. Ony: “özüňiz öwüzgeniň” diýýä. “Bu taýda size hem-ä nutuk aýdyp berip, hemem nädeňde nädip nätmelidigini mugtjak öwüzgedip berer ýaly, tükenen tüntawlaram ýok elwetde” diýip aýdýa. -Aý goý-a! Haçan diýd-äý, oň ýaly zatlary? Menem-ä ony hälden bäri sypdyrman diňläp otyryn weli, bi diýenleňňi eşitmändirin-aýt. -He-he-he... Myň üçin halypa, diňlemegi dä-de, eşitmegi başarmaly-da...