Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:35
Köl skripkaçysy / hekaýa

Exclusive

KÖL SKRIPKAÇYSY

Bir wakanyň syryny çöşlemek üçin sabryny iýip, onuň käsesinden daşýan suwy içmeli bolýar. Ýüregi atygsap duran daýhan her gün guşluk mahaly kölüň kenaryna gelip, bir sagatlap ýaltanman-ýadaman skripka çalyp gidýän nätanyş ýigdiň hemmeden saklaýan dyrnak ýalyjak ünjüsiniň sebäbini öwrenip biljekdi, emma başda gep gatasy gelse-de, soňlugy bilen diňe sazyndan keýp aldy ýördi.
Skripkaçy kölüň içinde balyk barmy-ýokmy, ondan bihabardy. Dogrusy, özümiňem habarym ýok. Sazyny diňleseň-ä, bagryň girýan, hünübirýan zarynlabermeli.
Daýhan güneş-guşluk diýmän, gyş diýmän, haçan görseň kölüň kenaryndaky topragyna kätmenini urup, her gezeginde-de maňlaýynda bir damja derini artdyryp ýör. Arasynda derini süpürip, gözlerini ýumýar-da, sazyň keýpine meýmireýär. Ýaşlygynyň köllerinde kürek çekmäge başlaýar.
O wagtlar kölüň ady Ýekeköldi. Soň ýekesi gidip, kölüň bir özi galdy. Kakasy Merethan bu jelegaýda ýerleşýän obalaryň çeträginde satylan bir köne öýi aldy. Şäherden ýadap, şu ýere göçdi. Şeýdibem bu ýerde önüp-ösen daýhanyň saz arzuwy ýer bilen ýegsan boldy. Biygtyýar başlan daýhançylygyny soňam taşlap bilmedi. Eline saz guralyna derek pil bilen kätmen aldy.
Ýetginjek mahaly balygam tutjak boldy, ýöne aňyrsyna göz ýetmeýän kölde diňe soguljanyň janyny suwa oklany galdy. Gaýyga münüp ortaraga süýşdi. Kükreginde bir zadyň zarbasyny duýan köl, ikiýana çaýkanyp, gaýyk bilen ýolagçysyny tersine düňderdi. Oglanam suwasty soltanlygyna tarap ýelken açdy. Ne täsin, ne gözel, kaşaň köşk, suw perileri, elleri ujy ýiti owadan çarşakly ýarym adamlar...
Merethan bilen gürleşenimde ogluny ýere werziş etjegini aýdypdy. Sebäbi barada kelam agyz dil ýarmandy. Başarjaň, gaýratly kaka sen-men ýok, göçdi-de oturyberdi.
Oň bilen bir edarada işläpdik. Meniň orunbasarymdy. Bize-de bir ýer tap diýemde, ozalam senden bizar aslynda, ýöne gelseň bile gözläýeris diýdi. Ýylgyryp goýupdym.

skripkaçy
Ýene bir gün elime skripkamy alyp, bar işimi taşladym-da (aslynda işim ýok), kölüň joşgunyna tomaşa etmek üçin sakasyna bardym. Kenar bilen köl örän oňat düşünişýärdi, suw bilen topragyň sazlaşygy çalýan sazyma asuda äheň goşýardy. Ynha, muňa-da sungat diýilýär.
Meni uzakdan giň şlýapaly bir daýhan synlaýar. Görseň, şol ýa-ha sazy söýýändir, ýa-da maňa sögýändir. Işi bolsun-bolmasyn, çalyp başlaýanam welin, az salym kätmenine dynç berip, soň ýene-de işi bilen bolýar.
Bir syrym bar, häzir aýtsam, ol eýýäm syr bolmaz. Ýöne biraz gyrasyndan dadyraýyn: her gezek saz çalanymda, ýok ýerden şemal öwüsýär-de, kölde gom döredýär. Şeýde-şeýde suwy köpelýän köl, gark etmezlik üçin meni hem her gezek tolkunlary bilen üç ädim yza süýşürýär.

daýhan
Ikide-bir gelip, nämäň sazyny çalýarka bü?! Diňlemezçe däl. Bir zady-ha ýatladýar maňa!
Tarp-tarp-tarp. Owranman geçenler, haçan gatap ýetişdiňiz. Anna traktorçy gowy sürmändir öýdýän. Lokga-lokga harsaň kesekler, bulara sered-ä bir. Ol hemişe-de şeýdýär, menden saňa barynça. Azalyň könelipdir diýsemem, gulak asanok. Yzyndanam özüm kösenip ýörmeli.
Ana ýene jygyldadyp başlady olam, ne azary diýsene. Ýat-da öýüňde hezil edip, ýan taşla-da... Gowy eşidilenok welin, arany açypdyryn ep-esli. Ýa ol daşlaşypdyr.
Mali Guldiniň sazyna çalym edýär, ýok, Erdi Anguly ýa-da Urba Ber ýa... kim bolanda näme işim bar diýsene. Azary ýetmesin maňa, bolany şol.
Topragy ursaň – bereket berjekmiş, al onda, gürp-tarp-dürp... Gutarman geçdi bu meýdan, giňäp barýan ýaly göwnüme.
Azajyk saz diňläýin, dynç alaýyn, soň işlärin, maýrylyp ýene...
...Skripkaçynam tanaýan ekenim. Ol Merethanyň goňşusynyň ogly. Olara birki gezek baramda gözüm ilipdi, höwesekligine. Oglan-oglanjykdy o mahallar. Ulalyp ýetişipdir, elindäki guralam.
Ol ikisi birini-birini örän oňat tanaýar. Kän oýnandyrlar bular köçede bileje. Elbetde ata-enesiniň aladasy çagalaryna görnetin täsir edýär. Bu iki oglanjygam ozalkysy ýaly bolsalar, uzak daşlaşyp durman, belki arasynda iş gurallaryny çalşyp görerdiler.
Merethan meniň haýyşymy ýykman, jaý tapyp beripdi. Göçüp barýanlaryň birinden arzanjak satyn alyp galdym. Ýöne özüniňkisi ýaly köle ýakyn däldi, beýleki kenarynyň günbatar tarapynda. Erbedem bolmady, şäherden has uzakda. Men o jaýa ýazda barýan, dört-bäş aý şo ýerde ýaşaýan. Dynç günleri.
Häzir adatdan daşary ýagdaý döredi, güýzde, özem hepdäň ortasynda barýan. Geçen dynç birki köwşüm galypdyr, hemem maşynymyň çalyşmaly diýip goýan tekerlerim. Şularam bir täzeden tanyşdyraýyn bar bolsalar diýdim içimden.

skripkaçy we daýhan
Eýýäm salam-helik alşan ýaly-la bular. Aralary-ha daş, nämäň gürrüňini edýärler. Daýhan iki eli bilen topragy yşarat edip, ýere seredýär.
Skripkaçy bolsa, kemençesi bilen köli görkezip: «Sered-ä bu joşguna!» diýýär.
Daýhan töweregine göz aýlap, maňlaý derini süpürýär-de, giň etekli başgabyny düzedýär. Yzyndanam skripkaça sag elini uzadyp: «Men bu köle senden has belet!» diýip gaharlanýar.
Olam daýhana: «Haçan gelsem-de seň şu ýerde aryň köýen ýaly ýeri urup durşuň! Bitýän zat göremok henize çenli!» diýen bolýar-da, sazyny dowam edýär.
...Ol ikisi aslynda hiç-hili gep alyşmandylar, bir-birine ünsem bermediler. Diňe alysdaky hereketlerinden çen tutsaň şony diýýän ýalydylar. Ýekeje minut...
Nirede galypdyk? Dogry, olaryň näme edýänini aňşyryp bilmän, biri-birlerini unudan bu çagalyk dostlaryň deňinden geçip gitdim-de, öýde ýatdan çykaryp gaýdan zatlarymy alyp, gyssanmaç kölden daşlaşdym. Ýöne kölüň suwy yzymdan galmaýan ýaly, meni yzarlap gelýär. Göwnüme, daýhanam daşlaşyp barýana meňzeş.

skripkaçy we daýhan we men
Şol gije bir düýş gördüm. Skripkaçy bilen daýhan pişelerini çalşypdyrlar. Belki, işlerini diýsem has dogry boljak. Gulagymda üýtgeşik ýakymly saz ýaňlanýar, meýdany gül basypdyr. Ikisi biri-birini tanapdyrlar. Gürleşip durlar. Skripkaçy öň diplomat bolandygyny aýdýar, daýhanam ozal ýurist bolupmyş. Menem salam berýän, eşidenoklar, görenoklaram. Şol wagt ýere dürtülip goýlan pili alyp, aýlap-aýlap köle zyňyp goýberýän, yzyndanam skripkany alyp, kemençesini süýkäp başlaýan. Şonda-da görenoklar. Birdenem hersi bir gulagyma bir zatlar pyşyrdaýar, nämedigini bilmän oýanýan.
Turup, kellämde bir zatlary agdar-düňder etdim, soňam ýaňkylaryň näme aýtjak bolanlaryna düşündim.
Aradan üç-dört aý dagy geçdi. Işde otyrkam köle gidip bu ikisini görmegi ýüregime düwdüm. Ýüregimde çalaja täze tirpildi dörän ýaly boldy. Ertesi guşluk wagty ýol ugruna sowlup, skripkaçy bilen daýhanyň her birine kofe aldym. Özüme-de. Söhbet edip göresim geldi olar bilen. Şäheriň eteginde (belki kenarynda diýmelidir?) üýtgeşik peýzaža gözüm düşdi.
Kölüň suwy joşup, şähere golaýlapdyr. Hiç zady piňine almaýan ýaly, seri sämän skripkaçy hasam joşup çalyp dur. Suw topukdan agyp, sazyň joşguny bilen barha köpelip, dyza ýetip barýar.
Daýhan bolsa, şähere golaý gelendiginem bilmän, kätmen bilen ýeri ary köýen dek urup dur. Maňlaý derinem süpürip ýetişýär arasynda.
Men näme etdim?! Ulagymdan düşdüm-de, ýanlaryna baryp, hersine kofelerini uzatdym. Meni ýene-de görmediler. Zeleli ýok, barybir men olary görýän. Öz kofemi alyp, ulagymyň üstüne çykdym. Ilki bilen ysyndan dadyp, hü-üp edip, bir owurt içdim. Dünýäni depeden synlasaň hezil eken. Kofemiň gapdalyndan keýp edip ýaňkylaryň bolşuna tomaşa kyldym.

© Seýran OTUZOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 173 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
1
1 sussupessimist • 13:43, 12.02.2024
Wiý, bulam 2020-de ýazylandygyna garamazdan, Eksklýuziw bolmaly.
avatar
0
2 Medicall • 14:13, 12.02.2024
Ana, ahyr soñy Seýrandädeden Exclusive eser okaýas, öz-a girip bilmänkişi bolup şool gidişi))

Öñ hiç ýerde okadylmadyk bolsa 20 ýyl öñ ýazylanam bolsa Exclusive bolýar, arkaýyn goýuberiñ @sussupesiräjik doganym
avatar
0
3 Mekan2 • 15:50, 12.02.2024
Ilki bilen ysyndan dadyp, hü-üp edip, bir owurt içdim.

hü-rp edip içäýmeli-dä welin, gapdalyndanam nemejik otlaýaň, bug bilen tüssäni garypjyk kölüňi synlabermeli.
avatar
0
4 garagar • 23:05, 12.02.2024
Suratyň özüne aýratyn 5 ýyldyz.
avatar
0
5 Мango • 12:25, 13.02.2024
hekaýadakylar:
1) daýnan
2) skripkaçy
3) daýhanyň kakasy - Mämmethan, oba köl başyna göçüp gelýär, saza höwesek ogly şeýdip eline pil alýar, daýhan bolýar.

daýhan bolan kişi ýetginjek wagty kölüň ortasynda gaýygy agdarylyp gark bolýar.... ýöne onda-da daýhan diri, sebäbi ol skripkaçyny diňlemäge barýar... aslynda skripkaçy oň özem ýaly, sebäbi oň kakasy köl başyna göçüp geldi we oglanjyk sazanda bolmak isleýäkä daýhan bolýar.

ol kakasy Mämmethän birden Merethana öwrülýär? ýalňyşlykmy ýa ýöritemi ýa olar aýry adammy?

daýhanyň kakasy Mämmethan (Merethan) gürrüňçiň orunbasary.

skripkaçyň syry we подсказка-sy:
"Bir syrym bar, häzir aýtsam, ol eýýäm syr bolmaz. Ýöne biraz gyrasyndan dadyraýyn: her gezek saz çalanymda, ýok ýerden şemal öwüsýär-de, kölde gom döredýär. Şeýde-şeýde suwy köpelýän köl, gark etmezlik üçin meni hem her gezek tolkunlary bilen üç ädim yza süýşürýär."
????

daýhan we skripkaçyň "arasy açylýar ýa-da skipkaçy daşlaşýar".

Mali Guldi, Erdi Angul, Urba Ber - bu sazandalaran toslama ýaly :-) ýa-da olar "kim bolanda (biziň) näme işim(iz) diýsene".

daýhan: "...Skripkaçynam tanaýan ekenim. Ol Merethanyň goňşusynyň ogly."
.... iwwaý, hany Merethan skripkaçyň kakasyd-a: "...Merethan bilen gürleşenimde ogluny ýere werziş etjegini aýdypdy. "

birden iş gurallaryny çalyşýan iki sany oglanyň gürrüňi...

ufff...
bu simwolizmden doly hekaýa düşünenler maňa Çarlä düşündiren ýaly edip düşündiräýsinler....
ýa her kim düşünensiräp otylarmy?
avatar
0
6 Mekan2 • 12:44, 13.02.2024
hyýalymda eksperment geçirýän:

Seýran Otuzowiç bir hekaýa ýazýa. muny ne ýazmazyndan öň, ne ýazýan wagty ne-de soň hiç kime aýdanok. onam alyp iň ýakyn ýazyjy dostlaryna, eseriň kimiňkidigini aýtman, aýratynlykda okadýaň. bir-birinden habarsyz. şo wagtam (näme hakda, näme diýýä, simwolikalar nämäň simwollary we ş.m) pikirlerini ýazdyrýaň.

soň eseriň kimiňkidigini aýdyp, täzeden pikirlerini ýazdyrýaň. soň hemmesini deňeşdirýäň.

şu ekspermendiň netijesini şeýle bir bilesim gelýä. özleri barlap görse gyzykly bolardy.
avatar
1
7 sussupessimist • 14:01, 13.02.2024
Nirede Mämmethan bar-aý? Ony nireden tapdyňyz? Oň ýaly gahryman ýok bu hekaýada!

...diýip, sypyp galan bir ýalňyşy düzedenimden soň öz ýakaňyzdan ýapyşaýyn-la :)
avatar
0
8 sussupessimist • 14:07, 13.02.2024
Myhman akga, oň ýaly eksperimentler aramyzda az geçirilmedi. Haýp, ýöne hernäçe adyny ýazman, kimiňkidigini bildirtmän okatsaňam, öň döredijiligi bilen tanyş adamlar awtorlaryny gönümel tanap durlar.
Sözlem gurşundan, fantaziýasyndan, ulanýan sözlerinden, seýranizmlerinden... bilip bolýar.
avatar
0
9 Mekan2 • 15:23, 13.02.2024
onýaly bolsa bolýa (göwnejaý geçirildimikä)

7-nji teswir özbaşyna bir eser bolupdyr. duýgudan duýga salyp gitdi :-)
avatar
0
10 Mekan2 • 15:25, 13.02.2024
ýokarky suraty görüp, maksyň bet suratlary nireden tapýanyna düşündim. birä bu suratlary ýasaýa. kimem bolsa işine PRO eken.
avatar
0
11 janjennet • 20:39, 14.02.2024
"Skripkaçy kölüň içinde balyk barmy-ýokmy, ondan bihabardy. Dogrusy, özümiňem habarym ýok."

şu ýere ýetemde, awtoryny bildim men-ä. Awtoryny bilýämikäm dp çaklap, soň seretmäni halaýan.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203