Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

06:40
Kömek Kulyýew: «Gazanyň gaýnap durmaly»

Ýazyjy bar, ýazyjy bar... Meselem, bir ýazyjyny okaýaň, halaýaň, hormat goýýaň, ýöne onuň bilen duşuşmakdan çekinýäň. Bilmedim, howuň basylýarmy, ýa özüňdäki aljyraňňylyk häsiýetiň edil şony göreniňde oýanýarmy? Beýleki bir ýazyjynam edil şolar ýaly okaýaň, halaýaň, hormat goýýaň, ýöne oňa ýygy-ýygydan ýüz tutmakdan çekineňok. Ýazyjy Kömek Kulyýewi ikinji topara goşasym gelýär. Edebiýata ilki geläýende «Dost gözleginde» atly hekaýasy bilen giren halypa ýazyjymyz entegem dostlarynyň hataryny artdyrmagyny, dost gözlegini dowam etdirip ýörene meňzeýär. Köpden bäri halypa bilen edebiýat hakynda giňişleýin söhbet etmegiň arzuwynda gezip, ahyry maýyny tapdym.

— Kömek aga, ilki bilen-ä bize wagt aýryp, söhbetdeş bolanyňyz üçin köp sagbolsun aýdýarys. Okyjylarymyzam sizi giňden tanaýar, ýaş ýazyjylaryňam sizi özüne halypa tutunýany az däl. Siz häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy bolup, talyplara bilim berýärsiňiz, menem bir okuw mekdebiniň talyby. Şonuň üçin halypa, biziň söhbetimiz haýsydyr bir sapakda edebiýatsöýüji talybyňyzyň size berýän sowallary ýaly ýüzleýräk görünmegem ahmal. Indi sowallara gaýdyp gelsek, Kömek aga, şeýleräk bir ýagdaý bar, ýagny adaty okyjylaryň arasynda esere baha berlende «Gyzykly eken» ýa bolmasa «Gyzykly däl eken» diýen ýaly sözlere kän gabat gelinýär. Şeýle alaýaňda eseriň gyzykly bolmagy üçin wakasy (sýužeti) dartgynly bolmaly. Emma prozada tip açmak, obraz döretmek diýenem düşünje bar. Halypa, indi siziň üçin haýsy has möhüm, eseriň sýužetimi ýa-da gahrymanlary?

— Ikisem möhümmikä diýýän. Sebäbi sýužet gowy bolmasa eserdäki wakalar, gahrymanlar... hersi bir ýere dagap gidýär. Galyberse-de, eserde, ylaýta-da, kyssa eserinde, drama eserinde gahrymanlaryň häsiýetleriniň açylyp görkezilmegem gerek. Olam näme, wakalaryň, ýagny sýužetiň barşynda açylmaly-da. Ana, şonda has süýndürilen wakalaryň bolmazlygy üçin sýužet gaty gowy gurlan bolmaly. Ine, şonuň üçin bularyň ikisem biri-birinden möhüm.

— Edebiýatçylar «Ýazyjy bilip ýa-da bilmezden, eserlerinde özi hakda gürrüň berýär» diýýärler...

— Şu ýerde juda jaýdar bellediň. Ýazyjynyň ykbalyndan, durmuşyndan, hüý-häsiýetlerinden onuň eserine köp zat geçýär. Ýene bir tarapdan, «Bir ýazyjynyň ýüreginde bir däl-de, birnäçe adam oturýar» diýilýär. Sebäbi eserde häsiýetleriň dürli-dürlüligi esasy gerek zat. Ony döretmek üçinem, öz içki dünýäňde birgiden adama beletligiň bolmagy zerur. O zatlaram näme, öz geçen durmuş ýoluňdan kemala gelýär. Şeýle bolmalam-da! Sebäbi ýazyjy-şahyr ýa dramaturg hem hüý-häsiýet tarapdan, şahsyýet tarapdan beýlekilerden üýtgeşikligi bolmasa, onda ol üýtgeşik eser ýazybam bilmez. Meniň özüm-ä şuňa şeýleräk düşünýän.

— Eserleriňizde «Bilemok — bir söz, bilýän — müň söz», «Aýaly akyl bilen ýeňjek bolýanda akyl ýok», «Bir siňegi öldürseň, 10-sy onuň jynazasyna gelermiş» diýen ýaly nakyldyr aforizme öwrülen jümlelere häli-şindi duş gelýäris. Şu hakda gürrüň beräýseňiz.

— Galamdaşlarymyzyň biri degip, «Kömek Kuly gerek bolsa, nakylam ýazaýýar» diýerdi. Elbetde, ol ony degişip aýdýar, nakylyň ýazylmaýandygy düşnükli. Ýöne il içinde geziberseň, öň eşitmedik zatlaryňy kän eşidýäň. Aslynda, nakyl diýlen zadam ussahanada ýa ýene bir ýerde ýöriteläp ýasalan zat däl. Ol durmuşyň gidişinde, barşynda, öz-özünden diýen ýaly kemala gelýär. Galyberse-de, il içinde aýdan sözüni nakyl edibermeli dilewar adamlar her döwürde-de bolupdyr. Käbir nakyllar-a, wagtyň geçmegi bilen, asyl nusgasyndan üýtgäberýärem. Onsoň ýazyjynyň käbir jüpüne düşäýjek nakyllary öz döredijilik stiline görä, ýoýmanrak, eserinde ulanaýýan wagtam az bolanok.

— Kömek aga, sizi okyjylaryňyz diňe bir ýazyjy hökmünde däl-de, eýsem ussat terjimeçi hökmünde-de tanaýarlar. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda «Balzak bilen başagaý» atly makalaňyz çykypdy. Häzir kim bilen «başagaý»?

— Edil häzir-ä, talyplarym, öz ýazsam-pozsam diýip ýören zatlarym bilen «başagaý». Ýöne näme, gowy bir zat okasam, şony terjime edip, okyjylar bilen paýlaşasym gelýär. Şolar ýaly bolanda gowam bolýar. Redaksiýalaryň biriniň tabşyrygy bilen däl-de, terjimeçiniň öz meýli bilen, höwesi bilen edilen terjime köplenç şowly çykýar. Ine, şolar ýaly terjime edäýsem diýip ýören eserlerim bar. Onam näme, görübermeli bolar-da, saglyk bolsa.

— Höwes bilen terjime etmek diýip bellediňiz welin, halypa, diýmek, daşary ýurt dilinde okaýan eseriňiz, adaty gowulykdan başga-da belli bir talaba jogap berýänligi üçin terjime etmek islegini oýarýan bolmaly-da? Olary haýsy ýagdaýlara görä saýlap terjimä laýyk hasaplaýarsyňyz?

— Ilki bilen-ä türkmen okyjylarynyň düşünäýjek, kabul edip biläýjek eserlerini terjime etmäge çalyşýan. Sebäbi terjime özüň üçin däl-de, okyjy üçin edilýär. O-da okyjynyň milli aýratynlyklaryna laýyk gelmejek bolsa ýa düşünmejek bolsa, onda zähmetiň yrýa boldugydyr. Ikinji tarapdan, terjimeçiniňem öz stili bolýar. Onda-da ol ýazyjy bolsa, terjimänem gapdalyndan edýän bolsa, diýmek, onda döredijilik aýratynlygam hökman bolaýmaly. Ine, onsoň terjime etjek bolýan eseriň seniň şol stiliňe gabat gelýärmi, gelenokmy, şoňa seretmeli. Eger sen şüweleňliräk, ýeňil okalýan eserleri ýazýan bolsaň, terjime etjek eseriňem şoňa göräräk bolmaly. Men häzir alaga-da, Dostoýewskiniň eserlerini terjime edip biljek däl. Balzagam, göräýmäge, şüweleňli, ýeňil okalýan ýazyjy. Eserlerinde psihologiýa güýçli. Adamyň hüý-häsiýetlerini açyp görkezmekde-de barypýatan ussat. «Ine, şüý-ä maňa laýyk geler-ow» diýip başyna barýaň welin, soň bilýäň köp ýerde eýgertmeýändigini.

— Eserde ýazyjynyň öz pozisiýasy bolmalymy?

— Bu sowala Balzagyň şu sözleri bilen jogap beresim gelýär: «Ýazyjy aklawjam däl, garalawjam. Ol kazyýetde ýazgylaryň beýanyny ýöredýän kätip». Şonuň üçinem, ýazyjy eserindäki gahrymanlarynyň birini aklap, beýlekisini garalap otursa, oň okyjy üçinem, hiç kim üçinem gyzygy bolmaz. Durmuşda tutuşlygyna gowy adamam ýok, erbet adamam ýok. Hernäçe gowy adam diýip ýöreniňem häsiýetinde hökman erbetlik tapylýar, ýa-da tersine. Onsoňam, gowulyk-erbetlik diýen zada-da her kimiň öz garaýşy bar. Ýazyjy şular ýaly zatlara çemeleşende seresabrak boldugyça kem däl.

— Eserleriňize edilýän bellikleriň arasynda haýsysy has köp gaýtalanýar?

— «Kömek eserlerinde global, adamzady sarsdyraýjak meselelere ýüzlenmän, owunjak, adaty durmuşy wakalara ýüzlenýär» diýen ýalyrak bellig-ä edilýär. Ýöne meniň pikirimçe, adamzady sarsdyryp biläýjek ownuk meselelerem kän. Şonuň üçin men-ä ýazyjynyň orta atýan meselelerinde ulusy, kiçisi, ownugy diýen ýaly zat ýokmuka diýýän.

— Kömek aga, biz-ä sizi okaýas, siz kimi okaýaňyz?

— Okamak diýeniňde bir zady belläsim gelýär. Ýaş wagtyň okan zatlaryň seniň geljekde nähili ýazyjy bolmalydygyňy kesgitleýär. Öz döredijilik ýoluňy tapmagyňa belli-belli ýazyjylar täsir edýär. Eger çem gelen ýazyjyny okaýan bolsaň, senden hiç zat çykmazam. Şonuň üçin öz ýüregiňi gozgaýan eserleri tapyp okamaly. Meniň özüm-ä başda Şukşin, Çehow, Gogol ýaly ussatlary köp okaýardym. Ýöne döredijiligime boýdan-başa diýen ýaly täsir eden zat öz nusgawy edebiýatymyz: halk döredijiligi, şahyrlarymyz, dessanlarymyz... Ylaýta-da, meniň kyssa geçmegime sebäp bolan «Görogly» şadessany diýsemem öte geçdigim bolmaz.

— Ýaş ýazyjy-şahyrlara berjek maslahatlaryňyz barmy?

— Ilki bilen öz ýoluňy tapmaly. Döredijilikde iň wa jyp zat — şol. Onuň üçinem, köp ýazmaly. Ýazan zadyň hemmesiniň çap bolmagy hökman däl. 10-dan biri çapa ýarasa-da bolýar. Irginsiz işlemek beýniňde edebiýat hakdaky, döredijilik hakdaky pikirleriň aýlanyp durmagyna ýardam edýär. Bir söz bilen aýdanyňda, gazanyň gaýnap durmaly-da!

— Kömek aga, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size işiňizde, döredijiligiňizde uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris!

— Sizem sag boluň!

Söhbetdeş bolan
Aşyr SAPAR.
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 97 | Mowzugy paýlaşan: usher_imp | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Lacrymosa • 09:34, 20.03.2024
Okadanyňa sagja bol, Aşyrjan! bular ýaly ýazybilýänsiň öýtmeýädim. öňkümdenem hormatym artdy saňa. beýlekilerem ýazyşdyrsana şeýdip. ýoutubedäki gepleşigiňem gaty gowy bolupdy. az işleýäň--uz işleýäň. söhbetdeş bolan ýylyňy, bolsa aýyny, gününi hem goýsaň -- bilerdik. tekrar sag bol!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202